20:33 Babama! | |
1945-nji ýylyñ 2-nji jahan urşundan sag-aman dolanyp gelen babam Kyýas Kulyny ýatlap düzen oýlanmalarym...
Goşgular
Geldi babam urşy ýeñip ýa nesip, Gurbangözel gujaklady, gutlady, Gözlerinden akyp şatlykly ýaşlar, Iller günler Garşylady bihesip, Merdi-merdan gelýär hanha ýol beriñ! Bir elinde uly gyzy Maýsasy, Çep egninde soýuzdaşlañ nyşany, Merdi-merdan gelýär oña ýol beriñ, gol beriñ! Ýeñip gelýär Deuçlandy, Berlini, Halas edip bu dünýäniñ derdini. 27.11.2017. * * * Duşmanyna aman bermän, Öñe barýar Kyýas Kuly. Ok ýagdyryp serin bermän, Gidip barýar Kyýas Kuly. ''Uzyn naýza'' tokaýlyklar, Oklañ sesi ''takyrdyklar'', Günde dynmaz tapyrdylar, Nädip geçdi Kyýas Kuly? Göreçlerde gorky ýokdur, Aç garynlar göýä dokdur, Endam jany gyzyl-gökdür, Öñe barýar Kyýas Kuly. Soýuzdaşlar Watandaşlar, Hatar durup nyzamdaşlar, Ýatdan çykar garyndaşlar, Öñe barýar Kyýas Kuly. Gurbangözel galdy yzda, Türkmenistan galdy yzda, Bärde bolsa çökmän dyza, Gidip barýar Kyýas Kuly. Ahyryn baryp Berline, Gyzyl tugy dikdi ine, Hoşal boldy soýuz ýene, Ýeñip geldi Kyýas Kuly. 27.11.2017 PEŞEÑ ogly Afrasyýap. | |
|
√ Ýene göz öýünde mä’wa kylyp sen... / Goşgular - 12.12.2024 |
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Mähremlikden nyşan sen... / Goşgular - 08.05.2024 |
√ Kyýamata goýlan goşgy / Goşgular - 08.11.2024 |
√ Bozajak seni / Goşgular - 22.05.2024 |
√ Eý, ýagyş möwsümimiz, aýralyk bilen aglaýan... / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Ýangyn söndürijä / Goşgular - 31.08.2024 |
√ Oba. Ýaz gijesi / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Ýiten ýyldyz / Goşgular - 31.08.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |