15:55 Gara menek / hekaýa | |
GARA MENEK
Hekaýalar
Ol eşegiň agan palany ýaly betnyşan kölegesini daş ýoluň üstünde yraň-daraň süýräp gelýär. Horugan eginleri aşak sallanypdyr. Göýä agyr ýük arkasyndan basýan ýaly barha aşak ýegşerilýär. Sekiz ýyl mundan öňki şol gabahatlyklara barha ýakynlaşýan ýaly ol wakalar onuň hakydasynda janlanýar. Şonda ädimlerini togtadasy gelýär. Şol gabahatlyklar dälmi ony şu güne salan?! ...Iki seriýaly hindi filmine tomaşa etmäge gelen mähelle kluba sygarly däldi. Bezemen geýnen bir gyz kino görmäge gelene meňzese-de, klubyň yzky gapysyndan girdi. Kino goýberilýän ikinji gata çуkdy. Çala açyk işigiň öňünde sägindi. Kiçijek deşige gezelip goýlan kino enjamynyň öňünde Kemalyň öz kömekçisi bilen edýän jedelini eşitdi. - Görýäň-ä tomaşaçyň hetdi-hasaby ýok. Bir özüme kyn bor. Kinodan soňa goýaý - diýip, kömekçisi garşylyk görkezýärdi. - Düşünsene, kinony bahanalamasa, ony öýündäkiler goýbermeýärler. Şu günki "lewyý" düşjek girdejiň lomaýy seňki bolsun. Üstüne ýarym litriňem bar. Gaýrat et. Kinony özüň sow. Kiçi jaýyňam agzyndan hiç kim garamasyn. Düşün, how, şepe, gulak goý gepe. Tawus elden uçjak bolýar. Şu güne zordan razy etdim. Şu gün pasyrdatmasam soň eýgertmez. Gyzyň ýüzi gyzyp gitdi. Ýza gaçaýyn hem bir diýdi. Ýene-de edermen ýigitler şeýle hem bolmaly diýip özüni köşetdi. Gyz gapydan çala äňedenden, Kemal gulajyny ýaýyp, oňa tarap ylgap gaýtdy. Elinden tutup gapdaldaky kiçijik otaga girizdi. Kemalyň kömekçisi enjamyny sazlap durşuna olary görmedik boldy. Otag kinoçylaryň dynç alýan alýan, aňry-bäri zatlaryny goýýan otagy bolup, içine köne-küşül düşelendi. Penjiresi gaty pessejikdi. Özem gündogara açylýardy. Aşakda klubda hyň berýan mähelläniň gopguny çala eşidilýärdi. Kemal girenden çyrany öçürdi. Içerini solgun garaňkylyk gaplap aldy. Penjiräniň öçügsi şöhlesi otaga serpildi. Kemal gele-gelmäne gyzyň boýnundan gol saldy. Bagryna basdy. - Waý, goýsana, oglan. Däliräberýäň. Gyz onuň elinden sypyp gaçdy. Penjiräniň öňündäki oturgyja baryp oturdy. Daşary seretdi. Kemal golaý gelenden elini goranmak üçin daldalap: - Dur, ol näme?- diýip, guşluk ýerine golaýlap gelýän aýy görkezdi. Kemal köşeşdi. Salgy berlen tarapa garady. Aýyň etegi gan guýlan ýaly bolup goňralýardy. Kemal biparhsyrap seslendi: - Şonam bileňokmy? Aý tutulýar. Bir aý mundan öň gazetlerde ýazyldy. Özem bu gezek doly tutuljakmyş. Zyýanly zat däl. Biziň duşuşygymyzyň gijesiniň ýatdan çykmajak alamaty bolmaly ahyry... Ýakyn bir ýerde kino enjamy şyrryldaýardy. Süýt reňk aýyň ýüzüne bolsa, barha-barha gara nikap çekilip barýardy. * * * Ýazgarylan agyr göwre öz agramyny aýaklarynyň üstüne gezekleşdirip taşlaýar. Bagtynyň kazyýetde işe seredilmesiniň öň ýanynda ýazan arzasy sözme-söz onuň ýadynda galypdyr. "Kemalyň günäsi bagyşlanjak günä däl. Iki çagasy bilen bir biçäre ýaş gyzyň maňlaýyna garany çekipdir. Men Kemaly söýüpdim. Emma ol meniň söýgime biwepalyk etdi. Iki çagasyndan uýalman, ýaş gyzyň düşegini basdy. Men ony şu pursatdan başlap çagalarymyň atasy hasaplamok". Soňra ol kazyýetde hasam çarbaýlyk etdi: - Gitsin, ýüzi kesilen. Alimenti-de gerek däl, zady-da. Gaçyp tapan çagasyna eýe bolsun. Sekiz ýyllap gözenegiň aňrysyndan özelenipler ýazan sansyz hatlaryna ol diňe bir gezek jogap aldy. Bary-ýogy üç-dört sözlem. "Seniň ýaly bozuk adama çagalarymyň "kaka" diýmegini rowa göremok. Biz seni unutdyk. Gelip oturma". Ol birden sägindi. "Eýsem men nirä barýan? Baranym bilen ol meniň günämi geçermi? Kazyýetiň nikany bozmak baradaky kararyny nätjek? Baryndan beteri çagalarymyň ýüzüne nädip serederin?" Sowallar onuň ýagyrnysyna tokmak bolup inýärdi. Yzyna dolandy. "Bagty bilen aýrylyşanymdan Leýla habarly ahyry". Agyr ädimler indi öňüne düşüp barýan kölegäni yzarlaýardy. * * * Umumy ýaşaýyş jaýynyň agzynda oturan nobatçy aýal: - Ol seniň nämäň bolýar? - diýip, gözlerini güldürdi. Kemal "Garyndaşym" diýip jogap berdi. - Gije sagat dokuzdan soňra ýat adamy goýbermek bolanok. Tiz çykyň - diýip nobatçy onuň pasportyny alansoň goýberdi. Ol diwardaky ýaşaýjylaryň sanawyndan Leýlanyň adyny tapdy, otagyny anyklady. - 39-njy otag haýsy tarapda bolar? - Çep ganatyň ikinji gatynda. Gapyny açan Leýla Kemaly görüp ot gysymlan ýaly boldy: - Git-git! Gözüm görmesin. Ýene meni masgara etjekmi? - Meniň gidere ýerim ýok. Bir ýerim bardy. Ondan hem wagtyň doldy diýip çykaryp goýberdiler. Leýla Kemalyň döşünden itiberip, gapydan çykarjak bolanda Kemal: - Bir minutlyk dur - diýip saklady. Gapydan içeri ätledi. Soň uludan dem alyp sözledi: - Leýla, meniň gidere ýerim ýok. Men ömürlik geldim. Ýok, ýok, indi meniň aýalymam ýok, çagalarymam. Diňe sen. Senem kowsaň, özüň bil. Git diýseň giderin. Emma gidere ýerim ýok. Leýla köşeşdi. Sesini çykarman diwana geçip oturdy. Esli salym elhenç ümsümlik dowam etdi. Ahyry Leýla başyny agyrlyk bilen galdyrdy: - Dogrudanam sen ömürlik geldiňmi, Kemal? Onuň sesi ýumşady. Hatda bu mylaýymlyk Kemala rugsat bolmasa-da, geçip Leýlanyň ýanynda oturmagyna idin berdi. Ol: - Men ömürlik geldim, Leýla - diýdi. Sandyraýan agaç ýaly elleri onuň saçlaryna uzady. Eller eger Leýla çala gyňralyp seretse-de togtajakdy. Emma garşylyk bolmady. Ol eller bir mahal güýçli garşylyk barka hem uzapdy. - Sen gelersiň öýtmändim... diýip Leýla pyşyrdady. - Günämi öt. Öň men seni aldan hem bolsam, indi ýüregimi açyp geldim. Etmişim üçin jezamyň bir bölegini çekip geldim. Galanyny hem ömrüm ötýänçä çekerin. Sende beýle ynsap nireden oýandy diýmegiň mümkin. Ynan, Leýla, seniň başyňy aýlap edilen ol gabahat işleriň üsti açylan güni, aýalymyň meni terk eden güni meniň ynsabym oýandy. Şondan bäri özümi ýigrenip, iň agyr jeza laýyk hasaplap ýörün. Özümi oňat alyp baranym üçin alty aý möhletim galanda erkin işlemäge çykarjak boldular. Ynan, Leýla etmedim. Jezamy çekjek diýdim. Ol owhuldap uludan dem aldy: - Gyzlaryň başyny aýlamak edermenlik saýylýan döwürde ýaşlygyň şowhuny bilen göçen kelleler meniň ömrüme palta urdy. Kemal içini döküp, agyr ýüküniň bir bölegini aýryp ýeňleden ýaly boldy. - Sekiz ýyly sen türmede geçirdiň. Azatlykda gezip, meniňki türmeden hem beter boldy - diýip Leýla dowam etdirmekçi bolandan Kemal onuň sözüni böldi: - Bilýän, baryny bilýän. Çaga dogrulýan öýden geleniňden soň hossarlaryň öýe salmanynam bilýän. Çagaňy öz adyňa geçirip, garabaşyňy alyp, şähere geleniňem, ýüpek kombinatyna işe gireniňem eşitdim. "Erkek göbekli bilen salamlaşmaýar. Ömür durmuşa çykjak däl diýip ant içenmiş" diýibem gulagyma degdi. Ýogsamam... gyzyň nirede? - Gyzymyz diýsene. Ol dynç alyş otagynda. Telewizorda gowy kino bar. Birden yşyk öçdi-de, solgun garaňkylyk içerini gaplap aldy. Dolan aý hüýt gara buludyň depesine dyrmaşyp barýar. Penjireden dökülýän öçügsi aý şuglasy penjiräniň çarçuwalar bilen öçügsi kölegesini otaga düşürýär. Ýene-de otagda Kemalyň pyşyrdydan çala saýlanýan sesi eşidildi: - Ýadyňdamy, şol agşam aý tutulypdy. Bu gün bolsa seret. - Ol gün meniň bagtyma gara çekdiň-le, oglan. - Üns berseň, aýyň ýüzünde-de gara menek bar. - Olam şol gara gijeden galandyr. Duýdansyz ýanan yşyk içeriniň garaňkylygyny penjireden daşary serpip goýberdi. Olar ikiçäkdiler... Şöhrat ABDYÝEW. | |
|
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Enemiň wesýeti / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Самые страшные войска / рассказ - 28.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |