21:50 Azatlyk | |
AZATLYK
Goşgular
![]() Halka – azatlyk! Maňa – azatlyk! Ýurda – azatlyk! Şeýle gazaply ses bilen, Hem uly höwes bilen, Şu sözleri gaýtalaryn. Gülläň aşagynda, ýalyn içinde, Gaýtalaryn uly iliň içinde. Halka – azatlyk! Maňa – azatlyk! Üurda – azatlyk! Mukaddes derýanyň uly köprüsi, Gaýtalar muny. Ýeliň şuwwuldysy, Ýyldyrymyň güwwüldisi, Göýä adam ýaly, Gaýtalar batly, Sesi haýbatly: - Azatlyk! Azatlyk! Azatlyk – diýip. Men bu sözi ähli ýere ýazýaryn, Diwarlara, gapylara ýazýaryn. Hasratly topragymyň her daban ýerin, Bu söz bilen doldyryn. Türmelere, köçelere, her ýere, Ýazmak üçin barýaryn. Bu sözi gaýtalar ýakynym -- daşym, Ol aňladýar meniň beýik göreşim. Halka – azatlyk! Maňa – azatlyk! Ýurda – azatlyk! Mukaddes derýanyň uly köprüsi, Gaýtalaýar muny. Ýeliň şuwwuldysy, Ýyldyrymyň güwwüldisi... Göýä adam ýaly, Gaýtalar şuny: - Azatlyk! Azatlyk! Diňe Azatlyk! Fadwa TUKAN, Palestina. Terjime eden Allaýar ÇÜRIÝEW. | |
|
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |