07:20 "Asteriks" koronawirusy üç ýyl öñünden çaklap bildimikä? | |
"ASTERIKS" KORONAWIRUSU ÜÇ ÝYL ÖÑÜNDEN ÇAKLAP BILDIMIKÄ?
Edebiýat täzelikleri
Köplenç "Simpsona" ýöñkelýän gelejegi görme ukyby bu gezek "Asterikse" nesip etdi. Komiksiñ 2017-nji ýyldaky sanynda uly-uly puntolar bilen ýazylan "koronawirus" sözüniñ bardygy anyklandy. "Asteriks" fransuz ýazyjysy Rene Gossini we suratkeş Albert Uderzo tarapyndan döredilen komiksler tapgyrynyñ adydyr. Komiks b.e.öñki 50-nji ýylda Rim basybalyjylaryna garşy göreşýän Galliýa obasynyñ başdan geçirmelerinden söz açýar. fransuz-belgiýa komiksleri komiks žanrynyñ aýratyn bir şahasyny emele getirýär. Golaýda komiksiñ 2017-nji ýylyñ 19-njy oktýabrynda çap edilen "Asterix and the Chariot Race" atly nobatdaky sanynda koronawirusdan söz açýandygy barada gürrüñ ýaýrady. Suratkeş Albert Uderzo Gossininiñ 1977-njy ýylda aradan çykmagyndan soñ komiks tapgyryny dürli ýazyjylar bilen bile dowam etdirip gelýär. Bu gezekki sanynda bolsa ol fransuz ýazyjysy Žan-Iw Ferri bilen işleşipdi. Žan-Iw Ferri gelejegi çaklap bildimikä? Gürrüñiñ magadyna ýetip göreliñmi? Asteriks we Obeliks bu başdan geçirmede "Koronawirus" lakamly ýüzüne maska dakýan biri bilen bäsleşýär. Koronawirus (Cov), aslynda häzir köpçülikleýin keseliñ ýaýramagyna sebäp bolan COVID-19-yñ degişli uly wirus maşgalasynyñ adydyr. Ýagny onuñ ady öñdenem tanyş. Bu maşgala degişli wiruslardan (hususanam MERS – CoV we SARS-CoV) haýwanlaryñ arasynda köp duş gelýär. Adamlara ýolugan wersiýasynyñ adyna bolsa ilki 2019-njy ýylda - CoV, soñra COVID-19 diýildi. Koronawirusyñ bu at bilen ýaýramagynyñ sebäbi, mikrobyñ daşynda täç şekilli gabygyñ bolmagydyr. "Korona" - "crown" sözünden bolup, "täç" manysyny berýär. Gürrüñi gidýän "Asteriks" kyssasynda bolsa gizlin ýaryşçy aslynda Sezaryñ bir adamydyr. Galliýa obasyny basyp almakçy bolýan Sezaryñ nökerine - "täç dakynan wirus", ýagny koronawirus diýse bolar. Ol şowsuzlyga uçransoñ, ýerine hut Sezaryñ özi geçýär. Gepiñ gysgasy, Asteriks gelejegi görmekden ötri, diñe, ýöne bir söz oýnamyny edipdir. Şeýle-de bolsa, bu habarlar "Asteriksiñ" müşderisiniñ artmagyna we 92 ýaşly Uderzonuñ ýüzüniñ gülmegine sebäp bolsa gerek. Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. © Kitapçylar. | |
|
√ Halkara Buker baýragynyň sanawy yglan edildi - 01.08.2024 |
√ Halypa ýazyjymyzyň kitaby neşir edildi - 29.10.2024 |
√ Kitap arakesmesi - 14.05.2024 |
√ Soner Ýalçyndan atgaýtarym öñe geçen ýene bir kitap... - 30.06.2024 |
√ Tекст выступления Д.Язкулыева 25 июня 2024 г. в торжествах проведенной в рамках Дней культуры Туркменистана в Казахстане - 09.07.2024 |
√ Dünýäniň meşhur edebiýat baýraklary - 05.10.2024 |
√ Nobel baýragyny almadyk ägirtler - 05.10.2024 |
√ Salman Rüşdiniñ münberde pyçaklanmagy barada aýdany - 15.06.2024 |
√ Adam hekaýalary: Prawoslaw monah Dostoýewskini kürt diline geçirýär - 16.06.2024 |
√ Gadymy golýazmalaryň katalogy neşir edildi - 27.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |