23:17 Aýallar öñdemi ýa erkekler yzda?.. | |
AÝALLAR ÖÑDEMI ÝA-DA ERKEKLER YZDA? ÝA-DA BU BIR BOŞ GÜRRÜÑMI?
Edebi makalalar
Bu ýagdaý her maşgalada birhili bolaýmasyn? Kä içerde erkek kişiň gepi geçýändir… Eýýäm gepbazyň biri “Aýaly şol gepi agzyna salyp berensoňmy?” diýýän ýaly eşdilýär. Bir zada haýran galýan hem sebäbine düşünip bilemok. Geçen asyryň ýetmişinji ýyllarynda telewideniýede sanaýmaly redaktor aýal işleýärdi. Işgärleriň köpüsi erkek kişilerdi. Gazet-žurnallarda beýle däldi. Redaksiýalarda aýal-gyz deňeçerräk bardy. Gepleşigini alyp barýan telejurnalist aýal ýa-da gyzam ýok diýerlikdi. Häzir, tüweleme, gelin-gyzlaryň taýýarlaýan gepleşikleri erkek kişileriňkiden artyk bolmasa pes däl. Men owal bu ýagdaýa özümçe telewideniýede guramaçylyk işi kän, sýomka diýdi, gepleşige çagyrylan welaýatlardan gelen myhmanlar diýdi, PTS (göçme telestansiýa) diýdi, garaz, bir giden aladasy bardy. Diňe gepleşigi taýýarlap, telekameraň öňünde oturaýmaly däldi. Bulam aýal adama kyn düşýändir. Şonuň üçin olar gazet-žurnallarda işlänlerini kem görýän däldirler diýip düşünerdim. Alypbaryjy bolmagam aňsat iş däl, telekameradan çekinmeli däl, her hili ýagdaýdan çykalga tapmaly. Sebäbi o döwürler “göni efir” köp bolardy. Ýazgy edäýeňde-de, montaž işem häzirkiden has kyndy. Käte-de indi aýallar dogumlandylar, çekinip ýaýdanyp duranoklar diýibem pikir edýän. Hakykatdanam aýal gyzlaryň has dogumlanandygy bildirýän ýaly. Biziň ýigit döwrümizde başy ýaglyksyz gyz az görnerdi. Gyňaçsyz aýal-a asylam ýok diýerlikdi. Ýöne edep meselesinde häzirki gyz-gelinleriň edebem şol başy ýaglykly gyzlaryňkydan pes däl. Indi zamana üýtgedi. SSSR ýykyldy. Aşgabada gelip-gitmek goňşy oba baryp-gaýdan ýaly bir zada öwrüldi. Indi türkmen eşikli gyz-gelinlere Stambul beýle-de dursun, Kuala-Lumpurda-da duş gelýäň. Bu begenmeli bir zat. Sebäbi adam näçe köp syýahat etdigiçe, dünýä garaýşam giňelýär. Beýleki halklaryň ýaşaýşyny, maşgala gatnaşyklaryny ýöredişini öwrenýär. Ýöne Gurbannazaryň “Men seni goňşy gyz-gelinlerden gabanýan. Olar saňa gerekmejek zatlar öwrederler öýdüp gorkýan” diýen manyda aýdanlaryny Halnabat gelnejäň gürrüň bereni ýadyma düşýär. Hawa, diňe gowy däl, ýaramaz, görmesiz zatlaram indi görmek aňsatlaşdy. Bu ýagdaýda aýal-gyzlarymyza erkekler tarapyndan gorag, hossarlyk, hemaýat gerek. Ýöne gepini çöp döwen ýaly düşündirip bilýän türkmen maşgalalaryny göremde begenýän. Şulardan bolan çagalar, inşalla, bihal çykmaz diýýän. Gürrüňim biraz şaha ýardy. Aslynda maşgalada aýal bilen erkegiň orny hakynda söze başlapdym. Şoňa dolanaýyn, başardygymdan. Türkmeni gany gyzgyn, “gyljindan gan damyp duran” diýip suratlandyrýanlaram bar. Dagystanlylar, çeçenler bilen türkmeni deňeşdirip görüň, biz gaty sowukganlydyrys. Güljemal hany ýatlaň. Eger türkmen aýal-gyzy gepletmän, maslahatyny diňlemän, äsgermän ýaşan bolsa, aýal maşgalany han edinmezdi. Häzirä “Her içeriň hany – keýwanysy” diýýäler. Aýalynyň adyny tutman, “başlyk” ýa-da “hojaýyn” diýip ýüzlenýänlere köp gelip bolýar. Elbetde, bu oýnuň aňyrsynda azajygam bolsa, saldamlyja çynam ýatan bolsa gerek. Bolanda näme? Kim akylly, kim düşünjeli bolsa şoň gepi geçer-dä. Geçsin, iki arada maşgala näme ýitirýär? Hiç zat. Gaýta, bähbit gazanýar. Bir akylsyzyň biri, aýalyndan rüstem görünjek bolup, maşgalasynda agzalalyk, närazylyk döretse gowymy?! Ýöne meni kän pikirlendirýän zat aýallar däl-de, erkek kişiler. Erkekler aýallary öňe düşürip, köp meseleleri “aňsat” çözýärler. Esasanam jogapkärçiligi boýunlaryndan aýyrýarlar. Şu dogrumyka? Aýal adam belki, “hojaýynlyk”, “başlyklyk” has ýakymly bolansoň gepiniň gögermegine, özünden bidin bir işiňem gozgamaýanyna, hatda özüniň adamsyndan soraman käbir meseleleri arkaýyn çözýänine begenip biler. Munuň şeýle bolmagynam isläp biler. Hatda bu ugurda “hakyny gidermejegem” bolup biler. Emma hakyna seretseň, beýle etmek aýalyň ejiz engine agyr ýük uruldygy bolmaýarmy? Erkeklerimiziň “Namartja olam, sagja olam” diýilenini etdigi dälmi? Yslamda işiň başarmaýan adama tabşyrylmagy ahyrzamanyň alamaty hökmünde aýdylýar. Ýok, ahyrzaman gopmasa gopmaz, ýöne az wagtlyk jogapkärçilikden gaçmagymyz, biz erkekleriň aladasyny agraldyp biler. Ynsan dünýede bir gün ýaşamaýar. Özi dünýeden ötse-de agtyk çowluklary onuň yzyny dowam etdirýär. Onsoň häzirki az salymlygam bolsa jogapkärçilikden gaçyp, ýeňilini gözlemegimiz diňe özümize däl neberelerimize-de kynçylyklary getirmezmi? Mesele ulam däl, maşgalada kimiň düşünjesine, ýörelgesine eýerilip ýaşalmaly? Her kim öz ornuny bilse, aýala-da aňsat, erkege-de erkeklik borjuny beräýjege meňzeýär. Sebäbi edil aýalyň bir halta uny egnine alyp gidiberip bilmeýşi ýaly, käbir meseleleri çözmekde-de erkek kişiden güýjüniň pesdigini, paýhasyň, batyrlygyň, öňdengörüjiligiň ýetmän bilýändigini alymlar ylmy taýdan subut edýärler. Yok, men aýallara erkegiňizi diňläň ýa-da erkeklere aýalyňyzy diňlemäň diýjek bolamok. Olaryň diňe öz orunlarynda mert durmaklarynyň maşgala üçin has bähbitli boljagyny aýdasym gelýär. Düşünýän, bu aýaldanam, erkek kişidenem akyly, düşünjeliligi talap edýär. Indi döwür üýtgedi diýdik, dünýägaraýşymyz giňelýär diýdik. Bu ýagdaýlar düşünjämizem, akylymyzam artdyrýandyr. Zamana üýtgedigiçe, çylşyrymlaşdygyça biz biparhlygy goýup, her işi akyl-paýhasly, maslahatly etmeli bolýas… Biraz akyl satan ýaly boldum. Gysga gürrüňem uzaltdym. Aslynda, pikirimi ýeňiljek paýlaşaýaýyn diýipdim. Göwnüňize degen bolsam, aýplaşmaweriň. Hydyr AMANGELDI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||