10:01 Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gurbannazar Ezizowyň 80 ýyllygyna | |
TÜRKMENISTANYŇ HALK ÝAZYJYSY GURBANNAZAR EZIZOWYŇ 80 ÝYLLYGYNA
Edebi makalalar
Şahyryň maşgalasy Halnabat gelneje barada makala Gyşyň ýaza ulaşýan günleri howada özboluşly ýakym bar. Ol ýakymy şahyryň şygrynamy ýa şol şygyrdan dörän bir gowy aýdymamy, garaz, sungata deňäsiň gelip dur. Şeýle pursatlarda mährem zenan bilen söhbet etmegiň hem gowy şygyr okanyňdaky, ajaýyp saz diňläniňdäki ýaly ýakymynyň bardygyny kalbyň bilen duýýarsyň. Türkmeniň şahyr ogly Gurbannazar Ezizowyň maşgalasy Halnabat gelneje bilen söhbedimiz şahyr hakda öňden bilýän zatlarymyzy ýene bir ýola kalbymyz bilen duýmaga, bilmeýän zatlarymyzy bilmäge, azrak bilýändirin öýdenlerimiziň bolsa üstüni ýetirmäge kömek etdi. Şahyryň atasy Hümmet agalar 1937-nji ýylda Gökdepeden Büzmeýine, 1948-nji ýylda bolsa ondan Aşgabada göçüp gelýärler. Ol wagtlar Halnabat gelneje ýaňy iki ýaşlyja gyzjagaz eken. On doganyň — alty ogul, dört gyzyň dördünjisi bolan Halnabadyň ene-atasy bilen geljekki gaýynlary şol Büzmeýinde oturan wagtlaryndan bäri biri-birini gowy tanaýan ekenler. Halnabadyň kakasy Seýit Gulmyradow şol wagt işçi, ejesi öý hojalykçy eken. Giň göwünli, mährem ene gyzy Halnabada hem el işlerini kemsiz öwredipdir. Keşde etmekden gowy baş çykarýan, gaýma gaýaýan Halnabadyň durmuşa çykyp baran öýi zergärler maşgalasydy. Soňra ýyllar geçip, gyzlary Ýazgül bilen Arzygüli Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň haly gurnagyna okuwa berýärler. Halnabat gelneje ejesiniň gaýyn öýlerine gelip ýüwürdip beren halysyny perzentleri bilen bile dokaýar. Soňra çagalar örüm işlerine hem ökdeleýärler, keşde etmegi-de öwrenýärler. Ol okuwyň zerurdygyny, ony dowam etdirmelidigine gowy düşünýär. Büzmeýinde ýediýyllyk mekdebi tamamlan Halnabat gaýynlarynyň ýakyn ýardamy bilen 29-njy orta mekdepde açylan agşamky işçi ýaşlar mekdebini tamamlap, uniwersitetiň türkmen filologiýasy bölümine gaýybana okuwa girýär. Döwlet kitaphanasynda işlemegi oňa köp kitaplary okamaga, okanlarynyň netijesinde hem mugallymlaryň tabşyrýan ýumuşlaryny birkemsiz ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Uniwersiteti tamamlanyndan soňra 4 ýyl paýtagtymyzdaky 43-nji mekdepde mugallym bolup işleýär. 1990-njy ýylda şahyryň öz okan 29-njy orta mekdebinde Gurbannazar Ezizowyň doglan gününiň 50 ýyllygy dabaraly bellenilýär. Bu mekdebe şahyryň ady dakylýar. Şol ýerde onuň muzeýi hem döredilýär. Halnabat gelneje hem şu mekdebiň kitaphanasyna işe geçýär. Çagalarda kitaba söýgi döretmekde gujur-gaýratyny gaýgyrmaýar. Söhbedimiziň arasynda ol danalaryň aýdan parasatly sözlerinden hem mysallar getirýär. «Ine, bir dana: «Ulular terbiýeli bolsalar, çagalaryň özlerem terbiýelener» diýipdir, ýa-da akyldarlaryň biri: «Ene-ata çaga üçin iň esasy göreldedir» diýip ýazypdyr. Terbiýe meselelerinde olaryň ýazanlary giden bir umman. Bir alym bolsa şeýle diýýär: «Çaga 7 ýaşyna çenli näme beren bolsaň, bütin ömrüne şony alarsyň». Şulardan hem görnüşi ýaly, maşgala terbiýesi iň esasy hem zerur terbiýe. Olara «Eýle bol, beýle bol!» diýip aýdanyňdan, göreldäň bilen görkezmek has peýdalydyr» diýip, Halnabat gelneje gürrüň berdi. Ýöne bir zat welin belli. Şol göreldäniň aňyrsynda maşgala, çagalara, öý-ojaga egsilmez söýgi durandyr. Halnabat gelneje maşgalasy, nesil-nebereleri hakdaky gürrüňini dowam etdirip, şeýle diýdi: «Gaýynlarym, zergärler maşgalasy. Çaka molla, onuň ogly Hümmet molla, Eziz aga — bularyň hemmesi zergär. Gurbannazaram şony dowam etdirdi. Eziz aga hem zergär, hem matematika mugallymydy. Ejesi Gülnabat eje ruhubelent, zehinli zenandy. «Akyl — atadan, zehin — eneden» diýlip, ýöne ýere aýdylmaýar. Ejesiniň zehini, ýatkeşligi Gurbannazara hem öz täsirini ýetirendir, elbetde». Halnabat gelneje bilen Gurbannazar Ezizowyň bäş perzendiniň bäşisem ýokary bilimli. Olar halk hojalygynyň dürli ugurlarynda abraý bilen zähmet çekip ýörler. Ýazgül bilen Sähragül Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini, Arzygül bilen Ogulabat häzirki Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyny tamamladylar. Ogly Serdar bolsa Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda iňlis dili boýunça bilim alypdyr. Serdaryň üç ogly, bir gyzy bar. Geçen, «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň Permany bilen paýtagtymyzdaky 81-nji orta mekdebiň kitaphanaçysy Halnabat Ezizowa «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglandy. Şeýdip, Halnabat gelnejäniň maşgala ojagynda hem-de zähmetde çeken yhlasy ony durmuşda belent abraý-mertebä ýetirdi. — Bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimize, il-günümize gowudan-gowy alkyş-dilegler edýärin. Garaşsyzlyk ýyllarynda Gurbannazar Ezizowa “Türkmenistanyň halk ýazyjysy” diýen hormatly at, şeýle hem Magtymguly adyndaky Halkara baýragy berildi. Kitaplary ençeme ýola neşir edildi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen paýtagtymyzyň iň gözel ýerinde gurlan “Ylham” seýilgähinde türkmen edebiýatynyň ägirtleri Nurmuhammet Andalyp, Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy, Mollanepes, Kemine, Berdi Kerbabaýew, Beki Seýtäkow, Kerim Gurbannepesow, Nury Baýramow... dagy bilen bir hatarda Gurbannazaryň hem nurana heýkeli lowurdap dur. Biziň maşgalamyz üçin bolsa şundan zyýada bagt ýok. Gurbannazaryň doglan gününiň 80 ýyllyk toýy hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygynyň bellenilýän “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” ýylyna gabat geldi. Belent hormat-sarpasy üçin mähriban Arkadagymyza taňryýalkasyn aýdýarys. Goý, hormatly Prezidentimiziň döwletli işleri rowaçlyklara beslensin, jany sag, ömri uzak bolsun! — diýip, Halnabat gelneje ýürek buýsanjyny biz bilen paýlaşdy. «Türkmenistan» gazeti, 29.02. 2020 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |