20:15 Ýazyjynyň durmuşyndan bir parça / hekaýa | |
ÝAZYJYNYÑ DURMUŞYNDAN BIR PARÇA
Hekaýalar
Anna güni dümewe garşy sanjymy Atamyrat Ataýewiç agyr geçirdi: şenbe günem, ýekşenbe günem gyzdyryp hiç zada ýaraman ýatdy. Iki gün üçin meýilleşdiren eserleriniň ýeke harpyny ýazmaga gurbaty çatmady, has takygy yhlasy asgyn geldi. "Ýok-la, indi gaýdyp sanjym etdirmen. Ondan, keselläp, burçluja unaş içip açylanyň gowy, ählije işimden goýd-a, how! Adamyň iň gymmatly zady saglygy diýýärler welin, onuň şahsy wagty hem ondan pes däl bolaýmasa. Iki günüň içinde näçe sahypalar ýazardym! Haýp..." Duşenbe güni, birneme ganymatlaşandan soň, ir bilen, ilki uluja agtygyny çagalar bagyna tabşyryp, soň üç ýaşlyja kiçi agtygyny şäheriň o çetindäki çagalar bagynyň kiçi ýaşly bölüminiň enekesine tabşyrdy-da, agtygynyň müzzerenine pitiwa bermän, ikinji gata—müdiriň otagyna ýöneldi. Yzynda enekäň çagany köşeşdirmek üçin: "Goý ballym, ataň seni düýnki ýaly uklamankaň alyp gider" diýen sesini eşidip galdy. Çagalar bagynyň müdiri, uzyn boýly deşli zenan, göwresine kybapdaş bolmadyk mylaýym sesi bilen: —Ýaşuly, heniz-ä üýtgeşiklik ýok. Göçýän-gidýän bar, ýer boşasa, hökman habar ederis, bellik edip goýdum-a—diýip, ýazgy depderçesini öňüne süýşürdi. —Kiçim öwrenişýänçe ikisi bileje bir bakja gatnasalar gowy bolaýjak ýaly-da. Maşynly bolaňda-da, şäheriň o çetinden o çetine çykýançaň azyndan kyrk minud-a gerek. Hiý, munuň çözgüdi ýokmuka? —Onsoňam, çagalary o bagdan o baga geçirmek meselesi biziň ygtyýarymyzda-da däl, biz ýöne, "ýer boşady" diýip habar edip bileris. —Kim bu meseläni ymykly çözüp biler? —Siziň agtyguňyza çagalar bagyna gatnamaga ugratma beren edara—şäher bilim müdirligi. Atamyrat Ataýewiç ýüzugra bilim müdirligine sowuldy. Çagalar bagyna esewan edýän bölüminiň hünärmeniniň sowuk-sala, biperwaý jogabyndan närazy halda, hüňürdäp baş redaktoryň ýanyna ugrady. —Okap gördüm, Atamyrat Ataýewiç, biçeme däl—diýip, saçyna çylgym-çylgym ak sepelän, kyrk-kyrk bäş ýaşlarynda çemesi baş redaktor kompýuterde çap edilen bir petde kagyzy eýesiň öňüne oklap goýberdi. —Agam, sen gaty görme, ol üsti-aşagy çyzylan, gyzyl galamly bellikler meň işim däl, edebiýat bölüminiň müdiri seljerdi. Ýöne men onuň bilen ylalaşýan. Men öňem hemmäňize tekrarlap gelýän: "Hakykaty gönümel, morta aýtmaň, ýoýmasaňyzam, ýuwmarlaýyň" diýip. —Oh-ow, bu felýeton, ýa pamflet däl ahyry, powest-ä bu!.. —Bolanda näme powest. Okyjylar çeper eseri okanlarynda lezzet almaly, dynç almaly. Umumy aýdaňda, çeperçilik taýdan, hm ... kanagatlanarly. Korrektorlar-a seni öwýärler—"Atamyrat agaň eserlerine düzediş girizjek bolup, dümtünip oturmaly däl" diýýärler. —Bolýa-la, haýsam bolsa bir ugurdan abraýmyz bar bolsa. Men hem şu temany toslap tapamok, bolan waka esaslanyp ýazdym. Hawa, indiki maslahat? —Eger, biziň düzedişlermiz bilen ylalaşýan bolsaň, goý-da, gidiber, şu ýylyň dowamynda çap etjek bolarys. —Hany öýde-de bir gezek gözden geçireýin, onsoň habarymy ýetirin. Atamyrat Ataýewiç lapykeç halda baş redaktoryň otagyndan çykyp gidip barşyna, kätip gyz bilen hoşlaşmagy ýadyndan çykardy. Kagyzlary yzky oturgyja oklady-da, maňlaýyny rula diräp, indiki etmeli işleri barada oýlandy. Indiki etmelli işi, ýa barmaly ýeri teý ahyry ýadyna düşmänsoň, maşynyny otlady-da: "Aý, ýolda barýarkam ýadyma düşer-dä" diýip, gidip barşyna mobil telefonyna jaň geldi. Ýoldan ýüzüni sowman, maşynyň tekjesinde goýýan çaklaňja, ýönekeýje telefonynyň ýaşyl düwmejigine basyp, gulagyna degirdi. Jaň edýän aýaly ekeni: —Atamyrat, gaýdyşyn magazine sowlup un almagy ýadyňdan çykaraýma? —Hä, bolýar. Ilki öňünde ala taýak peÿda boldy, soň jürlewigiň sesi eşidildi. —Döwlet ýol gözegçiliginiň uly seržanty Ýazymow—diýip, awtoinspektor sag pejesiniň barmaklaryny jüp tutup, çekgesine ýetirdi. —Ýaşuly, awtoulagyň resminamalaryny we sürüjilik şahadatnamaňyzy görkeziň! Awtoinspektor resminamalary gözden geçirip durşuna, —Atamyrat aga, ýol hereketiniň düzgünini bozýaňyz. —Hä, näm boldy, inim?! Näme etmiş edipdirin? —Maşyn sürüp barýakaňyz telefonda gepleşmegiň gadagandygyny bilýäňiz, ahbetin. —Wah, inim, gelnejeň jaň etdi, gyssagly bir habary bar ekeni! —Ýoluň gyrasyna çekilip, saklanyp, soň gepleşmeli. —Men şobada jogap bermesem, soň kimiň aýlanyny bilemok. Içigar galmyş şu telefony diňe jaň gelende ulanyp bilýän. Başga birine jaň etjek bolsamam kesekä haýyş etmeli... Uly seržant sessiz-üýnsiz, jerime petegi dolduryp, Atamyrat Ataýewiçe uzatdy. Magaziniň satyjysy uny bölmän, tutuşlygyna almaly diýip, şol bir eňegini tutup duransoň, bir halta uny öýe getirende gün günorta boldy. Günorta nahary bişýänçä, ýazyjy, noutbukynyň başyna geçip, Internetde düýn çap eden hekaýasyny okan okyjylaryň teswirlerini okamaga oturdy: "Awtoryň bu eseri hekaýamy ýa nowella?", "Bu hekaýaň üsti bilen ýazyjy näme aýtjak bolýarka? Ýa meň aňym dagynyk, ýa oňky", "Muň ýaly edip menem ýazaryn-laý!" Atamyrat Ataýewiç okyjylaryň hekaýa barada synlaryny—şahsy pikirlerini okamagy bes etdi-de, oýa batdy: "Hakykat, dünýäde näce adam bar bolsa, şonça-da filosofiýa bar. Uniwersal ýazyjyň ýoklugy ýaly, uniwersal okyjy hem ýok. Elbetde, hemme kişiň göwnüne ýaranmak mümkin däl, ýöne meni ruhlandyrýan zat—okyjylaryň aglabasy meniň eserlerim hakda ýagşy pikirde. Eger-de, men erbet ýazýan bolsam, onda maňa welaýat boýunça birnäçe gezek baýrakly orunlary bermezdiler ahyryn! Emma, men näme üçin we kim üçin ýazýanyma özüm hem wagtal-wagtal düşünemok, ýazmamy taşlap hem bilemok. Her gün ýazdyranogam. Ynha, şu günde bolup geçen hadysalaryň şaýady—Ylham indi iki-üç günläp gara bermez. Ýok-laý, düýpli gowy eser ýazjak bolsaň, öýden gaçyp ümdüziňe, çöl-beýewana, ýa daglara siňmeli. Şo taýlardan aýlap dolanmaly däl, unam kim alsa şol alsyn. Agtyklaňam öz kakasy-ejesi bar, gatnatsynlar-da" diýip, pikir derýasynda ýüzüp ýörşüne aýaly, Oguljemalyň çaý demläp getireninem duýmandyr. —Un yslyrak ekeni, ondan nan bişirib-ä bolmaz, wagty bilen almaz, alsa-da turşan hamyr oda gaçar durar. Ony indi kepege derek mallaň çaňňalagyna garyp beräýmesek. Atamyrat Ataýewiç aýalyna jogap bermän, ýene öz oýlanmalary bilen gümra boldy: "Ertir maşynyň ýagyny çalyşjakdym, indi oňa derek, gymmadragam bolsa, ýokary hilli un almaly bolar. Maşynyň ýagy indiki aýyň pensiýasyna garaşmaly bolar. Satyp goýbermeli-laý, maşyn köneldigiçe bujurygy artyp, çykdajysy köpelýär—özüňi münüp başlaýar. Wah, günibirin satjak-la welin, agtyklary kim gatnatsyn?! Olaryň kakasy-ejesi bir hili adamlar-aý walla, öz çagalary däl ýaly. Irden alagaraňkyda işe gidenlerinde-de, agşam garaňkyda-da işden gelenlerinde-de çagalary ukuda, bir ýekşenbe güni görüšýän bolaýmasalar. Hökümediň işgäri bolaňda-da maşgalaňy alada etnelidir-ä!" "Indiden beýläk bir eser ýazjak bolsaň, redaksiýa bilen maslahatlaşmalymyka?! Hany onda ýazyjynyň erkinligi, stili, leksikasy? Bularyň käbirine emel ýetse hemme kişiň agasydyr öýdüp düşünýärler, özlerini hemmelerden akylly hasaplaýarlar. Indi edebiýat tankytçysyna derek okyjylar netije çykarýarlar. Hany öňküler ýaly poeziýa agşamlary, edebiýat birleşmesiniň çekeleşikleri?!—bu çäreleri geçiräýjek Soýuz hem ýapyldy... "Diňe gowy zat hakda ýazmaly", "hakykaty ýuwmarlamaly"—hakykatyy saýhallamalymyşyn, ony elekden geçirip, arassa dänelerini saýlap, zibillerini zyňmalymyşyn. Öz elegiňden geçirmeseň, barybir, neşirýat öz süzgüjinden geçirýär. Anha sūzgüçden geçirilen eserlerim öý arhiwimiň dulunda goş basyp ýatyrlar, üstüniň çaňyndan ýaňa saýgarybam bolanok. Hälki awtoinspektor, ilkinji gezek düzgüni bozan sürüjä duýduryş berse-de boljag-a! Indi ertir petegimi alyp, bir topar ýaş-ýeleňleň yzyndan sakgalymy sallap, jerime tölemek üçin bir salkyn nobatda durmaly—gyzyldan gymmatly wagtyň dereksizje ýitip gidýär. Gyzyldan gymmatly wagtymyň her günki kyrk minudy şäheriň bu çetinden o çetine çagalar bagynyň aralygynda geçýär. Wiý, gaýdyşynam bar-a: jemi segsen minut! Ertir unuň gözlegine-de azyndan bir sagat sarp etmeli bor. Gepiň gysgasy, ertiriň bir salkynyndan eliňi üzäýmeli. Onsoň, haçan ýazmaly? Näme hakda ýazmaly? Saňa näme hakda, nädip ýazmaly hakda görkezme berip dursalar unuň yslanan bolsa, awtoinspektor bir ýalňyşyň üçin sypaýyçylyga, ylalyşyga gelmese, çagalary bir bakja gatnadyp bolmajak bolsa, nireden keýpiň bolar? Lapyň keç bolsa Yhlasam saňa duşman, Ylhamam. Adamyň ömri näçe wagtdan durýar? Ony hem ýele sowrup goýbermeli däl-ä—tygşytlyja, haýyrly sarp etmeli. Ýazsam (Allajan, janym sag bolsa) ýene bäş-alty ýyl ýazaryn-da, goý, aňry gitse, on ýyl bolsun-da. Soň... soň awuň alabilmersiň, ýeriňden galabilmersiň... märekä bäräbilmersiň...gözler çöňňeler, gulaklar agralar, ýatkeşlik biabraý edip başlar. Ana şonda, baş redaktor saňa eýýäm başgaça garap başlar: has sypaýy, mylakatly sözleşer, "ýok" diýmez, ýalňyşyňam düzetjek bolmaz (asla ýalňyşyň bar hem diýmez), ýuwaş-ýuwaş arhiwe geçirilenligiňi duýmanjyk galarsyň. Arhiwe geçmejek bolsaň diňe ajaýyp eser döretmeli. Ajaýyp eser döretmek üçin bolsa gerdeniňden labyr bolup aslyşýan durmuş nogsanlyklaryndan silkinmeli, böwetlerden böküp geçmeli... Biz—ýazyjylar hem edil beýleki adamlar ýaly: begenjimizem-guwanjymyzam bar, hupbatymyzyňam-külpetimeziňem wagtal-wagtal azary ýetip dur, dost-duşmanymyzam ýeterlik. Magtymguly Pyragy: "Köňül bir açylan gyrmyzy güldür, Bu gün şatdyr, erte pygana geler"—diýip, örän takyk belläpdir. Beýik akyldar şahyr Pyragy hem edil biz ýaly adamdyr welin, ýöne onuň ynsanlyk ýazgydy biziňkien bir gez ýokarda. Edil biz ýaly ýanandyram-öçendirem, ýene ýanýandyram welin... Ýöne, biz ýanamyzda sähelçe ýylylyk ýaýradyp, ölügsije yşyk bersek, ol tüssesiz, lowlap ýanyp, alawy möwç alyp dünýäni gaplaýar, onuň çyragy äleme ýagty salýar. Onuň ody henize-bu güne çenli öçenok. Hawa, söndürjek bolup, ýüzüni-gözüni ýalawaja çabyradyp synanşanlaryň içinde batyl, lal galanlary az däl. Biz sönäýsek dagy, gaýtadan otlamak üçin bir halta tutaşdyrlyk gury samanam ýetmezmikä öýdýän. Bizem-ä sönmejek bolup dyrjaşarys. Ýöne, herhal, Aleksandr Puşkiniň aýdyşy ýaly erkinligiň mahabatçysy, ýoksullaryň hemaýatçysy bolmaly; öwgi bilen töhmete biperwaý garamaly; akmak bilen agzyňy deňäp durmaly däl. Ýogsa, apgyrdyna basylyp, ýemşeren köne köwşe meňzärsiň-dä—sylagyňam-hormatyňam, abraýyňam şoňa görä bolar. Atamyrat Ataýewiç oýlanyp-oýlanyp, ahyry, pikir labyrynyň astyndan çykyp, kompýuterinden düýnki ýazyp başlan eseriniň sahypasyny açdy. Ol düýn myhmançylyga gelen gyzynyň on iki ýaşlyja oglunyň—agtygynyň, Mekanjygyň: “Ata, menem seň ýaly ýazyjy bolasym gelýär, çap etmäni öwredäý-dä!” diýip özelenip duransoň, agtygy bilen bir sözlem ýazypdylar, galanyny ertir dowam etmekligi maslahatlaşdylar. Düýnki ýazylan abzasyň aşagyndan ýazylan täze jümlä gözi ildi. "Bu Mekanyň işidir"—diýip, agtygyna gatyrganjak boldy. "Düýn, meň bäş minut daşaryk çykamda ýazandyr ol garagol! Soň kompýuteri ýapjak bolam-da bu ýazga ünsem bernändirirn. Ýogsa-da, şunuň aýdýany oýlanarly, dogry ideýa"—diýdi-de, agtygynyň ýazan jümlesini gaýtadan okady: "Hemme kişä ýazyjy, şahyr, bolmak zerurmy? Olaryň eserlerni okamaga, diňlemäge adamam-a gerek bolar". Atamyrat Ataýewiç kiçijik adamyň bular ýaly üýtgeşik takyk jümläni oýlap tapyşyna hezil edip güldi. Agtygynyň jümlesi bilen inen Ylham, ýazyjynyň bütin durkuny gurşap aldy, ol Ylhama garşylyk görkezmän, täze hyjuw bilen ýaňy ýazyp başlan eseriniň yzyny dowam etdirdi. Kakajan BALKANOW. 2024 ý. | |
|
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Gamyş köpri / hekaýa - 26.11.2024 |
√ Ýazyjynyň durmuşyndan bir parça / hekaýa - 25.11.2024 |
√ Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Самые страшные войска / рассказ - 28.07.2024 |
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
√ Gün dogup barýarka / hekaýa - 16.12.2024 |
√ Hoşlaşyk / hekaýa - 13.09.2024 |
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |