20:21 Goñşular / hekaýa | |
GOÑŞULAR
Yhlas bu gün hem, adatdakylary ýaly, säher bilen oýandy. Günortana çenli ownuk işler bilen gümra boldy. Soňra bir hepde mundan öň törüni Aý kimin ýagtyldyp gelen gelni Selbiniň taýýarlap goýan günortanlygyndan garbandy. Naharlanyp bolup, ýeňillik bilen ýerinden turdy-da, ýeňil ulagyna tarap ugrady. Düýnki ýuwup goýan ulagynyň owadanlygy Yhlasyň göwnüne gop berdi. Ol onuň guratlygyny ýene bir gezek barlamak bilen, uzak ýola düşmegiň gamyny iýdi. Ugramazyndan öňürti öýe girip, ejesi, jigileri bilen sagbollaşdy, soňam Selbi bilen hoşlaşyp, ýola düşmek bilen boldy. Täze öýlenen ýigit öz Selbisini hemem mähriban käbesini Zenanlar baýramy bilen gutlamak üçin paýtagta gidip, üýtgeşik, bir sowgat alyp gelmegi ýüregine düwüpdi. Merkeze gitmek üçin golaýdaky goňşy obanyň içinden geçmelidi. Goňşy obany ortalaberende, ýoluň ugrundaky dükanyň deňinde ulagyny saklady. Sähel salymdanam ýolda içer ýaly sowujak suw alyp, ulagyna tarap ýöräp ugrady. Şol wagtam onuň gözi ýoluň ugrunda duran ýaşululara düşdi. Olaryň birini Yhlas çalarak tanaýardy. Şonuň üçinem ol ulagyna münmän, şol ýaşululara tarap ýöneldi. Olaryňam Aşgabada barýandyklaryny bilen ýigit ýaşululara özüne ýoldaş bolmagy teklip etdi. Yhlasyň tanyş ýaşulusy ulagyň öň oturgyjynda ornaşansoň: — Be, ogul, bu garaşylmadyk yssyň içinde Hydyr ata bolup gabat geldiň-äý, ömrüň uzak bolsun — diýip, şatlygyny beýan etdi. — Ýolugra hümürdeşip gider ýaly, ýoldaş tapylanyna menem begendim, Gumman aga — diýip, Yhlas içki pikirini daşyna çykardy. Uly ýola-da düşüldi. Indi Yhlas bar ünsüni ýola berdi. Ulagynyň içindäki ümsümligi yzky oturgyçda oturan, ýaşy altmyşa golaýlan, ýogyn sesli ýaşuly bozdy. — Tüweleme, ýaşlaryň içinde edeplileri kän. Adyň näme, ogul?! — Yhlas. — Maňa-da Polat Nurly diýýärler. Goňşularymyz bilen Murgapda, inimiziň toýunda bolup, indem yzymyza gaýdyp barşymyz. — Gumman aga, oba geleniňizi bilen bolsam, öýüňizdenem alyp gaýdardym-da. Siz-ä meni tanamazlygyňyzam mümkin, men bir gezek ýegeniňiz Källi bilen Aşgabada baranymda, myhman alypdyňyz. Menem Murgapdan. Ýakynda öýlendim. Häzirem bir iş bilen paýtagta barýardym-da, birden size gözüm düşäýdi. «Bäh, şu ýaşulyny nirede gördümkäm?!» diýip, birbada hakyda agram bermelem boldum. Ýöne derrew ýadyma düşdi — diýip, ýola düşeli bäri gürlemän oturan Yhlas gürrüňe goşuldy. Ýogyn sesli ýaşuly sowal berdi: — Tüweleme, ýogsa-da, haýsy obadan bolarsyň, ogul?! — Men belli sazanda Ýazgeldi Kuwwadyň obasyndan. — Aý, nätdiň-äý, inim. Biziňem aslymyz siziň goňşy obaňyzdan-da. — Hä, onda Nury agalaryň toýuna gelen bolýaňyz-da. — Hawa, inim. Be, sen kimiň ogly?! — Oramyk Setdaryň ogly. — Öz-ä tanyş at — diýdi-de, Polat aga tolgunmakdan ýaňa syr bermän, gürrüňi başga tarapa sowdy. — Bä, täze gelni öýde ýalňyz goýup gaýdyberdim diýýäňmi? Yhlas jan, seni bu gün biz yzyňa-ha goýbermeris. Bizde bolup, irdenjik gaýdyberersiň. Eýýäm öýle, sagadam iki bolupdyr. Barýançagam, ikindine sapar — diýip, ýaşuly çürt-kesik aýtdy. Ulagyň içine ümsümlik aralaşdy. Yhlas öz ýanyndan: «Bä, bu ýaşuly ýüregiňe girip-çykan ýaly-da. Gijä galaryn diýip gaýgy edip gelýärdim» diýip, bilmezlige salyp, ýoluny dowam etdi. Ulag uzak ýoly külterläp barýardy. Çabganyň ýagyp başlamagy ulagyň tizligini biraz peseltmeli etdi. Yhlasyň ýene-de bir biynjalyk bolýan zady: öýde sabyrsyzlyk bilen garaşyp oturan gelni bar ahyry. Çabgaly ýagyş ep-esli wagt hökümini ýöretdi. Olar garaňky gatlyşyberende paýtagtyň çetinden girdiler. Goňşulary bilen obadan toýlap gelenleri yzda galan maşgala agzalary gujak açyp garşyladylar. Yhlas biri-birine uly sarpa goýýan bu goňşularyň ysnyşykly gatnaşyklaryna öz ýanyndan guwandy. Muny aňan Polat aga: — Yhlas jan, ogul, ulagyňy goýulýan ýerde goýupjyk gel, garaşýarys — diýdi. — Polat aga, men bu gün yzyma gaýtmakçydym weli... Polat aga Yhlasyň ikirjiňlenmesine derrew düşündi. — Ýok, ogul, sen bu gün biziň myhmanymyz bolarsyň. Görýäň-ä, howa gaty bulaşdy. Garaňkyň içinde seni yzyňa goýberip, ynjalyp oturyp bilmeris-ä. Dükanlyk işiňem ertirjik bitirip, ýola düşäýersiň-dä. Sen öýüňizdäkiler bilen bir habarlaş. Alada etmesinler. Yhlas näme etjegini bilmedi. Şolbada-da el telefonyna jaň geldi. Gelniniň jaň aýlaýanyny gören Yhlas Polat aganyň ýanynda gürleşmäge ejap etdi. Muny aňan Polat aga bilmezlige salyp, ulagdan düşüren goşlaryny öýe salmak bilen boldy. Gürleşip bolan Yhlas Polat aga ýüzlendi. — Polat aga, siz bilen razylaşmaly bolaýjak ýaly. Kakam: «Giçden soň ulag sürmesin, bolmasa myhmanhana baraýsyn» diýipdir. — Ine, bu başga gürrüň. Ulagyňy goý-da geläý, ogul. Gülşirin daýza çaý-naharyň ugruna çykdy. Emma toýdan bile gelen goňşusynyň aýaly Aýgözel daýza gelniniň eýýäm myhmanlar üçin nahar taýýar edip goýandygyny mälim etdi. Yhlas ýene-de Polat aganyň goňşularynyň bir-birege örän uly hormat goýýandygyna, goňşy arasynda «Gel, okaram, git, okaram!» diýen ajaýyp däbiň dowam edýändigine, goňşuçylyk gatnaşygynyň, nirede bolsaňam, bolup biljekdigine göz ýetirdi. Polat aga, Gülşirin daýzany hemem Yhlasy ýanyna alyp, goňşularynyň gapysyndan ätledi. Yhlasa toý sowgady hökmünde edil Selbiniň getireni ýaly akja köýnegi hemem tahýany peşgeş berdiler. Goňşulardan gelip, öýde çaýyň başynda otyrkalar bolsa, Gülşirin daýza-da seçekli ýaglykdyr bir kişilik köýneklik matany düwünçege salyp, Yhlasa gowşurdy. Polat aga çaýyň başynda öňki gürrüňe gaýdyp gelip: — Be, Yhlas jan, gel-gel Oramygyň ogly bolup çykyşyňy diýsene. Gör-ä bu bolýan zatlary. Çagalykda, goňşy obadanam bolsa, bile okap, ýakyn gatnaşan dostumyň ogly bilen ýigrimi ýyldan gowrak wagtdan soň, gör, nirelerde duşuşmak nesip etdi. Obadan paýtagta gaýdanyma otuz ýyldan gowrak boldy. Ilki-ilkiler kakaň öýe-de gelip giderdi. Ol ikimiz ep-esli ýyllardan bäri görşemzogam. Ejeň, kakaň bilen bir synpda bile okapdyk. Obada ýaşaýarkam, öýüňize köp barardym. Ataň Begli mollumdanam kän gezek ýaşuly maslahatlaryny alandyrys — diýdi. Şol barmana Yhlasyň telefony ýene jyňňyrdady. Kakasy oglundan biynjalyk bolup jaň edýän ekeni. Yhlas ýagdaýyny düşündirensoň, kakasyna bir şatlykly zady buşlaýan ýaly bolup: — Kaka, seni köne dostuň bilen gürleşdirjek — diýdi. Iki dost telefonda ep-esli wagtlap gürleşip, köp zatlary ýatlaşdylar. Gürleşip bolansoňlar, Polat aga Yhlasa hoşallyk bilen garap: — Yhlas jan, kakaň bilen yhlasymyzy gowşuryp, örän begendirdiň — diýdi. — Sizem meni goňşularyňyz bilen ysnyşykly gatnaşyklaryňyzy görkezip haýran galdyrdyňyz. Men-ä özümi edil köneden gatnaşyp gelýän ýakynlarymyň öýünde ýaly duýýan. Indi oba barsaňyz, hökman habar ediň, bizem sizi myhmansöýerligimiz bilen haýran galdyrmaga çalşaly. Onsoňam, çagalyk dostlaryňyz, synpdaşlaryňyz bilen görüşmäge ýörite barsaňyzam bolman durmaz, Polat aga. Meniň-ä indi paýtagta gaýtsam, maşgalamyzy hemem dostuňyzy alyp, göni siziňkä geljegim çynymdyr — diýip, Yhlas ýylgyrdy. — Ine, bu başga gürrüň, ogul. Dogrymy aýtsam, kakaňam göresim gelýä. Nesip bolsa, ýolum düşüp, oba barsam, size hökman bararyn. Ertesi ir bilen Polat aga, Gülşirin daýza hemem olaryň jana-jan goňşulary bilen mähirli hoşlaşan Yhlas, paýtagtdan almaly sowgatlaryny alyp, obasyna tarap ýola düşdi. Jumaberdi ARTYKOW. | |
|
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Gudrat / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
√ Zenan bagty / hekaýa - 06.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |