08:02 Aýdanymy ulus-ile magrub et... | |
AÝDANYMY ULUS-ILE MAGRUB ET
Goşgular
Aýdanymy ulus-ile magrub et, Ýazanymy köňüllere mahbub et. Adym adamzadyň agzynda bolsun, Sözüm adamzadyň kalbynda bolsun. Sözlerim jaý alsyn diller içinde, Mukaddes bolsunlar iller içinde. Sözüm hemme kişä zerurýet bolsun, Ýardam islänlere hemaýat bolsun. Oňa külli-jahan dosty-ýar bolsun, Ýedi yklym oňa hyrydar bolsun. ▶ KYTGALAR Äleme indiňmi-algy etjek bol, Bergi edip gitmek ynsana geňdir. Dünýäden işiňi bitirmän gitmek, Hammamdan ýuwunman çykana deňdir. * * * Kalbyňyzda tekepbirlik ýok bolsa – Ähli baýlyk üstüňize topular. Tekepbirlik meň kalbymda bar bolsa – Şol baýlyga nireden jaý tapylar. * * * Ýüz sowalyň, müň sowalyň jogaby, Ahyry ýekeje hakykatdadyr. Ýüz harpyň emeli bir galamdadyr, Müň goýnuň emeli bir taýakdadyr. * * * Kitaby wagtlaýyn soraýanlary, Akyl adam hasaplama bu çakda. Kitap her kişiniň eziz magşugy, Ol kä goltukdadyr, käte gujakda; Şoň üçin-de nejislik bor, utanman, Ony dilemeklik bir günlüjek-de. * * * Dost, dost diýilýänlerden şeýle jepalar gördüm, Müň bir bela sataşyp, akdy gözümiň ýaşy. Şolar ýaly dostlar bilen müň ýyl artyk ýaşandan Öz ölmeli pursatyňdan ozal öleniň ýagşy. * * * Ýazýan adam oňarmasa kärini, Galamyny alyp, döwmek lazymdyr. Başyn iki bölüp döwedi ýaly, Ýüzün syýa bilen ýuwmak lazymdyr. Ýazýan zatlaryndan bir tanap işip, Elin daňyp, ilden kowmak lazymdyr. * * * Dünýäde köp bolýar adam nejisi, Şolardan üçüsi meň üçin mälim: Biri samsyk paşşa, biri husyt baý, Üçünjisi bolsa – pul söýýän alym, * * * Sen akylly adam. Akyldar adam. Deňsiz-taýsyz adam. Il üçin doglan. Seret, bary-ýogy iki setirde Sen hakda sözledim dört sany ýalan. | |
|
√ Dünýa hakda / Goşgular - 29.06.2024 |
√ Победителям / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Sen nebisiň ýörtünden / Goşgular - 16.07.2024 |
√ Baky söz / Goşgular - 25.10.2024 |
√ Däliden dogry habar / Goşgular - 14.09.2024 |
√ Aýandyr bary / Goşgular - 17.05.2024 |
√ Ker bolar gulak / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Gul aga / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Aýdym aýdýar türkmen Gözeli / Goşgular - 02.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |