10:26 "Buker" baýragynyň ýeňijisi | |
«BUKER» BAÝRAGYNYŇ ÝEŇIJISI
Edebiýat täzelikleri
Ýazyjy Şehan Karunatilaka «Maali Almeýdanyň ýedi aýy» (The Seven Moons of Maali Almeida) romany üçin 2022-nji ýylyň edebiýat boýunça «Buker» baýragyna mynasyp görüldi. Bu barada bookriot.com ýazýar. Şri-lankaly ýazyjynyň bu romanynda 1990-njy ýyllarda Şri-Lankada bolup geçen geň wakalar beýan edilýär. Ýeňijä 50 müň funt sterling pul baýragy gowşuryldy. Bu abraýly halkara baýrak ilkinji gezek 1969-njy ýylda gowşurylypdy. «Buker» baýragyna islendik ýazyjy özüniň iňlis dilindäki romany bilen gatnaşyp bilýär. Ýöne kitabyň Birleşen Patyşalykda ýa-da Irlandiýada çap edilen bolmagy hökmanydyr. Eminleriň bellemegine görä, bu ýyl baýrak üçin 169 roman hödürlendi. Çeşmesi: https://salamnews.tm/section/ylym-bilim/bilim/buker-bayragynyn-yenijisi-malim-edildi-7fbcb4. 20.10.2022ý. | |
|
Материалов за текущий период нет.
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||