17:33 “Magtymguly” diýip adym tutsalar | |
"MAGTYMGULY" DIÝIP ADYM TUTSALAR
Magtymgulyny öwreniş
Pynhan syryn aýan eýläp, Pyragy diýdi derdini, Illerim alkyş okaýar, bildim, derde dermandyr. Meşhur gazak ýazyjysy Muhtar Auezowyň "Abaýyň ýoly" roman-epopeýasynda şeýle epizod bar: Abaýyň inisi Ospan aradan çykansoň, baýlyk, kesekä gitmez ýaly, onuň dul galan gelni Erkežany maly-emlägi bilen Abaýa “dakýarlar” ("Äri ölse, aýaly talak"). Amengerlik —dul galan zenany ýakyn garyndaşlaryna durmuşa çykarmak däbi diňe gazak halkyna däl, orta asyrlarda ähli ýurtlarda, şol sanda türkmenlerde-de hem ýaýran ekeni, diňe adamsynyň ölenligi däl, hatda zenanyň talagy berilmegi hem sebäp bolupdyr. Türkmenistanyň edebiýat saýty “kitapçy. ru”-nyň şu ýylyň 03-nji we 08-nji iýulynda Döwletmyrat Ýazgulyýew (D.Ý.) “Magtymguly ýeňňesini alypmy?!”, “Magtymgly söwda buržuaziýasynyň ideologymy?” diýen makalalary ýerleşdiripdir. Birinji makalanyň özeni—Magtymguly Pyragynyň ýeňňesini alanlygyny ykrar etmeklik bolup durýar. Bu makala, esasan, awtoryň birinji makalasyny seljerilmeginiň netijesinde ýazyldy. Awtor, Magtymgulynyň başdaş aýaly Meňliniň ýesirlige alnyp äkidilenligi; şahyryň dosty—Çowdur hanyň Ahmet şanyň ýanyna 1755-nji ýyldan soň gidenligi, Pyragynyň inisi Abdyllanyň bolsa göçi-gony (maşgalasy bilen) bilen Çowdur handan öň gidenligi, şahyryň agasy Mämmetsapa-da Abdylla hemaýatçy we ýoldaş bolup gidenmişin. Abdylla hem Mämmetsapa, Aýra düşdi, çekdim jepa, Bu dünýä bermeýdir wepa, Nähak jan harçlanan günler. Awtor, Mämmetsapanyň Abdylla ýoldaş bolup gidenligini (“Bular gelmedi”) we olara Azadynyň kowumlarynyň dokuz ýyllap umyt bilen garaşandyklaryn (“Seň gideliň dokuz ýyldyr öteni, Kaýda watan tutduň gardaş Abdylla?”) hakda taryhy maglumatlary delil getirip; alymlar: Baýmuhammet Garryýewiň, Mäti Kösäýewiň, ýazyjy Gylyç Kulyýewiň (“Magtymguly” romanynda) Mämmetsapanyň aýaly Akgyzyň Magtymgula tizden-tiz (!) dakylan hasaplaýandyklaryny agzaýar we “Magtymgulynyň ýeňňesini alan bolmagynyň mümkinligini ortadan aýryp bolmaýar, ýöne haçanlygy henize çenli çözülmän galýar (?!). Emma, türkmen däp-dessury we şerigat kanuny boýunça hem jesedi tapylmadyk, iň bolmanda, ölendigi doly anyklanmadyk ýitgiň patasy alynmaýar. Patasy alynmadyk ýagdaýynda, Pyraga doganynyň aýalynyň dakylmajakdygy öz-özünden düşnüklidir” diýip, awtor nygtaýar. Soňra awtor deslapky we soňky döwürlerde tapylan golýazmalarda, daşbasma diwanlarda we häzirki döwürde çap edilen kitaplarda duşmaýan, “bagşylaryň ürç edip aýdýan”, awtorlygy näbelli şahyryň goşgusyny ýatlaýar: Kerbelada uruş teblin kakdylar, Garyby agladyp, baýy bakdylar, Magtymguly meni ýeňňä dakdylar, Köp ýalbarýan, menden eliň çek dünýä! (Türkmenistanyň at gazanan artisti Döwlet Ballykow öz ýoldaşlarynyň, dostlarynyň ýanynda soňky setiri, degişme äheňde: “Ýa deňleşdir, ýa ýeňsäňe dyk dünýä!” diýip hem aýdýar). Awtor: “Pyragynyň halk içinden ýazylyp alnan goşgularynyň ygtybarlydygyna şübhelenmeýäris” diýýär. Elbetde, Aýhan Hajyýew beýik akyldaryň kanonik portretini, kowum-garyndaşlarynyň beren gürrüňleri esasynda döredendigine-de, şahyryň şygyrlarynyň hem halkyň dilinden, bagşy-ozanyň (“Ile döwlet geler bolsa bagşy bilen ozan geler”) aýdymlary arkaly toplanandygyna-da, Gylyç Mülliň hakydasynda galan, Magtymgulynyň 214 sany goşgularyny kagyza geçirip, Golýazmalar institutyna tabşyranlygyna-da biz şübhelenemzok. Ýöne, awtoryň getirýän gapma-garşylykly getirýän delillerine şübhe döredýär. Hawa, ölse, ölenligi anyklanylsa, ýagny jeset garyndaşlary tarapyndan jaýlanan bolmaly. Egerde,merhum kowum-garyndaşlaryndan uzakda, alys ýurtda ýogalyp (ỳa şehit bolup) öz watanynda jaýlanman, keseki ýurtda depin edilse, ölenligi baradaky anyk maglumaty şaýatlar güwä geçensoň, merhumyň dul galan aýaly dört aý on gün yzygiderli aýbaşyny görenden soň, Şerigatyň kadasy boýunça başga kişä durmuşa çykmaga haklydyr. Ýiten däl, ölenden soň. D.Ýazgulyýew hem türkmenleriň ata-baba aňyrdan gelýän däp-dessuryny göz öňünde tutýan bolsa, onda, Mämmetsapaň aýaly Akgyz ýiten adamsynyň tapyljagyna umyt baglap, Beýik Watançylyk urşunda dereksiz ýiten ýanýoldaşlarynyň patasyny alman, ömürleriniň ahyryna çenli gerçeklerine garaşan gelinlerimiz ýaly garaşmaga-da haklydyr. D.Ýazgulyýew Akgyzy alanlygyna şübhe ýok diýip birnäçe gezek nygtaýar. Türkmen leksikasy köpmanyly sözlere örän baý we olara her dürli düşündiriş berlip bolar. Türkmen nusgawy (klassyk) edebiýatynda ulanylan şygyr düzmek görnüşiniň (formasynyň) birnäçe görnüşleri bar: tejeahylul-aryf (iki ýa birnäçe manyly setirler), muamma, logaz (tapmaçaly goşgular). Magtymguly bu görnüşleriň üçüsini hem ulanypdyr. Tejeahylul-aryfa mysal: Diýdim: “Ýa, Reb, dünýä näge meňzeýdir?” Diýdi: “Garry zendir, ýüzünde ýüz hal”. Ýa-da: Magtymguly meni ýeňňä dakdylar, Köp ýalbarýan, menden eliň çek dünýä! Ýokardaky soňky iki setire sözme-söz düşünseň (ýa-da bu goşgynyň Magtymgulynyňkydygy subut edilen bolsa), Pyragy hakykatdanam ýeňňesine öýlenipdir diýip, ynamly gürläp bolar. Ýöne Şahyryň syrly setirleriniň köpmanylydygyny hem unutmalyň. Şahyr bu goşgyny (eger bu goşgy şonuňky bolsa) dost-gardaşy, garyndaşy, ya tanyşy hakda ýazan bolmagy ähtimal. Awtoryň özi bu täsin waka şübhelenýän ýaly: “Teswirleriň birinde (kyssaçynyňky) şahyryň goşgylaryna salgylanmagyň dogry däldigini, öz adyndan başga bir ýeňňesini alana duýgudaşlyk eden bolmagy mümkindigini aýtmagy haýran galdyrdy.”diýýär.¹ Ýaş çatynjalaryň toýuny öýlenmek-durmuşa çykmak; almak-barmak sinonimleri bilen hem çalşylýar. D.Ýazgulyýew Magtymguly Akgyza öýlemmän, alypdyr diýip düşündirýär, ýagny haryt alan ýaly alypdyr. Ata-baba gelýän däp-dessura wepaly bolmak üçin, atasy Döwletmämmet Azadynyň dereksiz ýiten ogullarynyň yzynda zar-zar aglap bükülen biline teselli bermek we onuň gussaly ruhuny galkyndyrmak maksady bilen, Magtymguly ýiten agasynyň dul galmadyk aýalyny, ýeňňesini alanmyşyn. Goşguda getirlen jümledäki ýaly dakylmandyr-da, Akgyzy alanmyşyn. Aýal alan erkegiň dakylana görä äre baran aýaldan hukugy gińräk, mertebesi beýigräk görünýän bolmagy mümkin. Meniň pikirimçe, dakylmak "däbi" erkege-de, aýala-da gödek daraşyp, olaryň hukuklaryny basgylaýan ýaly duýulýar. Magtymguly hem "dakylmak" sözüni ýek ýigrenip, abraýyny, mertebesini saklamak üçin Akgyzy alan bolaýmasyn, ýa onuň ärsiz gezip ýörenine Şahyryň haýpy geldimikä? Awtor “Magtymguly Meňlisinden jyda düşüp, birnäçe wagtlap sallah bolup gezenem bolsa” diýmegiň deregine, başdaş aýaly Meňliniň diri ýesir düşenligini agzansoňam, şahyra “dul” gezipdir” diýýär. Şeý diýseň, iki duly bir-birine çatmaklyk ýeňilleşýän bolaýmasa. Magtymguly Pyragy dünýä belli görnükli şahsyýet, ol hakda ýazylanda diňe onuň eserlerine salgylanman, ygtybarly taryhy, ylmy çeşmelere daýanylsa abraýly bolardy. Lukmanlar pasientiň keseliniň soňky kesgitlemesini ýüze çykaranlarynda, psihologlar respondentiň psihologik portretini “çekenlerinde”, birnäçe barlaglardan soň iň soňky netijä gelýärler. Sanaýmaly barlaglara salgylanyp diagnoz goýanoklar, ýa pylany “pylany” ekeni diýiberenoklar. Bu makalalardaky subutnama diňe dört sany maglumata daýanýar: Mämmetsapanyň 1755 ý. ýitmegi, oňa dokuz (ýa on) ýyl garaşylmagy; meşhur türkmen alymlarynyň we ýazyjylarynyň belligi; awtorlygy näbelli “Dünýä” goşgusynyň bir topbagy. Bar bolany. Bu “delillerden” soň, okyjylarda, beýik akyldaryň päkýürekliligine, ýokary ahlaklylygyna, merdanalygyna şübhe döremezmi? Haýsy ene-ata ýiten balasynyň jesedini öz gözi bilen görmän ýa-da ygtybarly şaýadyň habaryna daýanman merhumyň patasyn alsyn?! Ýa-da, beýik alym, Azady ata-baba gelýän däp-dessurlara, adata özüçe baha berip, şerigatyň kanunlaryndan pitiwa (fetwa) çykaryp, balalarynyň durmuş toýuna ak pata beräýdimikä?! Akgyz bilen Magtymguly baş birikdirenlerinde Döwletmämmet Azady diri we doly aňynda bolsa, onda ol derdini ýeňleşdirmek üçin, ruhuny galkyndyrmak üçin bularynyň toýlaryna “gözlerini ýumaýdymyka?!“ Magtymgulynyň ýeňňesine—“öldi” habary çykmadyk agasynyň aýalyna öýlenmek “höwesiniň” onuň ýokary ahlaklyk düşünjesinden üstün çykdymyka?! Ýa-da, Şahyr ata-babalarmyzyň däp-dessurlaryna boýun bolup, kysmatyna kaýyl boldumyka? Awtor: “Şahyryň ýeňňesini alandygy barada halk rowaýatlarynda we onuň goşgularynda (!) tassyklanýan maglumaty (!)” bütinleý inkär etmek asla mümkin däl”. “Magtymgulynyň ýeňňesini alan bolmagynyň mümkinligini ortadan aýryp bolmaz, ýöne haçanlygy henize çenli çözülmän gelýär (!)” diýip, belleýär we “Pyragynyň halk içinden ýazylyp alnan goşgularynyň ygtybarlylygyna şübhelenmeýäris” diýýär, bu barada Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýewiň hem “halk aýtsa galp aýtmaz, galp aýtsa halk aýtmaz”—diýen jaýdar sözleri bar. Goý, “eliňi çek dünýä” goşgysy hiç bir golýazmada duşanok, goý, ol goşgy halkyň, bagşy-ozanyň, Gylyç Mülliniň dillerinden ýazylypdyr diýeliň, ýeri, “ýeňňä dakylmak” temasyny gozmaklygyň matlaby nämekä? Türkmenleriň aňyrdan gelýän däp-dessurlaryny goldamak ýa ýazgarmak üçinmi? Ýa, beýik akyldaryň ýeňňesine we onuň çagasyna nebsagyryp, haýyr iş üçin özüni däp-dessur hatyrasyna pida edäýdimikä?! Ýa, beýik ynsanyň “kemterräk” häsiýetiniňem bardygyny ýaňzytmak üçinmi? “Namysly goç ýigit alsa ýeňňäni, Elmydam agasy ölen ýalydyr» Namysjaň, entek ýürek ýarasy bitmedik, Magtymguly, ýitip, ölmedik agasynyň dul galmadyk aýalyna öýlenäýdimikä?! Şahyr metafora bilen kimdir bir namys-arly hyýaly şahsyýet barada gürrüň berýän bolmagy ähtimal. Ýene-de: Şahyryň syrly setirleriniň bardygy hergiz ýadymyzda bolsun. Awtor: “Ylymda şahyryň döredijiligi—şahsyýeti öwrenmegiň ilkinji çeşmesi” diýýär. Awtor “ýeňňeli” meseläni öwrenende, Şahyryň eserlerine birtaraplaýyn seredipdir, Pyragynyň döwrüniň jemgyýetçilik aňyny (mentalitetini) göz öňünde tutupdyr. Beýik akyldaryň psihologiýasyny, ýokary ynsanperwerlik ahlagyny inkär etmese-de, göz öňünde tutmandyr. Magtymguly aýdar, sözlerim hakdyr, Emma ki hak söze ten beren ýokdur. Awtor: “Beýik akyldar Magtymguly Pyragy hakda köp eserler ýazyldy. Olaryň köpüsinde (!) Magtymgulynyň ýeňňesini alanlygy tassyklanylýar”. (“Köp eserleriň” sanawyny awtor görkezenok). Ýene-de: “Elbetde, çeper eserlerde Magtymguly ýeňňesini alypdyr diýip, ony hakykat hökmünde kabul edip bolmaz (!). Ýöne, Magtymguly barada çeper eseri ýazan hemme awtorlaryň nämä esaslanyp bu pikiri unandygyny bilemzok (?!)”. Onda, Gylyç Kulyýewiň “Magtymguly” romanynyň ýeňňä degişi ýerine pitiwa bermeseňem boljak-da? Ýüzleý, birtaraplaýyn geçirilen ylmy seljermelere ynanmalymy? D.Ýazgulyýew “Tüsse bolmasa ot çykmaz”² diýýär. Hawa-la, sebäpsiz çöp başy gymyldamaz, elbetde. Awtoryň Magtymgulynyň ýeňňesine dakylmagy hakdaky ýygnan maglumatlary otsuz tüssä meňzeýär. Magtymguly Pyragy ýaly dünýä akyldary hakda material ýazyljak bolsa, onda onuň diňe esrelerine dykgat bermän, onuň şahsyýetini, dünýägaraýyşyny, ahlak duýgularyny berk öwrenmeli, öwreneniňden soň elekden geçirip, diňe altyn dänelerini saýlap alyp ile ýaýmaly. Aklyň bolsa, abyraýly kişiniň, Yamanyn örtübän, ýaýyň ýagşysyn. Käbir awtorlar körabraý üçin sensasion (haýran galdyryjy, güýçli täsir ediji) material taýynlayar-da, onuň nä derejede ýaň berjegini öňünden saýgarmaýarlar. Mert kän gürlemez, gorkar tilinden, Namart aýyp gözlär dogan ilinden. Soňky 30-40-njy ýyllaryň dowamynda Günbatarda, GDA-da³ “Folk history” atly akym emele geldi we bütin dünýä haşal oty kimin ýaýrady. Bu akymyň maksady: ata-babalarmyzyň taryhyny, medeniýetini, edebiýatyny, dinini, ýoýmak; tradision ylym taglymatyny inkär edip, ýalan ýa barlagdan geçmedik materiallary hakyky ylym işleri edip görkezmeklik. Aý näme, "Tokaý otla, at gazan" diýenmişler, her kim öz ýörelgesi bilen çorba çykjak bolýandyr-da. Belki, awtoryň köpçülige hödürlän “Magtymguly ýeňňesini alypmy?!” makalasyndan başga-da “ýeňňä dakylmak” meselesini açyklaýan has takyk, has çuňňur geçiren ylmy derňewleriniň netijesi bardyr. Has ygtybarly we ynamdar bolar ýaly, belki geljekde bizi şolar bilen tanyşdyrar diýen umydymyz bar. • Bellikler: 1) “Magtymgly söwda buržuaziýasynyň ideologymy? makaladan. 2) “Tüssesiz ot bolmaz” türkmen nakylynyň ýoýulan görnüşi. 3) Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy. • EDEBIÝAT: 1. Magtymguly. Saýlanan eserler, I, II-nji tomlar. “Türkmenistan” neşirýaty, Aşgabat, 1983 ý. 2. Magtymgulynyň goşgularynyň tekstologiýasy. Aşgabat, 1968 ý. 3. Tagandurdy Bekjäýew. Magtymgulynyň eserleriniň frazeologik sözlügi. Aşgabat, TDNG. 2016 ý. 4. Annagurban Aşyr. Magtymgulynyň golýazmalarynyň derňewi. Aşgabat, TDNG. 2014 ý. 5. Aşyrpur Meredow. Magtymgulynyň düşündirişli sözlügi, I-II-III jiltler. GonbedKabus 1997 ý. 6. Paýhas çeşmesi. Aşgabat ,TDNG. 2016 ý. 7. Magtymguly hakynda rowaýatlar. Aşgabat, 2014 ý. TDNG 8. Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda Türkmenistanyň kanuny. Aşgabat, 07.06.2024 ý. 9. www.kitapcy.ru edebi saýty. © Kakajan BALKANOW. 15.07.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | |
| |