MYSALA
Bu söz gepleşikden galyberdi. Biz oglankak ýaşulular “Mysalasy nähilaýt?”, aýallaram “Mysalaň gursun” diýerdiler. Häzir oň ýerine “görnüşi”, “sypaty”, daş keşbi” diýen ýaly sözler ulanylýar. Ýöne sözüň gürrüňini edesim gelenok. “Bizde, türkmende mysalamyza, daş sypatymyza üns bermek häsiýeti nähilikä?” diýjek bolýan. Bezemen geýinmek, moda diýen ýaly zatlar däl, o meselä ýewropalylar has üns berýär. Modalar daşary ýurtdan gelýär. Ýok, öz görnüşiňe üns bermek, mysal üçin bolşuňdan has agras, sypaýy, gaharjaň… we ş.m. görünmek islegi. “Birden il geň göräýmesin” diýen ýaly gorky. Bu gorky bizi hakykatdanam agras, sypaýy, asylly, edepli, ýuwaş we ş.m. gowy häsiýetli edýämikä?.
Menem ýigrimi bäşiň dälijesi diýilýän ýaşymda murt goýberjek bolupdym. O wagtlar telewideniýede işleýädim. Bile işleýän ýoldaşym, ýaşuly günüme goýman syrdyrdy. “Aý, burnumyň aşagynda düwrtük bar” diýip sypjak boldum welin, goýmady. Ýogsa, redaksiýamyzda murtly oglanam bardy. Türkmen ýöne orslaň arasynda ulalan biri. Türkmençede gowy gürleýärdi. Gowy oglandy, deň-duş. Onda murt bardy, ýöne ýaşuly oňa zat diýmeýärdi. Meniňkini welin syrdyrdy. Mümkin gelşen däldir diýsem, gelişmänem duranokdy. Ýöne ýaşuly meni gaty gowy görýädi. Ilki işe gelemde telewideniýede gepleşik taýýarlamany öwredipdi. Ýatan ýeri ýagty bolsun.
Mysalaňy üýtgetjek bolmak islegi, başgarak görünmek höwesi adamyň tebigatynda bar zat bolsa gerek. Beý diýsem, arada Malaziýada bir salym boldum. Baran ýeriňde-de adamlary synlaýaň, özüň bilen, milletiň bilen deňeşdirýäň. Meni haýran galdyran zat, bu ýurtda gyşyn-ýazyn şol bir otuz gradus töweregi yssydygy, hemem edil howasy ýaly halkynyňam şol bir ak köýnekli, gara galstukly, gara balakly gezýändigi. Malaýlylaryň köpüsi şeýle geýinýär. Dogrusy, üýtgeşik geýinjek bolmaýalar. Baýy-garyby bir meňzeş. Bu ýurtda hytaýlylaram, hindilerem, pakistanlylaram, ýaponlaram kän. Olar beýle däl. Özüni oňarýany üýtgeşigiräk geýinjek bolýar. Malaýlar welin, olara barmysyňam diýenok. Öýkünjek dagam bolanok. Häsiýetlerem ýuwaş. Galmagallap ýören ýekeje malaýla duşmadym. Şonda göwnüme bularyň zandy şeýle bolansoň, daş sypatlaryna, egin-eşiklerine ähmiýet bermeýän bolaýmasalar diýen pikir geldi. Nesibäm çekip, yz ýany Stambula bardym. Hemme zat tersine. Howa-da, adamlaram, olaryň egin-eşiklerem bar zat üýtgedi. Her hili güllüje, fasonlyja eşikleri ýaşlary beýlede dursun, garry gojalara çenli ürç edip geýýäler. Häsiýet meselesinde-de dürli-dürli. Bu-da megerem, halkyň zandyndan gelip çykýan bolsa gerek.
Kakam pahyr Ylýas ikimize mekdebi gutaryp, instituda okuwa girýänçäk saç goýbertmedi. Klasdaşlarymyz saçlyja, daraklyja gezerdiler welin, biz (ýene birki sany klasdaş saçsyzdy) kellämizi ýylpyldadyp okuwa gelerdik. Gaty utanýardyk. Ýöne çaga bolamyzsoň derrew öwrenşip gidýärdik. Mekdep ýaşlarymda at münýärdiim, dutar öwrenýärdim, Dostoýewskini okaýardym. Belki, saçly oglanlardan has günüm gyzykly geçýärdi, ýöne içimden hemişe saçly bolmak höwesi aýrylmazdy. Bu häsiýetime täsir etdimikä? Mysal üçin, Ylýas ikimiz saçymyz bolmany üçin has ýuwaş, has edepli, has akylly, has… boldukmykak? Aý, ýok. Men-ä edil şeýle derejede saçsyzlyk häsiýetimizi üýtgedendir öýdemok. Saçyň bolmasa, kelläň arassa, özüňi gowy duýýaň. Ýöne hemme kişi saçly seňem saýlanyp durasyň gelenok. O ýyllaram geçip gitdi. Käşge gaýdyp gelsediler, kakam zor edip saçymy syrdyrsady, menem utanyp mekdebe gitsedim.
Gürrüňi mysaladan başladym, nireden çykdym.
Ýene bir zat hiç ýadymdan çykanok. Gowy gatnaşýan, hakyky çyn dostlarymdan biri ömrüniň soňky ýyllary sakgal goýberdip, don-telpek geýip, namaz okap, tebäregi öwrendi. Öňem saçyny gara reňke boýap gezerdi. Men käte “Näme üçin dert edinip, saçyňy boýap ýörsüň-aý?” diýip igensem, “Dost, boýamasam saçym şeýle betgelşik, şeýle bir ak” diýýärdi. Soňam ölmeziniň öň ýanlary “Dost, diňe daşyňy üýtgedeniň bilen boljak däl, içiňi üýtgetmeli. Men Çelekene göçüp gitsem” diýýän diýdi. Ýürek demigymasy bolansoň deňiziň howasam oňa gowy ýaraýardy. Göçüp ýetişmedi. Ýöne “içiňi üýtgetmeli” diýeni gulagymdan gidenok. Indi-indi oturýan-da dostum pahyryň aýdanlary hakda oýlanýan. Jaýy jennet bolsun. Hakykatdanam daş sypat, mysala bilen içiňi üýtgedip bolmaýar. Içiň üýtgän wagty mysalaň düzelýän bolmaly. Kakam pahyr gury ýere bizi gynandyryp, saçymyzy syrdyryp ýörüpdir. Ýöne haçan harp öwrenenimizi bilemok, bäş ýaşymda ejem daga gazet okap bererdim. Megerem, kakam pahyr içimiziňem aladasyny eden bolmaly. Ilki gezek ata mündürenem kakam pahyrdy. Öýdäki Geldi Ugurlyň ýasan dutarynam, bir tokly berip, satyn alyp beren kakamdy.
Hydyr AMANGELDI.
Hekaýalar