18:30 Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa | |
MERKIÑI BERSEÑ, ERKIÑEM GIDÝÄN EKENI
Hekaýalar
Geldimyrat aga agtygynyň toý sadakasyna çagyran çagalyk dostlarynyň arasynda oturan ýerinden güpüň ýanynda duranlara gygyrdy: —Hany, ýaňy gara çaý diýipdik welin, soňy bolmady-la!—diýip, gygyrdy. Soňra, gabat garşysynda oturan sakgaldaşynyň ynjalyksyz nazaryndan syrly bir zat okajak bolup, dikanlap seretdi-de,—Ýak, Hudaýberdi, günde günaşa görüşip durus-maý, oturalyň-da könäni ýatlaşyp, häzir çaýyňam gelýär!—diýip, bir gapdalda nardy oýnap oturanlara öwrülip,—Tirkiş, senem "şakyr-şukurňyzy" bir çeträkde oýnaýmaly ekeniň-dä! Ses-üýn alşyp bolanok. Hanha, erigiň kölegesi boşja dur!—diýip, öýlenýän ýigidiň kakasyna ýüzlendi. Tirkiş ýoldaşlary bilen kölegä göçenden soň,—oh-ow, düýn agşamdan bäri "şark-şark"—ýürege düşdiler-ä, how! —Geldimyrat, seň özüňem-ä "şeş-beşi" gün sypdyrman oýnaýadyń, ýadyňdamy?—diýip, ýoldaşlarynyň biri gülümsiredi. —Aý, hawa-la, ýaşlyk döwrümiziň başdan geçirmelerini çagalaň bilen agtyklaryňda-da görýän ekeniň. —Aý, edil nokatma-nokad-a bolanok ekeni. Şu wagtky ýaşlaryň aşyk oýnaýanyna duşduňmy? Olardan sorap göräý, çiligiň nämedigini bilýälermikä? "Telefon" diýen bela döräp, çagalaň barsyny daňyp goýdy. On-on iki ýaşly oglanjyk her elinde göterip gelen çäýneklerini Geldimyradyň öňünde goýuşdyryp durşuna, ýaşulylara ýüzlenip: —Essalawmaleýkim!—soňra süýem barmagyny çäýneklere uzadyp, atasyna ýüzlendi,—ynha, ata, bu-la—gara çaý, bu-da—gök çaý—diýdi-de, jübüsinden telefonyny çykaryp, gitmäge synanyşanda, atasy: —Oglum, sen hem nardy oýnap bilýämiň?—diýip, ýoldaşlaryna nazaryny öwürip, ýylgyrdy. —Hawa-laý. Internetde näme oýun diýseňem bar-laý. —Aşyk hem barmy?—diýip, ýaşulylaryň biri sorady. —Ýok, aşyk ýok. —Ýogsa-da, aşygyň nämedigini bilýämiň? —Hawa. Togalajyk süňkdür-dä, çorbaň içinden çykýan. —Şoň oýnalýanyny bilýärmiň? —Eşidipdim, ýöne oýnap göremok. Agtygy gidensoň Geldimyrat: —Ynha-da, bular ne çiligi bilýärler, ne-de aşygy. Uzakly gün telefonlary bilen, tä ýatýançalar—edil bagyrlary badaşan ýaly. Soňa-baka bular adam bilen sözleşmäni hem ýatlaryndan çykararlar, öňem-ä ene dilimizi düşnüksiz saýry sözlerden doldurdylar. —"Haý-da-waý", "waý-da-faý". Bir-birlerine özleri düşünýändirler-dä, elbetde. Diňleýän aýdymlarynda-da ne owaz, ne many bar: "rep" diýdimi, "dep" diýdimi—it suwa siýen ýaly—diýip, gara çaý içýän ýaşuly janykdy. —Içigar diýsäni, indi telefonlaram üýtgäp dur-a, how! Öň düwmelije ykjamja telefonym bardy, muny duýman durkam, emedekläp ýören kici agtyjagym çaýly käsäme oklap goýberdi. Käsede agdaryldy, çaýam döküldi—şo gysga wagtyň içinde telefon yzgar çekip ýetişipdir. Men aýdýan agtygyma: "Köşek, çaýly käsäň bir özüni ejeň täzeje halysyna agdaran bolsaň abraýly bordy" diýýän. Oglum telefonlaryň täze çykan görnüşleriniň birini alyp berdi. Aýnasyna barmak basylýany. Ony hem entek doly öwrenip bilemok, diňe jaň gelse alyp gepleşip bilýän. Şular ýaly märekeli ýerde otyrkam, (esasanam ýas ýerde) oňaýsyz ýagdaýa düşýän: agtyklar mekdepden til kakýarlar—sapaklary gutaryp öýe gaýtmaly. Olaryň ejelerem, kakalaram, enelerem işde. Mekdep uzak bolansoň, eneleriniň hem alyp gaýtmaga ýagdaýy ýok—bir topar sapaklary bar. Ynha, hä diýmän jaň kakylyp başlanar. Bularyň okuwy hem bir wagtda gutaranog-a—ýöne mekdep bilen öýüň arasynda gatnap durmaly—diýip, Hudaýberdi çaýyny owurtlady. —Beýdip kösenip ýörmän, gelnejeme maşyn sürmäni öwredäýmeli ekeniň-dä. Öý bilen mekdebiň arasynda-ha sürüp bilerdi—diýip, Geldimyrat degişdi. —Oguljahan mundan has ýaş wagty, oýundanmy-çyndanmy—bilmedim, maşyn sürmäni öwret diýipdi. Täzeje “Moskwiç” alan döwürlerimdi. Obadan çete çykdyk. Men oňa aýdýan: “Maşynyň kürsisine geçmänkäň onuň daşyna bir gezek aýlanyp çykmaly. Tekerleri ýelini goýberip biler, öňünde-yzynda päsgelçilik bolmagy ähtimal, ýa maşyny kölegeläp it-pişik ýatan bolmagy mümkin... çaga oýnap ýören bolmagy mümkin...” Ol maňa näme diýýä diýsene! “Bu ýerlerde çaga, it-pişik nireden bolun? Sen maňa takal okama-da, sürmäni öwret” diýýär. Onsoň men oňa pedallaryň, ryçaglaryň näme niýetlendigini düşündirýän. Maşyny otlamakaň howpsuzlyk kemerini dakynmalydygyny, yz tarapy görkezýän aýnalara seretmelidigini aýdamda, ol: “A, birden maşyn ýoldan çykaýanda, daňylgy bolsam nädip böküp düşeýin?! Dakynjak däl. Aýnalara özüň seredersiň-dä; özüň aýtdyň-a: “Maşyn bir ýöräp ugransoň, eýläňe-beýläňe alakjaman, diňe ýoluňa seretmeli” diýip”. Maşyny otlansoň, ilki geçiren tizligi üçünji tizlik bolansoň, maşyn tapyr-tupur ýatdy. Gapdalynda oturan ýerimden birinji tizlige geçirip berdim. Maşyn dyzaýar, ýöne ýerinden gozgananok—men endigim boýunça, maşyndan düşen badyma el tormozyny çekegen-dä. Men oňa düşündirýän: tizlige geçirensoň, el tormozyny aşak düşürmeli, soň çep aýagyň astyndaky pedaly ýuwaşlyk bilen goýbemeli diýsem, ol näme diýýär: “Tizlige geçirenimden soň iki elimem rulda. Meň näme, üç elim barmy?! Özüň geçiräýmeli ekeniňdä!” diýýär. Maşyn bolsa dyzap dur; el tormozyny goýberdim welin, maşyn çarpaýa galdy, birinji tizligem bolsa arlap, eňip barýar; aýalym: “Waý” diýip, ruly sypdyrman barşyna öňünde nämeler bolup geçýänini görmejek bolup maňlaýyny rula goýýar. Elektrik sütüni bilen çakyşmakak açary yzyna towlap, soguryp ýetişdim. Keýwany maşynyň duranyna göz ýetirensoň, maňa igenip başlady: “Sen bilgeşleýin edensiň, maňa öwretmek niýetiň ýokdur” diýip, şumjardy-da, yzky oturgyja geçdi. Üç günläp gepleşmedi. Wah, özüm eýerde oturanam bolsam, jylaw eneleriniň elinde-le. Ine ýigrimi ýyldyr bu köneje "Moskwiçi" münüp ýörenime, ýöne "meň maşynym" diýmäge kanun boýunça hakym ýokdur—maşyn keýwanyň adyna. Ilki bilen, "Kaka, sen ýüregagyryly, saňa agyr işlemek bolanok" diýip, elimden pilimi aldylar. Soň-soňlar bir tanyş dogtardan sorasam, asyl mellek işlemek ýüregiň birinji emi eken-ä. Aý, indi elden pil-kätmen çykyp gitdi-le. Soň ýeňňeň: "Ikimize indi pensiýa berilýän ýere baryp nobata durmaga gurbatymyzam ýok, ah-heý olaryň haçan geljegini hem öňünden bilip bolanok. Nobatyň ỳeterem welin, pul gutarar. Nepes jan aýdýar, pula derek dört barmak ýaly gaty kagyz oýlap tapanmyşlar, o kagyza her kimiň ady, familiýasy ýazylanmyş. Şol petegiň bilen ýörite pul berilýän sandyklardan islän wagtyň, döwletimiziň ähli kuünjeginden pensiýaňy, aýlygyňy alyp bolýarmyşyn. Nepes jan bilen gelin-ä eýýäm şol kagyzdan edinipdirler”. Günleriň bir güni ýeňňeň bilen meni banka äkidip, bir kagyza gol çekdirdiler-de, herimiziň elimize gatyja, ýalpyldawuk kagyzy tutdurdylar, ana, şondan soň ol plastik karty hem göremok, pensiýajygymam. Keýwany aýda bir gezek sowarlyk hem-de benzin pul berýär. "Hany, munuň galany?" diýip sorasam, ol: "Pullaryň dur, arkaýyn bol-aý, sandykda ýgygşyrylgy. Gerek wagty aýdaý, çykaryp bererin. Agtyklaň ýetişip gelýäni bar, olaryň okuwa gitjegi bardyr, toý etjegi bardyr, bizem olara keseki däl-ä, az-owlagam bolsa, zerur wagty ýardam berseň ýüregiň suwluja bor" diýýär. Agtyklaryň öz ata-eneleri bardyr-a, how. Biz çagalarymyza toý edemizde ene-atamyz barmydymy näme?! Ana, indi telefonam gitdi, pensiýa-da... —Telefonyň ýanyňda ýaly-la. —Hawa, edil şu wagt-a ýanymda, öýe baranymdan, "Ata, telefonyňy beräý-dä!" diýişip, ýalbaryp başlarlar. Ho-ol, giçlik, togy çökensoň getirip gidýäler. — Enesiniňem-ä telefony bardyr, ýa ondan çekinýälermi? —Enesiniň telefony gadymy, düwmeli bolansoň oýun oýnap bolanokmyşyn. —Hudaýberdi, öýüň hökümdarlygy Oguljahana geçipdir-dä?! Eliňden gamçy bilen jylawyňy aldyran bolsaň, indi sende ne pul bar, ne-de erk bar, ýöne “ata” adyň bilen “pylan aga” derejäň galypdyr-da! —Wah, elden erk bir wagt—toýumyzyň ilkinji güni gidendir-le.—diýip, Hudaýberdi aga ýylgyrdy-da, çaýyny owurtlady. Ýa, onam gürrüň bereýinmi? —“Dile geldi, bile geldi”. Aýdyp goýber indi—diýip, gara çaý içýän ýaşuly gop berdi. —Aý, hawa-la, merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni—diýip, Hudaýberdi aga uludan dem alyp, käsesindäki galanja çaýyny owurtlap, gürüňini dowam etdirdi: —Biz toý edemizde, öýlenýän ýigit gelni bilen bir maşynda gelmek ýaňy düzügüne girip başlapdy. Gelnimiň ýanyna ýanyp duran kostýum-jalbarly, akja köýnekli, owadan galstukly, elime-de bir desse terje gül alyp barypdym. Gelnim keteniň içinde gyzyl çog bolup, ýarym-ýaş, sessiz aglap otyr (kim bilýä, öýünden çykyp gidýänine gynanyp aglaýamy ýa begenip), meňem oň bolup oturşyna gaharym gelýär. Çemeni gowşuranymdan soň, gelnime kürte atdylar, dabaraly sazy diňläp ýuwaşjadan ýöräp maşyna mündik, sag-aman öýe geldik. Maşyndan düşüp, ýoldaşlarmyň ýanyna ugradym welin, yzyma gaýtardylar—asyl öz öýmüze-de gelnim bilen bileje girmeli ekenim. Gelnim maşyndan çykyp, bize “ýör” diýýänçeler garaşyp duran ekeni, ol sag elini meniň çep bilegimden geçirensoň, ýaňy sag aýagym bilen bir ädim ätdim welin... çep köwşümiň üstünden gelnimiň akja köwşüniň ökjesi basyldy... çüňkli ökje aýagymdan parran geçendir öýtdüm; gözlerimden ot syçrap gitdi; gygyrman zordan saklandym-ow!.. Gelnimi öýe salyp, ol otaga geçip, jorabymy çykarsam, daraklygyma gan öýüpdir, hudaýa şükür, döwüg-ä ýok ekeni. Entegem awusy gidenok. Heniz-henizlerem çüňkli ökjeli köwüş görenimden, maňlaýym derläp basýar—diýende, diňläp oturanlar wakyrda berdiler. Ýöne men gepläp otyryn, siziňem-ä durmuşyňyz meňkiden üýtgeşik däldir-le, başyňyzdan geçiren gyzykly wakalaryňyzdan orta oklap oturyň, bu gün toý-a—hemmeler şadyýan bolmaly, gülüşip-degişip oturmaly! Halmyrat, kürüşgeli suwuňy aýdyp bersene! —diýip, loh-loh gülüp oturşyna käsesine çaý guýdy. —Aý, bor-laý... hökman-maý...— diýip, gara çaý içýän ýaşuly sypjak boldy. —O näme, “kürüşgeli suw”? Näme hakda? —Geldimyrat aga gyzyklandy. —Sen o wakany eşideňokmy şu wagta çenli? —diýip, Hudaýberdi aga, çäýneginden gözüni aýyrman sorady. —Ýok, eşidemok. —Goýsan-aý, bütin oba bilýär, seň bilmeýşiňi!—diýip, Halmyrat köpmanyly ýylgyrdy. —Eşidemok-how, eşidenem bolsam ýadyma düşenok!—diýip, Geldimyrat aga çyny bilen gepledi. —Ýaş döwrümiz bir-birimize gürrüň berişip, gülüşip heziller edýärdik, indi bir hili, gyzygam ýok-laý. —Aýdaý-da, how! —diýip, Geldimyrat aga ýalbardy. Halmyrat aga daş-töweregine nazaryny aýlap, del adamyň ýoklugyna göz ýetirensoň, ardynjyrap gürrüň berip başlady —Bolan wakany gysgaldyp gürrüň bersem: nika gyýyldy, agşam ýoldaşlarym don bilen silkme telpek geýdirip, göter-göter edip äkitdiler-de, gelnimiň öňünde joňkardyp oturtdylar. Gelnim kürtäň aşagyndan ýüzüni görkezmejek bolup, gysymymdaky pullary aljak bolýar, açyp bilenok, meňem nebsim agyryp, ýumrugymy gowşatjak bolýan, ýeňsämde duran ýoldaşlarym: “Halmyrat, açaýma, açsaň heleýguly bolarsyň!” diýip gygyryşýalar. Gelnejelermiň biri iki başam barmagy bilen goşarymyň ortarasyna basdy welin, penjämiň öz-özi açylaýdy! Çep elimiň penjesinem şeýdip açdylar. Dostlarym gygyryşýarlar: “Oguldursun gelneje, jyzýaňyz, gelniň özi açmal-a!” Gelnejemiň piňine-de däl—olara barmysyňam diýenok. Nobat guşak çözlüşige ýetdi. Gelin görgüli iki eli bilen sermäp, guşagyň düwnini gözleýär—tapanok. Oglanlar guşagy çigim-çigim edip bilimde düwüpdirler. Menem gelnimiň gulagyna pyşyrdaýan: “Düwün arkamda” diýip. Düşbüje gelnim—Nurgözel, Oguldursun gelnejeme süýem barmagy bilen howada tegelek çyzyp görkezýär. Daýaw ýeňňelerimiň hersi bir goltugyma girip, hyrra yzyma öwürdiler welin, men gelnime ýeňsämi tüňňerdip oturan boldum. Guşagam çözüldi, üstümize ýorgan atylyp, “ak-gök geýdirme-de” etdiler. Hemme kişini otagdan kowamsoň, ikiçäk galyp, bir-birimiziň ýüzümize seredibilmän, dymyp otyrys. Dymyşlygmyzy Oguldursun gelnejem bozdy. Ol saçakly, tabakly girdi-de: “Uzakly gün aýak üstünde bolup, ýadansyňyz, ajygansyňyzam” diýip, mejimäni öňümizde goýup, işdämiziň açyklygyny diläp, çykyp gidensoň, ýarym sagat töweregi geçendir-dä, gelnim: “Suw içesim gelýär, getirip beräý-dä!” Menem oňa: “Anha, çaý bar-a, çaý içäý!” diýýän, ol bolsa: “Agzym kepäp dur, suw içesim gelýär” diýýär. Nädersiň? Turmazmyň? Howuzdan bir kürüşge suw alyp, öýe girip gelýärkäm büdräp, tas ýykylypdymam. Otagyma girjek bolýan welin gapy gulply... Gapyny kakýan—açylanok; dözümliräk kakýan—açýan ýok. “Nurgözel, bu men, gapyny aç!” diýýän—ses-seda ýok. Näçe wagt duranymy bilemok: bäş minutmy, on minutmy—meň üçin bir sagada döndi. Bolup durşumy biri göräýse diýibem, gara janym galanok. Içimden: “Täze gelin çaşyp-üýşen bolaýmasyn, ýa uklap galan bolmagy hem ähtimal” diýýän. Ýene kakýan. Açylanok. Gatyrak kakaýan—hiç hili hereket ýok... Kelebiň ujuny ýitirdim, näme etmelidigini bilmän, aljyrap durun, äpişgäň ýanyna baryp gygyraýýaynam diýdim—biri görer öýdüp çekindim. Ýene dadyma Oguldursun gelnejem ýetişdi: —Näm boldy, näme üçin bärde dursuň? —Uklap galan bolaýmasa... Oguldursun gelnejem gapyny ýumruklap: “Nurgözel, gapyny aç, bu men—Oguldursun daýzaň” diýensoň, Nurgözel başy kürteli, agzy ýaşmakly, gapyny çalaja açyp yza çekildi-de, gapböwüre geçip, bürenip oturdy. —Ynha suwuň! —Goýaý saçakda! —O näme gapyny açaňok, şunça kakýan welin, gidenime-dä bäş minudam geçenok?! —Men entek seň sesiňe öwrenişemok. Kesekidir öýdüp gorkup, açmadym... Gelnimiň näzijek sesini eşidenimden dyňzap gelen gaharyma suw sepilen ýaly boldy. —Gel, birki agyz nan iýeli! Men-ä aç öldüm. —Özüň iýäý, meň-ä şu wagt işdäm ýok. Gelnim naharam iýenok, getiren suwumam içenok. Gije ýarymdan geçip başlady. Men oňa: “Ýatar wagtam-a boldy, ýataýaly!” diýýän, ol bolsa: “Ukyň gelýän bolsa, düşegiňi ýaz-da, geç-de, ýatyber!” diýýär. Ukymam gelýär, ýatasymam gelenok—gelnim bilen gepleşesim gelýär, ol bolsa üzlem-saplam jogap berýär. Ahyrsoňy düşegimi özüm ýazmaly boldum. Nurgözel başyndaky kürtesini sypyryp, epläpjik, bir gyrada goýdy, men hem begenjime, ylgap çyrany söndürdim. Gelnimiň nirede oturanyny çak bilen bilýän, onuň golaýyna baryp, çöküme düşdüm-de sagrysyny sypaladym, ol duýdansyz: “Waý!” diýip gygyrdy... ýüregim ýaryldy—elim köze degen ýaly çekip aldym. Dälizden gapy diňleýänleriň “wagyr-wugury” artan ýaly boldy. Hasanaklap gapyň gulpuny barladym—gulplanan. Magnitofony açdym. Daň atýança ýalbarandyryn-a: “Nurgözel jan ýataýaly-da, ikimizem ýadaw-a! Ertirem uzak gün kürtäň aşagynda oturjak bolsaň saňa-da aňsat düşmez”, “Biz indi är-aýal ahyryn, çagalarmyz bolmaly...” Oýanamyzda Gün birwagt dogup, naýza boýy galyp gidipdir, hasanaklap, eşiklermi geýip, daş çykamda Oguldursun gelnejemiň: “Halmyrat jan, nähili, oňatçylykmy?” diýen soragyna, “Hawa, oňatçylyk” diýip, gysgajyk jogap berip, agamyň öýüne ukymy dowam etdirmäge ýöneldim. Ilkinji gije elimden erkimiň gidenligine soň-soňlar düşünip galdym, asyl, nogtalanaýan ekenim. Şondan bäri Nurgözeliň bir aýdanyny iki gaýtaladýan däldirin—Halmyrat gürrüňini tamalap, öňündäk sowan çaýyndan birki gezek owurtlady—kyssasynyň tamamlanandygyny aňşyrtdy. Geldimyrat bilen Hudaýberdi Halmyradyň hekaýatynyň käbir ýerlerini bölüp, goşmaça sorag berýärler we hezil edip gülüşýärler. —Şu wagtam düşegiňi özüň salýamyň?—diýip, Geldimyrat aga degişýär. —Aý, käwagt ýazmaly bolýan, ýöne, keýwany dogry iki güne ýetirmän ýaraşýa-la. Näme, bizi gürledip, ýeke özüň gülüp otyrsyň-la, senem başdan geçirenleňden gürrüň ber-dä! Maşynlaryň “düýt-düýt” bilen “bamp-bampy” gelip başlaýar—gelnalja gitjekleri çagyrýar —Hany, ýörüň gelnaljyny ugradyp geleliň, onsoň menem bir zatjagazlardan gürrüň beräýerin!—diýip, Geldimyrat aga silkme telpegini geýip, donunyň syýlaryny düzedişdirip, dostlaryny yzyna tirkäp, gelnaljyny ugratmaga ýöneldi. Kakajan BALKANOW. 2024 ý. | |
|
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
√ Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Iki daragt / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Arap hekaýatlary - 15.10.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Ene keýik / hekaýa - 13.12.2024 |
√ Aýňalan adam / hekaýa - 28.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |