16:07 Kislowodskide bolan waka / nowella | |
KISLOWОDSKIDE BOLAN WAKA
Hekaýalar
"Il-18" uçaryň selektoryndan ýolbelet zenanyň burnuna salyp gepleýän: "Ýolagçy ýoldaşlar! Biziň howa gämimiz, ýene birnäçe minutdan Mineral suwlar şäherine gonar. Kemerlerňizi dakynmagyňyzy haýyş edýärin! Kürsilerňizi..." bildirişine Aşyrmyrat oýanyp, gapdalyndaky kürside uklap ýatan ýoldaşy, Hydyrgulyny yralady. Hydyrguly: — Bor-laý, gonansoň oýaraýsa-naý—diýip, beýle gapdalyna gyşaryp, ukusyny dowam etdi. Uçar gonandan soň Hydyrguly aeroportyň telefon-awtomatdan til kakyp, birnäçe eglenensoň, kabinadan daşyna çykyp, kimdir birine ýüzlenỳän ÿaly: — Trubkany alanok, ýatan bolaýmasa. Ýa nomerini çalşaýdymyka?.. Bagaždan goşlaryny alyp, awtobus duralga ýönelenreinde, Aşyrmyrat naýynjar äheňde: — Myhmanhana gidäýeli-le! Bu gün ýekşenbe bolansoň, her kimiň öý-hojalyk aladasy bardyr, ýenesi bardyr... — Ýak, senem-aý! Men saňa aýdypdym-a "süňk dostum" diýip, ynha görersiň, nirde oturtjagynam bilmez, hemme iş programma boýunça ýöräp gelỳär. Darykma dost, hemme zat gülala-güllük bolar—diýip, ýoldaşyny köşeşdirdi. — Dostuňy görmäniňe näçe wagt geçendir? — Alty ýyl töweregi bolandyr. — Bäý-bä-ä! Tanarmyka?! Hydyrguly soraga jogap bermän, awtobusyň penjiresine ýakyn oturyp, gyzyl ýakut şapagy we Günüň şöhlesine oýanyp başlan peýzažy synlamaga başlady: — Aşyrmyrat, sered-ä how, bu gözellige! Meň-ä eýýäm bar dertlem yza tesip başlady. “Ikarus”1) bir sagada ýetmän şäheriň awtoduralgasyna geldi. Aşyrmyrat her eline bir çemodany alyp ýegşerip gelşine taksi duralga çenli hüňürdäp geldi: — Şobada, şo taýda “taksä münäýeli” diýsem edenok-da, on manadyň sowulmaýan ýeri barmy diýsene. Sen näme, bärik pul tygşytlaman geldiňmi diýsene. Aç eşege ýük ahyryn bular... Hydyrguly sary taksiň öňki kürsisine geçip, şofýora barmaly salgsyny düşündirýär: — Dost jan, o neme... içigar galmyş depderçämi çemodanyň içine salypdyryn-a. O, neme köçe... Gorb... gorbu..., gorb... Wah, dilim ujunda-dy welin... — General Gorbatowmy?—diýip, taksist kömekleşýär. — Şeýle öýdýän... öňünden generalam gelýän bolmagy mümkin... — Gorbunow bolaýmasyn?! — Ähtimal, bir gorbaçyň2) bardygyna duýýan—diýip, Hydyrguly ynamsyz gepleýär. Hydyrgulyň ýatkeşliginiň agsaýanlygyna jany ýanyp, Aşyrguly dişlerini gyjap, çydap oturýar. Taksist içinden: "Gorbunowskiý bolsa, Gorbunowskiý bor-da"diýip, içini hümledip barşyna, dogry on bäş minudyň içinde Gorbunow köçesiniň 39-njy jaýynyň gabadyna baryp saklandy. — Sizden alty manat ýigrimi dört köpük, bagaž üçin bir manat, jemi—ýedi manat ýigrimi dört köpük. Taksist bilen hasaplaşansoňlar, Hydyrguly, ýoldaşyna şadyýan ýüzlenip: — Üçünji gatdaky balkon bolmaly. — Özi şu jaýmy, beri? Ýalŋyşan-a dälsiň? Depderçäňe seredäýsene. Hydyrguly hüňürdäp, çemodanynyň gapdal jübüsinden depderçesini Aşyrmyrada uzadyp: — Me, ynanmaýan bolsaň, okaý. Aşyrmyrat depderçäni dörüp durşuna, gözleýän sahypasynyň üstünden barýar: — Beh, dogrudanam, Rafik Mustafin, Kislowodsk, general Gorbatow köçesiniň otuz dokuzynjy jaýynyň on altynjy öýi—diýip, depderçäni eýesine uzadýar. — Men bu ýerlerini gözümi daňsalaram taparyn, Rafige aşakdan gygyraýaly-la, meň sesimi tanan badyna ylgap geler—diýip, öwünýär-de, aşakdan ýokaryk türkmençeläp zowladyp başlaýar—Rafik, Rafik, hany, balkona çyksana! Ýokardan jogap bolmansoň, Hydyrguly sesine bat berip güýçlendirýär,—Rafik, balkondan kelläňi çykaraý-da, how, kän gygyrdyp durmada! Ir säher, daşardaky, düşnüksiz dildäki gykylyga oýanan goňşular boýunlaryny penjireden uzadyp, pyýada ýörelgede duran iki nätanyş adamy bilesigelijilik bilen synlap, her kim bir zat diýip gygyrýar: — Näme, ir bilen bogazyňyza sygdygyndan zowladyp, adamlary örüzip ýörsüňiz? Utanańzokmy? — Aý, arakhordyr-da, azarlap gygyrýandyr-da. — Daşky keşplerine, goş-golamlaryna syn etseň, arakhorlara meňzänoklar, bir ýerlerden dynç almaga gelenlere meňzeş. — Häziriň özünde güm bolmasaňyz, milisiýa habar ederin! Ýöwsellän Aşyrmyrat Hydyrgula ýalbarýar: — Ýör, bir gün, ertire çenli myhmanhanada bolaýaly-la!.. Onýança, Rafigiň çaklanylýan balkonynyň ýokarsyndan—dördünji gatyň balkonyndan agzy çilimli, arryk adam çykyp: — Bu jaýda hiç hili Rafik ýaşanok—diýip, çilimini otlady. — Ol edil Siziň aşagyňyzda, üçünji gatda ýaşaýar. Balkonyň gapysy hem açyk, öýünde bolmaly, ýatan bolaýmasyn. Haýyş edýän: ýumuş görmän, oňa duýdursaňyzlaň "Türkmenistandan dostuň geldi" diýip, Hydyrguly eýlesine-beýlesine garanjaklap, sesini öňküsinden iki esse peseldip gygyrdy. Arryk adam sesini çykarman öýüň içine girip gitdi-de, birnäçe sekuntdan soň dolanyp geldi. Onuň yz ýanyndan, gözlerini owkalaşdyryp, balkonyna çykan Rafik diýlip caklanylýan adam ýokarsyna seredip: — Sergeý, sen-maý poly depgileýän? Hä, näm boldy, beýle gyssagly? Arryk adam aşakda duran Hydyrguly bilen Aşyrmyrada ümläp: — Hol türkmenler seni ideýän-ä däldirler-dä?! — Aý, ýok, tanamok. Ilkinji gezek görýän-dýip, yzyna öwrüljek bolanda, Hydyrguly ellerini gerip gygyrdy: — Rafik salam! Bu men, Hydyrguly! Gelmänkäm jaň etdim welin, trubkany almadyň—diýip, türkmençe gürledi. — Men Rafik däl, Siz ýalňyşýaňyz. — Aý, borlaý, oýun etmese-naý, dost! Seň şo-ol öňki henekçilig-aý. Men şoň ýaly, tanalmaz üýtgäýdimmi?!—diýip, Hydyrguly ýene ene dilinde gepledi. Rafik diýilýän birden gürüm-jürüm boldy-da, birnäçe minutdan köçä çykdy: — Näme diýsene gardaş sen salgyňy ýalňyşyp gelen bolaýmasaň—diýip, ol türkmençe çalgyrt gepledi. Bu ýagdaýa geň galan Hydyrgulyň begenjinden ýaňa gözleri ýalpyldap, hanasyndan çykaýjak boldy. Ol söhbetdeşini gujaklajak bolup ýönelende, Rafik diýilýän yza tesip, sag elini öňüne germedi. Köçede duranlary synlap ýadan kelleler bir-birden, yzly-yzyna penjireleriň arkasyna duwlanyp başladylar. Ýaşaýjylaryň biri: — Ýuriý Petrowiç, myhmanlaryň bilen köçede gürleşmän, öýde düşünişäýmeli ekeniňiz-dä! Olar alysdan gelen ýalylar-la. Goňşusynyň kinaýasyna ýüzi gyzaran Ýuriý Petrowiç, aljyrap, Hydyrgula ýüzlendi: — Ýörüň öýe gireliň, şo taýda düşünşäýeris. Eýýäm ýaýdanjyrap başlan Hydyrguly ýüzüni sallap, ynamsyz gepledi: — Siz meni bagyşlaň, men hakykatdanam ýalňyşypdyryn öýdýän. Bu jaý hem bäş gat, balkonlaram edil dostumyň jaýyndaky ýaly. Bagyşlaň!—diýip, goşlaryna tarap ýönelende, Ýuriý Petrowiç ýylgyryp, onuň bileginden tutup: — Ýok, gadyrdan, bu gün siz meniň myhmanym bolarsyňyz, sizi maňa hut Hudaýyň özi ýollandyr. Rafigiň gözlegine soň çykar ýöreris—diýip, çemodanlaryň birine elini uzatdy. Bu hadysany sessiz-üýnsiz, başdan-aýak synlap duran Aşyrmyrat goşuny alyp, hüňürdäp, Hydyrgulyň yzyna düşdi. Ýuriý Petrowiç myhmanlary öňe goýberip, öýüň bosagasyndan ätlän badyna: — Olenka, ezizim, sen bir görsene, bize kimleriň gelenini!—diýip, şadyýan gygyrdy. Ýatylýan otagdan "kim?" diýen zenanyň sesine—ildeşlerim, Türkmenistandan, diýip jogap berdi. Bäş-alty minutdan, myhmanlara orta ýaşly, orta boýly, sarymeňiz, gaşlary bejerilen, görmegeý aýal çykdy. Ol aýasyny aşak tutup, ýylgyryp, näzijek elini myhmanlara uzadyp: — Hoş gördük! Olga Borisowna—diýip, özüni tanyşdyrdy, soňra ol adamsyna ýüzlenip,— Ýuroçka, myhmanlaryňy maňa-da tanyşdyr-da! Ýuriý Petrowiç, aljyrap: — Mähribanym, dogrymy aýtsam, bularyň atlaryny özünem bilemok, özleri tanyşdyraýmasalar... Ýanýoldaşynyň nätanyş adamlary öýe getirenine nägile bolanyny öý hanymynyň enaýyja gaşlarynyň ilki gerilip, soň çytylanlygyny synlap duran myhmanlar birr-biriniň ýüzüne seredişip, ýüzlerini aşak salladylar. Dartgynlygy Olga Borisownanyň özi bozdy. Ol mylaýym sesi bilen: — Ýura, myhmanlary naharhana elt, ertirlik edinsinler, uzak ýoldan aryp gelendieler—diýip, erkekleriň öňüne düşüp naharhana ýöneldi Ertirligiň başynda är-aýalyň mundan ýigrimi-otuz ýyl Türkmenistanda ýaşandyklary, Ýuriý Petrowiç Maryda gurulan elektostansiýanyň gurluşygynyň baş inženeriniň orunbasary bolup işländigi, onuň Maryda Nurmuhammet atly dostunyň bardygy, onuň bilen hat alyşýandygy, on ýyl türkmenleriň arasynda ýaşap, türkmençäni hem öwrenendigi aýan boldy. Öý eýeleri bilen geçmişi ýatlap, myhmanlar nädip öýle bolanyny hem duýmadylar. — Ýuriý Petrowiç, Olga Borisowna! Bizi sylap eden hezzet-hormatyňyz üçin sag boluň! Öz ebeteýsizligmiz bilen sizi oňaýsyz ýagdaýa goýanmyz üçin bagyşlaň...—diýip, Hydyrguly sözüni soňlamanka, öý eýeleri ýerli-ýerden: "Goýsaňyzlaň, siz bizi çigit ýaljak-da alada goýaŋzok, o hakda asla pikirem etmäň", "Sizi görenmize begenjimiziň çägi ýok, siz bilen söhbetleşip, ýaşlygymyzy ýatladyk, on ýaş yigdelen ýaly bolduk" diýişdiler.—Aý, şonda-da...—diýip, sözüni soňlaman dymdy-da, ýüzüni sallady. Bu öýe gireli bäri özüni tagaşyksyz duýup oturan, Aşyrmyrada niredendir bir ýerden dogumlylyk aralaşdy: — Gadyrdanlar, eden hyzmatyňyz üçin Taŋry ýalkasyn! Indi bize gaýtmaga rugsat beräýiň, biz entek myhman ýerimize—Rafiklere-de barmaly. Ertir bolsa şypahana ýerleşmeli, elimizde putýowkamyz bar3)—diýip, göz astyndan Hydyrgulyny synlady. — Elbetde, elbetde, men düşünýän, baş üstüne!—diýip, Ýuriý Petrowiç Aşyrmyradyň teklibini goldady.—Ýogsa-da, siziň dostuňyz haýsy köçede ýaşaýar? — General Gorbatowda—diýip Hydyrguly jogap berdi. — Hä, Gorbatow köçesi indiki köçe, biziň köçämiz “Gorbunow adyndaky” — Wiý-ý-ý, şeýlemi? —Ol müýnli nazaryny Aşyrmyrada öwürdi. —Düýn jaň edip aldyryp bilmedik... — Hany ýene bir gezek aýlap göreli—diýip, Ýuriý Petrowiç Hydyrgulyň depderçesine seredip durşuna telefonyň sanlaryny aýlady. —Hä, gudog-a gidýär. Ol jogaba garaşyp biraz diňşirgenip duransoň, telefondaky söhbetdeşi jogap beren badyna: “Alo, salam! Bu Rafik Mustafinmikä? Hä-ä, şeýlemi? General Gorbatow köçesiniň otuz dokuzynjy jaýynyň on altynjy öýümi? Ýok-la bolan zat ýok-la. Rafigi türkmenistanly dostlary idäp ýörler. Ýok, men Türkmenistandan däl. Olar salgsyny ýalňyşyp bize geldiler. Şu gün ir bilen şu nomere jaň hem aýlapdyrlar, trubkany almandyrlar. Hä,hä, hä. Şeýlemi? Aha, bor, bolýar, ugradaryn” —trubkany goýup, myhmanlara ýüzlendi—Rafik dostuňyz-a däl, başga kişi, “bize gelsinler” diýýär, “aýtmaly zatlarym bar” diýýär—diýip, myhmanlara köpmanyly seretdi. Hydyrguly Ýuriý Petrowiçiň ellerini gysyp durşuna: — Agam, sag boluň eden hyzmatyňyza. Türkmenistana baryp bizi görmän gaýtsaňyz örän gaty görerin. Wiý,huşum gursun-la—diýip, uly çemodanlaryň birini açyp, içinden gök-sary zolakly waharmanlaryň birini çykaranda, şobada ysy otaga ýaýrady. —Me, alyň, bu size, Türkmenistandan sowgat! Ýuriý Petrowiç sowgady golyuklap durşuna: — Näme etjekdiňiz azara galyp—diýip, sypaýyçylyk etdi. — Keýwany! —aşhanada hysyrdanyp ýören aýalyny çagyrdy.—Me, entek gawun ýadyňdan çykan däldir-ä?! Aşhana äkidäý. —Myhmanlar gaýdyp barýarmy? —diýip, Olga Borisowna geňirgendi. —Men nahar taýynlap durun-a, iýip gidiň-ä! —Sag boluň bereket bersin, eden hyzmatyňysa-da sag boluň—diýip, Hydyrguly depderçesinden bir tagta kagyzy ýyrtyp aldy-da Ýuriý Petrowiçe uzatdy. Ynha, meň salgym we öý telefonym. Türkmenistana çagyrýan, hökman geliň! Ýuriý Petrowiç haty alyp ýetişmänkä, Aşyrmyrat kakyp aldy: — Hany menem göreýin-le şuny—diýip, ýazylan haty gözden geçirip, bir zatlar ýazmaga oturdy. — Ýuriý Petrowiç, Siz ondan aýyp-syn görmäň, ol elmydama maňa ynanmazçylyk edip ýör—diýip, Hydyrguly ýuwmarlady. — Aý, bolmanda-da, saňa doly bil baglasaň, Kislowodskydan däl, Krasnowodskydan çykararsyň. Bu henege gülüşip bolansoňlar, —ynha, Ýuriý Petrowiç, bu bolsa meň salgym. Türkmenistana barsaňyz ilki aşaky salga—bize geliň, ýokarky salga barsaňyz azşarsyňyz. Öý eýesi we myhmanlar hezil edişip, “ha-ha-haýlaşyp” gülüşensoňlar, Ýuriý Petrowiç: — Goşlarňyzy goýup gidäýmeli ekeniz-dä, ertir şypahana ýerleşeniňizden soň alyp giderdiňiz-dä! —diýip, ýuwmarlady. — Size azar bolmalyň, myhmanhanada ýerleşeris—diýip, Hydyrguly ýylgyrdy. — Eger myhmanhanadan ýer tapylmasa geläýiň—diýip, öý eýesi mürehet etdi. Çagyrlan taksi salym salman geldi we sähelçe wagtyň içinde myhmanlary General Gorbatow köçesiniň otuz dokuzynjy jaýynyň gabadynda düşürdi. Bu jaýam bäş gat, penjielerem, balkonlaram, hatda jaýyň öňüni bezäp duran ter otluja gülli meýdança-da edil ýaňky baran ýerine meňzeşligine geň görüp synlap durşuna Aşyrmyrat: — Dogry bir geldikmikäk? —diýip, jaýyň daş-töweregine aýlanyp ýörşüne, köçäň ady bilen jaýyň nomerine gözi kaklyşansoň, ynjalyp, —dogry gelen ekenik—diýdi. —Hälki ýaly, aşakadan gygyrjakmy ýa ýokaryk çykyp geleýinmi? —diýip, Hydyrgulydan kinaýaly sorady. — Baryp gaýdaýsana, men aşakda garaşaýaryn. Birnäçe minutdan Aşyrmyrat deşli adamy yzyna tirkäp aşak düşdi. Ol adamyň ady Ýulaman, aýalyna Narçeçek diýýän ekenler. Olaryň şäheriň daşyndaky jaýlaryna düýnki gidişleri ekeni (ýaňjajyk gelipdirler), şol sebäpli hem telefona hiç kim jogap beren däl bolmaly. Öýe girensoňlar, Ýulaman iki ýyl Kakada serhetde gulluk edenini, Gyzylarbatda, Daşoguzda dostlarynyň bardygyny, olar bilen hat alyşýandygyny, hat-da, birnäçe ýyl mundan owal aýaly bilenTürkmenistana gezmäge gidenini, türkmenleriň örän myhmansöýerdiklerini gürrüň berdi. — Rafik daýy aýatda diri, ol jaýyny bize satyp, Tatarstana—atasy öýüne göçüp gitdi. Mende onuň telefony bar, özi bilen gepleşäýiň—diýip, telefon depderçesinden Rafigiň nomerini tapyp, şäherara telefon aragatnaşygyna zakaz etdi.—Ol: “Dostlarym meni idäp gelseler, meniň telefonym bilen salgymy ber. Hydyrguly atly türkmen dostum—meniň doganymdyr, onuň ähli meselesi çözülmelidir, kynçylyk ýüze çykaýan ýagdaýynda, meň bilen hökman habarlaş” diýip, sargap gitdi. Siz onuň göçüp gideninden bihabar welin, görüşmäniňize eslije wagt bolupdyr öýdýän?! — Bäş-alty ýyl bolandyr—diýip, Hydyrguly hamala aýraçylyga özi günäkär ýaly, müýnli jogap berdi.—Hat ýazýan, jogap ýok, hat ýazýan jogap ýok. Eýgilikmikä, jany bir sagmyka diýip habar tutmaga gelşimiz Telefonyň çasly, yzyny kesmän jyrlaýşy, şäherara zakazyň taýynlygyndan habar berdi. Ýulaman trubkany galdyryp: — Hawa, hawa. Hä, şeýlemi? Bolýar ýene soňraga garaşaýarys—diýip, myhmanalara ýüzlenýär:—“telefon jogap berenok” diýýär, “ýene soňrak birikdirip göräýeris” diýdiler. Rafik daýyň adyna gelen hatlary ýygşyryp goýdum, özüne-de habar iberipdim—diýip, beýleki otagdan karton gutujyk geldi.—Ynha, görüň, içinde Siziň hatlaryňyz bar bolmagy mümkin. Hydyrguly açylmadyk poçta konwertlei bir-birden saýlap, öz hatlaryny tapdy, bir gysym hatlara seredip durşuna: — Bu hatlary alsam bolýarmy? Barybir, möwriti geçen hatlary eýesiniň haçan okajagam belli däl, gowusy Rafigiň täze salgysyna özüm ugradaýaýyn-la. — Hawa, hawa, elbetde, ol öz işiňiz—Ýulaman howlukmaç jogap berdi-de, uludan dem alyp,—Size jogaphat ýazmadygynyň sebäbi bar. Keýpiňizi gaçyraýsam meni bagyşlaň. Bärden göçüp gidensoň, dört-bäş ýyl mundan owal, Rafik daýy insult geçirdi—sag tarapyna berdi, peltekläp gepleýär (oňa häli telefonda gepleşeniňizde özüňiz hem göz ýetirersiňiz), ýöne sag eli-aýagy doly hereketde däl: çep elindäki hasa direnip ýöreýär, ýörände aýagyny aýlap alýar, salamlaşanda sag eline çep eli bilen ýardam berýär, garaz, indi ol kesekä mätäç bolup ýaşamaly-da... Hydyrguly Ýulamanyň gürrüňine biygtyýar gelen göüýaşyny süpürip, sesini çykarman başyny atdy, ejizlänini gizlejek bolup, ýüzüni gapdala sowdy. — Narçeçek, hany, haçan bizi çagyrýaň?! —diýip, Ýulaman aýalyna gygyrdy. — Ynha, göni birje minutdan.— aşhanadan Ýulamanyň aýalynyň sesi eşidildi. Aşyrmyrat assyrynlyk bilen Hydyrgula ümledi. Hydyrguly: — Ýulaman, güler ýüzüňiz solmasyn. Dostumy gören ýaly boldum, minnetdar. Bize indi rugsat ber, ýöräli. — Nirä ýörejek? Şypahana ertir şu ýerden gidersiňiz. Aşyrmyrat ýoldaşyny goldap: — Biz argynrak, myhmanhana ýerleşip, dem-dynjymyzy alaýsak... —diýip, sözüni soňlamanka, Ýulaman: — Hiç hili myhmanhana bolmaz, siz bu gün meniň myhmanym. Türkmenistana baramda, dostlarym oba-oba, şäherme-şäher aýagymy ýere degirmän aýlaýarlar, ýeke günem myhmanhanada ýatan adam däl. Men Rafik daýa näme jogap bererin! Ýok, bolmaz!—diýip çürt-kesik aýtdy.—Myhmanhanalarda tanyşlam bardyr, jaň edäýerin: “iki sany türkmen barar welin, ýer bermäň diýip” —diýip, loh-lohlap gülýär, myhmanalar hem onuň gülküsine goşulyşýarlar. Aşhanadan Narçeçegiň sesi gelýär: — Ýulaman, myhmanlar, saçagyň başyna geçiň! ________________________ “Ikarus” 1) –şäherara gatnaýan awtobusyň bir görnüşi; Gorbaç 2) (rusça—горбач)—küýki, bükür adam; Putýowka 3)—şypahana bejergä gidýänlere berilýän ýolhat: ©Kakajan BALKANOW. | |
|
√ Oglanlyk döwrümiň peji / hekaýa - 21.01.2024 |
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Çuwalgyz eje / hekaýa - 16.10.2024 |
√ Ýaşaýyş şol pursatlar / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Iki daragt / hekaýa - 15.10.2024 |
√ «Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024 |
√ Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Men şu gün gyz boljak / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Bugdaý sümmül bolanda / hekaýa - 14.10.2024 |