21:22 Aýtmadym... | |
AÝTMADYM...
Goşgular
Saňa ýetjek bolup nämeler etdim, Näme etmedim? Aşyklaň barynyň edişi ýaly, Menem her gün obaňyza gatnadym. Obaňyzda biri öýlense dagy, Men bordum şol toýuň ilki myhmany. Aýratyn çakylyk nämäme derkar, Gözleň çagyrardy toýlara meni. Ýaprak ýolup, hemişe öz ýanymdan, “Söýýär-söýenok” diýp, taşlardym gurra. “Söýenoga” düşse, soňky ýaprajyk, Başga bir şahany ýolardym derrew. Göwnüme sen meni söýjek ýalydyň, Söýmelidiň meni gurra görä-de. Bu söýgi sende-de döremelidi, Mende dörände. Ah, ýöne dünýäde işleriň bary Isleýşimiz ýaly çözülýän bolsa, Maňlaýyňa kimdir biriniň ady Öz eliň bilenjik ýazylýan bolsa, Bu wagta çen sen öýmüzde bolardyň, Çaýjagaz demlärdiň işden gelemde. Menem öýkeleşip ýörmezdim asla, Arzuwma al salan ykbal bilen-de. ...Saňa ýetmek üçin nämeler etdim, Näme etmedim? Näme eden bolsamam, bir güýç tapynyp, Bir gezegem söýýänligmi aýtmadym... 16. 01. 2012 ý. | |
|
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |