23:07 Bulutlaryň döreýän ýeri / gysga hekaýa | |
BULUTLARYÑ DÖREÝÄN ÝERI
Hekaýalar
SSSR¹ döwründe, Maryda ilki GRES² gurlup, soň birnäçe ýyl geçensoň, onuň ýakynynda azot dökünini öndürýän himiýa zawody hem guruldy. Welaýatyň daşky etraplarynyň birinden selitra (azot döküni) almaga gelen wekiller bir gün garaşypdyrlar, iki gün garaşypdyrlar; zawodyň hojaýyny her gün bir delilli-u-delilsiz bahana tapyp, olaryň pagta bilen damaklaryny çalýarmyş. Ýük daşaýan awtoulaglaryň sürüjileri howa maýyl bolansoň, myhmanhana ýerleşen ýolbaşçylarynyň yzyna düşmän, awtoýangyçlaryny tygşytly ulanmak maksady bilen we nobatlary ellerinden gider howpundan heder edip, zawoddan daşlaşman, açyk meýdanda düşläpdirler. Sähranyň ýalazy meýdanynda başga tomaşa edere zat bolmansoň, "ZIL-iň" eýeleri her gün, Gün dogandan, ir salkyn bilen, GRES-iň turbasyndan ap-ak, azot zawodyň turbsdyndan sarymtyl ak tüsseleriň äpet turbalardan zowlap çykyp, asmanyň ýüzünde towlam-towlam ýüzüp, ullakan "ak buluda" öwrülişini synlapdyrlar. Her gün şol bir gaýtalanýan jogap, şol bir hadysa, ekstremal şertlerde gidýän ýaşaýyş sürüjileri irizdirip başlady. Olar gaýgy-gussalaryny dargytmak üçin wäşisiräp başladylar: —Bir hepde bold-ow gelenmize! Görden çykan ýaly sakgal-murtly öýe barsak, çagalarmyz bir tanarmyka?! Ýolbaşçymyza maslahat salyp gideliň-laý! —Aýlygmyz ýöräp dur, komandirowkaň hasabyny ýöredip durlar—ýitirýän zadymyz ýok. Haçan ýatasyň gelse ýatyp, haçan turasyň gelse turýaň; işe gijä galyp geldiň diýip azar berýän ýok. Ýat-da, bitiň şänik bolýança! —Iň ýakyn dostumyz seňkäp ýören eýesiz itler boldy, basym olaram bizden bizar bolup gaçyp giderlermikä diýýän. —Hawa, onsoň, düýä salam beräýmeseň, bärde başga janly-jemende ýok. Zawodyň "döwülen" enjamyny "basym bejererler" umydy üzülensoň, bir hepde külçe-gowurdakdan, derýadan tutan balyklaryndan we taňkaň çaýyndan bez bolan myhmanlar öýlerine dolandylar. "Hany getiren döküniňiz? Bir hepdeläp näme etdiňiz?"—soraglara sürüjiler: "Wagtymyzy biderek geçirmedik—bulutlaryň nirede döreýänin-ä gördük" diýip, degşipdirler. Bellikler: SSSR¹ — Sowet sosialistik respublikalarynyň soýuzy. GRES² —Döwlet elektrostansiýasy (DES). Kakajan BALKANOW. 2024 ý | |
|
√ Seniň baryňda / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Ägä bolmaly / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Iki daragt / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |