09:53 Mukam mülküniñ bagbany | |
MUKAM MÜLKÜNIÑ BAGBANY ■ Akkordeonly aýdymçy Ol hakynda, onuñ aýdym-sazlary hakynda 60-70-nji ýyllaryñ nesli has anyk aýdyp biler. Men onuñ özüni has ýakyndan tanaýanlygym, döredijiligine-de beletligim üçin turuwbaşdan bir zady nygtamakçy. Ol-da, ussat kompozitoryñ döreden-u-ýerine ýetiren aýdym-sazlarynyñ şol ýyllaryñ durmuşyna özboluşly bezeg berendigi belli. Onuñ aýdym-sazlaryna aýratynam ýaşlar aşykdy. Diýarymyzyñ çar künjünde onuñ mylaýym owazynh diñlemedik ýokdur. ■ Aýdym-saz türkmeniñ ganynda ýaşaýar Türkmeniñ bihal zady ýok. Biz muña Garaşsyz il bolup, Bitarap ýurt bolup düşündik. Türkmeniñ medeniýetiniñ, taryhynyñ beýikligine akyl ýetirişimiz ýaly, saz mukamymyzyñ hem umman ýaly giñdigine, derýa kimin batlydygyna buýsanýarys. ■ Mämi Çaryýew kim? ...Halk içinde "akkordeonly aýdymçy" diýen at bilen tanalýan Mämi Çaryýew 1940-njy ýylyñ 12-nji ýanwarynda Baýramalynyñ Ýalkym obasynda dogulýar. Ol 1956-njy ýylda respublikan gözden geçirilişinde çykyş edip, A.Gulmämmedow, M.Kulyýewa, D.Öwezow, G.Japarow, A.Esadow ýaly ussatlaryñ uly bahasyna mynasyp bolýar. Şonda kompozitor Dañatar Öwezow ýaş aýdymça sazçylyk uçilişesine okuwa girmegi maslahat berýär. Mämi Çaryýew 1960-njy ýylda Aşgabatdaky sazçylyk uçilişesini tamamlap, Moskwadaky medeniýet institutynyñ hor dirižýorlaryny taýýarlaýan bölümine okuwa girýär. Okuwyny üstünlikli tamamlap, ol Türkmenistana dolanýar. ■ Türkmen estradasynyñ aksakaly Ellinji we altmyşynjy ýyllaryñ sepgidi türkmen aýdym-saz sungatynda estrada görnüşiniñ dörän döwrüdir. Bu görnüşiñ il içinde uly söýgä eýe bolmagynda ummasyz köp zähmet siñdirenleriñ hatarynda kompozitor Mämi Çaryýewe aýratyn orun degişli. Has dogrusy, ol ilkinji bolup akkordeon saz guralynda saz çalyp, aýdym aýdyp başlady. Belli kompozitor Çary Nurymow onuñ täze başlangyjyna syny oturyp, şeýle diýipdi: "Türkmen halk aýdym-sazlary bilen täze estrada sazlarynyñ arasyndaky köpri". ■ Kämillige uzalan ýollar Kompozitor hem aýdymçy Mämi Çaryýew türkmen professional aýdym-saz äleminde iñ bir öndümli işlän we işleýän adam hökmünde tanalýar. Ol segsenden agdyk aýdym-sazyñ hem awtorydyr. Dürli temalardan döredilen hem bolsa, onuñ eserlerinde, esasan, Watana, ene topraga perzentlik söýgüsi, halal zähmetiñ waspy ýañlanýar. Kompozitoryñ bütin döredijiligi durmuşy, adamlary, tebigatyñ hem ýaşaýşyñ gözelligini wasp edýär. Mämi Çaryýewiñ saz äleminde şatlyk, bagtyýarlyk, geljege bimöçber ynam duýgulary gaýnap joşýar. Saz muşdaklarynyñ nämüçin düýnem, şu günem teşne bolýandygynyñ syry hem şundadyr. Çünki Mämi Çarynyñ çeşme kibi dury hem joşgunly aýdym-sazlary diñleýjini birjigem gussa batyrmaýar, tersine, onuñ göwnüni galkyndyryp, ruhuna ruh goşýar. Kompozitor gam-gussany ret edýär, "Seret, ýaşamak neneñsi uly bagt. Şeýle bagtyñ gadyryny bil" diýýär, adamlary ynsanperwerlige, bir-birege mähremlige, dünýädäki iñ gowy tutumlara çagyrýar. ■ Ylhamlara ganat bekleden Garaşsyzlyk Garaşsyzlyk zamanasynyñ tenekar şemaly ussat aýdymçy kompozitoryñ hem döredijilik ylhamyma ganat bekledi. Ol mukaddes ýurt Garaşsyzlygyna, Saparmyrat Türkmenbaşa bolan buýsanjyny ajaýyp aýdym-sazlarynyñ üsti bilen halkymyza ýetirdi. Ol şahyrlarymyzyñ goşgularyna "Alkyş saña, Serdarym", "Galkyn, türkmenim", "Serdaryñ ýüregi", "Serdaryñ heýkeli", "Türkmenbaşynyñ binýady" ýaly onlarça aýdym-sazlary döretdi. Mahmal labzyñ bilen başlanda nama, Mydam özüñ tutup sadadan-sada, Ýaz ýaly sen, degişmäñ bar, şortañ bar, Hemra HUDAÝGULYÝEW. ____________________________________________ Bellik: makala kem-käsleýin gysgaldylyp alyndy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |