13:52 Aýallar | |
AÝALLAR
Goşgular
Düşündiriñ hany, siz näme beýle, Ýük astynda ýegşerip dur egniñiz. Hyzmat, hormat. (Ony görýän erkekler, Siziñ bolsa artyp barýar begligñiz). Günüñiz galdymy olara siziñ, Boýunlarna özüñizi taşlara. Näzikligni ýitirdimi göwnüñiz, Degilenni duýman tiz bagyşlara. Maña siziñ ýagşylygyñyz ýaranok, Ony arka düşýän dag ýaly görýän. Ömür höküm süren bu deñsizlige Nätseñizem men-ä başgaça garýan. Oýanyñ, oýlanyñ, oýanyñ tizräk, Çaky bolmalydyr beýle aldanmañ. Janyñyz ikimi? Öýdür dükana Bir özüñiz ýetjek bolup ylgamañ. Öñünden duýdurýan, Şeýle wagt ger, Açylar bu gapy gadyrsyzlara, Mert boluñ ezizlem, juda mert boluñ! Güýçler ejiz geler muña çydara. Ömür gymmatlydyr, günlerem kän-ä Dünýe-de kagyzdan gurlan öý däl-a. Eý, aýallar! Ýyldyzlary guçuñ-da Öñden gelýän aýagyzy öçüriñ. Söýmegi başaryñ, doguryñ çaga Ömür gymmat, ýaşan ýaly geçiriñ. ...Sizi kiçelmeden Hudaý gorasyn, Görsün çöl erkana keýikdigñizi. Gözlerñize söýüp bakan erkege Görkeziñ ezizlem beýikdigñizi. * * * Goýber meni, Saklama sen ýolumdan Bil baglama maña, bolmaz peýdasy. Barybir giderin seniñ goluñdan, Gerişlerden süýşen çägeler ýaly. Çykaryn meýdana atyp ýaglygym, Ynjaryn öýdemok ökünçden ýaña. Erkinlikden datjak bir owurt suwum, Bahar howasyndan artyk ger maña. Örlen saçy çözme däldir aýralyk, Ah şonda-da erkinligim küýsedýär. Ownuk kinelere berme özüñi Goýber meni dünýäm, ýollar esedýär. Üns berme maña hem çykar ýatdan, Meni gören wagtyñ sallama boýny. Hemra bol mertlige, Peýda ýok datdan Durmuş diýlen zadyñ bu-da bir oýny. Lýudmila ŞIPAHINA. | |
|
√ Ajymdan öldüm / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Magtymguly / Goşgular - 06.07.2024 |
√ Hindi gyzy / Goşgular - 31.08.2024 |
√ «Elip» harpy / Goşgular - 11.08.2024 |
√ Nätdiñ? / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Goşgular / Goşgular - 15.10.2024 |
√ Öýke / Goşgular - 24.06.2024 |
√ Ynsabym – adyl sudum! / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Rep goşgular / Goşgular - 06.08.2024 |
√ Durmuş toýunda okalan goşgy / Goşgular - 24.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |