15:05 Obada / hekaýa | |
OBADA
Hekaýalar
—Sen... gördüňmi? Görmedim diýýäňmi, be? Onda ... gördüňmi? Onam göreňokmy? Be-e, sen nähili adam-how. Paýtagtda ýaşap şeýle adamlar bilen tanyş dälmiň? Olar beýik adamlar ahyryn. Olar obanyň eteginde, açyk tebigatda işleşip ýördüler. Narly mellege suw tutýardylar. Mellege ene ýapdan gelýän salmajygyň gözüni arçansoňlar, suw şeýlebir zymdyrylyp akmaga başlady welin, geçen ýyldan galan hapa-haşal otlarymydyr köne-sana samany-ýandagy syryp-süpläp alyp barýardy. Bu pursada tomaşa etmegiň özi-de duranja hezillikdi. Birhili hut şu çasly akýan suw ýaly, seniňem durmuşda öňüňde peýda bolýan garşylyklary syryp-süpürip, öňe gidesiň gelýär. Göwnüň öz-özünden heýjan tapynyp, durmuşa bolan gyzyklanmaň artýar. Paýtagtda ýaşaýan hem zähmet rugsadyny obasynda geçirmek islegi bilen gelen akýagyzdanhortaň, daşky sypatyndan hakyky intelligentdigi bildirip duran ýigit häli-şindi çuň pikirlere mübtela bolýardy. Bu onuň eline çöpjagaz alyp, öl topraga bir zatlar çyzyşdyryp oturşyndan hem bildirýärdi. Gapdalyndaky ondan on-on bäş ýaş dagy uly bolan hakyky oba adamydy, onuň kellesinde köneräk papagy, egninde güpbüsi bardy, aýagynda-da üsti eplenensoň akjaryp duran köneräk teletin ädigi. Ol diýseň hoş görünýär, ýüz-gözi gülüp dur. Meselem, şäherli ýaly däl. Şäherli birhili tukat hem öň nämädir gaty gahar edene, indem öýkeläp köp wagtlyk dymmak kararyna gelene meňzeş. - Siz birhili garrap dogan ýal-aý. Dünýe bilen seriňiz ýok, edil aýlandyrylyp goýberilen ýaly. Päheý-de welinim, beýle bolmazlar-a. Meniň diýýänlerim türkmeniň beýik artistleridir. Olaryň eýýäm gartaşan bolmaklary gaty mümkin, şeýle gerek. Men paýtagtda okaýarkam, teatra olaryň oýunlaryna sypdyrman barardym. A adyny tutan şahyrlaryma näme diýersiň? A ol kompozitorlara näme diýersiň. Bu-uw, olary günde-günaşa görüp dursaňam bagt ahyryn. Sen bolsa. Päheý-de welin. Obaly dymdy. Şäherliniň ýüzüne garady. Onuň bolsa şol çöp bilen ýer dyrmap oturşy. - Ýeri, sen näme üçin olar bilen tanyş bolmaýarsyň? Päheý-de welinim, ýene-de şahyr boljakmyşyn. Şahyr bolmanjyk geçersiň, adamlar bilen gatnaşygyň şeýle bolsa. - ... - Ýeri, nämä dymýarsyň? Emma şäherli geplemeýärdi. Obaly welin şol gepläp otyr, ine, ol talyp wagtlary haýsydyr bir aktrisanyň teatrdaky keşplerine haýranlar galandygyny gürrüň berdi. Bir aýdymçynyň dagy agzyna-da öýkünip goýberdi hem. Şeýlebir sesini zorrukladyp, misli ýaraly gaplaňy ýatladyp arlaýşyna ariýa aýdandyr welin, sesine hatda obanyň itleri-de ses goşup, bedre kakylýan ýaly wowhuldaşdylar. Muňa şahyr bolasy gelýän ýigit aşak bakyp oturşyna ýylgyryp goýberdi. Obaly bolsa şo-ol gürläp otyrdy, gürläp otyrdy. Ol hatda bir gezek sergä baranyny, suratkeşiň ýanynda durup ýadygärlik surata düşenini hem magtanyp gürrüň bermegi unutmady. Ol ahyry ýadady. Gürrüňlerinden aýňalyp diň gögüne garady. Soň: -- Büýw-w, öýe gaýdaly. Indi bu suwuň özi akar durar şeýdip. Garbanaly -- diýip, üst-başynyň gumuny kakyşdyryp, ör turdy. Şäherli hem ör turdy-da, nämüçindir syrly ýylgyrdy.Obaly onuň ýüzüne geň galyp seretdi: - Nämä ýylgyrýaň? Şäherliden jogap bolmady. Muňa obalynyň girre gahary geldi, ol: - Eý, men saňa diýýän, nämä gülýäň? Näme, agaň, hakykatdanam, meşhur adamlary tanaýandygyna müňkürlik etjek bolýaňmy? -- diýdi. Şäherli: – Ýok-how, ýok, ynanýan. Ýöne... - Ýöne? Näme ýöne? - diýip obaly onuň ýüzüne çiňňerildi. - Ýeri, bolýa-laý, men ýöne ýylgyrdym goýberdim. Obaly hüňürdedi, öýkeledi, yzlaryna gaýdyşyn bir agyzam gürlemedi, ýeňsesini tüňňertdi geldi. Şäherli öňräkden barýan agasyna nebsagaryjylykly garap barşyna pikir etdi: "Ýeri, men munuň ýaňky adyny tutan adamlarynyň ählisini tanaýandygymy, ýöne obany çakdanaşa küýsändigimi nädip düşündireýin". Hemraguly HUDAÝGULYÝEW | |
|
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Pikirdeş / hekaýa - 21.07.2024 |
√ Aýňalan adam / hekaýa - 28.08.2024 |
√ Время для любви / рассказ - 02.12.2024 |
√ Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024 |
√ Ene keýik / hekaýa - 13.12.2024 |
√ Gumly gelin / hekaýa - 08.12.2024 |
√ Men şu gün gyz boljak / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Seniň baryňda / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |