15:10 Martyň bir güni / hekaýa | |
MARTYŇ BIR GÜNI
Hekaýalar
Adamsy işden şähdaçyk dolandy. Aýaly muňa begendi. Ol dört ýaşly körpe ogluny asmana oklap-gapyp duran kyrk ýaşlaryndaky adamsyna orta ýaşan zenanyň aýdyň hem mähirli garaýşy bilen bakyp durşuna, hyýalynda özleriniň ykballaryny çatan ilkinji günlerinden bäri deň çekişen hem şatlykly, hem şowsuz günlerini ýatlady. Ynsan hakydasy gaty geň zat, ol uzak ýyllaryň dowamynda bolup geçen wakalaryň ählisini sähel salymda edil kino lentasy ýaly görkezip berýär. Üstesine aýal ýadynyň ýiti bolýandygyny hem nazarda tutsaň. Hakykatdan hem, ýatlara zat ýeterlik eken. Gör, adamsynyň onuň göwnüne degen pursatlary az bolmandyr, hatda birnäçe günläp gepleşmän hem gezerdiler. Emma wagt geçdigiçe, bu erkek kişiniň häsiýetinde ýumşaklyk, köp zatlara kaýyllyk, oňňutlylyk mäkäm ornaşdy, öňki erkek badyhowalygy, men-menligi öçügsileşdi. Megerem, ol öz şowsuzlyklaryny (olar bolsa az bolmandy) deň çekişeniň ýeke-täk şu zenan bolandygy üçindir. Aýal o diýen görmeklem däldi, göräýmäge görmeksizem, ýöne onda nähilidir bir özüne çekijilik bardy. Ýeri bolýa-la, bu hakda gürläp nädersiň, aýal üçin häzir iň esasy zat - erkegiň çagasyny öýüň ortasynda gülçyra ýetiräýjek-ýetiräýjek bolup bökdürip duranlygynda! Oglanjyk jykyr-jykyr gülýärdi. Ahyry erkek kişi oglunyň ýaňaklaryndan taýly gezek öpüp, ony ýerde goýdy-da aýalynyň ýüzüne ýylgyryp garady. - Geldiňmi? - diýip ummasyz mähir eçilip ýüzlenen aýalyna egnindäki paltunyny çykaryp uzadyp durşuna: - Hawa, geldim. Ýeri nähili, otyrsyňyzmy? - diýip ýüzlendi. - Hawa, eşikleriňi çalşyr, naharyň taýýar - diýip, aýal gapa ýöneljek boldy. Emma adamsy onuň elinden ýapyşyp, diwanda çökdi-de: - Hany, otursana - diýdi. - Ýeri, näme? - aýaly näz bilen oňa dikanlap seretdi. Hiç zat. Ýöne keýpine - diýip adamsy ýylgyryp oturşyna aýalynyň ýüzüne ilkinji gezek synlaýan ýaly siňe-siňe seretdi. - Ýeri, bolýa-la, aýdaýsana. Bir gowy habaryň-a bar ýaly. - Ýok-la, näme habar bolsun. Öňki-öňkülik. Men ýöne şu gün ähli zat barada pikir etdim... Erkek kişi dymdy. Gözlerini bir nokada dikip esli oturdy. Aýaly ony çalaja yralady. - Hä? - Erkek pikirlerinden aýňalyp oňa geň galýan ýaly seretdi: - Näme? - Sen näme şadyýan diýýän? Ýa işiňde dagy... - Işmi? Iş gowy-la, iş gül ýaly-la. - Onda nämä şatlanýaň? - Ýöne keýpine. Men şu gün siz barada pikir etdim. - Nähili pikir? Biz hakda? Düşünmedim. - Men siz barada ýolda pikir etdim welin, birden özümi gaty bagtly duýdum. Şeýlebir bagtly duýdum, men bagty başga zatdadyr öýdüp ýördüm diýdim içimden, ine, bagt meniň ýanjagazymda eken-ä diýdim. Onsoň öýe ýetmäge howlukdym. Hatda orta ýolda, duralgada awtobusdan düşdüm-de, taksili gaýtdym, tizräk sizi göresim geldi. - Be-e, şeý diýsene. Men bolsa... Aýal tukatlandy. - Ýeri näme boldy? - adamsy onuň ýüzüne ýylgyryp seretdi. - Ýok, ýöne - diýip zenan tasanjyrady. Onuň näz edişini synlap erkegiň hyýalynda bu zenanyň bir wagtky, ýaňy gelin bolup gelen ýyllaryndaky näz-kereşmeleri oýandy. Bu zenan ol wagtlar gaty owadandy, ýylgyranda ýaňaklarynda çukanajyklar peýda bolýardy. Birdenkä erkegiň geçen günler üçin hykga damagy doldy-da, bir zat bokurdagyna tegek boldy. Ol zordan özüni ele aldy-da, dyzyna ýaplanyp duran oguljygyny gujagyna aldy, dyzynda oturdyp: - Pälwan oglumdyr bi, ulalanda meniň başarmadyk işlerimi başarar - diýdi. Aýaly kellesini erkegiň egnine goýup, jykyr-jykyr gülýän oguljygyna seredip oturşyna hyýalyny alyslara atardy. Adamsy ondan ýene: - Näme boldy? - diýip sorady. Ýok-la, ýöne-diýip aýal pessaý ses bilen parahat jogap berdi. Aýalyň birdenkä nämüçindir gözlerini ýumasy geldi. Ol şeýle etdem. Ogly bilen güýmenip oturan erkek birhaýukdan soň aýalyna seretse, ol birgeňsi ýylgyryp uklap ýatyrdy. Erkek kişi bolsa, kellesini döşüne ýaplap, sessiz-selemsiz oturan oglunyň mele gulpakly başyndan öpdi. Daşarda bolsa edil bedreden guýulýan ýaly bolup mart ýagşy ýagýardy... Hemraguly HUDAÝGULYÝEW. | |
|
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Gudrat / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Iki daragt / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Obada / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
√ Mint / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |