08:47 Bagt ýyldyzy / hekaýa | |
BAGT ÝYLDYZY
Hekaýalar
Orta mekdebi tamamlanyn oba gyzy agşamara şäheriň demir ýol menziline gelip, otludan düşdi-de, ýolugra geçip barýan ulaglara elini galdyryp başlady. Köp garaşdyrman depesinde «taksi» ýazgyly ulaglaryň biri deňinde saklandy. Obadan gelen gyz barmaly ýerini salgy berip, ulagyň yzky oturgyjyna ýerleşdi. Birdenem, sürüjiniň ýüz keşbine gözi düşen gyz allaniçiksi boldy. «Hakyt kinoda döwüň keşbini janlandyran artistiň özi-dä. Men ol adamdan kiçijekkäm nähili gorkupdym. Hiý-waý, nätsemkäm? Köpi gören sürüji gyzyň nämedir bir zada biynjalyk bolýandygyny derrew aňypdy. Ol muny bilmezlige salyp, gyza sowal berdi. Gyzam syr bildirmejek bolup sürüjiniň sowallaryna kynlyk bilen jogap bermäge synanyşdy. — Şähere gezmäge geldiňizmi? — Ýok, okuwa synanyşmaga geldim. — Talyp bolasyňyz gelýär-dä? — Hawa. — Haýsy okuwa girmekçi bolýaňyz? — Aý, häzirlikçe pikirimi jemläp bilemok. Mugallymçylyk bilen tikinçilik hünärini gowy görýän. Gyzyň eda bilen gürrüň berşi sürüjä ýarady. Ol bu gyzy edil öz gyzy ýaly görüp, oňa kömek edesi gelýändigini duýdurmak maksady bilen, ulagyny sag gapdala öwrüp saklady-da: — Gyzym, dogrusy, bu gijäniň içinde myhmançylyga barjak ýeriňi biynjalyk etme-de, meniň çagalarymyň ýanyna baryp maslahatlaşyp, geňeşip gör! Olar ýokary okuw mekdebinde okaýarlar. Belki, saňa laýyk boljak gowy maslahatlary bererler. Çagalarymyň saňa kömegi deger, menem haýyş ederin. Öýde özüň ýaly bir gyzym, bir oglum bar. Belki, tanşarsyňyz. Myhman ýeriňe ertir irden özüm elinjek eltip gaýdaryn — diýdi. Gyz näçe syr bermejek bolsa-da, sesi sandyrap çykdy: — Daýy, siz gowy adam ekeniňiz. Daýzam öýde biynjalyk bolup maňa sabyrsyzlyk bilen garaşyp oturandyr. Men daýzama öýden jaň edip, şu gün barjak diýdim. Meni, kyn görmeseňiz, aýdan salgyma eltäýiň-dä! — Bor, gyzym, bor. Ýöne, näme üçindir, sizi bir zad-a biynjalyk edýär?! — Aý, ýok-la, daýy, ýöne sizden, gaty görmeseňiz, bir zat soraýyn-da?—diýip, gyz çekinjeňlik bilen sürüjä ýüzlendi. — Sora, sora, gyzym. — Daýy, men entek kiçijik wagtym sizden şeýle bir gorkupdym. Siz kinoda döw bolup, gorkunç ses bilen güleniňizde gorkyma aglanym şu wagtky ýaly ýadymda. Gyzyň ýüreginden syzdyryp aýdýan sözüne ol hezil edip güldi. — Sen bir tarapdan mamla. Ýöne, şol kinoda gören döwüň keşbindäki artistiň hut özi däl-de, men onuň ogly. Kakam pahyr ýetmiş dört ýaşynda aradan çykdy. Menem kiçijik wagtym kakam käwagt degşen mahaly ýognas ses bilen gülerdi, özümem gorkardym. Soň öwrenişip gitdim. Maňa-da kem-kemden kakaňa meňzäp barýaň diýýärler. Öňem bir gezek şeýle ýagdaýa duşup gördüm. Gyzym, indi men saňa düşündim. Gyz ýüregi şundan soň birazajyk ynjalyk tapdy. — Ine, gyzym, diýen salgyňa-da geldik. Dogrudanam, şol daşarda duran eneli-gyz saňa garaşýan ýaly. Ýoluň ak bolsun, arzuwyňa ýet! — diýdi-de, sürüji gyzyň uzadan ýol hakyny-da alman, öz ýoluna rowana boldy. * * * Ejeşiň kakasy Emir Hoşwagtow etrap merkeziniň Medeniýet öýünde zähmet çekýärdi. Merkezden islendik ugurdan döredijilik işgäri iş sapary bilen bu ýere gelse, Emir Hoşwagtowy onuň ýanyna goşardylar. Bir gezegem «Miras» teleýaýlymyndan Ýagmyr Kemjäýew medeniýet işgärleriniň arasynda geçirilýän telebäsleşigi ýazgy etmek üçin bu etraba gelipdi. Şonda Ýagmyr Kemjäýew Emir Hoşwagtow bilen ýakyndan tanşypdylar. Şeýdibem, olaryň gatnaşygy dostluga öwrülipdi. Şondan bärem Ýagmyr Kemjäýew döredijilik sapary bilen bu etraba gelse, hökman Emir Hoşwagtowlara barardy. Soňabaka bu iki ynsanyň maşgalalary hem ýakyndan tanşyp, has ýakyndan gatnaşyp başlapdylar. Bir gezegem paýtagtly žurnalist myhman ýene-de döredijilik sapary bilen gelip Emir dostunyňkyda düşläpdi. Ertesi irden myhman arassa howadan dem almak üçin daş çykanda, Ejeşiň öňlük dakynyp, sygyr sagyp duranyny gören myhman onuň erjelligine haýran galypdy. «Tüweleme, bu gyzyň ot ýaly dogumlyjadygyny! Hernä, dostumyň göz guwanjy bolan ýekeje gyzy, bagty bolsun-da» diýip, onuň ýanyndan syr bermän geçip gidipdi. Ýagmyr aganyň maşgala agzalary neneň onsoň Ejeş gyza sabyrsyzlyk bilen garaşmasynlar?! Ýagmyr aga şol günden birki gün geçensoň, Ejeşi okuwa synanyşýança şäherdäki ýüpek fabrigine wagtlaýynça işe ýerleşdiripdi. Ol ýerde ýakyndan gatnaşýan garyndaşynyň ogly Bezirgeniň inžener bolup işleýändiginden Ýagmyr aganyň habary ýokdy. Ol bir gezek Ejeşiň öz işine nähili öwrenişýändigini bilmek üçin fabrige gelende, Bezirgene gabat geldi. Bezirgen Ýagmyr aga gözi düşen badyna onuň ýanyna barmaga howlukdy: — Salawmaleýkim, Ýagmyr aga! Siz nire, bu ýerler nire?! — Tüweleme, Bezirgen jan, bu senmidiň, aleýkum essalam! Senem bärde işleýärmidiň? — Hawa, Ýagmyr aga! Şu ýerde inžener bolup işleýän. — Tüweleme! Meniň asyl gözläp ýören ýitigim bärde eken-ä! — Hyzmatyňyza taýýardyryn, Ýagmyr aga. — Aý, bir uly hyzmatym-a ýok weli, şu ýerde siziň ýaly ýakyn gatnaşýan dos tumyň gyzy işleýär weli, şonuň işleýşini, ýagdaýyny biläýeýin diýip gelşim. — Örän gowy, onuň ady kimkä, Ýagmyr aga? — Ejegyz Hoşwagtowa bolmaly. Biz-ä Ejeş diýýäs. — Hä, Ejeş diýsene, Ýagmyr aga?! Işe gelenine az wagt bolsa-da, ol yhlasly, erjel gyz. Asyl ol gyz siziň dostuňyzyň gyzy diýsene?! Bu sözi eşidip Ýagmyr aga çyn ýürekden begendi. Ejeşiň bu fabrige işe girip, eýýäm az wagtyň içinde işinde abraý gazanandygyny eşidip, Ýagmyr aga monça boldy. Ejeş bilen hal-ahwal soraşan Ýagmyr aga ýanynda duran Bezirgeniňem dostunyň gyzyna gowy baha berendigine öz ýanyndan hoşal boldy. Ejeş bu ýüpek fabrigine gelen gününden özüniň erjelligi, dogumlylygy, adamkärçiligi, sypaýylygy bilen işdeşlerine özüni tanadypdy. Kärdeşleri işjanly bu gyzyň gujurlylygyny gowy görüpdiler. Aýratynam, inžener Bezirgen Çalaýewiň bu gyza syny oturypdy. Bir gezegem şeýle boldy: — Ejegyz, arma! Näme beýle oýa batyp otyrsyň? Ejegyz garaşylmadyk ýerden çykan tanyş sese tisginip gitdi. Görse, inžener ýanynda dur. — Bezirgen Çalaýewiç, sizmidiňiz? Ejem dagy meni gaýgy edýärlermikä diýip, käwagt ünjä bataýýan-da. — Tüweleme, ejeň, kakaň özüniň ot ýaly dogumly gyzyny nirä ugratsa-da, gaýgy edýän däldirler. Saňa-da gaýgy etmek asla gelşenok. — Men özümiň dogumlydygyma hiç wagt ynanyp bilemok — diýip, gyz ýene-de utanjaňlyk bilen aşak bakdy. — Ýok, hemme gyzlar seniň ýaly dogumly bolaýsa, ýigitlere edere iş galmazdy. Bu degişmä Ejeş myssa ýylgyrdy. — Ýöne häzirki badyňy gowşadaýma. Nesip bolsa, size hoş habarymyzam bar. Eger ýene-de şeýdip ejeňi-kakaňy gaýgy edip oturanyňy görsem, ol hoş habary hiç wagt aýtmaryn. — Bolýar, bolýar, söz berýärin. Ol nähili hoş habarka?! — Şu şähere näme niýet bilen geldim diýipdiň? — Okamaga. — Ana, üstünden bardyň. Ýöne, entek habary doly aýtmaýyn, öňünden gaty begendirmäýin. Sebäbi kärhanamyz boýunça üç sany dalaşgär okuwa hödürlendi. Belki, nesibäň çekse, üç dalaşgäriň arasynda ýeňiji bolup okuwa gitmegiň mümkin. Bu sözleri düýşünde ýaňlanýan ýaly eşiden Ejeş begenjinden tas guş bolup uçupdy. — Ynamyňyz üçin, sag boluň! Bezirgen Ejeşiň begenjini görüp, öz ýanyndan bu gyza guwandy. «Şeýle gyzlar begenmäge juda mynasyp» diýip, içini gepletdi. Bezirgeni Ejeşiň erjelligindenem beter edepliligi, ugurtapyjylygy, aýratynam, belent adamkärçiligi haýran galdyrýardy. Mümkinçilik bolsa ol Ejeşiň ýanyna barmaga, onuň bilen bir bahana tapyp gürleşmäge ymtylýardy. Bu bolsa, onuň Ejeşe bolan hormatynyň söýgä öwrülip barýandygyndan bir nyşandy. Muny Bezirgeniň özem aňýardy. Emma Bezirgeniňem ýüreginde bir gussa goş basyp ýatyrdy. Bezirgen ejesiniň garyndaş ugurdan alyp berjek bolýan gyzyna öýlenmändi. Ondan soň bir ýyla ýetmänem ejesiniň aradan çykmagy Bezirgene örän agyr degipdi. «Ýeri, ejem janyň diýenini etmän, ony gaty öýkeledäýdimmikäm?» Ejesine ýok diýeni üçin otursa-tursa ökünerdi. Kakasy-da soňky wagtlarda birazajyk ýarawsyzlyk tapyndy. Kakasynyň: «Biziň öýümizi gowy tertibe getirer ýaly bir zenan maşgala-ha gerek, oglum. Durmuş nähili çylşyrymly bolýar ekeni» diýen sözlerini ýatlanam şoldy weli: «Bezirgen Çalaýewiç, sizi başlyk gyssagly ýanyna çagyrýar!» diýen sesi eşidip özüne geldi. Hoş habardan soň Ejeş öňküsindenem yhlasly işlemäge çalyşdy. Onuň bar küýi-köçesi okuwa girip, ýüregindäki beslän arzuwyna ýetmekdi. Bagtly pursatlar duýdansyz gelýän ekeni. Ine, bir günem Ejeşi fabrigiň müdiri çagyryp: «Hoşwagtowa, gyzym, tüweleme, familiýaňam özüň ýaly üýtgeşik. Seni ýaş göreldeli işgär, ak ýürekdenem özüňiň işeňňirligiňi görkezdiň. Inženerimizem sen hakynda gowy häsiýetnama berdi. Indi bizem seniň yhlaslylygyňy, erjelligiňi göz öňünde tutup, eger göwneseň, üç dalaşgäriň içinden seni saýlap, daşary ýurda öz işleýän ugruň boýunça okuwa ugratmakçy bolýarys — diýdi. Ejeş bir zatlar diýmekçi boldy weli, durmuş hem iş tejribesi ýetik müdir ýene gürrüňini dowam etdi: — Gyzym, gaýgy etme, ejeň-kakaňam göwnär. Ynha, bizem seni goldarys — diýip, Ejeşe: «Indi aýdyber» diýip soragly bakdy. Ejeşiň tolgunyp duranyny görüp, müdir ýene-de sözüni dowam etdi: — Gyzym, sen ýaýdanma! Inženerimiz seniň ýanyň bilen gidip, okuwyňa ugrukdyryp gaýdar. Ejeşiň ýüzüniň gül ýaly açylanyny gören müdir: — Saňa ynamymyz uludyr — diýdi. Ejeş garaşylmadyk bu şatlykly habardan ýaňa özüni howada gaýyp ýören ýaly duýdy. Ejeşi az salymdan ýygnaga çagyryp, müdir Bagtyýar Zamanow onuň okuwa ugradylýandygyny mälim etdi. Kärhananyň ähli işgärleri Ejeşi uly şowhun bilen el çarpyp gutladylar. Bir hepdäniň içinde Ejeş obalaryna gidip geldi hemem okuwyna taýynlyk gördi. Sanlyja wagtyň içinde bolup geçen şatlykly pursatlardan wagtyň nädip geçeninem bilmedi. Bezirgen Ejeşi okuwa eltip, tiz wagtdan işe dolanyp geldi. Onuň göwnüne bolmasa, hamala, fabrigiň içi boşap galana döndi. Onuň üçin hemme zat gyzyksyz ýaly bolup göründi. Sebäbi her gün saý-sebäp bilen Ejeşi görmäge bahana tapardy. Ony gören her pursadyny özüne bagt hasaplan Bezirgen bir gün oýa batdy: «Be, meniň bu bolup ýörşümi diýsene. Öz iş ýerimdäki işläp ýören bir gyza aşyk bolup ýörün. Söýginiň nirede dörejegini kim öňünden bilýär?! Görüp otursam, meniň kalbymda durmuşa bolan ymtylyşy, höwesi döreden gyz Ejeş ýaly. Men ol gyzy gören badyma sulhum aldy. Beýik Biribar bu gyzy meniň üçin ýörite bize işe ýollaýdymyka?! Ýa-da, Ejeş başga bir ýigidiň bagtymyka? Men hernäçe jan etsemem, her gün Ejeşi görmän gezip bilemok ahyry. Nätmeli? Birden meniň bu bolup ýörşümi Ejeş biläýse nähili bolar? Ol meni ýigrenmezmi?». Günler yzly-yzyna tirkeş gurap geçip gitdi. Ejeş okuwyny tamamlap gelenden soň işe gaýdyp gelmegi Bezirgeni diýseň begendirdi. Hakyky çyn hossary uzak ýyllardan soň öýlerine gaýdyp gelene döndi. Ejeş indi oba gidip gelmekçidigini duýdurdy. Bezirgenem işden soň uzak ýola gitmekçidi. — Ejeş, siziň obaňyzyň ady nämedi? — Suhty — diýip, Ejeş näme üçin soradyňyz diýen terzde Bezirgene seretdi. Ejeşiň soragly nazaryna gözi düşen Bezirgen ýene-de sorag bilen Ejeşiň özüne ýüzlendi: — Ýalňyşmasam, Şordepe obasam şol töwereklerde öýdýän? — Hawa. Siz ol obany bilýärmisiňiz? — Ol ýerde bile okan ýoldaşym bar, şol toý edýär. Gutlap gaýtmakçy bolýan. Ugrumyza bir ekeni — diýip, içki begenjini daşyna çykarman zordan saklandy. Ýolugra Ejeşi öýlerine eltip geçjekdigini aýdanda, gyz bu teklibe garşy bolup durmady. Ulagly gidip baryşlaryna esli ýol geçdiler. Ejeş öýlerine barýandygyna begenýärdi. Bezirgeniňem Ejeşleriň öýlerine golaýlaşdygyça ýüregi gürsüldäp başlady. Içki howsalasyny daşyna çykaranyny duýman galdy. — Ejeş, men seni öýüňiziň bärräginde düşüräýeýin! — Ýok, gaýtam, siz göni öýümize baryň. Biziň maşgalamyz sizi gaýybana tanaýar ahyry. Olar sizi görse begenerler. Men siziň eden ýagşylyklaryňyz hakda ozal ejeme aýdypdym. Bezirgen muňa begenjeginem, utanjagynam bilmedi. Ýüregine daş baglap: — Bolýar, onuň ýaly bolsa, göni size baraýarys — diýse-de, Bezirgen özüniň azda-kände oýurganýandygyny aňdy. Bolsa-da, Ejeşiň kakasy alçaklyk bilen Bezirgeni öýe çagyrdy. Ejeş Bezirgeni ejesi-kakasy bilen tanyşdyran badyna onuň üstüne alkyş bary ýagdy. Bezirgen bu maşgalanyň mähribanlygyna haýran galdy. Oňa toýdan gaýdyp gelýärkä, hökman gelip geçmegi haýyş etdiler. Emma Bezirgen olara mümkinçilik bolsa geljekdigini, ýogsa garaşmazlyklaryny aýdyp, olar bilen hoşlaşdy. Wagt geçip durdy. Iki ýaş juwanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyk, hakykatdan-da, söýgä öwrülip barýardy. Dogrusy, Bezirgeniň Ejeşe bolan söýgüsi giden bir ummana dönüpdi. Ýüregindäkini aýtmaga ýaýdanyp ýören Bezirgen bu hakda bir agzam söz açmaýardy. Ejeşem soňky döwürde Bezirgeniň özüne bolan garaýşyndan üýtgeşik bir ýakymlylyk duýýardy. Onuň özüne bir zatlar aýtjak bolýanyny aňsa-da, bilmezlige saldy. Özüniňem Bezirgeni bir gün görmese oňup bilmeýändigini aňýardy. Gyz ýüreginiň bagt töründe Bezirgene bolan söýgi syrly dünýä bolup gizlenip ýatyrdy. Bezirgen soňky döwürde dymma ýigide öwrülipdi. Ol öz kalbynda dörän söýgüsini Ejeşe aýdyp bilmeýändigine ökünip, aňyrsyna çykyp bilmeýärdi. Aýdaýsa-da, bütin fabrik biläýjek ýaly ýaýdandy ýördi, ýaýdandy ýördi. Ýöne, bir günki bolan waka bularyň ikisi üçinem ýatdan çykmajak pursat boldy. Fabrikde işleýän Aýjeren durmuş toýuny edýändigini aýdyp, işdeşlerini toýa çagyrdy. Aýjereniň hossarlary golaýdaky obada ýaşaýandyklaryna garamazdan, paýtagtdaky «Altyn asyr» toý mekanynda toý etmegi müwessa bildiler. Toý mekany diýseň kaşaň bezelipdi. Bagt toýuny edýän owadan ýaşlaryň gelmegi bilen toýuň şowhuny has-da artdy. Aýjereniň bagtdan ýaňa uçganaklaýan gözleri bile işleşýän işdeşlerine düşdi. Ol bagtly gününde kärdeşlerini görüp diýseň tolgundy. Toýuň beýemçisi toý ortalaberende, Aýjereniň kärdeşleriniň adyndan kärhananyň inženeri Bezirgen Çalaýewiçi hem-de bile işleýän jorasy Ejeşi gutlag sözüni aýtmaga çagyrdy. Ozalam ýürekleri söýgüden pürepür bolan juwan ýürekler birbada aljyradylar. Bolsa-da, hemmeleriň el çarpyşmasy olaryň ikisini-de aljyramakdan halas etdi. Olar toý edýän juwanlaryň gaşyna baryp, ýürek arzuwlaryny uly joşgun bilen beýan etmäge başladylar. Bezirgen sözünde «Köneler aýtmyşlaýyn, «Bagt—öz bagtyňa garaşmakdyr» diýende, Ejeş Bezirgeniň sözüniň üstüni ýetirdi: — Şahyr Geldi Bäşiýewde şeýle setirler bar: «Durmuş size ýeke gezek berilýär» diýen pähimi bar Kerim şahyryň. Men size şeýlebir söýgi isleýän, Beýik söýgüsi dek Zöhre-Tahyryň. Goşgy okalan badyna zaldakylar el çarpyşdylar. Bezirgenem buýsanç bilen Ejeşe seredip el çarpdy. Alypbaryjy hem kem galyp barýan ýaly: «Söz aýdan ýaşlar, siziňem bagtyňyz, söýgüden tagtyňyz bolsun!» diýip, dileg etdi. Gutlag aýdylan badyna bagşylaryň şirin owazynyň astynda Aýjereniň kärdeşleri üçin ajaýyp tans sazy ýaňlanyp başlandy. Tans başlan badyna, aşyk ýürekler aşaklyk bilen, bir-birine ýakymly garaýyşlar bilen seretdiler. Goşa ýürek bolsa bir-birine atygsaýardy. Ejeş gollaryny howada galgadyp, tans edýänlere goşulyşdy. Ýöne bu gezekki tans edişi ozalky tans edişindan has owadan bolýandygyny diňe gyz ýüregi däl, eýsem-de, Bezirgeniň özem aňýardy. Toýda ýatdan çykmajak tolgundyryjy waka şaýat bolanyna Ejeş diýseň begenipdi. Aýjeren ýaly öz saýlan bagtyňa guwanyp toý edip bilmek nähili bagtlylyk diýen pikir Ejeşiň kalbynda durmuşa bolan täze bir belent dünýägaraýşy oýardy. Bu bolup geçen şatlykly pursatlary özi üçin iňňän uly bagt hasaplan Ejeş ep-esli wagtlap jorasynyň toýuň töründe bagt kenaryny boýlap oturyşyny synlady. Işdeşleri ikinji gezegem tansa çykdylar. Alypbaryjy toý tamamlanyberende, törde Aý ýaly bolup oturan owadan ýaşlaryň az salymdan bagt törüne ugradylýandygyny mälim etdi. Şondan soňra Ejeş Aýjerene çalajadan baş atyp, syr bildirmän toý mekanyndan çykyp gaýtmagy ýüregine düwdi. Ejeş gijesine ýeke ýöremäge çekinse-de, şol gün haýsy bir güýç ony ýeke özüni toý mekanynyň ýanyndaky seýilgähden ýöräp gitmäge iterdi. Ýaňybir elli metr töweregi dagy ýörändir, Bezirgen çalt-çalt ýöräp Ejesiň yzyndan ýetdi. — Ejeş, hiç kime duýdurman çykyp gaýdyberdiňle?! — Wiý, ýogsa-da joramyň bagtly pursatlaryny görüp, begenjime bir arassa howa çykyp dem alaýyn diýdim. Dogrusyny aýtsaň, gyz şu wagt öz ýanynda Bezirgeniň bolmagyny tüýs ýürekden küýsäpdi. Ynha, garaşyşy ýaly, Bezirgenem gelip ýetdi. Ol özi üçin aýgytly pursadyň gelendigini aňsa-da, birbada ýaýdanjyrapdy. Özüni birahat duýýan Bezirgen Ejeşe ýüreginde gizlenip ýatan syrlaryny açmak üçin synanyşdy: — Tüweleme, Ejeş, senden bagtly gyz ýokmuka diýýän. Ejeş Bezirgene soragly bakdy. — Sebäbi sen öňdebaryjy gyz. Bile işleýän gyzlaryň saňa nähili guwanýandygyny görüp, dogrusy, menem buýsandym. Ejeş, gaty görme, seni bir ýigidiň çyn ýürekden, onda-da halys ýürekden söýýändigini bilýärmisiň?! Ejeş «Ýok, bilemok» diýen manyda egnini gysdy. Bezirgen ýüregini daşa baglap, ahyry aýtmaly sözüniň üstünden geldi. — Bilýärmiň, Ejeş men seni bize işe gelen günüňden bäri gowy görüp ýörün. Şol günden bärem men ýekeje günem sensiz ýaşap bilmejegime gözüm ýetdi. Her gün seni görmesem durmuşyň manysy gutaraýjak ýalydy. Her günem bir bahana tapyp ýanyňa baranymy kem görmedim. Ýadyňa düşýärmi?! Ýagmyr aga seni sorap gelende, saňa göz-gulak bolmagymy haýyş edende öz ýanymdan saňa ömürlik göz-gulak boljakdygyma söz berip begenipdim — diýip, ýüzüni aşak salyp, Ejeşiň bir zatlar diýerine garaşdy. Ejeş ep-esli wagtlap dymyp oturdy. Bezirgeniň sesi sandyrap çykdy: — Ýa-da, başga bir ýigidi halaýarmyň, Ejeş, aýtsana?! Ejeş ahyry dillendi. — Menem sizi gowy görýän, Bezirgen, ýöne... — Ýönäň näme, Ejeş, aýtsana! Ejeş Bezirgeni mundan artyk kösemek islemedi: — Bezirgen, men bir öýüň ýeke gyzy. Ejem-kakamyň menden başga zürýatlary ýok. Men olary ýeke goýmak hakynda hiç wagt pikir edip bilemok. Öýe baranyňyzda olaryň meniň daşymda hozanak boluşlaryny görensiňiz. — Ejeş, dünýäde hemme zadyň bir alajy bardyr. Men seniň ejeňem, kakaňam özüme juda mähriban görýärin. Ejemiň armanly ýumlan gözi henizem gözümde janlanyp dur. Meniň kakamam meniň ähli dünýäm. Seniň ejeň-kakaň ýaly adamlar bilen duz-emek bolup, olar bilen ykbalymy baglap bilsem, mende başga arman bolmaz. Birinji gezek öýüňize baranymda saçak başynda, «Gel, oglum, saçak başyna geçiber» diýende, has tolgundym. Men hiç wagt eziz kakamy hem-de seniň mähribanlaryňy ýeke goýmajagyma söz berýärin. Ejeşiň ýüzi ýagtylyp gitdi. * * * Toýuň şowhuny al-asmana galypdy. Toý mekany ýakyndan-daşdan gelýän myhmanlardan ýaňa hyň berýärdi. Bezirgeniň ähli hossarlary toýuň agzybirlikde dabaraly geçmegi barada jan edýärdiler. Gelen myhmanlary Bezirgeniň aýal dogany, kakasy garşylaýardy. Ine-de, guda tarapdan myhmanlar geldi. Olaryň arasynda Ejeşiň mähriban ejesi-de bardy. Türkmençilikde gyzyň kakasy oglan tarap toýa gelmegi gelşiksiz hasap edilýär. Ýogsa Emir aganyň ýekeje gyzynyň bagt töründe ak guş ýalyjak bolup oturanyny göresiniň gelýändigi weli hakykatdy. Ol ýeke gyzynyň toýuny ýadygärlik ýazgysynda göräýerin diýen umydy bilen öýde ýeke özi galypdy. Toý weli barha gyzýardy. Toýuň beýemçisiniň iki goşa juwanyň bir-birege mynasypdygyny aýdanda Mamyş daýzanyň gözünde begenç gözýaşlary göründi. Guda tarapa söz berlende bolsa, Mamyş ejä ilki gezek berildi. Ol buýsanç bilen toý mikrofonyny eline alyp, ýaşlara bagt arzuw etdi: — Perzentlerim, bagtly boluň! Ozal bir gyzym bardy. Indi bir gyzym, bir oglum bar. Men dünýäde iň bagtly ene. Balalarym, bir çanaga guýlan aşyňyz aýrylmasyn, bir sandykda goýlan goşuňyz aýrylmasyn, bir mukaddes ojakdanam başyňyz aýrylmasyn! — diýip dileg etdi. Ol barmana-da, goşa gumra meňzäp duran Bezirgen bilen Ejeş Mamyş ejäniň gaşynda peýda boldular. Hemmeler uly şowhunly bu bagtly pursady el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Begenç gözýaşlaryna boglan ene ýaşlary bagryna basdy. Tutuş märeke üç ynsanyň daşynda halka bolup tans etmäge başladylar. Toý giç agşama çenli adamlaryň kalbynda ýatdan çykmajak pursatlary bilen dowam etdi. Bagt kenarynda ýüzýän ýaşlaryň bir-birege gowuşmak hakdaky arzuwlary wysal boldy. Ejeşe täze ojaga öwrenişmek kyn düşmedi. Ol özüni dünýäde iň bagtly gelin hasaplady. Bu öýden diňe gaýynatasy, Bezirgen hemem özi girip çykýardy. Şol günem Bezirgen işden gelşine kakasynyň ýanynda häzir boldy. Çala aga usullyk bilen ýerinden turdy-da, törde duran ullakan gutudan gözüňi gamaşdyryp barýan owadan gülýakany çykaryp gelnine uzatdy-da: —Al, gelnim. Şu gülýaka Bezirgen oglumyň ejesinden galan ýeke-täk ýadygärlik. Goý, onuň mähri siňen gülýaka sizi beýik Biribaryň eradasy bilen öz gujagynda bagtly ýaşan günleriňize şaýat bolsun! Bagtly boluň, balalarym! Bezirgen kakasyndan heniz «oglum» diýen sözi eşitmändigindenmi ýa-da mähriban ejesini ýatlanyndanmy, Ejeş ikisine durmuşa pata beren keremli doga-dileglerindenmi, tolgundy. Ogly bilen gelnine guwanyp duran Çala aga, ir aradan çykan aýalyny ýatlanda bogazy doldy. — Oglum, hernä, biziňem ojagymyzda bagtly günler mydama dowam etsin, ojagymyzda goşa garraň — diýeninden, Bezirgen tolgunmakdan ýaňa kakasyny hoşallyk bilen gujaklady. Ejeş garaşylmadyk pursatlaryň içinde sadylla bolup durşuna, gaýynatasynyň örän ýumşak, mähriban, salyhatly adamdygyna tüýs ýürekden begendi. — Oglum, gelniňi gowy görgün! Hiç wagt ynjaşmaň! Maňa-da uzak-uzak ýyllar size guwanmak nesip etsin! Gel, oglum bir aýagy uzadyp bileje çaý içeli — diýip, içki tolgunjyny daşyna çykarmazlyga çalyşdy. Bir ýyl geçip-geçmänem, Bezirgen bilen Ejeşiň agzybir ojagynda ekiz ogul dünýä indi. Bu şatlykly pursada sabyrsyzlyk bilen garaşan Emir aga bilen Mamyş daýza-da ekizleriň şanyna tutulýan toýuň myhmanlary boldular. Ekizje agtyk perzentleriň jägildisini eşiden bu iki ynsanyň kalbynda dörän tolgundyryjy duýgyny welin, beýan etmäge söz tapylmasa gerek. Jumaberdi ARTYKOW. | |
|
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Tüýdük / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
√ Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |