21:14 Aýdymlarda gudrat bar | |
AÝDYMLARDA GUDRAT BAR
Söhbetdeşlik
Aýdym ýöne ýerden döremeýär. Onuň üçin kalbyňy joşdurýan wakalar gerek. Beýik Galkynyş eýýamynda bolup geçýän il-ýurt bähbitli işleriň sanasaň sagaby bar. olaryň arasynda diňe bir öz ýurdumyz üçin däl, eýsem, dünýä ähmiýetli şanly wakalar hem bar. şol wakalaryň biri-de ýakynda “Altyn asyr” Türkmen kölüniň ilkinji nobatdakysynyň açylmagydyr. Bu taryhy waka mynasybetli täze aýdymlaryň hem birnäçesi döredildi. Gazetiň habarçysy Aýjemal Omarowa “Türkmen köli” aýdymyny döredijiler bilen duşuşyp, söhbetdeş boldy. - Şeýle waka şygyr bilen gatnaşmak, oňa aýdym bilen dahylly bolmak döredijiniň bagty diýip aýdasyň gelýär. Biziň ilkinji söhbetdeşimiz hem Türkmen kölüniň ilkinji nobatdakysynyň açylyş toýunda belentden ýaňlanan “Türkmen köli” diýen aýdymyň sözlerini ýazan şahyr Allaýar Çüriýew. Aýdymyň gönezligi – gözellik. Gowy aýdym bolsa gözelligiň iň belent derejesi diýip aýdýarlar? - Her aýdymyň öz döreýşi bolýar. “Türkmen köli” aýdymynyň döreýşi hakda aýtsam, bu ägirt uly desganyň özi bütindünýä ähmiýetli uly waka boldy. Onsoň sahyr bolup, nädip oňa joşmajak?! Beýik Galkynyş eýýamynda şular ýaly ägirt uly desga döredi. Belki, şondandyr, bu goşgy bada-bat ýazyldy. Garagumda nähili belent özgertmeleriň bolup geçýändigini belli bir derejede şol şygyrda beýan etmek isledik. Bu desganyň gurulmagy bütin dünýäni haýran galdyran waka boldy diýsek, ýalňyşmasam gerek. Suw bar ýerde durmuş, ýaşaýyş bar. Nesip bolsa, suwuň barmagy bilen Garagumda obalar, şäherler dörär. Mekdepler, dükanlar, çagalar baglary açylar. Medeniýet öser. Şonuň üçin eger aýdymlaryň ykbaly, bagty bolýan bolsa onda “Türkmen köli” diýlen aýdymy hem şolaryň biri hasaplaýaryn. Çünki ol kölüň açylyş dabarasynda ilkinji ýola ýaňlandy. -Okyjylarymyz sizi aýdymçy şahyr hökmünde tanaýarlar. Şu pikire garaýşyňyz? Biziň şahyrlarymyzyň köpüsiniň şygyrlary aýdym bolup ýaňlanyp gelýär. Gara Seýitliýew, Ata Atajanow, Täşli Gurbanow dagy bu babatda ussat halypalardy diýesim gelýär. Elbetde, meniň ilkinji aýdymy bolan şygrym “Gel, obamyň lälesi” diýen goşgymda. Ol 1968-nji ýylda döredi. Döränine 40 ýyldan gowrak wagt bolanyna garamazdan, ol şu günem aýdylyp ýör. Ony ilkinji gezek meşhur aýdymçymyz Myrat Sadykow Bolgariýada geçen Bütindünýä festiwalynda ýerine ýetirip, festiwalyň diplomyna mynasyp bolupdy. Jemi 300-e golaý aýdymym bar. şolaryň arasynda “Deňiz guşum”, “Dagly gyz”, “Damjalar” ýaly aýdymlary agzap geçesim gelýär. Aýdymlyk şygyrlaryň döreýşi döwür, durmuş bilen berk bagly bolýar. Şygryň täsiri hem şondan gaýdýar. Oňa-da düýpli, şanly wakalar sebäp bolýar. Şeýle bolanda olaryň arasynda-da özara baglanyşyk bolýar. Diýjek bolýanym, tötänlikden däl, durmuş, döwür bilen bagly dörän aýdymlaryň ömri uzak bolýar. Aýdylyşy ýaly döwür, durmuş oňa ganat berýär. Elbetde aýdymça, kompozitora hem köp zat bagly. - “Türkmen köli” aýdymyňyzy ilkinji ýola ýola eşideniňizde dörän täsin duýgulary eşitmegem ýakymly bolardy? - Şol gün, ýagny, 15-nji iýul güni meniň üçin goşa şatlyk boldy. Çünki ol gün meniň doglan günümdi. Dost-ýarlar, dogan-garyndaşlar bilen saçagyň başynda otyrdyk. Türkmen köli – bagt, eşret köli. Hormatly Prezidentimiz suwuň sakasyny açyp, ak pata berende bolsa, türkmeniň müňýyllyklara uzap gitjek gülläp ösüşleriniň bagt, rowaçlyk sakasy açylan ýaly duýgy döredi. - Aýdym döredilýän şygyrlaryň aýratynlyklaryny nämede görýärsiňiz? - Ilki bilen aýdymçy şahyr bolmak üçin ony özüne özboluşly pişe edinmelimikä diýýän. Öz üstüňde kän işlemeli. Kompozitor, aýdymçy bilenem şeýdip işlemeli bolýar. Aýdymyň sözleri agyr bolmaly däl. Bogunlar açyk, çekimli, sazlaşykly bolmaly. Durdy Nuryýew, Weli Muhadow, Döwletgeldi Ökdirow, Ata Esadow bilen birnäçe aýdymlar döretdik. Aýdymlyk şygyrlaryň öz döreýiş aýratynlygy bolýar. Elbetde, laýyk görendirler-dä, “Türkmen köli” şygrymy aýdym üçin saýlap alypdyrlar. Aýdymyň şowly çyksa, bir gowy kitap çykan ýaly begenýäň. “Türkmen köli” aýdymy bolsa hem begendirýär, hem buýsandyrýar. Çünki şeýle uly desgany diňe biziňki ýaly kuwwatly döwlet gurup bilýär. Öz serişdeleriniň hasabyna, türkmen oglanlarynyň altyn elleri bilen gurlan bu köl hakda geljekde-de dowamly şygyrlar dörär diýip, pikir edýärin. Şygyr, hasam aýdymlyk şygyrlar ýüregiň joşanda döreýär. - Öňümizde Galla baýramy hem-de Saglyk döwlet maksatnamasynyň 14 ýyllygy. Şunuň bilen baglanyşykly döreden eserleriňiz hakda-da gürrüň berseňiz? - Elbetde. Bularyň hemmesi özara baglanyşykly. Suw, çörek, saglyk, ynsan üçin, ýaşaýyş üçin iň bir zerur, mukaddes zatlar. Şonuň üçin “Gallaçy dostuma” hem-de “Lukman ýigit” diýen şygyrlarymy döretdim. “Lukman ýigit” diýen şygrymyň sazyny Rüstem Nurgeldiýew döretdi. Ony aýdymçy gyz Ogulbibi Reýimowa ýerine ýetirýär. Nesip bolsa, okyjylarymyz diňläp görüp baha bererler. - Allaýar Çüriýewiç, beren täsirli gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň. Döredijilik üstünlikleri mydama hemraňyz bolsun! * * * Her aýdymyň sazy, şygry ýerine düşende onuň şowlulygy şonuň bilen ölçenilýär. Zehinli kompozitor Kerimguly Garowowyň gürrüňlerini diňläniňde hem munuň şeýledigine ýene bir ýola göz ýetirmek bolýar. Şygryň sözleri çeper bolanda sazyň döremegine hem täsiri güýçli bolýar. “Türkmen köli” şygrynda hem “Atalaryň arzuwlany” diýen ýaly täsirli setirler kän. Biraz öňe gidip aýtsam, aýdymyň sazy birden döredi. Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministliginde şahyrlar, kompozitorlar bilen duşuşyk geçirildi. Şol ýerde çykyş eden alymyň gürrüňi bizi akabaň boýy bilen Garaguma hyýaly syýahata alyp gitdi. Şolam Garaguma suwuň barmagy bilen onuň gülzarlyga öwrülişini göz öňümizde janlandyrdy. Şeýle pursatlarda sözde beýan edip bolmaýan zatlar bar. Entek aýdymyň sözlerini elime almankam aýdymyň sazy döredi diýesim gelýär. Bu diýildigi entek ol hyýalynda, hakydaňda ýaşap ýör. Sese öwreňok. Goşgyny ýazyp alyp, pianinonyň başyna geçdimem welin, ynha, taýyn aýdym bolup dur. Şol günüň ertesi welaýatlarymyzdan, paýtagtymyzdan aýdymçylar gelip, ony ýerine ýetirdiler. Aýdym ilki bilen öz göwnüne jaý bolmaly. Kalbyňda gözel duýgular döräp, çölüň lälezar keşbi göz öňünden geçýär. Aýdymyň başky girişinden başlap, kuwwatly tehnikalaryň hereketi, Garagumuň jümmüşinde kyn şertlerde gaýduwsyz zähmetiň nusgasyny görkezen ýigitleriň edermenligi, halkymyzyň guwanjyny, buýsanjyny sazda wasp edesim geldi. Ähli halkymyzyň nazary şu äpet desga tarap gönükdi. Şeýle pursatlar bolsa döredijilik adamsyna aýratyn täsir edýär. -Aýdym - gudrat. Belki, beýle diýilýäni olaryň gudratly wakalaryň täsirinden döreýänligi üçindir? - Halypalarymyz sazdan sapak berenlerinde “Saz sesleri biziň daş-töweregimizde uçup ýör. Ony bolsa diňe kompozitor görüp hem duýup bilýär” diýseler, oglanlyk döwrümizden başlap, nirede gezsegem, çeşme-çaýlaryň başynda ýa başga ýerde şony görjek, duýjak bolup ylgar ýörerdik. Ýöne bu ýerde düýbünden başgaça ahwal. Bolup geçýän wakanyň özi durşuna gudrat. Onsoň bary-ýogy 3-4 minutlyk saza şol uly wakanyň beýanyny siňdirmeli bolýar. Şol sazam käte uly kitaplaryň ýa-da çeper kinofilmleriň beýan edýän zadyny saňa ýetirip bilýär. - Kerim, aýdymyň şowly çykmagynda ýerine ýetirijilere-de kän zat bagly. “Türkmen köli” aýdymyny ýerine ýetirijiler hakynda hem aýdyp beräýseňiş? - Aýdymçylaryň joşgunyna, hersiniň öz ýürek buýsanjy bilen ýerine ýetirişine kän zat bagly bolýar. “Türkmen köli” aýdymynda bolsa alty aýdymçy iki setirden gezekleşip, alty dürli sesde ýerine ýetirdiler. Tenor diýip, erkek kişiniň owadan sesine aýdylýar. Aýdymçylaryň hersiniň özboluşly owadan tenor sesi bar. Özlerem ýurdumyzda tanalýan belli aýdymçylar. Türkmenistanyň halk artisti Suhan Orazberdiýew, Türkmenistanyň at gazanan artisti Dostmämmet Söýünow, zehinli aýdymçylar Rälwan Hamydow, Atajan Berdiýew, Täşli Täşliýew, Mämmet Nuryýew dagy aýdymy özboluşly ýerine ýetirmegi başardylar. Olaryň sesleriniň özboluşlylygy hem-de bilelikdäki sazlaşyk aýdyma täsin owaz öwüşginini berýär. Geljekde hem Türkmen kölüne bagyşlap birnäçe eser döretmek arzuwym bar. Çünki Altyn asyryň altyn desgasynyň waspyna saz bilen, aýdym bilen, şygyr bilen gatnaşmak döredijilik adamsy üçin ullakan bagt. Belki, aýdym, belki-de saz eseri dörär. Ýöne haýsy bolanda-da saz bilen döwrüň, durmuşyň owazyna ses goşmak iň uly bagt, döredijilik bagty şondamyka diýýärin. - Kerim, biziň ilimize ýakymly, şeýle şanly wakalara bagyşlanan şowly aýdymlaryňyzyň köp bolmagyny arzuw edýäris! * * * Hawa, bir gowulyk ýene bir gözelligi döredýär, ol hem ylla diýersiň bir görkana daragt ýaly, öz gezeginde pyntyk ýaryp, şaha ýaýyp ýaýraýar. Edil şonuň ýaly şowly aýdymlaram dillerden-dile, ilden-ile gezýär. Ondanam dünýä çykýar. Asyryň gudrat wakasyny wasp edýän şeýle gözel aýdymlaryň ykbaly-da şol wakalaryň özi ýaly belent bolýar. “Türkmenistan gazeti”, 18.07.2009 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |