22:07 Ata-ene mähri | |
ATA-ENE MÄHRI
Pedagogika we edep-terbiýe
Öwgüli we päk bolan Allatagala şeýle diýdi: «Biz ynsany palçygyň arassasyndan ýaratdyk. Soňra ony mäkäm karargähde damja – tohum etdik. Soňra bu damjadan lagta gan, lagta gandan bir parça et ýaratdyk. Bu parça etden süňkleri ýaradyp, süňklere et gapladyk. Soňra owal başdaky bir damja suwdan başga bir janly zat peýda etdik. Iň gözel ýaradyjy bolan Alla bereketli we beýikdir» (Gurhan, «Mömünler», 12-14-nji aýatlar). Pygamberiň hadysynda şeýle diýilýär: «Her biriňiziň ene gamyndaky ýaradylyşyňyz şeýledir. Kyrk günläp damjasyňyz, ýene kyrk günden lagta gana öwrülýäňiz, ýene kyrk günden bir parça ete öwrülýäňiz. Şol wagt Allatagala zenan ýatgysyna perişdeleri iberýär we size jan berýär hem-de dört zady: ryzkyny, ajalyny, amalyny, bagtlymy ýa betbagtdygyny maňlaýyňyza ýazmagy buýurýar». Ýatgydaky çaganyň her kyrk günden täze keşbe girýändigi bilen tebipler ylalaşýar. Bu döwürde hulkunyň gyzgyndygy üçin, ogan ösüşde bolýar, gyz onuň ýaly bolmaýar. «Soňra lagta gana öwrülersiňiz» diýýäni bolsa, doň et bölejigi ýalydyr. «Soňra et parçasyna» diýmesi, bir kiçiräk et ýalydyr. Ol üçünji kyrk gündür. Beýik Taňry «Oňa jan berýär», şondan soň çaga hereketlenip başlaýar. «Dört aý dolmasa, jan berilmeýänligi» bilen alymlar ylalaşýarlar. Ilki bilen, ynsan tohumynyň alma ýaly köpürjik sypat bolýandygyny bilgin. Soňra gana we ete öwrülip, keşbe girýär. Soňra bolsa hereketlenip başlaýar. Çaga ýaşap biljek iň az göwrelilik döwri bir ýüz segsen iki gündür. Iň dolusy bolsa iki ýüz segsen gündür. Gippokrat: «Ynsan suwuklygy onuň ähli agzasyndan syzylyp akýar. Şonuň üçin adam sagdyn bolsa, çagasy hem sagdyn bolar. Keselli bolsa, keselli bolar» diýip kesgitleýär. Çaga dünýä inmänkä-de, dünýä ineninden soňra hem durmuşa gadam basyşyna, emdirilişine, oturyşyna we turşuna, ýöreýşine, süýtden kesilmesine, iýmesine we içmesine, ýetişmegine, ýigdekçe bolmagyna ata-ene mähri doly siňdirilendir. Türkmeni türkmen edýän birnäçe ajaýyp ruhy sypatlar ata-ene mähri bilen baglydyr. Olar biziň milli özboluşlylygymyzyň ajaýyplygyndan habar berýär. Şeýle sypatlaryň esasylarynyň birini häsiýetlendirip, men şu hakykaty aýdyp bilerin: Türkmen milletparaz däl, dünýewi milletdir! «Dünýewi millet» kesgitlemesini iki jähetden teswirlemek bolar. Bir jähetden «dünýewilik» milletiň özenini düzýän gymmatlyklaryň ulgamynda dünýewi gymmatlyklaryň dini ölçeglerden ýokarda durýandygyny aňladýar. Bu ajaýyp zatdyr. Çünki XXI asyrda – adamzadyň barha bitewi bir göwrä öwrülýän eýýamynda bölekleýinlik ölçeglerinden gaça durmak bitewüligiň we ösüşiň hökmany zerurlygydyr. Dünýewilik – bitewi hem tutuş adamzadyň baky ileriligini ykrar etmekdir. Düşünjäniň ikinji jäheti türkmeniň dünýä derejesine, milletara gatnaşyklara öz asyl-ruhy aýratynlyklary boýunça ýaramlylygyny hem-de muwapyklygyny aňladýar. Türkmen ruhy üçin umumyadamzat gymmatlyklary we äheňleri tebigy suratda ýakyndyr. Türkmen diňe bir özüni beýleki milletlerden tapawutlandyrýan sypatlary däl, eýsem, ondan-da beter, özüni özgelere ýakynlaşdyrýan ölçegleri ileri tutmagy gowy görýär. Şonuň üçinem, biziň uýýan ýörelgelerimiz çuňňur ynsanperwer mana eýedir. Bizde synpy, milli, dini we adamlary biri-birinden çetleşdirýän, toparlara bölýän gaýry görkezijiler hemişe-de soňky orunda goýlup, diňe bir gymmatlyga – bitewi Adama hem Adamzada dereje berlip gelnipdir. Hatda, daşyndan göräýmäge, toparlaýyn artykmaçlyklary tekrarlaýan düşünjelerem içki manysy boýunça bitewilik gymmatlygyny aňladýandyr. Ine, ýönekeýje sözleri – «asyllylyk», «asylzadalyk», «bedasyllyk» ýa-da «bezzatlyk» düşünjelerini alyp göreliň! Düýbüne seredeniňde, göräýmäge olar «asyl» kökünden gaýdyp, adamyň aslyna agram, ähmiýet berýän ýaly. Emma iş ýüzünde – sözleriň milli gymmatlyklar içindäki anyk manysynda bular adamyň ahlak-ruhy sypatynyň ölçegleri bolup durýar. Şonuň üçinem, biz adamyň gymmatyny gelip çykyşy, milli ýa dini degişliligi bilen däl, öz ahlak sypatlary bilen kesgitleýäris. Hut şonuň üçinem, biziň milli şahyrymyz Magtymguly atamyz: «Aryf bolsaň, aslyn sorma ýigidiň, edebinde, ekramynda bellidir!», ýa-da: «Her ýigidiň aslyn bileý diýseňiz, märekede otur-turuşyn görüň!» – diýipdir. Asyllylyk gan gelip çykyşynyň, baýlygyň däl-de, adamyň ahlak şahsyýetiniň görkezijisidir. Onsoň adamyň aslyny bilmek üçin onuň gelip çykyşyna däl-de, edep-ekramyna, märekäniň – jemgyýetiň ahlak kadalaryny berjaý edişine bakmaly. Şonda onuň asly aýan bolar. Asyl şahsyýeti kesgitleýär, şahsyýet öz aslyna güwä geçýär. Adamyň asly – maşgala, neberedir. Maşgala, nebere diýmek bolsa, milli gymmatlyklaryň anyk amal bolýan ýeridir. Asyl ruhy-ahlak gymmatlyklaryň ulgamydyr. Asyl – adam şahsyýetiniň durmuş binýady, ruhy özeni, ahlak hamyrmaýasydyr. Perzendiň binýadam, özenem, hamyrmaýasam ata-enedir. Ösümligiň tohumyna görä boýy, ýapragy, baldaklary, güli hem-de miwesi bolar. Adamyň ata-enesine görä gylyk-häsiýeti, keşbi we gaýry aýratynlyklary tohumyň ösümlige öwrülişi pisint bolup, kemala geler. Eý, ata-ene! Perzendiň terbiýesini öz terbiýäňden başla! Perzendiň kemally bolmagyny isleseň, öz bikemallygyň soňuna çyk! Perzendiň edepli bolmagyny isleseň, öz biedepligiňi bes et! Öz-özüňden talap edip bilmeýän asylly, ynsanperwer häsiýetleri perzendiňden talap etmegiň bimany, nälaýyk we hatda gülkünç zatdygyny unutma! Ilki özüň kämilleş, soň perzendiň kämilleşmegine giriş! Öwüt däl, görelde bilen terbiýele! Özüň myhmana saçak ýazman, ogluňa myhmansöýerligi ündeseň, pagtabent oky atan adam bolarsyň! Özüň uýatsyz bolup, gyzyňa edep-haýa ündeseň, sapaksyz iňňe bilen eşik tikjek bolýan ýaly hala düşersiň. Perzent terbiýelejek bolýan bikemal ata-ene küreksiz gaýyk sürjek bolýan, syýasyz hat ýazjak bolýan, oraksyz orjak bolýan, ganatsyz uçjak bolýan, aýaksyz ýörejek bolýan närse ýaly biakyl we biderek kişilerdir. Bulagyň suwy hapalansa, sakasyndan, çeşmäniň suwy kesilse, gözünden gör! Ajaýyp edep-ekram, hoş gylyk-häsiýet, gözel ahlak, kemallylyk – bular perzende bir ýerden gelmeli bolsa, elbetde, ata-eneden gelmelidir. Perzendiňe ogurlyk zady iýdirip, oňa: «Ogurlyk etme» diýip ündeseň, ne netije bolar?! Özi towşan awlap, çagasyna ot iýmegi öwretjek bolýan möjegi görüpmidiň?! Perzendiň halallygy ata-enäniň halallygyndan gözbaş alar. Haramlyk perzende başga bir çeşmedenem gelip biler, emma şeýle halatda ata-enäniň halallygy haramyň öňündäki synmaz böwet bolar. Tymsal: bir gezek Mahatma Gandiniň ýanyna bir aýal gelip, oglunyň gandy köp iýýändigini aýdypdyr we oglunyň gandy köp iýmesini goýmagyna kömek etmegini haýyş edipdir. Mahatma Gandi biraz oýlanyp, şeýle diýipdir: – Bibim, siz ýene üç hepdeden soň geliň. Aýal maşgala Mahatma Gandiniň bu sözüni geňläp, çykyp gidipdir. Üç hepde geçensoňam ogluny yzyna tirkäp gelipdir. Gandi oglana seredip: – Gant iýmäňi bes et! – diýipdir. Şondan soň ene minnetdarlyk aýdyp, ogly bilen otagdan çykypdyr, ýöne birsalymdan ene yzyna dolanyp gelip, Gandiden sorapdyr: – Men bir zada düşünemok: siz hälki aýdan sözleriňizi mundan üç hepdeden öňem aýdyp bilerdiňiz ahyryn. Siz näme üçin bizi üç hepde garaşdyrdyňyz? – Bibim, ornuň üýtgeşik bir hikmeti ýok. Men mundan üç hepde öň sizin ogluňyz ýaly, gandy gowy görýärdim. Ýürekden çykan sözler ýürege barýar. Mundan üç hepde öň men ogluňyza gandy iýme diýen bolsam, bu söz oňa täsir etmezdi. Halallyk perzende başga bir çeşmeden gelip biler, emma şeýle halatda ata-enesiniň haramlygy kemally perzent üçin uly ryswalyk hem jebir bolup gömer. Terbiýe adamzat durmuşynyň hadysasydyr. Haýwanat dünýäsindäki ösdürim haýwanlaryň özüniň däl-de, olaryň erkiniň daşyndaky tebigatyň millionlarça ýyllyk zähmetiniň netijesidir. Adamzada üznüksiz tebigy aýlawdan çykmak üçin akyl görnüşinde berlen azatlyk adam terbiýesini bütinleý başga bir zada öwrüpdir. Tebigatda hemme zat kesgitli, gutarnykly, ähli hereketler we wezipeler paýlaşylan, ähli gatnaşyklar we işler aýdyň çözülen. Jemgyýetde, tersine, hemme zat adam erkine, akylyna garaşyp, çözülmedik halda dur. Olary biziň her birimiz gaýtadan, täzeden özümizçe çözmeli, aýdyňlaşdyrmaly, ýerine ýetirmeli. Munuň özi tebigat bilen jemgyýetde wagtyň başga-başga mazmunynyň bardygyny görkezýär. Ýaşaýşyň başga giňişligi bolan tebigatda Wagt hil taýdan artmagyny, täze hile geçmegini häzirlikçe bes edipdir. Tebigatda geçmiş, häzir hem geljek bölünmezden, bitewülikde ýaşaýar. Şonuň üçinem, haýwan çagasynyň ulalmagy üçin endik ýeterlikdir. Adamzada berlen akyl wagtyň içinde özgerip, başga hile duçar bolýar. Aýdyňlygyň ýerine aýdyňsyzlyk, çözülenligiň deregine çözülmediklik, kesgitliligiň ýerine kesgitsizlik, gutarnyklylygyň deregine tükeniksizlik gelýär. Adam azatlygynyň manysy şol akyl-erk arkaly kesgitsizlik hilini kesgitlilige, aýdyňsyzlyk dilini aýdyňlyga öwürmekden ybaratdyr. Munuň üçin terbiýe gerekdir. Terbiýe – akyl atly erki bir ulgarna salmakdyr. Adam terbiýesiz adam bolup bilmeýär. Bu ýöne bir pelsepe tekrarlamasy däl, bu durmuş hakykatydyr. Haýwanat dünýäsine düşen adamzat çagasynyň adam bolup bilmeýändiginiň mysallary köp ahyryn. Emma adam perzendiniň edepli, terbiýeli, kemally bolmagy-da jemgyýetde öz-özünden amala aşmaýar. Jemgyýet çaga öz-özünden, taýýar görnüşinde diňe endikleri berip biler. Emma diňe endik bilen kemala ýetip bolmaýar. Kemallylyk üçin akylly-başly, maksadalaýyk, ahlak ölçegleri bilen şertlendirilen iş-terbiýe zerurdyr. Adamzada berlen akyl atly azatlygyň terbiýedäki esasy borjy adamyň tebigy meýiller, ymtylmalar, islegler görnüşindäki erkin tebigatyny ýa-da tebigy erkliligini taraşlamakdan, akyla laýyklykda gaýtadan guramakdan ybaratdyr. Terbiýe – gözelligi gazanmagyň hajatydyr. Başsyz-baratsyzlyk, taraşsyzlyk, tagaşyksyzlyk, ölçegsizlik gözellik däldir. Gözellik – kanunalaýyklyga tabynlykdan gelip çykýar. Tebigat gözelligi tebigatyň dilsiz-agyzsyz baky aýlawynyň kanunalaýyklygynyň netijesidir. Ahlak gözelligi – ahlak kanunlaryna tabyn bolmagyň netijesidir. Tokaýyň gözelligi bilen bagyň gözelligi başga-başga zatlardyr. Adamzat ýaşaýşy jeňňel däl, ol bagdyr. Bagyň esasy tebigatdan, emma taraşy adamzatdandyr. * * * Çaga – eziz, dünýä deýin mähriban! Çagada bu owadan dünýäniň ýaradylmyş päkligi, arassalygy, süýjüligi, mähremligi bar. Ynsany-haýwanyň, derrendäniň-perrendäniň çagasy owadan bolýar. Adamlar çaga – çagajyk, oglanjyk, gyzjagaz – diýýär, meger, ezizläp, arzylap, söýüp diýýändir, meger, entek kiçiligi üçin diýýändir... Adamlar çagany çagasyradyp, yzyna dürli goşulmalar goşýarlar. Emma çaga özüni kiçijik saýýarmy? Saýmaýar. Öz adynyň yzyndan «jyk» goşulmasyny hijem halamaýar. Ýaş çaga enesi-atasyny has gowy görýändir. Näme diýip? Birinjiden, ene-ata eýýäm gojalan adamlar. Olar çagajygyň ejesi, kakasy ýaly gije-gündiz işli, aladasy başyndan agdyk däl. Ene-atanyň pähim-parasady ýaşaýşyň çürbaşyna baran, olaryň boş wagty kän. Iň esasam, olar çagany çagasyratmaýar. Gürleşeninde edil uly adam bilen gürleşen ýaly gürleşýär, söýeninde ýürekden söýýär, çaga diýip durman sala salýar, maslahatlaşýar. Çaganyň ejesiniň, kakasynyň weli wagty ýok. Ol oglunyň gündeligini görse-de, görmäge borçludygy üçin görýär, käýese sowuk käýeýär. Ýeňsesine çalyp goýbermegem hiç zatça bilmeýär. Çagasyna bir zaman özüne berlen umumy akyllary berýär. Çagasyna özüni görelde etmäge synanýar... Aýdaly, çaga birinji synpa okuwa barýar. Ol jigileriniň ýanynda, okuwa barmaýan goňşy çagalaryň ýanynda eýýäm özüni uly adam saýýar. Öýde ejesem, kakasam: «Sen, oglum, ullakan bolduň, indi gowy okap, edepli bolmaly!» diýip öwredýär. Garran adama: «Tüweleme, ýaş görünýäň!» diýeňde, gül-gül açylyşy ýaly, çaga-da: «Tüweleme, ullakan oglan bolupsyň!» diýip görüň! Gör, ol nähili hezil eder! Garry bolsun, ýaş bolsun, çaga bolsun, parhy ýok, her kimiň göwni bar. Her bir çaganyň öz dünýäsi, öz arzuw-hyýallary bar. Çaga öz ýanyndan mydama özüni uly adam ýaly hasaplaýar. Göwnüni göteriň, çaganyň göwnem howaly bolmaly, özem! «Ulaldanyň ogly ulalar» diýýändir halkymyz. Men Gypjakda ýaşap, oba günemasyna öwrenişip başlapdym. Babamlardan iki-üç öý aňyrda bir gojanyň öýüniň golaýyna, ýol ýakasyna ýaşulular üýşüp, mesawy gürrüň ederdiler. Men ses-selemsiz baryp, arka tarapda oturyp, aksakgallaryň gürrüňini diňlärdim. Bir gezek bir köseleç ýaşuly: – Äl-äýt, inim, ýumruk ýaly bolup ýaşulularyň ýanynda körüň barmy? – diýdi. Men gaty ýokuş görüp, ýerimden turdum weli, Işan aga diýilýän ýaşuly: – Otur, oglum, otur! Aksakgallaryň gürrüňini, söhbetini diňlemegiň sogapdyr... – diýip, köseleç ýaşula ýüzlendi: – Meret, senem yzgytsyz-ow! Hany, aýt, sen öýde agtyklaryňa diýeniňi diňledip bilýärmiň, bilýän dälsiň?! Gör ahyry, bu boljak oglanyň özi öz aýagy bilen gelip diňleýär... Köseleç ýaşuly gepini gögertjek boldy: – Aý, Işan aga, her hili gürrüň edilýär... Özi ýaly oglanlar bilen oýnasa... – Sen aksakgal-a, bir syrgynyň ýaşulusy bolup, her hili gürrüň etmeli däl, Meret... Annanyýaz baý aýatda diri bolanda bu oglan seni, meni diňlemäge hem gelmezdi... Köseleç ýaşuly lah-lah güldi: – Annanyýaz aga bolanda kim geplärdi... Haý-haý, sözi manyly adamdy-ow... Işan aganyň arkamy almasy, üstesine atamy ýatlamasy meniň depämi göge ýetirdi. Köseleç ýaşulynyň soňky aýdan sözlerem, başky yzgytsyzlygyny ýuwup goýberdi... Adamyň nämesi bar? Sähelçe göwni bar. Çaga çaga diýmän, kim bolsa-da, nähili adam bolsa-da, mydama hoşamaý, mährem boluň! Mähremlikde Allanyň ýalkawy bardyr! Çaganyň öz arassa dünýäsi, arassa, owadan göwni bar! Çagany terbiýelemek üçin çaganyň dünýäsine aralaşmak üçin ýa-ha çaganyň özi ýaly päk, arassa, hyruçly, howalaly bolmaly, ýogsa-da çagany ulaldyp, ony öz derejäňe götermeli. Çaga esger däl, ony buýruk bilen terbiýeläp bolmaýar. Men obada ýaşanymdan soň ozalky adamlaryň çaga terbiýe berşini gözüm bilen gördüm, ýaşululardan diňledim, taryhdan okadym. Türkmen oglunyň elini halallatdyranyndan soň, ýagny sünnet etdireninden soň naharyny onuň bilen bir tabakdan iýip başlaýar. Ol şoňa çenli ejesi bilen, özi ýaly doganlary bilen iýýär. Çaga kakasy bilen bir tabakdan nahar iýip başlan günündenem gönüden-göni kakasyna meňzäp başlajak bolýar. Töwirde kakasynyň el göterişi ýaly göterýär, elini ýuwanynda hem kakasyna öýkünýär. Görýäňizmi, ýönekeý türkmen däbi bilen çagany neneňsi terbiýeläp bilipdirler... Çagany söýmeli, ezizlemeli, göwnüni görmeli, emma söýgiň bilen depäňe çykaraýmaly däl! Söýgi talapkär söýgi bolmaly! Çaga ýaş başyndan iş öwretmeli. Möjekleriň, gaplaňlaryň öz çagasyna aw öwredişi ýaly, çaga işläp iýmäni öwretmeli! Işlemäni öwrenen çaga hiç haçan hor bolmaz! * * * Men çagalygymdan işe werziş boldum. Işe werziş bolan adam öz edýän işinden aýratyn lezzet alýar. Lezzet berýän iş bolsa, ýadatmaýar. Babam mellekden ot orsa, men hem oragymy alyp, girerdim ýorunjanyň bir gyrasyndan. Daýhan adam ýorunja oranynda kökünden orýar, asyl yzy gara-gyzyl gum bolup barýandyr. Ýorunja şeýdip orulsa, azyndan alty-ýedi gezek orulýar. Bir ekilen ýorunja alty-ýedi ýyl könelmeýär. Köne halk-da, oba adamlary haýsy işiň ýanyna barsa, şol işe dahylly ençeme rowaýaty bardyr. Ýorunja barada hem bir rowaýaty ýatlap geçeýin. Hekaýat: bir zaman bir çarwa adam ýesir düşýär. Alamançylar ýesiri bir baýa satýarlar. Baý adam bolsa mekir eken. – Han ogul, şu ýorunjany orup guratda, öýüňe gaýdyber – diýipdir. Hälki çarwa adam bolsa ýorunjany guratjak bolup kökünden orýarmyş, yzyny gyzyl gum edip. Kökünden orlan ýorunja bolsa, kök ýaýradyp, körpeläp bir çykýar weli, göwnüňi göterýär. Alymlar ýorunja orýan maşyny oýlap tapdy-da, ýorunjanyň işi gaýtdy, ýylaşa, iki ýylaşa ekäýmeseň, gap bilinden orlan ýorunja derrew guramak, könelmek, uçmak bilen. Gap bilinden orlan ýorunja ýylda aňry gitse dört ýola oruma ýaraýar. Obada bolsa iş tükenmeýär. Pasylma-pasyl aýlanyp duran ýylyň her paslynyň öz işi bardyr. Şonuň üçinem: «Çopan işden garda dynar, daýhan görde» diýilýär. Ýeriň gadyryny daýhan adamlar bilýär. Meniň babam hem daýhan adamdy. Ol ekinler ýygnalansoň, mellegimizi suwaryp, taba gelen badyna birlaý agdaryp çykýardy. Bu ýyl melleginiň günbataryndan agdarsa, indiki gezek gündogaryndan günbatara agdarar. Agdarylan ýeriň gumy bir-de ilerik süýşer, bir-de gaýrak. Howa sowukdyr, sen bolsa garader bolup işleýänsiň. Derledigiňçe işe gyzyşyp, sagdynlaşyp barýansyň. Iş görmedik bolsaň, aýaňyň içi pakgyk-pakgyk pakgarar. Gabarçagyň bire-bir melhemi bolsa gara deriňdir... Eşekli, ýabyly azallap ýerini sürýänem kändir, ýöne başaran adam öz eli bilen agdaryp çykar. «Ýeri güýz sür, güýz sürmeseň ýüz sür» diýip, örän ýerlikli nakylam bardyr. Güýzde bir gezek süreniň başga wagtda ýüz gezek süreniň bilen barabar bolýarmyş. Sebäbi güýzde agdarylan, sürlen ýer gyşyň aňzagynda doňýar, ýagşyň suwunda ýuwulýar, dökünlenilýär. Doňakçylyk günleri ýeri tagtlap suwarýarlar. Melleginde buz doňduryp bilseler, buýsanýarlar. Ýazyň demi ýaýrap başlanyndan ýaňadan suw tutup, taba geldigi agdararlar. Gözüňe söweýin toprak mähir bilen endiräp durandyr. Gyşda mellekdäki agaçlar, üzümler hem gyrkylýandyr. Ýöne gyşyň soňragynda ýaza tabyn çaglary. Hekaýat: gadym zaman bir daýhan öz mülkünde goşa öküzi bilen ýer sürüp ýören eken. Daýhanyň mülki obadan alysdamyş. Ine, günleriň bir güni şol ýer sürüp ýören daýhanyň ýanyna bir gedaý barýar. Gedaý: – Men aç, men gedaý, sen maňa pul ber! – diýýär. – Pul gerek bolsa, agşam öýüme bar. Men işläp ýörün, meniň ýanymda pul näme işlesin?! Görmeýärmiň, men bugdaý ekýän... – Onda sen maňa tohumlyk bugdaý ber! – diýip, gedaý alarladyp barýarmyş. – Seniň akylyň nirede? Heý, tohumlyk bugdaýy hem iýip bormy? Tohumlyk bugdaýy iýen ile açlyk gelýändir... Seň döw ýaly janyň bar eken. Senem il ýaly işläp iýäýseň bolmaýarmy? – Meni Hudaý gedaý edip ýaradypdyr, men işläp iýsem, gedaýçylygy kim etsin? – diýip, gedaý ýeň bererli dälmiş. Soňra ol: – Men ýadap-aryp geldim, ýatyp dynjymy alaýyn, agşam öýüňe bile gideris, puly şonda alaryn – diýipdir. Gedaý mülküň gyrasyna çykyp ýatypdyr. Ýer sürüp öküzleri halys ýadan daýhan öküzleri boşadyp, garbanmaga kowup, özem ýuwnup öýlänlik namazyna durýar. Öküzleriň biri otlap, gedaýyň ýanyna barypdyr, onuň goşhaltasyndan çöregiň ysyny alyp, ukuda ýatan gedaýyň çöregini iýipdir. Daýhan namaz okap durka bu ahwalaty görýär, emma musulman kişi nädip namazyny bozsun! Daýhan namazyny tamamlan badyna, ylgap baryp öküzini kowýar. Gohuna ukudan oýanan gedaýyň üstüne hem gygyryp başlaýar. Gedaýyň gahary gelýär: – Seniň öküziň meniň barja nanymy iýdi. Sen onuň bahasyny tölejek diýmeden geçen, meniň ýakamdan alyp, gygyryp durmaň näme? – diýipdir. – Sen meni öküzden aýyrdyň, neneň onsoň men saňa gygyrmaýyn? – O nähili men seni öküziňden aýrypdyryn? Daýhan: – Men muňa göleliginden başlap, işläp iýmäni öwredipdim. Ol seniň çöregiňi iýdi, indi onuň gözi kesekiniň goşhaltasynda bolar. Bu öküzi satyp, başgasyny alaýmasam, indi bu işläp hezil bermez – diýenmiş... Iýjek çöregiňi gazanyp iýseň, ol halal çörek bolýar. Halal çöregiň bolsa hümmetem, lezzetem başgadyr! Geýjek geýim-gejimiňi gazanyp alan puluňdan geýseň, ol geýim-gejim ýaraşyklam bolar, arzylam bolar, aňsat-aňsat könelmez hem. Emma, men biljek däl, haçan türkmen haram iýmäni öwrendi?! Meger, baknalyk ýyllary öwrendi... Adam toprakdan, suwdan, otdan, howadan ýaradylandyr. Toprakda bolsa ajy-da, turşy-da, şor-da ýeterlikdir. Gara deriňi döküp, endamyňdaky şory ýok etmeseň, maňlaýyň şor çykaýmagy daşda däldir. Ajyňy, turşyňy diňe garader bilen aýryp bolýandyr. Toprakda haşal ot-çöplerem köp bitýär. Sen toprak bilen bagryňy badaşdyryp, toprakdan ryskyňy gazanmany öwrenseň, toprak ýaly mähriban, toprak ýaly agras, toprak ýaly miweli bolarsyň. Seret, daýhanyň mülkünde nähili naz-nygmatlar kemala gelýär?! Adam ogly toprakdan naz-nygmaty kemala getirmegi öwrenip, öz durmuşyny, ýaşaýşyny, ömrüni süýjüdýär... Hormatly ata-ene! Seniň alyn deriň, zähmetiň, asylly gylyk-häsiýetiň perzendiň üçin mekdepdir. Goý, seniň mekdebiň perzendiňi bagtly, ilhalar adam etsin! * * * Türkmene belet bir jahankeşde akyldar: «Türkmen bu dünýä söweşip, mertlik görkezip, jeňde-ýowda ölmäge geläýen ýaly...» diýipdir. Başga bir akyldar: «Türkmen bu dünýä toý-baýram, şatlyk edip, gazananyny sowurmaga geläýen ýaly...» diýipdir. Türkmen toý tutar: «Oglum boldy», «Gyzym boldy» diýip, toý tutar, çileden çykdy diýip, toý tutar, gülüp berdi diýip, toý tutar, çagajygyň galpagyny daýysyna syrdyryp, toý tutar, inji berip, toý tutar, ýörjen-ýörjen boldy diýip, toý tutar, diş çykdy diýip, nogul-nabat seçip, toý tutar, sünnet etdirdim diýip, toý tutar, ata çykdy diýip, toý tutar, garaz, türkmeniň toýy-baýramy köpdür, gaty köpdür... Türkmeniň baş dilegi: «Gazananyň toýuňa ýarasyn!» diýmekdir. Hazyna, gazna sözleri hem türkmeniň gazanmak sözündendir. Bakyň daglara, ak garly daglara bakyň, olar başyna jowur ak buludy alyp, köne dünýäniň täze ruhy ýaly başyny belent tutup otyr. Bakyň, jülgelerde hellewleşip oturan daragtlara! Ol daragtlar ýeriň gursagyna köküni urup, ýaşaýşyň ýaşyl tugy ýaly parlap otyr! Bakyň, güllere, ot-çöplere, ählisi adaja şemala yraň atyp, Zeminiň tugy ýaly pasyrdaşyp otyrlar. Şu Zeminde, şu päk, owadan toprakda dünýä gelip, päk zähmet çekmeseň, dünýä sazlaşygyna goşulyp bilmersiň! Dünýä hereket dünýäsidir. Ol ýaşamak üçin ösmelidir, ot ýaşamak üçin ýanmalydyr, suw sadyr atmazlyk üçin akmaly, hereket etmelidir. Ýatyp adam bolan ýokdur. Ýatyp iýen, iýip ýatan – bizden däldir! Şu päk diýarda päk doglup, päk bolup hem topraga garylmak miýesser etsin! Şu päkize toprakdan päkize nygmat iýip, päkize bolmasaň, dünýäden däl, senden aýypdyr, türkmen! Şu datly topragyň nazy-nygmatlaryny iýip-içip, süýji adam bolmasaň, nazy-nygmatdan däl, senden aýypdyr, türkmen! Ýurduň ykbaly – biziň golumyzda. Biziň alnymyzda müň sany borç dur, ýene şol borçlaryň birinjisi – çagalara bagtly, ganatly, hyýalkeş çagalyk bermekden ybarat. Galpaklyja, gulpaklyja, posalajyk, naşyja çagalar!.. Sen işden ýadap, durmuş aladasyndan aryp gelýänsiň, hanha, seni gören oguljygyň durşy bilen şowhuna öwrülip, aýa galdygyna ylgap gelýär: seret, ol seniň dünýäňe şatlyk, bagt bolup, göni okdurylyp girýär. Sen keýpsizem bolsaň, ýaramaýanam bolsaň, ylgap gujagyňa dolan ogluňy goluňa al, sen şonda durmuşyň, dünýäniň boýnuňa uran agyr ýükleriniň zym-zyýat bolup gidenini duýarsyň! Sen ejesiň, sen düýn peri-peýker ýaly owadan gyz bolan hem bolsaň, bu gün sen goýny torsuk ýaly posalak çagaly enesiň. Sen Aýyň parçasy ýaly gyzjagazyňy, Günüň bölegi ýaly ogluňy gujagyňdan düşürme. Ýaňy goýnuňdan bölünen çaga üçin seniň goýnuňdan asuda, seniň goýnuňdan mährem, seniň goýnuňdan ygtybar, seniň goýnuňdan eziz ýer ýokdur! Çagajyk seniň goýnuňa dolanynda – seniň goýnuňa bagt, dünýäniň iň beýik bagty dolar, çagajygyň dünýäsi bolsa mähirden, lezzetden püre-pürlener. Seniň gujagyňdaky çagajygy seniň mähriň, söýgiň dünýäniň ähli bela-beterlerinden, kesellerinden aman saklar! Seniň gujagyňdaky mähre, söýgä, lezzete dolanan çagajygy hatda goly permanly Ezraýyl hem alyp bilmez! Sen atasyň, sen düşbüje agtygyňy gujagyňa alyp gataňsy, emma mähriban aýalaryň bilen ýüpek ýaly saçyny sypala! Goý, seniň gabarçakly gollaryň agtygyň beýnisinde ata-babalardan nesilme-nesil geçip gelýän akyl-paýhasy oýarsyn! Sen agtygyňa ýowuz geçmişiňi ertekä, owadan ertekä öwrüp aýdyp ber, şonda seniň agtygyň kämil çykyp, geljegiňi ajaýyp erteki edip, saňa gaýdyp berer. Sen agtyjagyňy gujagyňa alyp söý, şonda seniň göwräňden müň arkanyň güýç-kuwwaty çagajygyň dünýäsine dolar, çagajyk bolsa indiki kowum-hyşdynyň söýgüsini, güýç-gudratyny seniň gursagyňa doldurar. Sen enesiň, arlykdan çykan çagajyk ene mährine dolanyp dünýäniň lezzetini alar. Seniň agtygyň seniň mähriňden ganyp, seniň dideleriňden suw içer. Sen mähriban aýalaryň bilen sypala, agtygyňy sypala, sen şonda agtygyňy däl-de, gartaşan ýüregiňi sypalap oturanyňa göz ýetirersiň. Dünýäde gujagy torsuk ýaly bäbejikli gelinden, arkasyna agtygyny hopba edip barýan ak saçly eneden, agtygynyň golundan tutup barýan gojadan beýikde hiç hili gözellik ýokdur! Söýgini söýgi bilen oýaryp, söýgini söýgi bilen ganatlandyryp bolýar. Söýginiň, mähriň möwç urýan ýerine derdem gelmez, bela-beterem! Eý, goç ýigit, eý, Aý ýaly uýam, eý, mähriban ene, eý, gujurly, dana atam, siz gujagyňyzda ogluňyzy, gyzyňyzy, agtygyňyzy däl, Garaşsyz Türkmenistanyň geljegini ganat bagladyp uçuryp ýörensiňiz! Siziň teleýaýlymlarda, sahnalarda aýasy bilen sypap, müşderileriniň derdini bilip, şol dertden gutarýan «gudratly» adamlara gözüňiz gitmesin. Siziň öz gollaryňyzda islendik «gudratly» kişiniň güýjünden müň esse güýçli gudratyň bardygyny unutmaň! Söýüň, söýlüň, türkmeniň Geljegini söýgüden, mähirden, pähimden, parasatdan, gudratdan bina ediň! Men size şu ýerde «Durmuş sapaklary» atly ýatlamalar kitabymdan «Tudana sapagy» atly hekaýamy gürrüň bermek isleýärin. * * * Durmuş – ýokary mekdep. Durmuş üznüksiz öwredýär, üznüksiz sapak geçýär. Durmuş geçirimlilik etmeýär, hamraklygy bilmeýär. Onuň käbir sapaklary şeýle bir ýowuz, şeýle bir ýowuz, hiç wagt ýadyňdan-aňyňdan çykmaýar. Durmuş özüniň şol ýowuz sapaklary bilen adamyň garaýşyny, käteler edim-gylymyny düýpgöter özgerdip goýberýär. Durmuşyň ýowuz sapagy sende täze asyllylygy, seresaplylygy, edehädi oýarýar, garaýşyňy özgerdýär, täzeleýär. Allatagala adamy bu dünýäniň patyşasy edip ezizläpdir, ol özüniň perişdelerini-de adamyň hyzmatynda goýupdyr. Diňe bir perişdeler däl, ähli tebigat, ähli haýwanat dünýäsi-de adamzadyň gullugynda. Allatagala her bir ýaradan, döreden zadyna hikmet beripdir. Adam şol hikmetleri okamagy başarmaly. Men häzir tut hikmeti hakda aýtmak isleýärin. Oguz han eýýamyndan bäri tuduň altmyş görnüşi emele gelipdir: peýwendi, şatut, balhy, gaýçy, nar güýzeki, gyzylaýak, bagabat tutlary... Tuduň özge daragtlardan parhlanýan bir alamaty bar: ol ähli daragtlardan soň güle – hasyla durýar we ähli daragtlardan öň hasyl berýär. Tiz hasyla durmak, gysga döwür içinde ýetişmek – ine, tut hikmeti. Tuduň bu hikmeti maňa diýseň ýaraýar. Ýöne ineniň söhbetim tuduň bu hikmeti hakynda däl-de, mende galdyran ikinji hikmeti hakda. Biziň işigimizde äpet şatut ösüp otyr. Onuň her biri mäşirik deýin tudanasy baldan datly. Tudana bişende hünji deýin lowurdap, kalbyňy heýjana salýar. Agzyňda eräp gidýän baly goýalyşan tudana iýmegiň lezzetini hiç bir zat bilen deňär ýaly däl. Özem tuduň üstüne çykyp, özüň sapagyndan ýolup alyp iýeniňde, dogrusy, onuň süýjüligine süýjülik goşulýar. Tuda çykyp, tudana iýmegiň lezzetini iýip görenler bilýändir. Geçen ýyl tudumyz şeýle bir tudana getirdi, heý, goýaý. Üç dogan bolup her gün okuwdan soň tutdan düşmedik. Baly goýalyşyp, aşak gaçanlary serip, kakatdyk. Onuň süýjüligi nogul-nabady gaýra duruzýar. Geçen ýylky süýjüligi ýatlap, bu ýyl her gün okuwdan gelip, tudanalara seredýärin. Entek gök görünýär, doly bişmändir. Doiy bişende tuda ak merjen dakylan ýaly bolýar-a, lowurdaşyp, öwüşgin atýar. Dynç güni oňat bişmedigem bolsa, tudana iýesim geldi. Men tuda dyrmaşyp çykdym. Ine, seteran tudana. Ýöne gök-dä. Tudana bişende, sapagyndan aňsatlyk bilen üzülýär, ýöne bişmedik bolsa, sapagyndan üzmek kynrak bolýar. Tuda dyrmaşmagyňam, tuduň depesinden töweregiňe syn etmegiňem öz lezzeti bar. Men tuda çykyp, ilkinji tudanany agzyma atdym. Turşuja! Bu turşulyk iýmezçe däldi. Turşulygyňam özboluşlylygy bar. Birini iýdim, soň ýene birini, soň ýene birini... Ullakan şaha aýagymy basyp durun. Tut şeýle bir ýaýbaň, şahalaryň üsti bilen ýöräbermeli. Ilki şaha aýagymy basyp, saldarlap görýärin: şaha meni göterermi? Göterer diýip pikir etsem, şaha aýak basýaryn. Köplenç, iki aýagymy bir şahada saklamajak bolýaryn. Men muny bir şaha döwüläýende-de, ikinji şahada galmak üçin şeýdýärin. Ýöne, elbetde, boljagy bardyr-da, tudana kelläm göçüpdir. Duran ýerimde tudana azalansoň, biraz öňe süýşmekçi boldum. Öňümdäki şaha oňat seretmän aýagymy basdym. Wah, seretjek welin, ol ýerde şeýle bir tudana kän, şeýle bir tudana kän, heý, goýaý. Meniň bar ünsüm şol tudanalara gönükdi, şonuň üçin basan şahamyň göterjegini-götermejegini seljerjek bolup durmadym. Köplenç, iki şahanyň üstünde durýandyryn welin, o tudanalak ýerde aýak basar ýaly iki şaha hem ýok eken. Diňe bir şaha bar. Şol şaha aýak basyp, tudana el uzatdym. Elim ýetmedi, çünki üstünde duran şaham şakyrdap döwüldi. Men çem gelen çybykdan aslyşdym. Ähli zat göz ýumup-açasy salymyň içinde bolup geçdi: gaýtdym kelemenläp aşak. Aşakda ýatyryn. Ejem bilen doganlarym ylgaşyp geldiler. Çep bilegim döwlüpdir. Tas bir aýlap diýen ýaly seýikli gezdim. Ýöne tutdan ýykylmagym maňa uly sapak boldy: näme iş etjek bolsam, ilki işi kemsiz bişirýän. Soň aýak basjak «şahamy» gowy saldarlap görýärin, «şaha» meni göterjekmi? Mydama «şahanyň» göterjek işini edýärin. Şo-ol çagalyk ýyllaryň bu wakasy meniň kämilleşmegimde, her bir işe hüşgär çemeleşmegimde tapylgysyz sapak boldy. * * * Dünýä gelip, ýaşap başlan her bir adamyň ilkinji mugallymy ene-atasy bolýar. Ene-ata, maşgala çaganyň edep-terbiýesiniň esasyny düzýär. Şonuň üçinem, türkmen adama baha bereninde aňyrsyna seredip, baha berýär. Ene-ata mekdebinden soň orta mekdep, soňra ýokary mekdep çaga edep-terbiýe berýär. Käbir adam ýokary bilim alansoň, ylmyň çür depesine çykyp, aňyrda özüniň bilmeýän zady bardyr öýtmeýär. Käbir adam bolsa, ýokary mekdebi tamamlanyndan soň, tä ömrüniň soňky gününe çenli ylym-bilim almagyny dowam etdirýär. Hakyky ylymdar adamlar bolsa ylym aldygyça, az bilýändigine akyl ýetirip, gije-gündiz ylym almagyny dowam edýärler. Adamzat kämillige ýetişdi. Sokrat, Aristotel, Al-Horezmi, Zamahşary, Magtymguly, Eýnşteýn ýaly müňlerçe akyldarlaryň paýhasy bu günki ýaşaýşyň binýady. Her jümlesi göwher dänesi ýaly gymmat alymlar, akyldarlar, şahyrlar ýüz müňlerçe. Olaryň haýsy birini okap çykarsyň. Emma olar hem düýnüň akyldarlary. Ol akyldarlary okap, kämillige ýetilýär. Kämillige ýeten kişileriň mugallymy kim? Durmuş, dünýä, älem! Dünýäniň baş mugallymy, halypasy tebigat: janly-jandarlar, ot-çöpler, tebigy hadysalar. Geçen asyryň altmyşynjy ýyllaryna çenli adamzadyň iň hatarly keseli – inçekeseldi. Emma dermanynyň tapylmagy bilen inçekesel diýilýän beladan üstün çykyldy. Onuň deregine adamzada düwnük keseli apat bolup, howp salyp başlady. Näme diýip beýle bolýar? Adam tebigatyň önümi. Tebigatyň perzendi! Adam tebigatyň kada-kanunlaryna eýerip, tebigatyň kada-kanunlaryna tabyn bolup, sazlaşykda ýaşamagy başarmaly. Tebigat – adamzadyň baş mugallymy. Her bir türkmen raýatynyň nahal ekmegini, Türkmenistan ülkämiziň bagy-bossanlyga bürenmegini ýola goýduk. Ülkämiziň bagy-bossanlyga bürenmegi – bu raýatlarymyzyň kalplarynyň bagy-bossanlyga bürenýänliginiň alamaty bolar. Altyn ruhly altyn ýaşaýşymyza kybapdaş tebigatymyz bolar. Bag ekmäge bolan küýsegimiz – ruhy dünýämizi baýlaşdyrmaga, gözelleşdirmäge küýsegimizdir. Bag ekmek, baga idi-yssuwatlyk etmek edebi ruhy galkynyşymyzyň altyn miweleridir. * * * Eý, ata-ene! Durmuş sungatdyr. Bu sungatyň kämillik derejesiniň gönüden-göni seniňem elleriňe, paýhasyňa we erkiňe bagly-dygyny unutma! Sen öz elleriň, paýhasyň hem erkiň bilen perzendiňi sungat eserini döreden ýaly döretmelisiň, kemala getirmelisiň! Alla saňa indi amal bolmaly bary-ýogy mümkinçiligi berendir, tebigat saňa indi jisime öwrülmeli bary-ýogy maddany berendir, durmuş saňa indi kemal etmeli bary-ýogy bikemallygy berýändir. Perzendiň sensiz öz-özünden – senden başga şertleriň täsiri arkaly kemal tapmak mümkinçiligi bir esse, sensiz bikemal galmagy bolsa ýüz essedir. Senetkäriň öz eserinde özüniň durmuşynda ýetip bilmedik oňatlyklaryny döreden keşbine berşi ýaly, sen ata-enelik terbiýäň arkaly perzendi özüňden has kämil adam edip ýetişdirmelisiň. Biziň artykmaçlyklarymyz hem kemçiliklerimiz perzentlerimizde dowam edýändir. Perzendiňe haýpyň gelsin, kemçilikleriňden saplan! Ata-ene bolmak uly bagt hem-de ummasyz uly borçdur. Bu diňe bir nesil dowamatyna gatylmak däldir. Bu adamzady döretmek sungatyna dahylly bolmakdyr. Adamzady döretmek sungaty – perzent terbiýelemek işidir. Türkmenler perzent terbiýesine aýalyň göwresinde çaga galan gününden başlapdyrlar. Ata-ene edebiniň şertlerini-de şol günden berjaý edip başla! Türkmen göwreli aýala «Toýly aýal» diýýändir. Biziň bu milli garaýşymyzda türkmeniň adamzat dowamatyna bolan guwanjy ýüze çykýar. Aýalyň iň bagtly döwri göwrelilik döwmdir. Aýalyň iň owadan mahaly göwreli mahalydyr. Göwreli aýal ýaňy gunça düwen bägüli ýatladýar. Bägülüň açylyşy beýik gözellik, onda Allanyň syry bar. Adamyň dünýä inmeginde hem ýürek gopduryjy gözellik hem-de düşündirip bolmaýan gudrat bardyr. Aýal göwreli bolandan soň, ata özüniň atalyk aladalaryny berjaý edip başlaýar. Aladalar edep bilen berjaý edilmelidir. Ata öz ýanýoldaşynyň beden saglygy, geljekki perzendiniň ruhy saglygyny alada etmelidir. Türkmençilikde göwreli aýaly aýratyn naharlar bilen naharlaýarlar, agyr hem ownuk-uşak zähmetden gorap saklaýarlar. Geljekki perzendiň görmegeý hem sagdyn bolmagyny isleseň, göwreli aýalyňa saýlap-seçip alan miweleriňi iýdir. Türkmeniň göwreli aýal bilen baglanyşykly aňlatmalarynda bir täsin zady görýärin: şol bir hadysanyň hem umumy aňladylyşy, hem-de juda sypaýylyk, aşa medeniýetlilik bilen aňladylyşy bar. Men muňa türkmen göwnüniň näzikliginiň, türkmen kalbynyň mähremliginiň ýüze çykyşy diýýärin. Adatça, göwreli aýal diýilmez, toýly aýal diýler. Adatça, aş saýlaýar diýilmez, agzy bimaza diýler. Gör-ä, şol bir many, emma nähili sypaýylyk, nähili gözel inçelik, aýala bolan nähili söýgi bar! Diňe aýalyň öňünde togap ediji millet şeýle aňlatmalary tapyp biler. Aýalyň agzy bimaza döwründe oňa iň süýji, iň ýokumly nygmatlary tapyp ber! Aýal göwrelikä, onuň bäbegi kyrkçileden çykýança, oňa ýaşuly aýallaryň biri ýörite gözegçilik edýär. Ylaýta-da, onuň agzyna seretmeli. Şeýle-de, ýaşuly aýal, köplenç, ýakyn garyndaşy oňa şol özboluşly döwürde höwür bolýar. Türkmen zenany utanjaňdyr, uýatlydyr, ol göwrelikä ata-enesi, gaýynata-gaýynenesi-hä däl, hatda adamsyndanam birhili uýat edegen bolýar. Şonuň üçinem, ýanynda ýaşy durugşan bike aýal bolsa, onuň üçin juda oňatdyr. Çagaň aglagynyň aladasy ol dünýä inmänkä başlanýandyr. Bu barada men saňa bir hekaýaty gürrüň bereýin. Ol aslynda durmuş hakykaty bolup, soň türkmen ahlagymyň gözelligimi beýan edýän hekaýata öwrülendir. Beýik türkmen akyldary Döwletmämmet Azady oglan okatmak bilen ýalkanan kişidir. Perzendi ýedi ýaşa ýetenden ata-eneler çagalaryny Azadynyň ýanyna getirip: – Ahun aga, şu dogmamyza edep hem ylym beräýseňiz – diýer ekenler. Şonda akyldar: – Ylym bereýin, sebäbi ylym almagyň ýaşyna ýetipdir, emma edep has ir – çaga göwrede galan gününden başlanýandyr – diýer eken. Şonuň üçinem, şu wagta çenli nähili terbiýe beren bolsaňyz, maňa şony kämilleşdiräýmek galýar. Adam – agaçdyr. Oňa nowçalykdan, körpelikden ideg etmeli. Agaç ep=esli boý alyp, egri ösüp ugransoň, düzetmek hyllalladyr. Adam näme bilen bekese, şonuň bilen ömrüniň ahyryna çenli gider. «Aýaly – başdan, çagany – ýaşdan» diýleni, aýala gelin bolup gelen gününden, çaga-da göwrede galan gününden ideg-yssuwat etmeli diýildigidir – diýip, beýik Azady öwredipdir. Bir gezegem ol öz atasyndan eşiden şu wakasymy gürrüň beripdir. Magtymguly ýonaçylaryň obasynda juda halalhon kişi ýaşaýan eken. Yatanda-turanda «Hak!» diýip ýören kişiniň ömründe özi üçin juda ýakymsyz waka bolup geçipdir. Ol bir gezek tötänlikden öz oglunyň goňşularyň bagyndan ogurlyk edenini görüp, heýhaty uçupdyr. Öýüne gelip, aýalyna gümiň beripdir. Iki bolup bu gelşiksiz hereketiň – özlerine mynasyp däl wakanyň sebäbini özlerinden gözläp ugrapdyrlar. Birdenem, sebäp aýalynyň ýadyna düşüpdir. Ol: – Kakasy, günä mende. Men şu oglan göwrämdekä, agzym bimaza günleriň biri göwnüm gidip, eýesinden soraşman, goňşymyzyň bagyndan alma ýolupdym – diýipdir. Bu wakada uly hikmet bar. Beden halal bolmasa, ruh halal bolmaz. Ruh halal bolmasa, beden arassalanyp bilmez. Adam beden bile ruhuň ýönekeý jemi däl, olaryň täsin, göze görünmez utgaşygydyr. Bularyň nirede haýsynyň gutaryp, haýsynyň başlanýandygyny aýtmak çetin. Beden bilen ruhuň serhedi bize görünýän dünýäniň o tarapyndan geçýändir. Perzendiň binýadyny halaldan tut! Halal iýdir, halal geýindir, köňlüne halallyk guý! Haramlygyň netijesi – biedeplik, halallygyň netijesi edeplilikdir. Edep perzendiň bagtynyň girewidir! Bagt hem, betbagtlyk hem azaşyp gelýän däldir. Halal, edepli bolsaň, bagtyň özi geler, çünki halallyk bagtyň küýsegidir. Haram, biedep bolsaň, betbagtlygyň özi geler, çünki haramlyk betbagtlygyň iýmitidir. Perzendiňden haramlygyň ysy kükäp dursa, alnyndan betbagtlyk aýrylman geçer! Adam ömrüniň başlan üç müçesi – çagalyk hem ýetginjeklik müçeleri adam balasynyň edep-terbiýä mätäç döwrüdir. On üç ýaşa çenli bolan çagalyk müçesi perzende has ünsli, has eserdeň garalýan döwürdir. Ýedi ýaşa çenli oňa şulary bagyş et: doglanda, toý edip, uly iliň maslahaty bilen gözel at dak! Bedenini mata gundagy, kalbyny hem akylyny edep gundagy bilen gundagla! Seniň halallygyň çaganyň kalbyny göz-dilden gorap saklajak iň uly keramatdyr! Biziň haýwanatdan perzent terbiýesi meselesinde alyp biljek uly göreldämiz bar – olam çagany ýürekden söýmekdir. Çaga siziň söýgiňiz bilen boý alýandyr. Söýgiňizde gazaply hem akylly boluň! Çagany öz endikleriňize örkläp hem goýmaň, emma ony başyna-da goýbermäň! Çagaňyzyň özgeleriň çagasyndan artykmaçlygy bilen magtanmaň! Siziň tarapyňyzdan artykmaçlyk – edebi hem akyly köp bermekdir. Ylaýta-da, çaganyň görk-görmegi bilen öwünmek türkmende juda gelşiksiz görülýändir. Söýgiňizi göwnüňizde besläň, emma iliň ýanynda pespäl boluň! Çagany söýüň, emma söýýändigiňizi onuň özüne bildirmän söýüň! Daragtyň boý alşy tohumyndan soň toprakdyr suwuna, şeýle-de bagbanyň jepakeşligi bilen ussatlygyna baglydyr. Tohum barasynda şuny aýdaýyn: adama atadan gylyk-häsiýet, eneden bolsa zehin geçýändir. Perzendiňe salamlaşmagy öwret! Ony adamlardan däl, garasöýmezlikden halas etjek bolup çalyş! Perzendiňe oňat bilim ber! Nadan ogul ene-atasyna seretmez. Iň ilkinji miras hem iň ýagşy miras, hemişe täze miras hem hiç mahal tükenmez miras – edepdir! Çaga bilimden, hünärden, zat-baýlykdan has öň berilýän miras – edepdir! Diňe ilkinji mirasyň gadyryny bilen perzent soňkularyň gymmatyna düşünip biler. Edep bermän, pul bermek, bilim bermän, mülk bermek çaga ýarag beren bilen deňdir. Perzendiňe hünär ber! Hünärsiz kişi – miwe getirmez daragtdyr. Ýetginjeklik müçesi çagany terbiýelemegiň has kyn döwrüdir, çünki şonda onuň şahsyýeti kemala gelip ugraýar, bu bolsa hemişe agyryly hadysadyr. Şol döwürde sen oňa adam çykmaga kömekleşmelisiň. Öz ugruna kowan ýaly et-de, tanapda sakla, bagda saklan ýaly et-de, ugruna goýber! On dört ýaşa çenli perzendi ata bilen ene bileleşip terbiýeleýärler. On dört ýaşdan oglana, köplenç, atasy garaw bolsun! On iki ýaşdan gyzyna, köplenç, enesi garaw bolsun! Atasy çagasynyň gulagyny ynjytman burmagy başarmalydyr, enesi çaganyň gulagyny burup, ynjamagy başarmalydyr. Bilim hem hünär alyp, kämil ýaşa ýetenden soň, göwnüňize makul bilseňiz, özi mähetdel bolsa, perzendi öýer, gyz perzendiňi durmuşa çykar! Şonda aljak gelniň, edinjek giýewiň boý-syratyna-da, akylyna-da, gylyk-häsiýetine-de seretmelidir. Perzendiňi öýli-işikli et! Kemally ata-ene perzendini ömürboýy terbiýelär, ýöne ýigrimi bäşe çenli ata-enäniň özi perzende edep berer, ondan soň edebi perzendiň özi alar. Almaly zatlaryny wagtynda alyp bilmedik perzent bu meselede çalnyp, jäht etse, bu onuň adam boldugydyr. Beýik türkmen piri Baýazit Bistamy çaga görse, gara çyny bilen, uly adam bilen gürleşýän ýaly, ähli şertleri berjaý edip, gürleşer eken. Muňa geň galan sopulary: – Eý, pirimiz, bu bir çaga ahyryn. Oňa munça zähmet nämä gerek? – diýenlerinde, pir: – Siz nirden bilýärsiňiz, belki, men häzir geljekki beýik alym ýa beýik patyşa bilen gürleşýändirin, şonuň üçinem hemme zat talaba we düzgüne laýyk bolmalydyr – diýipdir. Eý, ata-ene? Ata-enelik edebiniň bozulmaz şerti pirimiziň şol edähedidir. # Ruhnama. II kitapdan. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |