23:43 Öý hakda | |
ÖÝ HAKDA
Goşgular
Derýada ýüz sen, Daglarda gez sen, Jülge, gol bilen Dürli ýol bilen Git, nirä gitseň. Ýöne bir zady, Ýatla her daýym. Sen bir zürýady, Ýaşaýan jaýyň. Senden özge kes, Gerekmez oňa. Seni görse bes Uçar guş ýaly, Eneň mysaly, Garaşar saňa. Okeanda ýüzüp, Uelendde dursaň, Keşt edip gezip, Gawana barsaň, Gomlaň gohunda, Uly şowhunda, Gezip ýörkäňem, Ýüzüp ýörkäňem, Kirpigňi gatman Gijeler ýatman, Ýoluna garap Seni soraglap, Gark bolup gama, Garaşyp saňa, Öýüň galanny, Garap aranny, Ýadyňda sakla, Yhlasyn hakla. Tukatlan ýatlap Seň öýüň söwer. Seni hormatlap, Igençsiz söýer. Zordur wepasy, Seňki şypasy. Deňiz kenary, Mährem bolsa-da, Palmalaň bary, Saýa salsa-da. Sapasy pesde, Tapmarsyň taýyn - Mährem müň esse, Öz ýaşan jaýyň. Kemsitme ony, Garaşdyrma kän. Geç-de Wolgany... Süýn oňa bakan. Gyssan sen oňa Ezýet çek onsuz. Olam az ezýet Çekenok sensiz. Ak ýol arzuw et Ýoldaş bolana. Gaty bahym ýet Sen diýp solana. Daň goş haltaňy, Basym ýygna sen. Şatlykdan ýaňa Ýola sygma sen. Öýüň ýene-de, Mährem ene deý, Berip ýylysyn. Bagryna basar. Görseň ulusyň, boýuňam öser. Gerek ýerinde Laýam garyp, Ýeke-ýekeden Kerpijin örüp, Iň bir ynamdar Jaý salan ýeriň. Baky howandar Watanyň seniň. Lýudmila ŞIPAHINA. __________________ *Uelend - portuň ady. Terjime eden Sapar ÖRÄÝEW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 1979 ý. | |
|
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||