16:44 Syganlar we men / hekaýa | |
SYGANLAR WE MEN
Hekaýalar
"Ýewropada kyrk million, Orsýetde bir million sany sygan ýaşaýar.” Muny nirdendir bir ýerden ýa eşiden, ýa-da okan bolmaly, ýandepderçäme belläp alypdyryn. Belläpdirin, undupdyryn. Ýene bir jümle bar eken aşagrakda: "Olar sergezdanlygy milli häsiýeti hasaplaýarlar”. Sygan görmändim. Oglankak, jigim bilen uzakly gün oýna güýmenip, ajygyp öýe dolananymyzda ejemiň: "Sigän ýaly nirede entäp ýörsüňiz?” diýip, käýinýäni bolaýmasa, syganlar bilen dahylly ýeke ýatlama-da ýok. Soň ýaşlyk ýelgini elime galam berdi. Ýaş adam hyýalkeş bolar eken, ýol barada "Men ýola giderin, ýola giderin” diýen kysmy badyhowa, hyýalbent goşgular ýazdym. Sebäbimi, sebäbi, kalbym boz sährada rahatlyk tapmady, gitsem, ýurt görsem, jahanyň müňdebir täsinlgi bardyr, milletler ne ýaşaýar, näme iýip-içýärler, hasratlary nä, şatlyklary nä. Arzuwlarymdan göwnüm joşup, gözüm ýaşa dolýardy.Ýaz agşamlary telärde ýyldyzlary synlap ýatyşyma, "Äleme seýil-seýran etsemdim, dünýelerde düşlesemdim” diýen hyýal bilen uklap galýardym. Göwün göwrä sygýarmy nä, göwün göwrede takat tapmasa, ynsanda ne günä?! Ýandepderçäme ýene bir jümle bellenipdir, undulypdyram: "Dünýe dursa, sygan sergezdanlyk eder, sygan sergezdanlyk etse, dünýe durar”. Gadymy sygan nakyly”. Diýmek, ol millet şeýle millet eken. Emma men sygan däl, sergezdanam däl. Ýalan sözläp nädeýin, men bir öýdeçil. Ýolum öý-iş arasy. Ýola gitmek hyýalymam çagakam süren tigrim ýaly undulypdyr. Ýoluň hysyrdylaryny, peteklerini, dyknyşyklaryny, sumkalaryny, irkiljiremelerini söýmeýarin. Emma menem birazajyk sergezdan. Sergezdanlygy ruhumda gurnadym. Her gün ruhumda, pikirlerimde azaşýaryn, her gün ruhumdan, oý-hyýallarymdan özümi tapýaryn. Ruhumdaky älemlerde, ruhumdaky barlyklarda sergezdan men. | |
|
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Bars balasy / hekaýa - 09.12.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Obada / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |