18:16 Aýn Rend | |
AÝN REND
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Aýn Rend ýa-da Alisa Rozenbaum (Alisa Zinowýewna Rozenbaum), asly russiýaly dünýä belli amerikan ýazyjysy. Aýn Rend öz döreden obýektiwizm filosofiýasy we "Ýaşasym gelýär" ("We the Living"), "Ýekemen" ("Anthem"), "Durmuşyñ gözbaşy" ("The Fountainhead"), "Atlas siltenjiredi" ("Atlas Shrugged") ýaly kitaplary bilen dünýä derejesinde meşhurlyk gazanan ýazyjydyr. Alisa Rozenbaum (Aýn Rend onuñ ABŞ-na göçenden soñky göteren ady) 1905-nji ýylyñ 2-nji fewralynda Russiýanyñ Sankt-Peterburg şäherinde ýewreý maşgalasynda üç gyzyñ ulusy bolup dünýä indi. Alisanyñ ene-atasy agnostik ynançly adamlardy we dine bolan perwaýsyzlygy bardy. Alisa heniz çagajykka çeper edebiýat we kinomatografiýa bilen ýakyndan gyzyklanyp başlaýar. Ýedi ýaşynda hekaýalar we pýessalar ýazýar. Ejesi oña fransuz dilini öwredýär we çagalary üçin kyssa eserleriniñ çap edil ýän edebi žurnalyna abuna ýazylýar. Gelejekki ýazyjy Alisa bu žurnallardan öz çagalyk ýyllarynyñ ilkinji gahrymanyny tapýar: ol Redýard Kiplingiñ ýazyşyna meñzeş "Syrly jülge" hekaýasyndaky ofiser Paltonsdyr. Ýaşlyk ýyllarynda Walter Skottyñ, Aleksandr Dýumanyñ we beýleki romantik ýazyylaryñ eserlerini okap, romantizm akymynyñ täsirine düşýär. Wiktor Gýugony on üç ýaşyndaka okady. Ol soñra Gýugony iñ söýgüli we dünýä edebiýatynyñ iñ beýik kyssaçysy hasaplady. Alisa Rozenbaum Petrograd uniwerstitetiniñ filosofiýa we taryh fakultetinde okaýar. Gelejekki ýazyjy talyplyk ýyllarynda Edmond Rostandy, Fridrih Şilleri we Fýodor Dostoýewskini ähli ýazyjylardan ýokarda goýup ürç edip okady. Ol Rostandda baý we romantiki çeperçilik fantaziýanyñ, Şillerde ýokary epiki täsir edijiligiñ, Dostoýewskide dramatiki we çuññur ahlak-didaktiki analizleriñ bardygyny duýmagy başardy. Ýöne Alisa F.Dostoýewskiniñ pelsepesine we durmuşa bolan garaýşyna bütinleý garşy çykýardy. Gysgajyk hekaýalar we pýessalar ýazan Alisa öz antisowet pikirlerini beýan edýän gündelik ýöredýärdi. Ol Fridrih Nişsäniñ "Zaratuştra şeýle diýipdi" eserindäki merdana we erkin adamyñ wasp edilişini diýseñ halanam bolsa, şol bir wagtyñ özünde bu romanyñ pelsepesine öz ýazan romanlarynyñ başky sahypalarynda gazaply tankydy bellikler bilen garşy çykdy. Alisany çuññur täsirine alan eserleriñ biri-de Aristoteliñ "Logikasydyr". Ýazyjy bu akyldary häzire çenli ýaşap geçen iñ beýik filosof hasap edýärdi we soñ-soñlar täsirine düşen ýeke-täk filosofynyñ Aristoteldigini aýdýardy. A.Rozenbaum 1924-nji ýylda Döwlet kinomatografiýa sungaty institutyna okuwa girýär. Şeýle-de bolsa ol 1925-nji ýylda Amerikadaky hossarlaryna görme-görşe gidip gelmek üçin wiza alýar. Alisa 1926-njy ýylyñ fewral aýynda 21 ýaşynda ABŞ-na gelýär we ýakyn garyndaşlary bilen Çikagoda geçiren sanlyja günlerinden soñ SSSR-e dolanyp barmazlygy niýetine düwýär. Gelejekde senarist bolmak maksady bilenem Golliwudyñ gapysyny kakýar. Alisa Rozenbaum soñra adyny Aýn Rend diýip üýtgedýär. Ýazyjy bu ady finlandiýaly bir ýazyjydan täsirlenip alandygyny aýdypdyr. Ol fin-eston ýazyjysy bolan Aino Kallas bolmagam ahmal, ýöne fin dillerinde gepleýän ýurtlarda şuña meñzeş atlaryñ köp bolandygy üçin anyk bir zat aýtmak kyn. Ýazyjy ilkibaşda Golliwudda güýmenýär. Şol ýerde ol aktýor Frenk O'Konnor bilen tanyşýar we oña 1929-njy ýylda durmuşa çykýar. 1931-nji ýylda A.Rend ABŞ-nyñ raýatlygyna kabul edilýär. Ilkinji edebi üstünligine ýazan senariýasyny 1932-nji ýylda "Universal" kinostudiýasyna satyp eýe bolýar. Yzyndan 1934-nji ýylda "16-njy ýanwar gijesi" ("Night of January 16th") eserini neşir etdirýär. Bu eser okyjylaryñ gyzgyn söýgüsine mynasyp bolýar. 1936-njy ýylda "Ýaşasym gelýär" ("We the Living"), 1938-nji ýylda "Ýekemen" ("Anthem") romanlaryny ýazýar. "Ýaşasym gelýär" romany amerikaly we angliýaly tankytçylaryñ ýiti çekişmesini döredýär. Emma "Ýekemeniñ" getiren seslenmesi öñki eserleriniñ çeni-çaky bolmaýar. Rend şol ýyllarda Amerikany gurşap alan "gyzyl döwre" ("the red decade") gazaply garşy çykypdyr. Şol sebäpli "Ýekemeni" neşir etmäge neşirýatlaryñ bogny ysmaýar. Eser ilkinji gezek Angliýada neşir edilýär. Rimiñ "Scalara" kinokompaniýasy 1942-nji ýylda Aýn Rendden birugsat "Ýaşamak isleýärin" diýen eseri esasynda iki sany kinofilmi surata düşürýär. Şol wagt diktator Benito Mussolininiñ başynda duran italýan hökümeti bu iki kinofilmi senzuranyñ gysajyna alanam bolsa, antisowet mazmunly hasap edip, kinofilmleriñ görkezilişine rugsat berdi. Uly üstünlik gazanan kinofilmleriñ kommunizme garşy bolşy ýaly faşizme-de garşy çykýandygyna halk köpçüligi gowy düşündi. Şonuñ üçinem köp wagt geçmänkä Italiýanyñ faşistik hökümeti ol kinofilmleri gadagan etdi. Birnäçe ýyl geçensoñ kinofilmler gaýtadan gözden geçirildi we 1986-njy ýylda Rendiñ öz razylygy bilen "We the Living" ady bilen köpçülige hödürlendi. Rend professional ýazyjy hökmünde ilkinji uly edebi üstünligini ýedi ýyllap ýazan "Durmuşyñ gözbaşy" ('The Fountainhead") romany bilen gazandy. Eser 1943-nji ýylda neşir edildi. Romany ilkibaşda çaphana firmalarynyñ 12-si "aşa intellektualdygy we amerikan düşünjesiniñ çarçuwasyna garşy gelýändigi üçin" neşir etmekden ýüz öwrüpdi, "bu kitaby okaýjak okyjy gatlagy ýokdy". Ahyrsoñy A.Ogden kitaby diýseñ halaýar we "Bobbs-Merrill Company" neşirýatynda çap etdirýär. "Durmuşyñ gözbaşy" dünýä derejesinde meşhurlyk getirýär we Aýn Rende uly girdeji gazandyrýar. Roman "adamyñ ruhundaky indiwiduallygy we kollektiwistligi" tema edip alýar. Onda bäş sany esasy gahrymandan söz açylýar. Eseriñ baş gahrumany Howard Roark ýazyjynyñ öz idealydyr. Ol belent ruhly, öz pikirlerine we ideallaryna wepaly, hiç kimiñ özgäniñ bolşuna hiç bir taraplaýyn, esasanam zandynda meñzemeli däldigine ynanýan obrazdyr. Eseriñ beýleki obrazlarynyñ köpüsiniñ hüý-häsiýeti üýtgäp durmak bilen birlikde, olar Roarka ynanýan ideallaryndan dänmegi talap edýärler, emma ol öz ýörelgesine ygraly bolup galýar. Roarkyñ üns bermeli ýene bir tarapy-da, bu göreşini ýoñ bolup giden beýleki obrazlar ýaly erkinligi we dünýäniñ adalatsyzlygy baradaky uzyn-uzyn we dartgynly dialoglara girmezden, gaýtam tekepbir, özem ýañsylaýjy sussupeslik hem-de azsözlülik bilen alyp barýar. Rendiñ 1957-nji ýylda neşir edilen "Atlas siltenjiredi" ("Atlas Shrugged") romany-da dünýä bestsellerine öwrüldi. Romanyñ ady dünýäni gerşine göterip duran mif Atlas indi bu işinden el çekdi diýen manyny berýär. "Atlas siltenjiredi" Aýn Rendiñ obýektiwist pelsepesini ussatlyk bilen beýan romanydyr. Romanyñ esasy temasy "adam añynyñ jemgyýetdäki orny" baradadyr. Eserde senagatçy ähli jemgyýetleriñ iñ gymmatly gatlagy hökmünde görülýär we senagatçylara gönükdirilen köpçülikleýin ýigrenji gazaply tankyt edýär. Romanda amerikan senagatçylary iş taşlaýyş yglan edýärler we daglyk ýerlere çekilýärler. Jemgyýet tarapyndan eksplutator (eziji) hökmünde görülýän, ýigrenilýän, günäkärlenilýän idealist we öndüriji adamlaryñ gaçyp gitmegi bilen amerikan jemgyýeti we ykdysadyýeti doly çökýär. Hökümet bolsa muña senagatyñ üstündäki öñdenem bogup-gysyp gelýän gözegçiligini güýçlendirip jogap berýär. Roman hernäçe syýasy mazmunly eser bolsa-da, onda seks, aýdym-saz, saglyk we adam ukyplary ýaly dürli-dürli meseleler gozgalýar. Aýn Rendiñ pelsepesi we kitaplary umuman alanda, ýekemenligi, rasional ýekemenligi we kapitalizmiñ konsepsiýalaryny suratlandyrýar. Döwletiñ erkin jemgyýetde kanuny, ýöne minimal orna eýe bolmalydygyna ynanan A.Rend minarhist garaýyşly ýazyjydyr. Onuñ libertarianlaryñ we amerikaly dindarlaryñ arasynda abraýy uly bolupdyr. Eserlerinde özüne mahsus şekilde suratlandyrýan gahrymanyny doly tanatmagy ilkinji orunda goýýar. Onjñ gahrymanlary öz ukyby, özbaşdaklygy we erkinligi sebäpli jemgyýet bilen garpyşýar, ýöne bu garpyşyklar onuñ ýalñyşlyklary zerarly däl-de, durmuşa rasional çemeleşýändigi we diñe öz bähbitlerine çapýandygy üçin döreýär. Ýazyjynyñ pikiriçe, rasional garaýyşly adamlar üçin garpyşmalar hökmanam däl. Gahrymanlar barybir öz öñünde goýan maksatlaryna ýetmek üçin hereket edýärler. Rend şeýle gahrymany "ideal adam" hasap edýär we öz dörediijiligini hut şeýle häsiýetdäki adamlary tanamagyñ salgysyna öwürmegi maksat edinipdir. Ýazyjy adam gymmatly hasap eden zatlaryny we etjek hereketlerini logika arkaly saýlap-seçmelidir diýen pikiri öñe sürýär. Şahslaryñ özüni başgalar üçin pida etmezden we muny başgalardan tama etmezden özi üçin ýaşamaga haky bardyr, hiç kimiñ başga biriniñ hak-hukugyny zorluk ulanmak arkaly kiçeltmäge ýa-da zorluk ulanyp ony öz pikirlerine eýerer ýaly etmäge haky ýokdur. ■ "Ýekemen" romany "Ýekemen" (rusça terjimesinde "Гимн", türkçe terjimelerinde "Ben" ýa-da "Ego", ýazylan dilinde "Anthem") romany Aýn Rend tarapyndan ýazylan, ilkinji gezek 1938-nji ýylda neşir edilen ylmy-fantastiki romandyr. Eserde rus ýazyjysy Ýewgeniý Zamýatiniñ "Biz" ("Мы") romanyndan alnan ýiti täsirlenmeleri görmezlik mümkin däl. "Bizden" täsirlenen "Ýekemen" romanyndan başga-da, Jorj Oruelliñ "Müñ dokuz ýüz segsen dört" we Oldos Haksliniñ "Gaýduwsyz täze dünýä" romanlary-da bar. ■ Romanyñ temasy Antiutopik äheñli roman bolan "Ýekemeniñ" kyssasy wagty entek gelip ýetmedik näbelli bir geljekde bolup geçýär. Distopik röwüşli ylmy-fantastiki eserde diýdimzor totalitar sistema bar. Tehnologiýanyñ ösüşi üns merkezinde saklanylýar we diñe sistemanyñ öz islegine görä meýilleşdirilýär. Şeýle-de şahs we indiwidiuallyk kesgitlemeleri ortadan aýrylan. Aýn Rendiñ bu suratlandyrmasynyñ añyrsynda sosialistik taglymatyñ we ykdysadyýetiñ gowşaklyklary hökmünde hasap eden zatlarynyñ netijesinde adamzadyñ ikinji bir "Tümlük eýýamyna" girýändigi baradaky pikiri ýatyr. Eserde hut şol tümlükde ýaşaýan "Equality 7-2521" gören-eşdenleri we özi barada gürrüñ berýär. Gahrymanyñ gürrüñinde özüni we daş-töweregindäkileri atlandyrmak üçin ulanýan birnäçe adalgalary (местоимение) mese-mälim görmek bolýar we ol gürrüñ berýän wakalarynyñ içinden eriş-argaç bolup geçýän prinsipleri öwran-öwran nygtaýar. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |