12:26 Edebiýat: Döwürlerden döwürlere | |
EDEBIÝAT: DÖWÜRLERDEN DÖWÜRLERE
Edebiýaty öwreniş
Antik edebiýat Antik edebiýat diýip gadymy Gresiýanyň we gadymy Rimiň edebiýatyny atlandyrýarlar. “Antikus” diýen söz “gadymy” diýmegi aňladýar. Aslyýetinde Müsüriň, Wawilonyň, Hytaýyň edebiýaty grek-rim edebiýatyndan has gadymyrakdyr, ýöne Ýewropanyň halklary uzak wagtyň dowamynda Gündogar medeniýetinden bihabar galansoňlar, grek-rim medeniýetini iň gadymy hasap edipdirler. Gadymy Gresiýanyň edebiýaty rim edebiýatyndan öň kemala gelipdir. Onuň esasynda halk döredijiligi ─ mifer we rowaýatlar ýatýar. Diňe bir Gomer däl, eýsem, Eshil, Sofokl, Ewripid, Aristofan ýaly bütin dünýä meşhur grek ýazyjylary öz eserleri üçin ýordumlary miferden susup alypdyrlar. Gadymy Gresiýada ajaýyp liriki şygryýet döräpdir. Rim edebiýaty grek edebiýatynyň esasynda kemala gelip, onuň däplerini dowam etdiripdir. Antik edebiýatda häzirki zaman ýewropa edebiýatynyň tragediýa, komediýa, poema, roman, satira ýaly ähli görnüşleri kemala gelipdir. Antik edebiýaty diňe bir žanrlaryň köpdürlüligi bilen dälde, eýsem formanyň haýran galdyryjy kämilligi bilende tapawutlanýar. Okyjylar, ýazyjylar, alymlar henize bu güne çenli antik ýazyjylaryň ussatlygyna haýran galýarlar. Antik edebiýatyň pikir gory uzak wagtlap ýewropaly edebiýatçylar üçin ylham çeşmesi bolup geldi, ol hatda bu günem ýewropa edebiýatyny “iýmitlendirmegini” dowam edýär. Mahlasy dürli eýýamlaryň ýewropa edebiýaty antik edebiýata gönezlik we nusga hökmünde ýüzlenip gelýär. Bu işde her bir döwür–eýýam ondan özi üçin ruhdaş gelýän pikirleri we ýordumlary saýlap alypdy. Antik edebiýat, esasan, Gaýtadan döreýiş eýýamynyň edebiýatyna we klassisizm döwrüniň edebiýatyna (XVII as.) güýçli täsir edipdir. Bir söz bilen aýdylanda, antik edebiýatyň keşpleri, mowzuklary we ýordumlary henize çenli ýazyjy şahyrlaryň eserlerinde, ussat suratkeşleriň nakgaşlyk işlerinde, heýkeltaraşlaryň we kompozitorlaryň döredijiliginde duş gelýär. Irki orta asyrlar edebiýaty Ýewropa edebiýaty öz gözbaşyny biziň eýýamymyzyň IV-V asyrlaryndan – Rim imperiýasynyň dargap, ýewropa halkyýetleri, dilleri we döwletleri döräp ugran döwründen alyp gaýdýar. Bu edebiýat Orta asyrlar edebiýaty diýlip atlandyrylýar. Uzak wagtlap orta asyrlaryň ýazuw edebiýaty diňe latyn dilinde bolupdyr. Emma halk latyn dilini bilmänsoň, öz aýdymlaryny, ertekilerini, rowaýatlaryny döredip başlapdyr. Ýewropa halklarynyň öz hat ýazuwy ýüze çykyp ugranda, bu halk döredijiligi eserleri ýazuwa geçirilipdir. Halk aýratyn hem gahrymançylyk baradaky poemalary gowy görüpdir. Şeýle poemalaryň biride – “Roland hakynda aýdym” bolup, ol Fransiýada düzülipdir. Ispaniýada “Meniň Sidim” atly poema döräpdir. Feodallar öz agalygyny näçe berkitdigiçe, orta asyrlar edebiýaty hasda kaşaň, dabaraly mazmuna eýe bolupdyr. XII-XIII asyrlarda şahyrlar baý jenaplaryň köşklerinde gullukda durupdyrlar. Olar barly hanymlara bagyşlap goşgularydyr aýdymlary döredipdirler. Öz söýýän gyzy üçin gahrymançylyk görkezmäge ýola düşýän rysarlar baradaky romanlar döräp başlaýar (Serwantes özüniň “Don Kihotynda” şeýle romanlary ýaňsa alypdyr). Bu goşgular, aýdymlar we romanlar köphalatda öz formasy boýunça nepis, mazmuny boýunça inçe, liriki bolmak bilen, rysar edebiýaty diýen ady alypdyr. XII asyrda, ýagny Ýewropa ýurtlarynda şäherler ösüp ugranda, şäher edebiýaty döräp başlapdyr. Onda akylly we düşbi şäherliler hemde daýhanlar barada gürrüň berlipdir, olar ugurtapyjylyk bilen akmak senorlary hem husyt ruhanylary – poplary aldapdyrlar. Basnýalar, hekaýalar, sahnajyklar şäher edebiýatynyň söýgüli žanrlarydyr. Emma halk edebiýaty ýitip gitmändir, öz ösüşini dowam edipdir. Köplenç, halk içinde ajaýyp eserler hem döredilipdir. Mysal üçin, XIII – XIV asyrlarda Angliýada Robin Gud baradaky balladalar we aýdymlar döräpdir. Orta asyrlar eýýamynyň edebiýatynyň iň ajaýyp nusgalary gündogar ýurtlarynda – Hytaýda, Hindistanda, Parsystanda hem döräpdir. Gaýtadan döreýiş eýýamynyň edebiýaty Gaýtadan döreýiş eýýamy köpsanly ýurtlaryň hersinde tapawutly wagt aralygyny öz içine almak bilen XV we XVI asyrlary gurşap alýar. Bu eýýam Italiýada XV asyrda başlanýar. Bu halkyň azatlyk isläp feodallara garşy göreşe çykan döwri bolupdyr. Şäherler gülläp ösüpdir, söwda janlanypdyr, buržuaz gatlak kemala gelip başlapdyr. Adamzada täze ýerleri açmaga mümkinçilik beren alys-uzak ýerlere syýahatçylyk gülläp ösüpdir, täze ýerleriň, topraklaryň açylmagy bolsa adamlardan batyrgaýlygy, töwekgelligi talap edipdir. Adamlara baky dünýe barada wada berýän we bu dünýäde takdyra boýun sunmaga çagyrýan kilisäniň garşysyna açaçan çykyş edýän adamlar köpelipdir. Täzeçe garaýyşly adamlar kilisäniň wagyz edişi ýaly dälde, eýsem düýbünden başga pikir edipdirler, olar zemindäki iň gymmatly baýlyk adamdyr, ynsan bu dünýädäki ömrüni manyly we bagtly ýaşamaga çalyşmalydyr diýip nygtapdyrlar. Bu adamlar gumanistler diýlip atlandyrylypdyr (gumanis – latynça ynsanperwer). Gumanist ýazyjylar we suratkeşler öz sungatyny ynsana bagyşlapdyrlar, olar adamy öwrenipdirler we ony dogruçyl suratlandyrmaga ymtylypdyrlar. Öz pikirlerini wagyz etmekde gumanistler ajaýyp hem güýçli ynsany wasp eden antik sungaty, antik edebiýaty goldanypdyrlar. Olar göýä antik edebiýata täzeden jan beren ýaly hem bolupdyrlar. Şol ýerdenem bütin eýýamyň ady – Gaýtadan döreýiş gelip çykypdyr. Gaýtadan döreýiş eýýamy zehinli adamlaryň, beýik suratkeşleriň, akyldarlaryň birgiden neslini döredipdir. Italiýada Leonardo da Winçi, Mikelanjelo, Rafael, Dante, Petrarka, Bokkaçço, Fransiýada Rable, Ispaniýada Serwantes we Lope de Wega, Angliýada Şekspir we ýenede köp sanly ussat döredijilik wekilleri ösüp ýetişipdir. Köp halatda olar ösen aň-düşünjeli, dürli ukyp-başarnykly adamlar bolupdyr. Bu babatda Leonardo da Winçini agzamak hem ýeterlikdir, ol suratkeş, heýkeltaraş, ýazyjy, mehanikaçy we matematik bolupdyr. XVII asyryň edebiýaty. Klassisizm Klassisizm edebiýaty XVII asyry, şeýle hem XVIII asyryň başlaryny öz içine alýar. Klassisizmiň ýazyjylary edil Gaýtadan döreýişiň wekilleri ýaly, özleri üçin nusgany antik edebiýatdan gözläpdirler. Emma klassisizm antik edebiýatdan diňe daşky formany saýlap alypdyr. Klassisizmiň ýazyjylary edebi eserler üçin hökmany hasap edilen birgiden kanunlary döredipdirler. Olar antik edebiýata öýkünmek bilen, öz eserleriniň gurluşynda gelşiklilige-syratlylyga we berk düzgünlilige uly ähmiýet beripdirler. Antik edebiýatyň, şol sanda Gaýtadan döreýşini wagyz eden esasy pikirleriniň biri bolan adamyň gymmatlylygyna bolan ynam klassisizmiň wekillerine mahsus bolmandyr. Klassisizm aýratyn hem Fransiýada uly ösüşe eýe bolupdyr. Ol wagtlar çäksiz häkimlige eýe bolan fransuz korollarynyň, aýratyn hem Lýudowik XIV bütin döwletiň merkezine öwrülen we öz köşgüniň durmuşyny kaşaňlyga beslän döwürleri ekeni. Soňsuz köşk baýramçylyklary, tomaşalary dramaturgiýanyň ösüşine ýardam edipdir. Beýik fransuz ýazyjylary Kornel we Rasin bir-biri bilen bäsleşip, yzly-yzyna tragediýa döredipdirler. Absolýutizm klassisizm edebiýatyna belli bir derejede çäklilik girizipdir, ýagny ýazyjylardan korolyň häkimiýetini wasp etmegi we onuň berkemegine ýardam etmegi talap edipdirler. Klassisizm döwründe iň janly we erkin görnüş komediýa bolupdyr. Ol korollary we welmojalary dälde, eýsem ýönekeý adamlary kemçilikleri hemde artykmaçlyklary bilen suratlandyrypdyr, komediýa görnüşi jemgyýetdäki nogsanlyklaryň üstünden gülmek üçin ýygy-ýygydan ýiti satirany hem ýarag edinipdir. Klassisizmiň ajaýyp komediýaçysy Molýer bolupdyr. Ol klassisizmiň düzgünlerini, kada-kanunlaryny halk teatrynyň däpleri bilen ussatlarça sazlaşdyryp, halk gahrymanlaryny sahna çykarypdyr. Magaryf eýýamynyň edebiýaty XVIII asyryň edebiýaty Magaryf eýýamynyň edebiýaty diýip atlandyrylýar. XVIII asyrda Ýewropa ýurtlarynda buržuaz jemgyýet kemala gelýär. Angliýada buržuaz gatlak eýýäm syýasy güýje eýe bolýar, Fransiýada bolsa buržuaziýa häkimlik üçin monarhiýanyň we dworýanlygyň garşysyna göreşýär. Magaryf şol wagtky ýaş buržuaz jemgyýetiniň arzuw-umytlaryny şöhlelendirýär. Magaryfyň ýazyjylary, ýagny magaryfçylar “Indi adamzat aň-bilimiň, haýryň we adalatyň döwrüne gadam basýar” diýip ynanypdyrlar. Olar kilise bilen göreşip, ähli raýatlaryň kanunyň öňünde deňligini talap edipdirler. Magaryfçylyk, esasan hem, Fransiýada─buržuaz rewolýusiýanyň bosagasynda duran ýurtda has tutanýerlilik görkezipdir. Magaryfçylar durmuşy dogruçyl we tankydy nukdaýnazardan görkezmäge çalşyp, realizme ymtylypdyrlar. Bu eýýamda satira çynlakaý ösüşe eýe bolup, onuň “ýiti naýzasy”, magaryfçylaryň öz aýdyşy ýaly, aň-paýhasyň talaplaryna laýyk gelmeýän durmuş hadysalaryna hemde wakalaryna gönükdirilipdir. Magaryfçylar ilkinji nobatda edebiýatyň pikir mazmunyna ähmiýet beripdirler, oňa döwürdeşleri täze ruhda terbiýelemegiň ýaragy hökmünde garapdyrlar. Olar teatra we dramaturgiýa uly üns beripdirler, sebäbi teatr magaryfçylara täze ideýalary müňlerçe tomaşaçylara ýetirmäge mümkinçilik beripdir. Magaryfçylaryň buržuaz jemgyýeti gurmak barada umytlary taryhyň mundan buýanky gidişinde durmuşa geçmändir, ýöne olaryň gadymy feodal dünýäni täzelemekdäki hyzmaty biçak uludyr. Magaryf eýýamy Fransiýada Wolter, Didro, Russo, Bomarşe, Angliýada Swift, Defo, Germaniýada Lessing, Italiýada Goldoni ýaly ajaýyp ýazyjylary dünýä beripdir. Emma XVIII asyryň ýazyjylarynyň ählisi magaryfçylar bolmandyr. Olaryň käbiri, köp halatda has tanymallary (mysal üçin, Gýote, Şiller) Magaryf edebiýaty bilen öz döredijiliginiň käbir taraplary babatda baglanyşykly bolupdyrlar, käbir tanymal ýazyjylar bolsa öz döredijiliginde magaryfçylara garşy çykypdyrlar. XIX asyryň edebiýaty XIX asyr edebiýatynda iki sany esasy akym saýlanyp orta çykýar: romantizm we realizm. Bu iki akymyň tas bir wagtda dörändigi we ösüp başlandygy üçin olar bir-birinde aýdyň yz goýupdyrlar. Bu, esasan hem, XIX asyryň birinji ýarymyna degişlidir: romantik ýazyjylaryň köpüsiniň (Walter Skottyň, Gýugonyň, Žorž Sandyň) döredijiligi realistik häsiýete eýe bolup, şol bir wagtda realist ýazyjylaryň (Stendal, Balzak, Merime) döredijiligi özüne belli bir derejede romantizmiň pikirlerini siňdiripdir. Emma ol ýada beýleki ýazyjynyň döredijiligini bütinleý romantizme ýada realizme degişli etmek kyn bolýar. Diňe XIX asyryň ikinji ýarymynda romantizm öz ornuny realizme berýär. Romantizm 1789njy ýyldaky fransuz buržuaz rewolýusiýasy bilen baglydyr. Ilkibadalar romantikler rewolýusiýany gujak açyp garşylapdyrlar we täze buržuaz jemgyýete uly ynam baglapdyrlar. Hut şu ýerden hem romantikleriň eserlerine mahsus bolan şatlykly hyýalkeşlik, arzuwçyllyk äheňi gelip çykýar. Emma tizara rewolýusiýanyň döwürdeşleriň bildiren umytlaryny puja çykarandygy, ynamy ödäp bilmändigi aýdyňlaşypdyr. Adamlar wada berlen azatlygy hem, deňligi hem almandyrlar. Adamlaryň ykbalynda aslyýetinde olary gula öwren maddy baýlyk – pul uly ähmiýete eýe bolupdyr. Kim baý bolsa, onuň üçin hemme ýollar açylypdyr, garyplaryň takdyry bolsa, şol öňküsi ýaly agyrlygyna galypdyr. Pul-baýlyk ugrunda elhenç göreş başlanypdyr, adamlar ýeňil baýamagyň ýollaryny gözläpdirler. Bu romantiklerde uly göwnüçökgünlik döredipdir. Olar täze pikirleri gözläp ugrapdyrlar – kimler geçmişe ýüzlenip, ony ideallaşdyrypdyr, has progressiw pikirliler bolsa, öz eserlerinde ümürdäki ýaly aýdyň bolmadyk gelejege ýüzlenipdirler. Bu günki durmuşdan nägilelik, nähilidir bir täzelige garaşmak, adamlaryň arasyndaky gatnaşyklary nusgalyk edip görkezmek, güýçli häsiýetleri beýan etmek romantizm üçin mahsus alamatlardyr. Adamzadyň iň oňat jemgyýeti gurup biljek ýollaryny bilmänsoňlar, romantikler köplenç ertekä (Andersen) ýüz urupdyrlar, halk döredijiligi bilen gyzyklanypdyrlar we seýrek bolmadyk halatda oňa öýkünipdirler (Longfello, Miskewiç). Romantizmiň Baýron ýaly iň görnükli wekilleri bolsa, göreşi dowam etmäge, täze rewolýusiýa çagyrypdyrlar. Realizm, romantizmiň tersine, köplenç şu günki gün bilen gyzyklanypdyr. Öz eserlerinde şu günki durmuşy mümkin boldugyça doly şöhlelendirmek islän realist ýazyjylar wakalara we gahrymanlara baý bolan romanlary döredipdirler. Olar öz romanlarynda şol döwre mahsus bolan wakalary beýan etmäge ýykgyn edipdirler. Eger romantikler haýsydyr bir ajaýyp şahsy sypatlary, häsiýetleri bolan we daş-töweregindäki adamlardan düýpgöter tapawutlanýan gahrymanlary suratlandyrmaga ýykgyn eden bolsalar, realistler tersine, öz gahrymanlarynda adamlaryň köpüsine, ol ýa beýleki synpa, ýada sosial topara degişli bolan adamlara mahsus bolan häsiýetleri beýan etmäge çalşypdyrlar. Realistler buržuaz jemgyýeti ýok etmäge çagyrmandyrlar, emma olar ony ýüz görmän, dogruçyllyk bilen tankyt edipdirler, şonuň üçin XIX asyryň realizminiň adatça tankydy realizm diýlip atlandyrylyşy ýörgünlidir. XX asyryň edebiýaty Russiýada XX asyryň başlarynda Oktýabr rewolýusiýasynyň üstün çykmagy dünýäde iki sany gapma-garşy syýasy lageriň döremegine getirýär. Bu bolsa, elbetde, öz nobatynda dünýä edebiýatynda hem bir-birine çapraz edebi garaýyşlaryň garşylygyna täzeçe mazmun berýär. Şeýle hem, geçen asyryň edebiýatynda faşizme garşy göreş mowzugy görnükli orun eýeleýär. Progressiw edebiýat dünýäniň halklaryny faşizmiň garşysyna göreşe çagyrýar we faşizmden üstün çykylmagyna ýardam edýär. Şol sanda türkmen ýazyjylary hem bu döwürde faşizme garşy eserleri arkaly işjeň çykyş edýärler. XX asyryň aýaklarynda SSSR-iň ýykylmagy bilen şertlendirilen we tehniki gazanylanlaryň gülläp ösmegi netijesinde dünýä edebiýatynda hem uly özgerişlikler bolup geçýär. Göräýmäge, hakyky edebiýatyň öz ornuny “köpçülikleýin medeniýet” diýlip at berlen täze ugra berendigi barada pikirler barha köp orta atylyp, edebi çekişmeleriň we jedelleriň döremegine sebäp bolýar. Çeper edebiýatyň käbir ussat wekilleri detektiw häsiýetli eserleriň barha köp neşir edilip, hakyky edebiýatyň okyjysynyň azalýandygyndan nägilelik bildirýärler. Olar bu edebi eserlere “Aňsat okalýan edebiýat” ýada “Mähelle edebiýaty” hökmünde baha berýärler. Emma XXI asyryň başlarynda dünýäniň aglaba ýurtlarynda edebiýatda we sungatda täze hadysanyň göze ilýändigini belläp geçmek hökmanydyr, olda dünýä edebiýatynda hakyky edebi eserlere gyzyklanmanyň köpçülikleýin häsiýete eýe bolýanlygydyr. Ýurtlaryň aglabasynda edebi žurnallaryň sany köpelýär we olar öz okyjylarynyň sanyny artdyrýarlar. Adamlara estetiki terbiýe berýän, ýaş nesillerde oňat ahlak sypatlaryny kemala getirmekde belli bahasy bolmadyk eserleriň sany hem gitdigiçe artmak bilen. Bu işde okyjylarda ruhubelentligi, belent adamkärçilik duýgularyny terbieýelemäge niýetlenen çeper eserleriň ýazarlaryny, şol sanda ýaş ýazyjy-şahyrlary höweslendirýän edebiýat baýraklarynyň hyzmaty iňňän uludyr. Muňa mysaly daşdan gözlemeli däl. Täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde ýurdumyzyň edebiýatçylaryny, şol sanda döredijilige ýaňy gadam basan ýaşlary höweslendirmeklige uly ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň her ýyl yglan edýän “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşigi, şeýle hem ýurdumyzyň “Milli Galkynyş” hereketine girýän jemgyýetçilik guramalary tarapyndan yzygiderli yglan edilýän dürli edebiýat bäsleşikleri muňa aýdyň mysal bolup biler. Taýýarlan: Hemra Hudaýgulyýew "Dünýä edebiýaty" žurnaly 2/2011 | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |