Ýewropanyň iň owadan kitaphana dükanlarynyň biri bolan Portugaliýanyň «Lello» dükany döredilen gününiň 113 ýyllygyny belleýär. 1906-njy ýylda okyjylar köpçüligine gapylaryny giňden açan dükan kitap muşdaklaryny diýseň begendirýär. Dükanyň diwarlary we içki bezegi taryhyň irki döwürlerini ýatladýar. Dükanyň ýolbaşçylary her ýyl diýen ýaly täze kitaplary okyjylara hödürläp, kitap gorunyň üstüni ýetirýär. Ýakyn wagtda «Garri Potter we pelsepe daşy», «Luziada» epopeýasy ýaly ýaş okyjylar köpçüliginiň uly gyzyklanma bildirýän eserleri hem satuwa çykarylar. Kitap wagtyňy hoş geçirmek üçin ulanylýan gymmatly serişdedir. Kitap sungatyň çeşmesidir diýip, dükanyň müdiri Aurora Pedro Pinto gürrüň berýär. Kitap dükanynyň seýrek duş gelýän neşirlerini satyn almak üçin täze düzgüni ýola goýuldy. Dükana girmek tölegli boldy. Muňa garamazdan, her gün bu ýere 4 müň adam gelýär. Portugaliýanyň Porto şäherindäki bu kitap dükany iň gowy kitap dükanlarynyň sanawynda 3-nji orunda durýar. Meşhur «Garri Potter» kitabynyň awtory iňlis ýazyjy zenany J.K.Rowling Porto şäherinde ýaşan döwründe dünýä belli kitabyny ýazypdyr. Şonuň üçin «Lello» dükanynda bu kitabyň ähli neşirlerini görmek bolýar. Ýöne Rowling Porto şäherinde ýaşan döwründe bir gezegem kitap dükanynyň gapysyndan ätlemändir.
Abdullageldi Gurbanmämmedow,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.