08:28 Utulyşyň sogaby / hekaýa | |
UTULYŞYÑ SOGABY
Hekaýalar
1969-njy ýylyň aňzak sowugyny ýaşulylaryň aýtmagyna görä şo-ol çagaka görüşleri, şondan bäri munuň ýaly gazaply gyşy şu çaka çenli görmändiklerini güwä geçýärler. Daşaryk gulakjynly çykaýmasaň, gulaklaryň ýelkenlerini sowuk aldyrmak üçin birnäçe minut ýeterlikdi; ýere düşen tüýkilik bir minuda ýetmän buza öwrülýärdi. Mekdeplerde wagtlaýynça okuw togtadyldy, şäheriň käbir edaralary işgärlerini zähmet rugsadyna goýberdi. Obaň esasy aladasy bolsa mallary gyşdan alyp çykmakdy: her kim malýataklarynyň deşik-yşlaryny mata-mütgel bilen bekleşdirip, äpişgelerini kleýonka bilen örtdiler. Adamlar bu ýylky gyşyň gazaply geljegini öňünden eşidensoňlar, gowaçadan, tagta-tugtadan, kömürden— gyşodunyny artygy bilen basyp goýdylar. Hojanazar aýaz düşmänkä, bir maşyn daş kömür azlyk edäýmisin ätiýaçlygyny göz öňünde tutup, howlusyna bir maşyn ojar hem düşürip ýetişdi. Ygal geçmez ýaly kömüriň üstini saman gatyşykly palçyk bilen suwady; ojarlary tertipläp, rejeläp goýmak nobaty gelende, agyr gar gütüläp düşdi, iki günläp dynman ýagan garyň astynda galan ojarlaryň çöňürsekleri somalyşyp çykyp durdy. Hojanazaram ýalazy ýerde sowukda işlände derini ýel çalypmy, nämemi— dümewläp, ýorganyň aşagynda üşüdip-gyzdyryp ýatyrdy. Onuň ogullary entek çülperäk bolansoň, garyň astynda galan ojaryň kiçeňräk şahalaryny daşamaga güýçleri ýetse-de, uly odunlary paltalamaga ukyplary ýokdy, asla güýçlerem ýetjek däldi. Günortanlar, Hojanazaryň aýaly, Ogulhesel tagaşyksyz hereketleri bilen ojarlaryň portraklaryny uşadyp, odun taýynlap durka, köçeden ýöräp barýan goňşysy Gylyçdurdy: — Gelneje salawmaleýkim!—diýip, salam berdi. Ol saglyk-amanlyk soraşmak üçin sägindi, salamynyň jogabyna garaşman—Armaweri!—diýdi. —Amanmy, aman-sagmy, Gylyçdurdy?! Bar bol, özüňem arma!—diýip, Ogulhesel paltasynyň sapyny aýagyna diräp, demini dürsedi. —Hoja kaka öýde ýokmudy? —Agaň-a dümewläpdir öýdýän. Düýnden bäri üşüdip-gyzdyryp ýatyr. Gylyçdurdy näme söz tapjagyny bilmän, duran ýerinde aýaklary bilen mymyjak gary tapbatlatdy-da: —Hä, şeýlemi?.. Ahyry gelsin, sag-aman gutulsyn, Hoja kaka salam aýt!—diýdi-de, ardynjyrap, ädigi bilen täze ýagan garyň üstünden ýoda ýasap, gaýralygyna, Annamyratlara tarap ýöneldi. Bu gün ýekşenbe. Öňden endik bolup gelişi ýaly, Gylyçdurdyň dostlary gezekli-gezegine, her ýekşenbede biriniň öýüne üýşüp kart oýnaýardylar. Oýun başlamanka oýnuň şertini belleýärdiler: ilkibadalar utulan horaz bolup gygyrardy, at bolup kişňärdi, bir döw gutarýança çommalyp oturardy, elli gezek oturyp-turýardy—mahlasy, her hili jerime oýlap tapýardylar. Oýunyň bu kemsidiji şertlerinden Annamyradyň dogumly aýaly, Ogulgerek dyndarypdy . Günleriň bir ýekşenbe güni Annamyratlarda üýşülende, Ogulgerek çaý demlenen çäýnekleri erkekleriň öňünde goýup, çykyp barýarka çynyrgadyp diýen ýaly pert gepledi: —Beýdip horaza, geçä meňzäp ile gülki bolup ýörmän, hojalygyň işini ederler—diýip, gapa tarap öwrüldi. Oturanlaryň sesine suw sepilen ýaly boldy, öýüň içne dym-dyrslyk aralaşdy. Annamyrat gyjalatyň özüne degişlidigine düşünip: —Bar, bar işiň bilen bol!—diýip, elini salgylady-da, ynamsyz hüňürdedi. Soňra ol, aýalynyň bozup giden şagalaňyny dikeltmek niýeti bilen,ýoldaşlaryna öwrülip, ýuwmarlan boldy: —Aý, gelnejeňdir-dä, käwagt morta bir zat diýip goýberäýýä-dä. Ünsem bermäň oňa—diýip, çäýnekleň birini orta süýşürdi. Onýança oturanlardan biri: —Dogrudanam-eý, Ogulgerek gelnejäň aýdýanynyň jany bar. — Bolmasa, indiki gezek başga ýerde, bitarap, hiç kime azarsyz ýerde oýnaýalyň-la! — Mende bir teklip bar —diýip, oturanlaryň biri dillendi—Şu gün kim üç gezek utulsa, Annamyradyň sygyr dölesini arassalap, dersini mellege daşamaly. “Haý, bolýarda-bolýar”, “Örän gowy teklip”, Nädip kelläňe geläý-daý!” boluşyp, oturanlar galmagallaşdylar. Ahyrsoňy Annamyrat: —Başga zat oýlap tapyň, how! Öz hojalygyma özüm serederin—diýse-de, şol günden beýläk oýunyň şertini üýtgetdiler. Indi oýunda üç gezek utulan ýa öý eýesiniň sygyr dölesini arassalamalydy,ýa –da mellegini agdarmalydy; ýa-da obaň poçtasyna hatlary oklap gaýtmaly; juda iş tapylmasa—bäşinji synpyň matematiakasyndan bir meseläni çözmeli—ana, şeýdip, utulan üçin öý eýesine bähbitli “jerimäni” oýlap tapdylar. Bu jerimeleriň iň agyry—derýadan eşekli suw çekmekdi: utulan kişi ýüzüni sallap, kesekiň eşegini idip, obaň ortarasyndan ilerligine, derýa tarap barýandyr. Obaň adamlary eşegiň her bykynyna berkidilen flýagalara-da, eşege-de, ony idip barýana-da beletdiler. Suwa barýan adam gidşin-gaýdyşyn obaň ýomakçylarynyň ýaňsylamalaryna we oba ýaşulylarynyň teýeneli sözlerine dişlerini gysyp çydamaly bolýardylar. Tomus aýlary, jokrama yssyda, agşam salkyn düşýänçä aýak ýygnalansoň, köçede känbir adam görünenok, şoňa-da şükür, ýöne, yssyda suw-çaý köp içilýänindenmi-nämemi, indiki utulan üçin üsti flýagaly eşek taýyn durandyr... Gylyçdurdy Hojanazaryň syrkawlanyny serinden aýyryp bilmän oýlanyp barşyna, ýumşajyk garyň “gütürt-gütürt” sesini hem eşidenokdy, ol Annamyradyň howlusyna girip, sekä ýakynlanda, iki-üç sany erkek adamyň ädiginiň yzyna gözi düşüp, “Hä, gelip ugrapdyrlar” diýip, ädimini birneme çaltlandyrdy. Daşarda gabat gelen Ogulgerege salam berip, ädiklerini bir-birine kakyşdyryp, garlary silkdi-de, öýe girdi. Öýde Annamyrat iki sany ýoldaşlary bilen beýlekileriň gelerine garaşyp otyrdylar. Gylyçdurdy oturanlar bilen salamlaşandan soň, Hojanazaryň dümewläp, gyzydyryp ýatanyny, onuň bu günki “ýaryşa” gelmezliginiň ähtimaldygyny duýdurdy. —Gelnejeme nebsim agyraýdy... Mallaryna-da seretmeli. Ýeke elli-dä...—diýip, Gylyçdurdy ýüzüni aşak sallady. —Hojanazar itjanlydyr, derrewem aýaga galar. Öýe barýarkak sorap geçäýeris.—diýip, oýunçylaryň biri sowukganlylyk bilen diilendi. Gylyçdurdy Tirkişiň biperwaý duýgudaşlygyny duýmadyksyran boldy. Ýöne, Tirkiş öz ýalňyşyny düzetmek maksady bilenmi, nämemi:—Bolmasa, şu günki oýuny Hojanazara kömek bolsun edäýeliňmi? —diýip, ol ýoldaşlaryna soragly nazaryny aýlady. Gylyçdurdy: “senmi indi odun çapjak, öýüňe bir hezil berýämiň” diýip, içini hümletdi. “Annamyrad-a aýalyndan çekinjine iliň işine kömekleşen adam däl, ol utulaýanda-da, bir bahana tapar, juda bijesi çykyp mejbury ýagdaý döräýmese. Emma, ol örän mekir, entek bu jelagaýda ony kartda utan ýok” diýip, Gylyçdurdy içini hümledip oturşyna, dördünji oýunçy Süleýmany seljermäge başlady: “Süleýmanam yaňy-yakyn hassahanadan çykyp geldi, keselinden doly aýňalýança doktorlar agyr işi gadagan edipdirler. Garaz, şu gün gar sebäpli hakyky janköýerler gelmändir, bularam ýöne wagtym geçse bolýar diýip gelenler diýerler”. Orta oklanan teklibi oyunçylar makullady. Utulan Hojanazaryň ojaryny aýyrmaly. Oýunyň şerti boýunça oýunçylaryň hemmesi biri-biri bilen ikibir-ikibir bir tapgyr oýnamly, edil futbolyň düzgüni ýaly: utana iki utuk, utulana utuk ýok, deňe-deň çykanlara bolsa hersine bir utuk berilmeli. Oýunyň netijesini jemläp, iň soňky, dördünji ýeri alan gidip, Hojanazaryň odunyny çapmaly. Eger-de, iň soňky ýere iki adam düşse, onda olaryň arasynda üç döw oýnalmaly, üç oýnyň ikisini utan ýeňiji bolýar, eger üç oýunam deňlik bilen gutarsa, onda, oýun ol ikisiniň arasynda täzeden başlanyp, tä haýsam bolsa biri ýeňýänçä dowam etmeli. (Kart oýnamkda Gylyçdurdy edil Annamyrat ýaly ezber bolmasa-da, ökde oýnaýardy, bu iki oýunçydan beýlekiler birneme heder edýärdiler, eger-de, Annamyrat bilen jübüt bolanlarynda, onda-ha, bulary asla-da utup bolanokdy, şonuň üçin oýun gyzykly bolar ýaly Annamyrat bilen Gylyçdurdyny hiç mahalam bir jübüt edenokdylar). Bije atdylar, oýun başlandy: ikisi oýnap bolýançalar beýleki ikisi hem tomaşaçy hökmünde oýna syn edýärdiler, hem emin hökmünde oýnuň tertip-düzgünine esewan bolýardylar. Gylyçdurdyň birinji garşydaşy Annamyrat boldy, bularyň oýnunyň deňe-deň gutaranyna beýleki ikisi öz gözlerine ynanmadylar . Tirkiş bilen Süleýmanyň oýny, Tirkişiň ýeňişi bilen tamamlandy. Ikinji gezek bije atyldy: indi Annamyrat bilen Süleýman oýnamaly, Gylyçdurdam Tirkiş bilen. Gylyçdurdy içinden “Men her edip-hesip edip Tirkişi utmaly, Annamyrat hem Tirkişi utsa, onda herimizde üç utuk bolýar Tirkiş öz iki utugy bilen galýar. Süleýman näderkä? Annamyratdan utular-ow... Süleýman Annamyrat bilen deňe-deň çyksa-da bolýar, soň men öz gezegimde Süleýmandan utulaýaryn, şonda Süleýman öz üç utugy bilen odun çapmakdan halas bolýardy, Tirkişem eline palta almaly bolar” diýip, Gylyçdurdy şu gün Tirkişiň ojar çapmagyny arzuw etdi. Emma, “göreşde ataňam sylama” diýileni-dä. Süleýman Annamyratdan utuldy, Gylçdurdy Tirkişi utdy. Soňky tapgyrda Annamyrat Tirkişi utup, bäş utuk gazanyp, özüni ojardan halas endi. Indi Gylyçdurdyda üç utuk, Tirkişde iki utuk bardy, Süleýmanyň utugy ýokdy. Iň soňky oýun Gylyçdurdy bilen Süleýmanyň arasynda gidýärdi. Gylyçdurdy öz ýanyndan “Men muny utsam, ol göni Hojanazarlara gidäýmeli, ýarawsyz halyna bi nädip odun aýyrsyn. Utulaýamda-da, Süleýman iki utugy bilen iki utukly Tirkiş bilen ikinji tapgyryň bäsleşigine girmeli, ine şoňa umyt bar, belki Süleýmanyň bagty çüwüp, utaýady-da” diýip, oýlanyp oturşyna, synçylara sepini bidirmän Süleýmandan utuldy, ýöne Süleýman muny bada-bat aňdy, Gylyçdurdyň näme üçin bilgeşleýin utulannyna-da düşündi, emma syr bildirmedi. Süleýman Tirkiş bilen bäsleşiginiň birini utup, beýleki ikisinde utuldy... Oýuny bes edip Hojanazary sorap gaýtmaly diýilen karara gelindi, dördüsem gulakjynlaryny geýip, eginlerine paltolaryny atyp, Hojanazary soramaga geldiler, biraz onuň ýanynda oturyp, näsagy ýadatmaly diýişip derrew turdylar we daş çykdylar-da, her kim öýüne tarap ýöneldi, Süleýman howluda galdy. Tirkiş göýä Süleýmanyň “hökümi” ýerine ýetijegine şübhelenýän ýaly, bir yzyna gaňrylyp seretdi-de, ýoluny dowam etdirdi. Gylyçdurdy beýleki ýoldaşlary bilen bile giden boldy-da, derrew yzyna dolanyp geldi-de, sen-men ýok—Süleýmanyň elindäki paltany alyp, bir maşyn ojaryň daşyna geçdi. Süleýman haşlap, maňlaýynyň derisini süpürip töňňeleriň birine geçip oturdy, birneme demini dürsänsoň, haýdap işläp duran Gylyçdurda: —Hany, indi maňa beräý! —diýdi. —Ýok, sen otur, saňa agyr iş bolanok, oňatja gutul, onsoň saňa-da iş tapylar. Ogulhesel elindäki çaýly çäýnegini, käselerini arassa garyň üstünde goýuşdyrdy-da, gepläbilmän, hamsygyp öýe girip gitdi... Gylyçdurdy arasynda ýyly çaýdan owurtlap, paltosyny çykaryp, gaty gyzyşdy, gün eňekläp aşak düşüp ugranda palta bilen ýekedabanyň hereketini has hem çaltlandyrdy, gün ýaşyp, daşary garaňkyrap ugranda işini dynaňkyrlady. Iň soňky üç sany ullakan töňňä pahna gerek bolansoň, çapmasyny bes etdi. Gylyçdurdy bilen Süleýman ikisi agyr töňňeleri jaýyň diwaryna golaý süýşürdiler-de, olaryň üstine geçip oturyp, aýaklaryny ýazdylar. Gylyçdurdyň çapan odunlary iki esse ulalan yaly bolup, äpet üýşmege öwrüldi. Ol egnine paltosyny atyp, ýerinden turdy, elini üýşmege uzadyp, Süleýmana ýüzlendi: —Aý, indi galanyny Hojanazar keselinden saplanansoň özi öňarar-la. Iki hepdä çeken aýaz birneme gowşap başlady, Günüň şöhlesi düşýän ýerlerinde garlar ýuwaş-ýuwaşdan eräp başlady, ýöne, şonda-da entek ýer doňdy. Çagalar mekdebe gatnap başladylar. Hojanazaram sag-aman dümewden açyldy. Şol gyşdan soň üýşüp kart oýnamaklyk hem galdy. Obaň adamlary bu hadysa haýran galyşdylar: “ Bulara nä döw çaldyka? Häý, näbileýin bular bihepbeligini goýaýsalar?”—her kim bir gep diýýärdi; olar hakda her hili myş-myşlar ýaýrady: “Näçe ýyllap karta kellesini aldyryp,wagtyny biderek ötürenine Tirkişe ýaşulysy—kakasy käýýänmişin; Gylyçdurdy “toba” edipmişin; Annamyradyň iş wezipesi beýgelip, indi dostlary bilen duşuşmaga wagty ýokmuşyn—garaz, her kim bir zat diýýär. Il agzyny näme, ýygyp bolýarmy? Ýöne, obaň ýaşulylarynyň biriniň bu barada aýdan pikiri bilen ylalaşsa boljakdy— şol ýyl oba telewizor geldi, ulyň-kiçiň aýagynyň daşardan ýygnanmagyna ana şol, telewizor sebäp bolanmyş. Mümkin. Kakajan BALKANOW. 2016 ý. | |
|
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Enemiň wesýeti / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Jynlaryň meýlisi / hekaýa - 22.07.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Ýazyjynyň durmuşyndan bir parça / hekaýa - 25.11.2024 |
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |