11:25 Abraýyñy goramalymy? | |
ABRAÝYÑY GORAMALYMY?
Jemgyýetçilik tankydy
Ilki bilen - abraý näme? Ar-namysam – abraý. Abraýly wezipe-de diýýäs. Biabraý bolmagam bar. Mertebe-de abraýyň bir görnüşi ýaly. Näçe gündir şular ýaly pikirler, sowallar ýanymdan aýrylmaýar. Belki oglanlygymdan iň köp eşden sözümem “abraý” ýaly bolup dur. Kakam pahyr her nahardan soň töwür galdyranda “Şu dünýede abraý, ahyretde iman ber” diýip dileg ederdi. Kakam köp ýyl kolhoz başlygy bolandanmy, biziň içerimize-de abraýly içeri diýýärdiler. Bizem gözümiziň göreji ýaly goramaly zadymyz, ilki bilen abraýymyz diýip düşünýärdik. Emma goralýan abraýdan abraý bolarmy? Abraýyň özi özüni goramaly dälmi? Bir gepinde, türkmeniň iň meşhur futbol treneri Gurban Berdiýew: “Subut etmeli diýseler geň galýan, sen işiňi kemsiz et” diýýär. Bu hakykatdanam şeýle seň kimdigiňi diňe işiň subut edýär, tanadýar. Saňa azara galyp, başga ýollar gözläp, kimdigiňi subut etjek bolup ýörmegiň geregi ýok. Seň ýaşaýşyň, prinsipleriň, saňa abraý getirýän zatlaryň ählisi, belki şol abraý diýilýän zadyň goragçysydyr?! Mysal üçin, men abraýymy gorajak bolup, bir işe girjek bolamda kontraktda özüme ýokary aýlyk isleýän. Obamyzda bir keltejik boýly, ýuwaşja adam bardy. Şol pahyr “Köçäň gyrasynda aýallar duran bolsa, ardynjyran bolýan. Olaram derrew ýaşmaklaryna ýapyşýalar. Ýanlaryna ýakynlaberýänem welin, “Ahe-eý, plany-la” diýişip ýaşmaklaryny syryşyp öňki gürrüňleri bilen boluberýäler” diýerdi. Ýok, o ýaşuly obada biabraý adam däldi. Il-günem ony sylardy. Ýöne pahyrda peşeneli, haýbatly ýaşuly sypaty ýokdy. Birhili boýy kelte bolansoň, hasam oglan ýaly görnerdi. Bir dostum bardy, pahyr dünýeden ötdi. Gaty gowy görüşerdik. Günde-günaşa ýanyma gelerdi. Ol ölmeziniň sähelçe ýyl öň ýany sakgal goýberdip, telpek-don geýdi. Oňa bu görnüş gowam gelişdi. Her kim ony gutlady. Olam begendi. Soň bir günem gelip: “Daş sypatyňy üýtgedeniň boljak däl eken, içiňem üýtgetmeli eken. Esenguly taraplaryna, deňiz ýakasyndaky obalaryň birine göçüp gitsem diýýän. Deňiziň howasam maňa gowy ýaraýar” diýdi. Demigysmasy bardy. Ýöne göçüp bilmedi. Ýa-da ýetişmedi. Ýöne onuň şol aýdanlary maňa gaty täsir etdi. Bu-da abraýyňy gorajak bolmagyň bir görnüşimidi – bilmedim. Onda adamyň özi özbaşyna, abraýy özbaşyna bolmalymy? Türkmeniň aýal-gyzlarynyň milli egin-eşigi – bu-da abraýyňy gorajak bolmagyň bir görnüşimi? Aslynda abraý diýleni eşik bilen, sakgal bilen gorap bolýarmyka? Käbir “sakgalylaryň” bolşundan, ýaşmaklylaryň dilinden utanyp ýere giren gezegim bolupdy. Sizde-de bolandyr. Onda ýaşlarymyzyň höwes edýän zady – ýewropa ýaşaýşyna geçmelimi? Olarda “grajdan nikasy” diýilýän zad-a adaty zat, ondan has beterlerem gaty bir geň görülip barylanok. Bu pikirler aklyma agram salýar. Bir günüň dowamynda birnäçe gezek iman bilen abraý dileýän kakama indi düşünýän. Adam bu dünýede iman bilen imansyzlygyň, abraý bilen biabraýçylygyň gyrasynda, gylyň üstünde ýöreýän ýaly ýöräp ýaşaýan eken. Megerem, abraýam edil iman ýaly ilgözüne bolsa, diňe daş görnüşe öwrülip durberjek. Gurban Berdiň sözüni bir azajyk üýtgedip sen özüňi biabraý etjek zatlardan, imandan aýyrjak işlerden daş dur – imanyňam, abraýyňam öz-özi artar diýesim gelýär. Ýogsa biz bilemizokmy, imansyzlygyň, biabraýçylygyň nämedigini? Muny diýmek aňsat, etmek kyn. Ýöne şu pikirler bir mydama aklyma agram salyp durawersin… | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |