13:29 Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa | |
ÝÜZ MANADY TYGŞYTLAN BALYK
Hekaýalar
Energetika işgärleriniň düýn ir bilen başlan seminar-maslahaty şu gün sagat ikilere tamamlandy. Ýygnaga gelenler bir-birleri bilen gyssagly hoşlaşyp, kim aeroporta, kim demirýol menziline howlukdylar. Hususy maşyny bilen gelenleriň arasynda Marydan gelen ýedi sany wekiller hem "Siýena"-syna atlanyşyp, ýola rowana boldular. Maşyn ugran badyna her kim mobil telefonlaryny açyp, öýlerine til kakdy. Gowur ýatyşansoň, ýedileriň içinde biri Änewde günortanlyk nahar edinmekligi teklip etdi. Şofýoryň gapdalynda oturan daýaw pyýada, çapgy ýaly boýnuny yzda oturanlara ýarym aýlaw öwürip: —Süleýman, eýýäm ajykdyňmy? Öýe barýas-a, how! Biziň-ä myhmanhanada iýen ertirligimizem siňenok heniz. —Änew bolmasa, Tejende düşleýäris-le, oňa çenli mazalyja ajygarsam-laý—diýip, Süleýman diýilýäniň gapdalynda oturan, otuz-kyrk ýaşlaryndaky adam boýnundan galstugyny çözüp durşuna, Süleýmana goldaw berdi. —Eý, Hanhowuzyň üstünden geçip gidýäs-ä, how, täp-täzeje, terje, şorja gowrulan balyk iýip geçeliň-le!—diýip, yzky oturgyçdan biri seslendi. Ony gapdalyndaky oturan alyp göterdi: —Örän ajaýyp teklip! Balyk iýmänmize-de eslije wagt geçendir. Balykda fosfor bilen "D" witamin köpmüşin. Olar we kalsiý süňküňi berkidýärmişinler, paýhasyňy durlandyrýamyşyn. Eger şofýor garşy bolmasa... —Agalar, men şu gün siziň hyzmatyňyzda, ygtyýar özüňizde: nirä sowmaly bolsa, ýa saklanmaly bolsa, çekinmän aýdybermeli. Gije ýarymdan gijä galman, hemmäňizi sag-aman öýli-öýüňize tabşyrsam bolýar—diýip, şofýor arkaýyn jogap berdi. Şofýoryň "razylygyny" alan ýolagçylar rahatlanşyp, özara gürrüňe başladylar; käbiri gürrüň bilen işi bolman, başlaryny gapdala goýup ymyzgandylar. Aşgabatdan ugran miniwen üç sagatda Hanhowuza ýetdi we ilkinji kafeniň gabadynda sägindi. Ýolagçylar (şofýor we onuň ýanyndaky oturandan özgeleri) kafe girip gitdiler, sähel salymdanam yzyna dolandylar. Gowrulan balygyŋ teşneleri maşyna girensoňlar beýle çalt serpikmekleriniň sebäbini nägilelik bilen, bir-birinden öňe düşüp gürrüň berip başladylar: —Hiý, oň ýalam bir baha borm-ow?! Bir porsiýa, bir paý hem bir ýüz manat borm-ow! —Bir paý diýýänem iki dogramça-laý. —Men aýdýan aşpeze: "Seň munyň “ak amur” däl-de, “altyn amur” bolaýmasyn" diýýän, ol bolsa: "Aý, agam, bize-de balykçylar tutup getirip berýärler, biz hem olaň goýan bahasyna sähelçe çykdajymyzy—ýagyň bahasyny, zähmet azabymyzy goşýas. Irräk gelen bolsaňyz arzanrak balyklaram bardy. Lakga, tüňňimaňlaý, ýylankelle..." diýýär. —Ýüz manada Maryň supermarketinde iki kilo balyk düşýär. Şofýoryň ýanynda oturan pälwan "arzaçylaryň" "şikaýatyny" diňläp bolansoň, yzyna öwrülmän, şofýora: —Ýör, inim, sür, men arzan ýerini bilýän—diýip, oňa barmaly ýeriň salgysyny düşündirdi. Ikinji kafe-de girenler yzlaryna örän çalt dolandylar. Ýolagçylar maşyna tarap ýönelenlerinden, ellerini daldalaşdyryp, janykýanlaryny göreniňden, olaryň gaharlydygy mese-mälindi. —Beh, Hanhowuzyň balyklary gyrylyp gutaýdymyka-naý! —Ynsabam ýog-aý adamlarda, derrew baýaýjak bolýalar-ow! —Edil bir-birleri dilleşen ýal-ow! —Ýa, ýene bir naharhanany gõräýsekmikäk?! —Seň barjak indiki naharhanalaň, bir topar, galstukly, ak köýnekli epeý adamlaryň balyk iýmäge barýanlygyndan eýýäm habarly, arkaýyn bolaý! Ýolagçylar bu henege gülüşip, ýuwaşansoňlar, şofýor boýnuny ýolagçylara öwürip: —Hany, indi haýsy kafe sürmeli?!—diýip ýylgyrdy—Ýa, şorja balykdan eýýäm doýduňyzammy?! —Doýduk, doýduk...gerk-gäbe... —Asyl ýöne, aşa-da düşdük! —Aý, munça adamy doýurjak bolup, aşpez howul-hara gowuryp, çig-çarsy balyk bilen içimizi geçirermi-nädermi... —Hawa, seňkem tilkiň üzümden ät galyp, dylym-dylym edişi ýaly, öz-özüňi köşeşdirýäň öýdýän. Ortaky hatarda oturan, elli-altmyş çal saç adam galstugyny, börügini emaý bilen epläp, sellofana salyp durşuna, dözümli ýogyn sesi bilen geplemäge başlady: —Tilki ýaly öz-özümizi aldatmarys, gardaş. Ynha, hä diýmän öýe ýeteris. Gelnejeňem biziň Mara haçan barýanymyzy minudyna çenli bilýär. Ol eýýäm süňk atarandyr, men barýançam eti ýumşap, akaýjak-akaýjak bolar— mylkyldapjyk bişen eti sülük soran ýaly sorup oturmalydyr. Keýwany şu mahal gaty-guty nanlary ullakan okara dograp oturandyr, ýumruk ýaly düýp sogany hem arassalapjyk goýandyr. Men hem bärden bararyn, agtyklaryma alan sowgatjyklarymy paýlaryn-da, olaryň enesini öpjek bolaryn, ol bolsa: "Goýsana kakasy!" diýen bolup, meň egnimden itelän bor. Märekäň gülküsi ýatyşansoň dowam etdi:—Hammamdan ýyljajyk suwa düşüp, päkizeje öý lybasyny egnime atyp, saçagyň başyna geçemde, eýýäm birýarym litrlik çäýnegim basyrylgyja durandyr; ýaglyja çorbadan mazaly myžžyk bolan dogralan nan, her biri üljäň şänigi ýaly saryja nohutlardan ýaňa görnenok. Saryja nohutlaryň üstünde iki sany omaça (ulusy—meňki, kiçisi—gelnejeňki), dört-bäş sany ýumşajyk kartoşka, iki sany çorba gaýnan ýumurtga (herimize biri) güberlipjik ýatandyrlar. Men: "Bismillä" diýip, çemçämi elime alan badyma, ýeňňeň naharyň üstüne çümmükläp gara burçdan sepelär, meň öňüme köpräk sepelär; artylan düýp soganyň depesinden çep ýumrugymy indererin-de, agzyma bir bölek sogan atyp naharymy iýmäge başlaryn. Ilkibadalaryna ýeňňeň sogany pyçak bilen maýdalajak bolardy, men düýp sogany ýumrugyň bilen döwüp iýseň öz aýratyn keýpiniň bardygyny oňa düşündirdim. Bir okara nahary iki bolup paýlaşyp, töwir galdyranymyzdan soň, goltugyma togalak ýasysgy alyp, çep tarapyma gyşaryp çaýymyň lezzetini alaryn. Şu datly nahary çagalarymyza endik etdirjek bolup şunça erjeşdik, başa barmady; anha indi agtyklaram kakalary ýaly çorba nan batyryp iýýärler. —Ýazguly aga gürrüňi başga ýana sowaýmasaň, meň-ä sülekeýim akyp başlandyr, öýe ýetýänçäm gutaraýmasa biri!—diýip, Süleýman ýuwdunan boldy. —Içimiz öňem “eljuk” diýip gelýär. Ýazguly, seň bu datly gürrüňiň üstesine—aşgazanlary deşjeg-ä, how! Bolmasa, topbagymyz bilen Ýazgulylara çökäýeliň-le! —Aý, öýmize baranymyzda-da, edil Oguljeren gelnejemiziňki ýaly ýaglyja, alan nan dogralan çorbasy nahar ýa bardyr, ýa ýokdur— diýip Süleýman dillendi. Şofýoruň ýanynda oturan pyýada gobsundy: —Munça ajy doýuraýjak bolsaň, näbileýin... bir tokylň ýetäýse boldugydyr. Diňe meň özüme aýratyn bir okara gerek ahyryn. Ýazguly agaň piňine-de däl: —Ýak, başlyk, sen ony alada etmesene! Sizi doýurmak meň işim, esasanam, ýeňňeň işi. Ýeňňeň üstümizi myhman basdy aljyrar öýtmegin, ol örän düşbije we ugurtapyjydyr: Ýazguly jany dostlary bilen gelenini görän badyna, gaýnap duran gazana ýumruk ýaly akýag oklar-da, gaýnap duran suwy gazanyň erňegine çenli guýar, galanynam bir çanak dogralan nan alyp çykar-da—diýende, ýolagçylaryň hemmesi birlikde wakyrda berdi. Gülkiler ýatyşan soň: —Ýazguly aga, nesibämiz çüwüp, balyk iýen bolsak, senem öýe baraňsoň, yhlas bilen taýýarlanan süýji naharyň ýüzüne seredip otursaň, ýeňňem nägil-ä bordy, müňkür bolmasa-da biri—diýip, şofýoryň yzynda oturan ýaş ýigit degişdi. —Gelnejeň göwnünini ýykyp bolmaz, inim. Öýümde olar ýaly nahar bişip durka balyk iýip işdämi ýakarynmy! Öz paýymy dolapjyk äkiderdim-de, ýeňňeň eline gowşuraryn-da: "Ynha, enesi, seň süýji çorbaňy iýmek üçin, Howuzhandan bärik öýe gelýänçäm şu balyklaryň ýüzüne seredip, işdä saklap gelendirin. Ýoldaşlarymyň hemmesi öz paýlaryny iýdiler, ýeke men seň zähmetiňe hormat goýup hem-de nan dogralan çorbany aşa gowy göremsoň aç geldim" diýerdim. Az salym böwşeňlikden peýdalanyp, şofýoryň ýanynda oturan pälwan bütin göwresini yza—ýolagçylara öwürip, seslendi: —Aý, indi, inim, "niredesiň gözel Marym!" diý-de, säginmän-eglenmän göni öýe sürüber. Balykdan nesibämiz ýokdur-da, elbetde. Ýöne, dostlar, gynanmaň, bir sogab-a gazandyňyz: öýüňize baraňyzda bu wakany gürrüň berseňiz, ýüz manady tygşytlanyňyza aýallaryňyz-a begenerler. —Baý, şun-a rast aýtdyň, başlyk!—diýip, Ýazguly aga oturan ýerinden gobsunyp, şadyýan gygyrdy.—Ýöne, bu balyksyz wakany gelnejeňe ertir ir bilenjik gürrüň bererin, goý ol diňe bu gün däl, ertir hem begensin-dä—oň şähdi açyk bolsa, meň hem keýpim göterilýär. Hemmesiniň öýlerinde edil gowrulan balyk, ýa nan dogralan ýagly çorba bolmasa-da, haýsam bolsa bir tagamly naharyň garaşýanyny ýolagçylar magat duýýardylar. Kakajan BALKANOW. 2024 ý. | |
|
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Ägä bolmaly / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |