21:05 "Asmanda ýyldyz ýok..." | |
"ASMANDA ÝYLDYZ ÝOK..."
Goşgular
Asmanda ýyldyz ýok, Töwerek ümür Diň salýaryn ädim urup iki ýan. Ýene meniň gursagymy gam bilen Doldurdy, dymmazak, çäksiz okean. Seniň ýylgyrşyňdy, ak ýyldyz ýaly, Setirleň içinden maňa görünýän. Men welin saharaň suwsuz çölünde Şehit ölýän sergezdan dek urunýan. Meňzese-de gözleň sähra kölüne, maňa rehimi ýok - Diýmek - biderek. men munda çäresiz köre meňzeýän, maňa ýol görkezýän idegçi gerek. Kynam bolsa, ýolsuz ýerden ýol tapyp, Meniň ömrüm özi bilen göreşýär. Ömrüm okeanyň sesin diňleýär, Hem ýadaman saňa, Saňa garaşýar. Bilsem-de jadynyň jadysyzlygny ýüregimde arzuw baryn besleýän. garaşýan, gamlanýan, gargynýan... ýöne, Diňe seni gelmegiňi isleýän. Asmanda ýyldyz ýok. Töwerek ümür, Diň salýaryn ädim urup iki ýan. ýene meniň gursagymy gam bilen Doldurdy, Dymmazak, çäksiz okean. Gaussu DIAWARA, Mali şahyry. Rusçadan terjime eden Atajan TAGAN. | |
|
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |