09:07 Iýjek däl, iýjek däl! | |
IÝJEK DÄL, IÝJEK DÄL!
Satiriki hekaýalar
Soýuz döwründe, gaçgagrak diýmeseñ, gurbanlyk edilerdi. Ýöne aýat-töwir, dileg etmäge din ugurdan sowatly, namazly, täretli, arymsy adamlar podpolýedediler, gizlinlikdedi. Goñşy obamyzda elipbiýden şermende, binamazyñ biri aýat-töwir edip başlady. Nätjek-dä, garaz, biri "Allahy ekber" diýmeli-dä. Bir sapar gurbanlykda ýañky ýasama mollasumak erbet aşa düşdi-dä. Milletem oñ üstünden gülýändir. "Aýat-töwir edip ber" diýýänleriñem yzy üzülenok. Ahyry ýañky mollasumak ogluna: - Oglum, men mellegiñ aýagujunda ýatjakdyryn, halys ýaramok. Gelenlere "Kakam ýok" diýip aýdaý diýip tabşyrypdyr. Bir salymdan ogly: - Kaka, kaka, eşegimiz boşandy - diýip gygyrýar. Kakasy çala eşidip, dograma çagyrylýandyr öýdüp: - Iýjek däl, iýjek däl! - diýip jogap berýär! Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |