09:29 Aýralygyň aýdymy | |
AÝRALYGYŇ AÝDYMY
Goşgular
![]() Sen gitdiň. Men senden galdym aýrylyp, Gör, indi men nirde, sen nirde galdyň. Aýdym aýdýar aramyzda aýralyk. Diňlemeli boldum, diňlejek däldim. Indi asla eşdebilmen sözleriň, Seňem meni görebilmez gözleriň. Sen hoşlaşman gitdiň. Şeýdeniň üçin Alkyşymam, gargyşymam dözmerin. Indi bize iller ogryn garamaz, Indi baga barmarys biz bileje. Barmaklarym saçlaryňy daramaz, Posadan soň bulaşanda çalaja. Sen gidip, gör, jyda düşdüm, kän zatdan, Elbetde, men ýitgim üçin gülmedim. Sen gitseň-de, iň mukaddes bir zatdan, Söýmeklikden mahrum edip bilmediň. Gurbanýaz DAŞGYNOW. | |
|
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |