23:52 Pikir gahatlygy | |
PIKIR GAHATLYGY
Teatr we kino sungaty
...Arada telewizorda Golliwudyñ filmleriniñ birine tomaşa etdim. Ynanaýyň, häzir hatda filmiň ady hem ýadyma düşenok. Şeýle boldy, film üçin sarp eden wagtyma ökündim. Filmde baş roly Golliwudyň meşhur ýyldyzlarynyň biri yerine yetiripdir. Umuman, soňky ýyllarda kinoda pikir gahatlygy mese-mälim duyulýar. ... Bir jenayat işi derňelmeli. Maglumat üçin: Baş gahrymanyň maşgala durmuşy paşmandyr, ýeke ýaşaýar. Küýi-köçesi jenayatkäri tapmak. Işde başlygy ony erbet görenok. Emma Federal derňew edarasy (FBR) diýen ýaly ýokary gullugyň badyhowa işgärleri peýda bolýar-da, ondan derñew işini özlerine geçirmegi, bu işe burnuny sokmazlygy talap edýärler. Gahryman, elbetde, garşylyk bildirýär. Emma döwi deň däl. Ol gaharlanýar, ahyry öýkeläp, poliseý şahadatnamasyny başlygynyň öňüne taşlaýar. Oña, "Sen şunça ýyl işlediň, gitme. Biz sensiz oňup bilmeris" diýip, ýalbar-ýakar edýärler, Emma ol "Hakykatdanam, men şunça ýyl işläpdirin. Indi dynç alasym gelýär." diýýär-de, Aziýanyň bir yerlerindemi, Meksikadamy ýaşaýan dostunyňka gidýär. Ynha, ol balyk tutup ýör. Dosty bilen deňiz ýakasynda piwojyk süzüp, dynç alyp otyr. Yzynda bolsa, jenaýatçy bolmajysy bolup, şähere ot ýakdyranok. Ol eýýäm özüne toparjygam tutunyp ýetişipdir. Olary FBR-de, poliseýler-de ele salyp bilenok. Ahyry biziň baş gahrymanymyzy tapmaly diýen netijä gelýärler. Onuň yzyndan Meksika uçýarlar, tapýarlar. "Şeýle, şeýle. Sen dolanyp barmasaň, jenaýatçylaryň petigulysyny bermeseň bolanok". Ol, elbetde, boýun gaçyrýar. Şonda oňa bu işi Prezidentiňmi ýa başga bir ýokary wezipedäkiniňmi, haýyş edendigini ýatladýarlar. Gahryman uly dabara bilen dolanýar we elbetde, jenaýatçynyň eline gandal urýar. Golliwud, ony jenaýaty yzarlap ýörkä, bir näzenin bilen tanyşdyrmagam unudanok. Filmiň finalynda olar öpüşýärler. Tanyş waka gerek? Biz bu rollarda Tom Berenjerem, Met Deýmonam, Al Paçinonam, De Nironam görüp bileris. Men näme diýjek bolýan. Umuman, soňky ýyllarda kino sungaty pikir gytlygyny başdan geçirýäne meňzeýär. Golliwud çykalga gözleýär. Oskar baýragyna mynasyp bolan belli jaz aýdymçysy hakdaky "Reý", "Awiator" ýaly filmleri döretmek bilen Golliwud ýüpüň ujuny fransuz kinosyna ýa Ýewropa bermejek bolýar. Soñky ýyllaryñ Oskar baýragynyň paýlanyşy-da tukat geçýär. Režissýor Martin Skorseze-de, baş roly döreden Di Kaprio-da Oskary "Awiatoryň" aljagyna ynanýardylar. Emma "Ýylyñ iñ gowy filmi" ugry boýunça Oskary Klint Istwudyň "Müñ dollarlyk näzeninine" berdiler oturyberdiler. "Iň gowy aktýor" ugry boýunça Oskaryň "Reý" filmindäki baş roly ýerine ýetiren garaýagyz aktyor Jemi Foksa berilýändigi yglan edilende bolsa, şol ugur boýunça baýraga dalaş eden Tom Henksñem, Di Kaprionyňam ýüzleri birerbet üýtgäp gitdi. Ynanyşyma görä, bu ýylam Oskary paýlaýan amerikan Kino akademiýasy, hemişe bolşy ýaly, hokga çykaranyny kem görmedi. Ýeri bolýa, Akademiýany-da, Oskary-da öz gününe goýalyň. Umuman-a, kino üçinem mahabat gerek. Mahabaty ýetmedik aňrybaş filmiňem göze ilmän galmagy mümkin. Iňlis ýazyjysy Žoan Roulingiň "Garri Potterini" alyp göreliň. Mahabaty ýetdi, iñ geçginli haryda öwrüldi oturyberdi. Žoan ýazyp ýetişibilse, çap edibem, kino alybam ýetişýärler. Şeýle eseri öz halk ertekilerimiziň esasynda bizem ýazyp bilerdik. Kör gargany, Garamöwlegi, Böwenjigi, Kelje batyry, Akpamygy.... bir yere üýşürsek, ynha, allanäme, taryh bolar duruberer. Adyna-da "Garri Potter" bolmasa, "Garry batyr" goýaýsak?! Nähili görýäñiz? Umuman-a, men degişdim. Pikir gytlygy dowam edýär. Kinoda-da, Golliwudda-da ümsümlik höküm sürýär... Hemra HUDAÝGULYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |