20:48 Aýdym hakda aýdym | |
ADAM HAKDA AÝDYM
Aýdym-saz sungaty
ýa-da meşhur kompozitor Dañatar Öwezowy ýatlap... Ol hakda yazmak pikiri meni ilki bilen onuň döreden aýdymlary bilen birikdirdi. Ol aýdymlary bizem diňläpdik, olaryň käbiri henizem gulagymyzda ýaňlanyp dur. Anyk ada degişlidiginden başga-da, ol aýdymlaryň millilik bada-bat ünsüni özüne çekýär. Şular ýaly ýagdaýlarda ýene-de döredijiniň terjimehaly kömege yetişýär. «Çopan bolup, mal bakypdyr, ýetimçiligiñ görgüsini görüpdir» diýlen gürrüñler bolsa, onun sazlarynyň halky tarapyny açyp berýär. «Leýla», «Täzegül», «Balykçynyň aýdymy», «Ayna», "Palawa gel", «Hallygözel», «Halyçy gözel», "Sapar çaýçy" ýaly aýdymlaryň atlary kän zady aýdyp dünýäden öten meşhur adamlar hakda eşiden ýalydy. Çünki, şeýle ýagdaýda gürrünleriñ bilen mydar etmeli bolýarsyň. Emma Dañatar Öwezow hakynda beýle diýip boljak daldi. Ol hakdaky gürrüňlerem janlydy, birhili, gyzyklydy. Şonuň üçin şu eden Türkmenistanyň halk makalany ýazmaga ýardam eden artisti Aman Agajykowa, Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynyň edebiyat, drama bölüminiñ müdiri Berdi Bäşimowa, Türkmenistanyň Orazgül Annamyradowa minnetdarlygymy aýdasym gelýär. Meşhur kompozitorlaryň birin biriniñ aýdan jümlesi biygtyýar hakydama dolýar. «Aýdym aýdylsa, ýerine yetirilse, şoňa aýdym diýilýär. Ýerde ýöne ýazdym diýip ýatan bolsa notasyny görkezeniň bilen oňa aýdym diýip bolmaz». Daňatar Öwezowyň aýdymlary aýdylýan aýdymlardandy. Onuñ aýdymlary kalpdan-kalba uçýardy. Adam, adamkärçilik hakyndady. Olar edil öz häsiýeti ýaly joşgunlydy, göçgünlidi. Kompozitor köp aýdymlaryny şahyr Gara Seyitliyewiñ şygyrlaryna döredipdir. Aydymlaryň ýerine ýetirijisi bolsa, Hojaw Annadurdyyjewdi. Bu üçlük sungat dilinde «sazlaşyk» diýlen manyda ýaňtanýardy. Eger Dañatar Öwezow aýdym döreden bolsa, sözleri hökman Gara Seyitliýewiñki, ýerine ýetirijisi bolsa Hojaw Annadurdyýewdir. Bu ýagdaý şol döwürde soralman, añyp, düşünip oturmały ahwaldy. Şol bir wagtda-da şu günleriñ aýdym-saz sungaty üçinem nusga alarlyk derejedir. Şondan bolsa gerek, onuñ döreden aýdymlarynyň tas hemmesi şu günem öz meşhurlygyny yitirenok. Ol ýekelikde ýerine yetirilýän aýdymlar bilen birlikde hor, akapello aýdymlaryny hem döredipdir. Onuñ uçarda radist bolup işländigini hem aýdýarlar. Aýdymlarynyň uçujylyk güýjüni arşdan alana menzeýärdi. Onun meşhur «Şasenem-Garyp» operasyndan "Palawa gel" aýdymynyň döreýşi hem täsin gürünlerin biridir. Häzirki medeniyet ministrliginiň jaýynyň ýerinde Puşkin teatry yerleşýän eken. Dariatar Owezow bir gün sol yerde işláp, dynç almaga daşaryk çykýar. «Palawa gel» aýdymyny "Zöhre-Tahyr" dessanyndan "Ojan" halk aýdymynyň tizleşdirilen görmüşinde döredipdi. Esasy heñi tapylansoň, aýdymyń gaýtalamaly ýeri galypdyr. Şony gözläp ýörkä, köçe tarapdan howla üç-dört sany oglanjyk girýär. Tomus günleri eken. Olaryň ekabyrragy bolsa gerek, biri gelip krany açyp görýär. Suw akýanyny görensoňam: "Geliñ-eý suw bar" diýip, yoldaşlaryny çagyrypdyr. Şol oglanjygyň sesi «Gel, gel, palawa gel» diyen gaýtalamany meniñ gulagyma getirdi. Jübimde süýji goterýärdim. Oglanjygy çagyryp, ona süýji beresim geldi. Emma olar çekindilermi, namemi, suw içip çykyp gitdiler» diýip, sonra onuň özi gürrüň beripdir. Bir gezek bolsa ol dõredijilik sapary bilen Sayat etrabyna yaşlara aýdym öwretmek üçin gidipdir. Şonda-da gyzlar: «Dañatar aga, bize bagyşlabam aýdym döredäýin» diýip, haýyş edipdirler. Gaýtmaly günleri ýetip gelse-de, soñra-da üç gün galyp, olaryň haýyşyny bitiripdir. Agşam şol ýerden Gara Seyitliýewe jaň edip, aýdymyñ sözlerini ýazyp bermegini haýyş edipdir. «Bal Sayadyń gyzlary» diýen aýdym şeýdip döräpdir. Kompozitoryň "Dutaryň owazy" kantatasy, A.Şapoşnikow bilen döreden «Şasenem-Garyp», Ý.Meýtus bilen bilelikde döreden «Leýli-Mejnun» operalary Gündogar yurtlarynyň saz sungatynda hem in gowy eserler hasaplanylyar. Soňra-da A.Şapoşnikow bilen «Aýna» ореrasyny döredipdi. Ömrünin ahyrlarynda «Görogly» operasyny ýazmaga başlaýar. Emma ony tamamlamak kompozitora başartmaýar. Kompozitoryň perzentleri Aýlar bilen Aýna hem bu gün ýörite sazçylyk mekdebinde ýaşlara bilim berýärler, kakasynyň kesbini mynasyp dowam etdirýärler. Dañatar Ówezowyň aýaly Amangözel daýza hakda hem: «Balerinady, diýseň adamkārçilikli zenandy» diýip, gürrüń berýärler. Ýetimçiligiñ görgüsi özüni bildirýär. Gara suw inme sebäpli gözi görmeýär. Şeýdibem, Dañatar Öwezow ýarawsyzlyk zerarly, biwagt aradan çykýar. Ol özüniñ bile işleşýän ýoldaşlarynyň döredijiligine diýseň eserdeň garayardy. Nury Halmämmedowyñ sazlaryndaky millilik, halkylyk onun ünsüni özüne çekýärdi, oňa ýokary baha berýärdi. Bularyň hemmesi zehin bilen adamkärçiligiñ bütewidigine güwä geçýän hakykatdyr. Halypa kompozitoryň yiti zehininden, adamkärçiliginden dörän "Jigitler", "Eý, daragym batlan!" ýaly halky eserleri häzirem biziň göwünlerimizde şirin mukam bolup ýaňlanyp dur. Aýjemal OMAROWA. «Edebiyat we sungat» gazeti, 10.02.2006 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |