15:37 Men şu gün gyz boljak / hekaýa | |
MEN ŞU GÜN GYZ BOLJAK
Hekaýalar
Dünýägözel Oraza aýynyň bir hepde öňünden “ýaremezan” gezýän çagalar üçin, her haýsynyň eline tutduraýar ýaly bir guty şokolad taýynlap goýdy. Ýanýoldaşy, Hakberdiniň: “Birje şokoladyňy çaga öýüne ýetmänkä iýýär, ýany bilen kökejigem goşaýmaly ekeniň-dä”, diýensoň, dükandan bir ullakan guty köke satyn alyp geldi. Ine bu gün bolsa goşa baýramçylyk: hem-ä Remezanyň buşlukçylary — şadyýanja çagalar zowladyşyp gelerler, hem-de hersi bir ýerde ýaşaýan çagalary öz çagalary - agtyklary bilen ejelerini we enelerini baýramlary bilen gutlamaga gelerler. Gapyny kakýarlar. Dünýägözel gapyny açan badyna, ýyljajyk geýnen, elleri sellofan paketlije ýedi-sekiz sany çaga ýerli-ýerden, başly-baradyrak: — Ilerde bir Aý bar, Ujy gyzyl ýaý bar, Pygammeriň saçagynda Bize goýlan bar. Ýa Remezan! Dünýägözel çagalaryň: “Biz-ä Sizi baý gördük, gapyňyzda Aý gördük...” gygyryşýanlaryny eýýäm çagalara sowgatlaryny paýlap durka diňledi. Ol oglanjyklara bir şokolad bilen iki sany köke berip, gyzjagazlara iki şokoladdan we dört kökeden paýlady: —Ynha, bu-la Remezany buşlanyňyz üçin, a bu bolsa Sekizinji Mart baýramyňyz bilen gutlaýan. Janyňyz sag bolsun, görjekleriňiz gowulyk bolsun, balalarym! Çagalar ýerli-ýerden: “Sag bol daýza, sag bol gelneje!” diýişip, yzyna öwrülenlerinde, oglanjyklaryň içinden mele kurtgalyja, bäş-alty ýaşlyjasy, pessaýja sesi bilen: — Gelneje... wiý, daýza! Maňa-da Mahyma beýeniň ýaly kö-ö-öp beýäý-dä... Oglanjygyň haýyşyny eşidip çagalar sägindiler we üşerişdiler. Dünýägözel oglanjygyň garaşylmadyk haýyşyna näme jogap berjegini bilmän aljyrady: aşaky dodagyny dişläp, ellerini owkalaşdyryp, süýji-kökeli gutulara ýönelip, orta ýola ýetende, topar bilen gelen, iki sany ýedi- sekiz ýaşly oglanjyklar hem “maňa-da beräý-de, maňa-da beräý” boluşdylar. Ol içinden: “ Be, bi... oglanjyklara-da deň-derman paýlasam, indiki geljeklere ýetirinip bilermikäm. Ýetmejek bolsa Hakberdini dükana ugradaýsammykam. Bu gün, baýramçylyk güni dükanlar işleýärmikäler, beri...” diýip, oýlanyp durka, Hakberdi “dadyna ýetişdi”, ol ýogyn sesi bilen aýalyna ýüzlenip: — Näme, ýetmejek bolýarmy? — Ýetýä-le, ýöne welin... — “Welini” näme?.. Çagalar gapy ýaly äpet, daýaw, garynlak adamyny görenden we onuň güňleç sesinden birbada üýşenip, ony dikanalap synlap durdylar; gyzjagazlaryň içinden ekabyrragy, hiç bir howpuň abanmaýanlygyna göz ýetirip, inçejik, çasly sesi bilen gözlerini ýumup, zowladyp başlady: Az bereniň gyzy bolsun, Köp bereniň ogly bolsun! Gyzjagazyň “Ýa Remezanyna” ýanyndaky çagalar hor bolup goşuldylar. Gap gara gözlüje, buýra saçlyja gyzjagaz, söz almaga rugsat soraýan ýaly sag elini ýokaryk galdyryp, çep eliniň süýem barmagyny mele kurtkaly oglanjyga çommaldyp: — Daýy, hemmämize-de ýetdi, ýöne şü Alyhan berlenini az görüp, ýene dileýär. — Sen Mahymmy? Bu oglanjyk seň jigiňmi?— diýip, Dünýägözel sorady. — Ýok, anha Mahym — diýip, gyzjagazlaryň biri dillendi-de, gapdalynda duran sarymeňiz gyzjagaza ümledi. Boýy beýleki çagalardan dört barmak saýlanyp duran sarymeňiz gyzyň ýüzi çym-gyzyl boldy. Ol Alyhanyň elinden tutup: — Ýör jigim, men saňa öýde beräýerin... Alyhan elini silkip alyp, götinjekledi: — Gitjek däl. Aldaýaň. Näme, saňa köp beýip, maňa az beýdiler?! Diňe gyz bolanyň üçinmi? Onda, menem gyz boljak şu gün — diýende, çagalar wakyrda berdi. Jigisiniň keçjallygyna öňküden hem beter — gulaklaryna çenli gyzaran Mahym: — Aly jan, çypbakaý-çynym, öýe baraly, men saňa özümiňkinem bereýin... — A-a-aý-ýa. Sen aldaýaň. Çykgynsyz ýagdaýyň ebeteýini tapyp bilmeýän Mahymyň owalary ýaşardy, aglaman zordan saklandy, haraý gözläp, öý eýelerine nazaryny aýlady. Hakberdi Alyhanyň başyny sypalap, ýylgyrdy-da: — Ýagşy ýigit, ikimiz indi gyz bolmakdan gijä galan bolaýmasak. Bu sözlere çagalryň pyňkyrýany bar, gülýäni bar gülmän zordan saklanýany bar, diňe Mahym gyzarlyp, çişip dur. — Öýde “Toýotaň” barmy? — Ýok. “Kamazym” bar. — Awtomatyň, pistoletiň? — Hawa. — Gyz bolasyň gelýäniň çynyň bolsa, bu zatlary tabşyrmaly borsuň. — Niýä? — Hökümete. Olaryň deregine saňa gurjak bererler, gurjaklaryňy ýatyrar ýaly sallançak bererler... Çagalar ýene-de wakyrda berýärler, Mahym çydap bilmän aglaýar. Dünýägözel ýanýoldaşynyň syýyndan çekip, oňa gazaply nazary dikýär-de, Mahymy köşeşdirjek bolýar: — Goý ballym, daýyň oýun edýär-ä... Adamsyna gaharly:—Çagadyr-da, şoň bilen deň bolýaň... Hakberdi aýalyna pitiwa-da berenok: — Anha görýämiň, gyzjagazlaryň hemmesi uzyn köýneklije, senem, dostjan, bu jinsi jalbaryňy çykaryp, gyzlaryň köýnegini geýmeli bolarsyň. — Gyzlaň köýnegin-ä geýjekgäl. — Hä-ä-ä, şeý diýsene! Ýene-de: gyzjagazlaryň saçy uzyn bolýar, örülen bolýar, a seň bu keltejik saçyňy nädip örjek, edil şulaň saçynyň yzyndan ýetjek bolsaň ýene bir ýyl gerek bor. Onsoňam, seň “etsem-pessemiň” bilen bolaýar öýdýäňmi, bu meýliňi kakaň-ejeň bilen hem maslahatlaşmaly, entek olaryň seniň gyz bolmagyňa rugsat berjekleri hem belli däl. Alyhan gözlerini mölerdip, Hakberdiň öwütlerini agzyny öweldip diňläp durşuna, uludan dem alyp, başyny sallady. Hakberdi oglanjygyň süllerenini aňyp, oňa mundan beýläk “jepa bermekligi” artykmaç hasaplap, gyra çekildi. Alyhanam, Hakberdem, çagalaram dymyşyp durlar. Agyr dymyşlygy Dünýägözel bozdy: — Me, Alyhan jan — diýip, iki şokalad bilen dört sany kökäni Alyhanyň ýantorbasyna saljak bolanda, oglanjyk ýumruklaryny düwüp, yza tesdi. — Me, alaý-da ballym, daýyň oýun et-dä! — Ýok, aljak däl, gyzam boljak däl — diýip, Alyhan torsarlyp, yzyna öwrülip gitmekçi bolan-da, çagalaryň seslerini çykarman diwar ýaly butnaman duranlaryny görüp sägindi. Ol özüni ýazgarylýan ýaly duýdy, sen-men ýok, “u-u-u” sesi bilen aglap başlady. Mahym ylgap baryp jigisini gujaklady, kellesini döşüne gysdy. Alyhan başyny uýasynyň döşünde goýup aglap durşuna birnäçe minutdan aýňalyp, Mahymyň elinden sypyp, daşaryk ylgady. Hakberdi rejäň geň dälligini aňyp, içki otaga siňip gitdi. Dünýägözel gözleriniň ýaşyny süpürip durşuna, Mahyma nazaryny dikip, müýnli gepledi: — Mahym jan sen daýyňdan aýyp-syn görme, ol bir henekçi adam. Ol käwagt çagalar bilenem edil uly adamlar bilen oýun edişi ýaly degişmesi bar-da — diýip, ýuwmarlap, Mahymyň gözlerinden bir zatlar okajak ýaly bolup, çiňerildi. Mahym jogap bermän, hyrra yzyna öwrülip, gitjek bolanda, çagalar hem seslerini çykarman, ýüzlerini daşaryk öwürdiler. Dünýägözel Mahymy gujaklap ýetişdi we edil ýüzüne urlan ýaly naýynjar ýalbardy: — Gyzym, beýdip öýkeläp gitseň meni agyr ünjä goýarsyň. Gel, şu bolan wakany şu ýerde ýatdan çykaraly! Gyzlar, bu şatlykly gün — biziň baýramymyzda birek-biregiň göwnünine degmejek bolalyň, eger tersleşen bolsaňyzam şu gün ýaraşyň! Çagalar, geliň şu wakany şu ýerde ýatdan çykaralyň! Hä?! —diýip, çagalara göz aýlaýar, çagalar dymýarlar, ýüzlerini sallaşyp, göz astyndan Mahymy synlaýarlar. Bu hadysa Dünýägözel şumjarýar: — Wah, balajyklar meniň hem siz ýalyjak agtyjaklarym bar, olar ynha “hä” diýmän enelerini, mamalaryny gutlamaga gelerler. Men siziň öýkäňizi ýazman, şu ýüzüme nädip olaň öňünden çykaýyn... Gapyň gabsasyna ýaplanyp aglap duran Dünýägözel aşaklygyna syryrylyp, çöküne düşýänçä Mahym joralary bilen ylgap baryp gujaklap ýetişdiler. Çagalar uly adama öz bilişlerine görä teselli berdiler: — Daýza, goýuň... — Gelneje, goýuň aglamaň! — Siz biziň göwnümize degeňzoň-a, daýy-da... Dünýägözel içini “gowzadansoň”, rahatlanyp: — Gyzlar, men siziň öňüňizde ejizlik edenimi bagyşlaň! — Ýok-la, daýza, aýdýanyňyz näme?! — Gaýtam, Siz bizi bagyşlaň! — Baýramyňyz gutly bolsun, daýza — diýip, Mahym ýylgyryp, Dünýägözeliň ýaňagyndan ogşady. Dünýägözel çagalaryň başlaryny sypalap, hemmesiniň ýaňaklaryndan öpüp durşuna: — Siziň hem baýramyňyz gutly bolsun! Biziň adymyzdan öýüňize baransoňuz ejeleriňizi, ene-mamalaryňyzy, uýalaryňyzy gutlaň! — diýip, çagalaryň: “Ýok, gerek däl”, “Sag boluň, ýaňy berdiňiz-ä” — garşylyklaryna garaman, ählije şokalad-kökeleri olara deň-derman paýlaşdyrdy-da, — baryň, köşejikler, Alla ýaryňyz bolsun! Indiki orazalarda-da siziň bilen duşuşmak nesip etsin-dä, hernä... Çagalar giden dessine, Dünýägözel indiki geljek çagalaryň toparyna paýlamak üçin Hakberdini dükana süýji-köke almaga ugratdy we tizden-tiz dolanmagyny sargady. © Kakajan BALKANOW. 08.03.2024 ý. | |
|
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Paşmadyk keýp / hekaýa - 21.08.2024 |
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Ýaşaýyş şol pursatlar / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024 |
√ Hoşlaşyk / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Birtöwra / hekaýa - 12.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |