09:08 Eneler | |
Aýjemal OMAROWA
Goşgular
▶ ENELER Eneleriñ bagty ~ perzentlerinde, Söýmek ~ her bir enäñ beýik bagtydyr. Sözleri bar şeker-şerbetlerinde, Mähir enäñ iñ mukaddes tagtydyr. Gülleñ söýülmeýşi ýaly saýlanyp, Deñdir enelere ähli çagalar. Buýsanjydyr syratlary, boýlary, Ene üçin bir ajaýyp bag olar. Perzendiniñ aladasy ~ bagtydyr, Rahatlygny berer onuñ bagtyna. Enäñ mähir dünýäsiniñ ýalkymy, Ýeter perzendine, ýeter agtyga. Eneler dynç alýar perzent bagynda, Zemin rahatlygy ~ baky arzuwy. Watan hyzmatynda joşup gezende, Söwer ogly bolar has-da arzyly. Pişme seçer, kişmiş hem nogul seçer, Alyñ, dadyñ, jigeriniñ dagydyr. Perzendiñ keşbinde Watany görer, Ol onuñ buýsanjy, arkadagydyr! ▶ OT Päkligim siñipdir şygyrlaryma, Siñdirşi deý sabañ gülleñ müşküni. Baksam bagyñ şapak kimin naryna, Ot bolup oýnaýar juwan yşkymy. Men munda başgaça bolup bilemok, Söýgi bilen bagry badaşan özüm. Ýogsa yssy tomus dogulypdyryn, Gülleri sowlansoñ baharyñ-ýazyñ. Meger, şol gülleriñ ýanýan ýalkymy, Tomusyñ mährine öwrülup bir çak. Doglanymda kalba ot bolup çabrap, Meniñ yşkym bolup ebedi durjak. Söýgimi görýäñmi şygyrlarymda, Näzik yşk heseri bardyr Adama. Bir ot ýanýar sährañ seleñ goýnundan, Ýör, gideli joşup söýgi aýdymna! ▶ DÜZENIM ÜÇIN Dessanlary kän okadym ýaşlykda, Sen yşkyñda dessan düzerim üçin. Ýaşamak kyn senden aradaşlykda, Umyt güllerinden üzenim üçin. Gözlerim gözleýär, tapanok seni, Yşkdandyr ýüregiñ bolsa bir kemi, Bu dünýäde söýgiñ bolmaýar jemi, Köñülde şagladyp süzerim üçin. Sen aýdymym, sen göwnümiñ jemaly, Begenipdim, şudur yşkyñ kemaly, Ne günlere goýduñ sen Aýjemaly, Jebre kaýyl, rahat gezerim üçin. Bahar güllerine örtüp ýapyny, Yşk duýdurman kakdy köñül gapymy, Arşa ýetdi duýgularmyñ akymy, Adyñy kalbyma ýazanym üçin. Halas bolmak barmy yşky kadadan, Durmuşyñ oýnuna dözýäs sadadan, Birje gezek örledimmi ýadyñdan, Söýgä şu şygrymy düzenim ücin?! | |
|
√ Şygyrlar / Goşgular - 14.10.2024 |
√ Pikir / Goşgular - 28.10.2024 |
√ Nebsin neýleýen / Goşgular - 08.06.2024 |
√ Meniň gimnim / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Saýhally hem sada / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Belaýy yşk ki, her dem maňa jepaýydyr... / Goşgular - 26.08.2024 |
√ Daglar we adamlar / Goşgular - 10.12.2024 |
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
√ Eý janlary süýjeden, huşly gider huşundan... / Goşgular - 26.09.2024 |
√ Pikir / Goşgular - 25.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |