03:53 Nobeliñ 2019-njy ýyl boýunça edebiýat baýragynyñ eýeleri mälim edildi | |
NOBELIÑ 2019-NJY ÝYL BOÝUNÇA EDEBIÝAT BAÝRAGYNYÑ EÝELERI MÄLIM EDILDI
Edebiýat täzelikleri
Nobeliň edebiýat baýragyny polşaly ýazyjy Olga Tokarçuk hem-de awstriýaly Peter Handke almaga hukuk gazandy. Bu abraýly baýrak Olga Tokarçuka «eserlerini ensiklopedik hyjuwy arkaly hyýaly beýan edip, durmuşyň dürli ugurlaryna çuňňur aralaşandygy üçin» 2018-nji ýylyň Nobeliň edebiýat baýragyna mynasyp görlendigi bellenilýär. Ýeri gelende aýtsak, Nobeliň edebiýat baýragy geçen ýyl berilmän, onuň şu ýyl beriljekdigi mälim edilipdi. Peter Handkeniň bolsa, «Lingwistik ukyby arkaly adamzat tejribesiniň aýratynlyklaryny içgin öwrenendigi üçin» 2019-njy ýylyň Nobeliň edebiýat baýragyna mynasyp bolandygy habar berilýär. # Internet habarlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Материалов за текущий период нет.
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |