19:26 Gijeki myhman | |
GIJEKI MYHMAN
Oýlanmalar
Gurbannazar Eziziň “Gijeki myhmanyny” okap ýatanymdan boldumy, agşam geň düýş görüpdirin. Meni hasam geň galdyran zat onuň mylaýymlygy, mähirli ýylgyryşy boldy. Dogrusy, ilki men oňa Jebraýyl perişdedir, dagy bolmasa Mikaýyldyr öýtdüm. Näme üçindigini bilemok, onuň perişdedigine-hä hiç şübhelenmedim. Ýöne geleniň Ezraýyldygyna düşünemsoň welin, süňňüm gowşap gitdi. Ýeriň-gögüň diregi özüm däl, yzymda çagalarym aç-hor bolar diýip pikir etmedim. Olaryň ryzkyny Alla ýetirer. Öýlenmedik ogullarymyňam müjerret geçmejegi belli. Şonda-da… Abraýly, uly derejeli biriniň ýanyna äkidiljek bolsaňam özüňe azda-kände serenjam berilýär – men welin, saçym bulam-bujar, eşigim ütüksiz, hatda iliklerimiňem biri gaçan ýaly gördüm. Emma äkitmäge gelen bolsalar gidibermeli bolar, alajyň ýok. Indi ütük-pütüge wagt ýok. Näçe sesimi sandyratmajak bolsamam, başarmadym – zordan “Gidibermelimi?” diýdim. Ezraýyl bir ýylgyrdy. Niçigem bolsa, ýüregim giňedi. Perişdesi ýylgyryp seredýän bolsa, aňyrda-da erbet garşylanman diýip pikir edendirin-dä. Emma şonda-da, azajygam bolsa, pursat utasym geldi. Biraz ekezlenip: “Şahyr aýtmyşlaýyn, kofemi ýa çaý?” diýen bolup, öýümiň töründäki ýumşak kürsini görkezdim. Ezraýyl: – Özüň bilýäň, perişdeler iýip-içenok, ýöne sen özüňe kofäňi alaý, kim bilýär, gürrüňimiz uzaga çeker – diýip, kürsä geçip, ynjalykly oturdy. Içimden: “Peläkediň oturş-a ynjalykl-ow” diýip pikir etdim-de, derrew kofe taýýarladym. – Aý, geçip barýadym-da, gel, güm-ýam edäýeýin diýip sowulaýdym. Muň ýadyna güm-ýam düşýä, men welin, käse tutan barmaklaryma, heniz gujury gitmedik el-aýagyma, aýnadan görünýän keşbime gussa bilen seredenimi duýman galdym. Ynha, sähel salymdan elimem diýenimi etmez, bedenimem… – Näme ýüzüňi sallaýaň? – Ezraýyl gapymdan ätlär-de, dagy, begenjime çapak çalar öýdýämiň? Dogrymy aýtsam, seň nämä ýylgyrýanyňa-da düşünemok? Sesim ýuwaş çyksa-da, men nire, beýle dogumly gürleşme nire?! Niçigem bolsa, Ezraýylyň gahary gelmedi. Megerem, beterräginem eşidýändir-dä. Dogry-da, kesbiň jan almak bolsa, Gurbannazaryň Ezraýyly ýaly gussaly bir bol-da. Dagy bolmasa, begenjiňi bir gizle. Hakyna seretseň-ä, indi onuň tapawudam ýok ýaly. – Atany oguldan aýryp – ýetim, ogly atadan aýyryp – ýalňyz goýýaň. Allaň emri bolanda-da, seňem edýän işiňe garaýşyň bolmalydyr-a?! – Näme üçin? Gaýta men ýetimi atasyna gowşurýan. Ýalňyz galan atanam, wagty geler, ogluna gowşuraryn. Sen bir-iki günden bu dünýeden gitjegiňi anyk bilseň, adamyň göwnüne degesiň gelermi? – Ýok. Ýadyma Gurbannazar şahyryň ölmeziniň on gün çemesi öňünden agamyň ýanynda: “Bilmän biriniň göwnüne degerin öýdüp gorkýan” diýeni düşdi. – Bu dünýä malyna, keýpi-sapasyna, lezzetine bolan höwesiň näderdi? Asylam dünýä malyna höwesek bolmasamam, terkidünýälige-de höwesjeň däldim. Ezraýyla näme jogap berjegimi bilmedim. Erte-birigün öljek bolsaň, köp lezzetleriň mazasynyň gaçjagy belli. Käbir “lezzet” sebäpli ömürboýy ökünip, utanyp gezenim ýadyma düşdi. Ýöne menem, azam bolsa, köpler ýaly, ejemi, kakamy begendiren wagtym bolardy. Şondaky alan lezzetimi hiç zada çalyşman. Ezraýyl içimden edýän pikirlerimi eşdip oturan ýaly: – O lezzetler seniň bilen bile gider. Gaýta olardan aljak lezzetiň hasam artar. Ýadyňa düşýärmi, birinji gezek mesjitde köpçülik bilen juma namazyny okap bolanyňdan soň nähili lezzet alypdyň? Ýa-da bir gezek gadyr gijesi ýassy namazyny okaňda ymam “Allahym, biz Senden daşdadyrys, ýöne Sen bizden daşlaşma” diýen-de gözüň ýaşyny saklap bilmändiň. Ezraýylyň öňünde “durmuşyň lezzeti” diýlen düşünje beýle manysyny üýtgeder öýtmeýärdim. Ajal perişdesiniň mähribanlygy indi gözüme geň görünmeýärdi. Ol ýylgyryp: – Wagtyňy almaýyn, ýöne menden gorkma, menden närza-da bolma. Meniň barlygym üçin bar zat – haýyram, şerem, haram-halalam, wagtam-ömürem, garaz, bar zat many gazanýandyr. Men bolmasam, sen Alladan ajal perişdesini ýaratmagyny dilärdiň. Ýatlap dur. Meni ýatlap durmagyňam özboluşly lezzetiniň bardygyny ýuwaş-ýuwaş bilersiň. Bolany. Ezraýyl şeý diýdi-de, “Sumat boldy gözümden”. Hydyr AMANGELDI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |