18:18 Hydyr Amangeldi bilen Hüdaýy Janyñ söhbetdeşligi | |
HYDYR AMANGELDI BILEN TÜRK ÝAZYJYSY HÜDAÝY JANYÑ SÖHBETDEŞLIGI
Söhbetdeşlik
Bir wagtlar – “Gören kim...” Türkiýede kitap bolup çykanda Hüdaýy Jan bilen söhbetdeşlik edipdik, bir neşir üçin. Türk dilinde çykypdy. Şonuň türkmençe görnüşi galypdyr. Belki, gyzyklandyrar. - Romanyň baş ideýasy näme? - Dogrusy, bilmedim. Haýsydyr bir pikiri alyp şony hem ýazaýyn, şol pikiriň daşynda wakalar guraýyn ýa-da wakalary şoňa gulluk etdireýin diýmedim. Emma, häzir sowalyňyzdan soň, bu barada oýlanýan welin, adamlaryň öz nebsi, dünýewi bähbitleri üçin Allany hem özüne gulluk etdirjek bolýandyklary, Alla bilen, mukaddeslikler bilen oýun edýändikleri, munuň bolsa uly betbagtçylyga alyp barýandygy öňe çykýan ýaly görünýär. «Belli bir derejede Hudaýa ynanmak, ýeri gelende-de haram işdenem gaýtmazlyk» häzir tutuş ynsanyň tragediýasy. Ynsan şu günki maddy bähbidi üçin pygamberlerem sylamaýar, Hudaýam. Olary ualnmakdanam gorkmaýar. A.Tarkowskiý «Solýaris» atly filminde baş gahrymanyň dili bilen Dostoýewskiniň «Gözellik dünýäni halas eder» diýen meşhur jümlesine «Utanç dünýäni halas eder» diýip özüçe öwüşgin berýär. Bu kitaby ýazýarkam özümi utanç duýgusynyň hemişe bogandygyny aýdyp bilerin. Kitabymy okan adamyň hem şol agyr duýgy gerdeninden basýan bolsa - belki, şu hem onuň baş ideýasydyr. Megerem, her bir eser ýazyjynyň ýarasydyr, derdidir. Bu ýara, bu dert onuň diňe özüniňki hem, halkynyňky hem, tutuş adamzadyňky hem bolup biler. Muny okyjynyň özi çözýär. - Şammat hem: Kimligim kimе bildirdim Çyna bеrimsizdir dеrdim Ömrümi özüm öldürdim Ýasyny tutsadym käşgä. diýip bir küplet ýazandan soň, «Gоşgy diýlеn adamyň içiniň ýarasydyr öýtmеýärdim» diýýär dälmi? - Hawa, «Gündelik» hem Şammadyň eseri, onuň ýarasy, derdi. - Uzak wagtlap kitabyň täsirinde gezýärkäm Allaýar däliniň keşbi göz öňümden gitmedi. - Allaýar biziň her birimiziň ýüregimizde ýaşaýar. Onuň duýgulary, düşünjeleri, päkligi, mähremligi, hatda Allaýaryňky ýaly ýygy-ýygydan aglap içimizi gowzadasymyzyň gelýänem köpümize mahsus. Emma, biz muny dälilik hasaplaýarys. Eger, hakykatdan-da bu dälilik bolsa, onda, men adamlaryň mahal-mahal dälliremegini islärdim. Akylyny unudyp, göwnüniň, ruhunyň diýenini edenini islärdim. - Şammat mollanyň, Allaýar däliniň, Marlen mugallymyň... prototipleri hakykatda ýaşaýarmy? - Ýok, romandaky gahrymanlaryň hiç biri hem göçürlen gahrymanlar däl, emma olaryň hiç birine toslama adamlar hem diýmek kyn. Olaryň köpüsinde özümiň bir bölegim bar – gowusynda-da, erbedinde-de. Durmuşymda duş gelen, hatda dost boup tirkeşenlerimiň hem käbir häsiýetleriniň çyzgylary bar. Mysal üçin, «hökümet adamsy» diýilýän bir mollany gaty içgin bolmasa-da tanaýaryn, emma ol molla aňsat-aňsat «dällirejek», utanç duýgusyny ýeňip bilmejek adam bolmany üçin oňa Şamyrat mollaň prototipi diýip bolmaýar. Durmuşy bolşy ýaly (owadanlaman) görkezjek bolup şol mollany ýazasym gelmedi. Olar ýaly adamlar eseriň gahrymany adyna-da degmeýärler. Belki, şol adamy ýazmak maňa ýeňil düşerdi, utanç duýgusynyň ýerine ýigrenç, özüňi şondan-a gowudyryn diýen ýaly ýokardan seretmek, gahrymanymyň üstünden gülmek ýaly duýgular bilen işlärdim, emma muny islemedim, häzirem islämok. - Şammadyň däldiremeziniň öň ýany görýän geň düýşi barada näme aýdyp bilersiňiz? Bu düýş onuň dällirändigini görkezýän detalmy ýa-da many ýüki hem barmy? - Many ýükümi, dälmi bilemok, ýöne kelleleriň jübä salynyp, jübüdäkileriň bolsa gözlerini ýyldyradyp bu ýeri hezil, ýyljak diýýän ýyllarynyň şol ýyllar gelendigi hak. Okyjynyň öňüne düşüp «eý diýjek boldum», «beý diýjek boldum» diýip oturmak gelşiksiz bolmazmy? - Kellesi ýarylan Abdy mollaň gany, Marlen mollanyň paýyş sögünji, Hudaýnazar aganyň agtygynyň haram puly hem-de halkdan ýygnanan sadaka pullar garylyp salynan mesjit – gaty agyr oýlanmalary döredýär. - Käşgä şeýle bolmasady. SSSR-iň gazabyndan ýaňa sandyk-sandyk kitaplar ýere gömülmedik, olary okan ahunlarymyz atylmadyk, sürgün edilmedik bolsady. Bu gün adamzat ynam bilen ynamsyzlygyň arasynda urunmasady. Hiç wagt biri-biri bilen sepleşmejek «terror» sözi bilen «yslam» sözi yz-yzyna tirkelmesidi... - Eseriň ady «Gören kim, görünen kim». Hakykatdan-da gören bilen görünen kim? - Ýunus Emräniň bu sözleri juda köp manyny özünde jemleýär. Belki, biziň ýaly bir roman däl, bir näçe roman ýazsa-da bu sözleriň çuňlugyna ýetip bilmez. Gören Alla, görünen ynsan ýa-da görenem görünenem şol bir adam, ýa-da görünen bir adam-da gören adamlar ýa-da görenem görünenem ýaradanyň Özi... Bu ýadalary entegem uzaldyp bolardy. Okyja olary tapyp berjek bolsak, oňa göwni ýetmezçilik etdigimiz bolmazmy? - Sözümiziň ahyrynda, belki, arzuwyňyz, aýdasyňyz gelýän zadyňyz bardyr? - Arzuwymmy? Arzuwym kitabym okyjynyň özündäki oňat duýgularyny, tämizleýji, ezizleýji duýgularyny oýaryp bilen bolsady, şol sebäpdenem ol ony ýene bir gün ikinji gezegem okasy, gahrymanlarym – Allaýarym bilen duşuşasy gelip eline alsady – ine, meň arzuwym. Megerem bu arzuw her bir eline galam alanyň arzuwydyr. Alla ýarymyz bolsun! # ekizler2.com | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |