19:05 Taýaksyz çopan / gülküli kinaýa | |
TAÝAKSYZ ÇOPAN
Satiriki hekaýalar
Ençeme satiriki eserleriň awtory Gurbangylyç Hydyrowyň şu kitabynda hem durmuşda duş gelýän ýaramaz gylykly adamlar berk tankyt edilýär. Durmuşda duş gelýän býurokratlaryň, göripleriň, bäş şaýy gazanç üçin ýüzüniň perdesini syran harsy-dünýäleriň üstünden gülünýär. Umuman, awtor durgunlyk ýyllaryň nogsanlyklarynyň dürli ýüze çykmalarynyň üstünden gülýär. • Gysga sözsoňa berimsiz uzyn sözbaşy «Taýaksyz çopan» kyssasy beýleki çeper eserler ýaly däldir. Tapawudy uludyr. Birinji tapawudy: bu kyssa döwrebaplykdan gaty daşdyr, diýseň mahrumdyr. Bu kyssada döwrebaplygy dürbi bilenem görüp bilmersiňiz. Mikroskoply seredibem görgä galyp oturmaň. Ikinji tapawudy: bu kyssa çeper eser bolmaklyga, durmuşy dogruçyl görkezmeklige gaty bir dalaş edibem baranok. Bu kyssadan okyjy döwrüň hakyky, real çeper beýanyny gözläbem azara galmasyn. Barybir, wagt ýitireni galar, tapmaz. Munda jemleýji, gunt ýaly, dähresi artyk, maňzyňa batýan goýazy pikiri gündiz eliňiz çyraly gözleseňizem oňa gabat gelmänjik geçersiňiz. Döwrüň giň beýanyna asla ýüzüňiz düşmez. Awtoryň pikir aýtymy juda çäksizdir. Sebäbi ol ussatlyk taýdan gaty çöňňe, ejizlik edýär. Şonuň üçinem, öz pikirini giň möçberde ýüze çykarmagy başarmandyr. Çünki ol guýma gursak ýazyjy däldi. Beýle gowşak eseri näme üçin çap edýäňiz diýip soramagyňyz mümkin. Jogaby şeýle: bugdaý çöregi ýok diýip aç öläýmeli däl ahyry, bugdaý bişýänçä arpanyň çöregi bilenem mydar edibereli bolunýar. Bu ýerde men ruhy iýmit barada aýdýan. Awtor «Taýaksyz çopany» ýazmak bilen edebi şöhrata meýil etmedi. Daşdan beýik sekide gül düşenerin diýen ham hyýala kowalaşmady. Ol köp ýyllap, çeper edebiýaty we žurnalistikany ýatyp öwrendi. Maşyn çakyşmagy sebäpli onuň aýaklary döwlüpdi. Radio gulagyny gabartdy. Telewideniýä gözlerini çüýjertdi. Gazet-žurnal onuň ýorgany, düşekçesi, kitap ýassygy boldy. Awtoryň özi dirikä original çeper eserler döretmek ugrunda özüni synap görjek bolupdy. Emma eýgertmändi. «Eliň götermejek tokmagyny biliňden asma» diýen pikire uýup, ol original çeper edebiýatdan basym garasyny saýlady. Emma köpümiz şeýle mertlik edibilemzok. Şeýdip, ol akyllylyk edipdi. Başga-da köpümize şol pygly Hudaý ýetirsin. Awtor özüni we okyjyny ekologik betbagtlykdan wagtynda saklady. Men bu ýerde Aral deňzi hakynda däl-de, adam aňynyň, ruhunyň betbagtlygy hakda aýdýan. Eliňizdäki «Taýaksyz çopan» kyssasy awtoryň özi dirikä çap edilmändi. Onuň özi kitaby görmän dünýäden ötüpdi. Bu eser oňa ölenden soň hem şöhrat getirmese gerek. Ýöne maşgalasyna bäş şaýy bolsun diýip çap edýäris. Geň-taň galaýmaly hadysa, käbir eser özüniň awtory dirikä ýaşaýar. Aglaba eser awtordan öň ölýär. Awtoryň janyny ezraýyl alýan bolsa eseriň janyny okyjy alýar. Käsi awtoryň ölerine garaşýar-da, eýesiniň gözleriniň ýumularyna mähetdel janlanyp başlaýar. «Taýaksyz çopan» olaryň hijisine-de degişli däl. Munuň başynda ölüm howpy ýok. Sebäbi ölmek üçin ilki dogulmak gerek. Ýene bir gezek ýadyňyza salýarys «Taýaksyz çopan» kyssasy beýan ediliş taýdan dar manydaky, çäkli kyssadyr. Beýan edilýän hadysalaryň hakyky, real durmuşa muwapyk gelýändigi awtory gyzyklandyrmaýar. Gaýtam, tersine, gynandyrýar. Eger durmuş hakykatyna iki-ýeke gabat gelýän ýerleri baram bolaýsa, onda awtor okyjydan üç eplenip ötünç soraýar. Ol faktlara tötänden bolaýan zatlar hökmünde garamagyňyzy awtor özelenip towakga edýär. Awtoryň esasy kemçilikleriniň birem, onuň ähli işi diňe eseriň baş gahrymany, baýry çopan Merdan aga, Merdan Çilgez ogly başarýar diýen matlaba uýmagydyr. Hakykatda bolsa, durmuş beýle däl ahyry. Awtoryň birinji razrýadly ýazyky däldigi onuň döredijilik manerasyndan, stilinden bes-belli. Öz pikiri ýok. Awtor, ýatan ýeri ýagty bolsun, öýkünjeň, edil totyguşyp bar-da. Ýazyjylardan, žurnalistlerden täsir alýar. Özüniň original sözi, indiwidual sesi eşidilmeýär. Biz-ä okap janyňyzy ýakmaň diýjek bolýarys. Biz awtor dünýäde barka, bu kitap üçin onuň özüne-de sözbaşy ýazdyrypdyk. Awtor öz eseriniň ýaýranyny göräýmelidi weli, çaphana yzly-yzyna iki gezek güýçli ýangyna sezewar boldy-da. Hawa-da ýangynam gerek zat. Balak adamyň uýat ýerini ýapmaga, ýangyn rastratyny ýapmaga gerek. Iki ýangynyň arasy, ýogsam, uzagam däldi, bary-ýogy on ýedi ýyldy. Ýangyn hem bolsa, awtor öz kitabynyň neşir edilenini görüp biljekdi. Emma ýene bir betbagtçylyk ýüze çykdy duruberdi. Kitaby redaktirlemek işi öýde işleýän bir pensioner goja redaktora tabşyrylypdy. Gijeleriň birinde onuň öýüne ogry giripdir. Ol döwürde ogry bolardy. Indi ogrular ýok-da, banditler bar. Hawa ýaňky ogrular diňe «Taýaksyz çopanyň» golýazmasyny, korrekturasyny ogurlapdyrlar. Ähli zady gaýtadan dikeldýänçäk awtor garaşyp durýarmy näme. Segsenden geçibräk amanadyny tabşyryp dünýäden ötdi ötägitdi. Hormatly okyjylar, sizden etjek haýyşymyz, eger okasaňyz esere tankydy göz bilen garap, ony porodiýa, ýagny kinaýaly kyssa hökmünde, ýaňsylama eser hökmünde okarsyňyz-da. Şeýtseňiz, bu köpüňize ýarar diýip umyt edýäris. Aglaba okyjy üçin, ylaýta-da ýazyjydyr žurnalist üçin bu eser antipatiýa, ýagny ýakymsyz bolup duýlar. Çeper eseriň maksady, okyja haýsy ugurdanam bolsa, emosional, ýagny duýgy ugurdan täsir etmekdir. Simpatiýa ýakymly we antipatiýa ýakymsyz. Taýagyň iki ujy bar. Goluňda güýjüň bolsa haýsy tarapyndan tutsaňam taýak işläp biler. Okanyňyz üçin ötünç soraýarys, bagyşlarsyňyz! Neşir ediji. «TAÝAKSYZ ÇOPANA» Awtoryň sozbaşysy Özüňize mälim bolşy ýaly, ýazyjy tema gözlemeýär. Gaýtam, temanyň özi ýazyjyny öz gününe goýmaýandygyny gowy bilýänsiňiz. Tema diýlen zat ýazyjynyň kalbyna, ganyna-tenine, ruhuna ýaşlykda aralaşýar. Ömürboýy durkuna siňip, ýazyjyny täze-täze agtaryşlara, hupbatly gözleglere tarap ýola çagyrýar. Şonuň üçinem ýazyjy durmuş hakykatynda sýužetler agtarýar, geň-taň obrazlar gözleýär. Şeýle-de bolsa okyjy ähli babatda ýazyja ynanyp durmaýar. Ol eýle, bu beýle, obraz gyzyksyz teswir edilipdir, wakalar durmuşa çapraz gelýär, toslama, gunşartma diýip, okyjy awtora pitiwa bermejek bolýar. Emma men özümiň şu eserime okyjynyň ynanmazlygyny isleýän. Näçe ynanmasaňyz şonça göwnüm hoş. Eger okyjy ynanmasa zähmetim ýerine düşdi diýip düşünjekdirin. Pyňkyryp üstümden gülseňiz özümi bagtly hasap ederdim. Gabrymda ýatan ýerimden tirsegime galaryn. Meniň «Taýaksyz çopan» eserim ylhamdan ganat bekläp, al howada uçar diýen tamam ýok. Ol teleminaradan ýokarrakda, reňkli telewizoryň bahasyndan pesräkde uçsa maňa şol besdir. Awtor. * * * Birinji nobatda özüm barada özüm birki agyz söz aýdaýyn. Adym Bezirgen. «Görogly» dessanynyň il arasyndaky käbir şahasynda şeýle bir goşgy bendi bar: «Salsalnyň neslinden adym Bezirgen Ýaşym on bäşdedir, talabym meýdan, Göroglyny isläp çykdym bigüman. Mert ogly men biwepany söýmenem». Men şol Bezirgen bilen atdaş. Meniň ýaşym on bäş däl-de ýigrimi bäş. Kakam bir gün «Görogly» dessanynyň «Bezirgen» şahasyny okap otyrka, ýok bagyşlaň, ol zat okanok, magnitafonda Tüýli Otuzowy diňläp otyrka «Buşluk, ogluňyz boldy» diýip, meniň dünýä inmegim bilen ony gutlapdyrlar. Maňa Bezirgen ady şol sebäpli dakylypdyr. Onsoň hem kakam meniň söwdagär, täjir, bezirgen bolmagymy bar zatdan beter arzuw edipdir. Emma men ol ýoldan gitmedim. Boýum bir metr togsan sekiz santimetr. Kubanyň ýolbaşçysy Fidel Kastro Rus bilen boýdaş. Boýa bir zat berilse men boş galmaly däl. Emma toýda ýaglyga towusmaly bolamda maňa rugsat edenoklar. Ýaglygy ýokardan asmaly bolsa meni çagyrýarlar. Kakam meniň söwda-satyk ugrundan ýokary okuw jaýyna girmegimi talap edipdi. «Baý balasy bolandan, bazar balasy bol» diýerdi. Onuň özi söwda işgäri, kakamyň matlabyna eýermedim. Başga ugra gönükdim. Men oba hojalyk institutyna girip, ony üstünlikli tamamladym. Garagumy, sährany, goýun-guzyny küýsedim. Maldarçylyk ugrundan spesialist boldum, mal doktory. Indi maňa gülälekli meýdan garaşýardy. Emma birbada işler ugrukmady. Kakam: «Oglum, oňarmansyň, öküzleri, goçlary erkeklikden mahrum edip ýörmekdenem bir kär bolarmy. Janawarlary ynjytsaň olaryň günäsinden nädip ýuwuljak, ahyrýetde soragy bolmazmy» diýdi. Kakamyň mala nebsi agyranok. Gazanjy söwdadaky ýaly däl diýjek bolýar. Ejem: «Goýun janawary dördem guzlatmak barypýatan zalymlyg-a. Men ýeke seni dünýä inderemde bir ölüp, bir direldim. Sygyr janawaryň içine göni eliňizi omurdanymyza çenli sokýaňyz. Näme onuň içinde goýan hazynaňyz barmy. Kakaň yzyna düşüberen bolsaň çörek tapardyň» diýdi. Söz gezegini kakam aldy. «Oglum, ýeri, söwdadan gitmediň taň etdiň, uniwersitetiň hukuk bölümini gutaran bolsaňam häzirkiňden gowy bolardy. Ýylda bir adamyny atuwdan alyp galybilseň biz bol-elin sowalgaly bolardyk. Ýa-da ynha, aýdaly, medisina, dermanhana ugry düşewüntli. Göz ugry däl, diş ugry çörekli. Sebäbi göz iki, diş otuz iki. Iki gözi sogranyň bilen seniň gazanjak zadyň yjypsyz. Emma biriniň otuz iki dişini kakyp bulamak ýalar ýaly edäge-de iýjek çöregini özüň iýseň nähili gowy. Ýa-da «Uho, gorlo, nos» diýlen ugry bar. Gulak, bokurdak, burun diýmek ol. Şu üç zadyň «gorlo», ýagny bokurdak ugruna aýratyn üns ber, oglum. Ýöne başga näme bela gelse şol gara bokurdakdan gelýändir». Ejemdir kakam ýaşlygyndan ýeser adamlar diýen kysymdakylara saýylyp iliň gözünden düşüpdir. Baýlyk weşeň-weşeň, emma abraý nol-nol. Bular jemgyýetçilik işiniň almytsyz ýerinde görünmändirler. Diňe dokumentleri, pasportlary «işläp» staž gazanypdyr. Indem «Biz zähmet weteranlary» diýşip nobatda goh edýärler. Özleri bazar balasy boldular galaýdylar. Kakam nas, ejem çigit satýar. Şäheriň arassaçylygynda işleýänlere, garaz iş tapylýar-da. Kakam-a sokulyk kesilen agaç ýaly, inedördül bolup bazarda nasyny öwüp otyr. Balagyna 150 kilogram pagta arkaýyn sygjak. Ejemem, ýeketaý gülebent ýaly, sowuk betonyň üstünde kök urup gidipdir. Ol çigit üçin ýörite stakan tapypdyr. Daşyndan görseň uly, emma içi darajyk. Köplenç kinoteatrlaryň, sirkiň agzynda oturýar. «Gije göze çöp atmak aňsat» diýip ejem aýdýar. Men bularyň ýoly bilen gitmedim. Öz ugrumdan bir salym işledim, rapoda. Kakam-a rapodan raýpo gowy diýdi. Soň meni redaksiýa işe aldylar. Görsem olam meniň ugrum däl. Žurnalistika döredijilikli ekeni. Ondanam boşadym. Pälim azyk-owkat ugruna göni goşant goşmakdy. Onsuz iýen çöregim janyma noş bolmady-da. Niýetim çöle çopan bolup gitmekdi. Elim egri taýakly, egnim oýlukly çopan bolasym gelýärdi. Bu kärden ýazyp beýan edip bolmajak romantika gözleýärdim. Şony taparyn diýen niýetim ýok däldi. Ol diňe biziň sosialistik jemgyýetde mümkin bolup biljek hakykatdy. Kapitalistik jemgyýetde ýaşaýan garyplaryň ol zat düýşüne-de girenokdy. Edara, kagyz, býurokratizm, administrasiýa meni özüne çekmedi. Mende olara bolan ýigrenç duýgusy güýçli bolup çykdy. Ine, özüm hakdaky häzirlikçe gysgajyk düşündirişim şeýle. Adymy aýtdym. Bezirgen diýdim. Boýumy bilýäňiz 198 sm. Kakama Ata pökgi, ejeme-de Zybagözel diýilýär. Emma ejemde zybalykdan nam-nyşan ýok. Oňa gulpy döwlen küýze däl-de, hum diýýärler. Umuman, ejemem, kakamam ýüzärlikden uzyn, ýandakdan gysga-da. Ýöne inini ölçemeli bolsa ýüpüň uzynyny gözläber. «Ynkylap» kolhozynyň başlygy Meret aga orta boýly, tokga, dykyz adam. Ep-esli garnam bar. Başlyk arzamy kynlyk bilen kanagatlandyrdy. Begenip guş bolup uçaýjak boldum. Dabarasy dag aşan baýry çopan Merdan aganyň, ýagny meşhur Merdan Çilgez oglunyň kömekçisi bolmaly boldum. Ýa-şa, ur-r-ra, men indi Merdan aganyň çolugy! Ol adam hakynda öňem köp zatlary eşidipdim, okapdym, sergilerde suratyny görüpdim, dokumental filmlere seredipdim. Maldarçylykdan önüm alşyna aňk bolupdym. Her öňýeten çoluk onuň ýanyna barmaga milt edip bilmeýärdi. «Gör-dä, Bezirgen han, ýagdaýyňy. Ol adama ýaranaýmak kyndyr öz-ä. Menem garnym uly bolansoň ondan gaçyp ýörün» diýip, başlyk uludan demini aldy. Onuň üçin juda taýýarlykly bolmalydy. Merdan aga erbet pygylly adam däldi. Ony hemmeler diýseň gowy görýärdi, sylaýardy. Ol diýseň dogruçyl, işe yhlas bilen ýapyşýan maldardy. Ilki özünden, soňra-da özgelerden güýçli talap edegen adamdy. Ol tertip-düzgüni juda jäht tutýardy. Bu meselede ol gaýduwsyzdy. Sähelçe gyşarsaň ýüz görmän agdardy. Kemçiligiň duşundan asla göz ýumup geçmeýärdi. Seniňem göz ýumup geçeniňi görse ýa eşitse ondan eýgilige garaşma. Göni dikleşerdi. Ýa şony düzeder, ýa-da şol adam bilen bir ýaňasy bolşar. Onuň üçin adam diýen zat ýokdy. Lebiz, wyždan, ynsap, ygrar mukaddesdi. Şol sebäpli ýolbaşçylar muny görenlerinde edil bal arysynyň gapyrjagyna golaýlaşýan aýy ýaly ýaýdanýardylar. Merdan agany edil ýitirip tapan ýaly salamlaşýardylar. Awtoinspektoryň eline düşen şofýorlar ýaly, ýa-da mazarçylyga merhumy alyp baran gölegçiler ýaly möminsireýärdiler. Onuň peýdaly maslahatlaryna gulak asyşyp, aňk bolşup, aňňalyşyp galýardylar. Žurnalistlerdir ýazyjylar-a bu ýaşulyny ýazuw depderçeli diňleýärdiler. «Wah, morze elipbiýini öwrenip, Merdan aganyň gürrüňleriniň stenografik ýazgysyny edinip bolsady!» diýşip, hyrçyny dişläp, başlaryny ýaýkaýardylar. Her kim bu ýaşulyny magnitafonly diňleýärdi. Onda-da ýaponlaryň kassetasyna ýazýardy. Ýekeje sözi sypsa gyzylyň gyryndysy çägä dökülene dönýärdi. Satiraçylardyr ýumoristleriň-ä gülşüp içleri gyrylýardy. Dünýäde iň dymma, kyrk ýyl gyjyklanyňda-da ýylgyrmajak adamlary Merdan aga güldürip, gyzyl gyran edip ýykyp bilýärdi. «Ynkylap» kolhozynyň adyny ilki kolhoz gurlanynda Merdan aga teklip edipdir. Kolhoz başlygy Meret aga maňa: — Bezirgen han, ýene üç günden gel. Bizem Merdan aganyň armasyny aýdyp gaýtjak — diýdi. Men «Ynkylap» kolhozynyň başlygynyň kabinetine baranymda prawleniýäniň başlygy Meret aganyň ýanynda ýene birküç adam bar ekeni. Olar Merdan aganyň ýanyna gitjek bolşup maslahat edişip oturan ekenler, ýaýdanýardylar. «Edil ýylan gysymlajak ýaly» diýip partkomyň sekretary Atajan aýtdy. — Adamlar, men kelep ujuny ýitirip otyryn — diýip, başlyk Meret aga kellesini tutdy. Küldandaky tüsseläp duran çilimini ýadyndan çykaryp ýene filtr otlandy. Näme etjegini bilmän zöwwe-zöwwe ýerinden galyberdi. Ernindäki çilimini unudyp, küldandaky burugsap duran sigaretini eline aldy. — Meret aga, diňe kelebiň ujuny ýitirip oturan bolsaň seniňki el-hal ganymat-la. Men kelebiň ujuny kelebiň agajy-pagajy bilen bile ýitirip otyryn — diýip, partkomyň sekretary Atajan ýumrugyny maňlaýyna ýetirdi. Eşidip otursam bular Merdan aganyň ýanyna gitmäge ýaýdanyşyp oturan ekenler. Bular baý öýe gudaçylyga gitjek garyp öýüň sawçylary ýaly ýaýdanýan bolsalar nätjek. — Demine diri ýuwudýanam bolsa gideli. Putýowkany gowşuraly, elin ugradaly. Men-ä gojany kurorta eltip gaýtmalam bolsa ýaltanan däl. Bu goja üçin iki gezek käýinç aldym — diýip, profsoýuzyň raýon komitetiniň başlygy Ýowbasar aga uludan demini aldy. Kolhoz başlygy meniň ýüzüme naýynjar halda seretdi. — Başlyk, menden-ä ap-arkaýyn bolaýyň. Men syýasy taýdan taýýar. Maldarçylyk ugrundanam hiç kimden pes bilemok. Merdan aganyň synagyndan bäşlik bilen geçerin. Çilim, nas, arak, umuman, neşe ugry bilen ugrum ýokdur. Hatda özümi çaýa-da öwredemok. «Çaýam keýp berýär, olam neşe» diýip, Merdan aga aýdanmyş. Diňe suw bilen çörekdir meniňki. Asketiki durmuş obrazyna özümi taýýarladym. Saglyk bolsa ýuwaş-ýuwaşdan çörekdenem ýüz öwrerin. — Agzyňy haýyr aç, haw, Bezirgen han — diýip, Ýowbasar aga çyny bilen aýtdy. — Ýowbasar aga, men aç öljek diýemog-a, ota ymykly geçjek diýýän. Gaýtam sizem ota geçiň. Etiňiz agyr siziňen — diýdi. — Uruş döwrüni gaýtaryp getirseň, ota geçeýin — diýip, Ýowbasar aga gaharlandy. Az okasaň zyýany kän-dä. — Sport ugrundan hem Merdan aganyň göwnünden turaryn diýen tamam bar — diýdim. Başlyk: — Wah, Bezirgen han, diňe sen däl, biziň başga has wajyp aladamyz bar — diýdi. Iki maşyn bolup çöle ugradyk. Gum gyzgyndy. Mekgejöwen patradybermelidi. Düýe çally termoslar parkyldap atylýardy. Termoslar elden-ele geçip kepän dodaklar bilen tanyşýardy. — Häk, ýaşuly diýenimizi edäýse ýagşy — diýip, kolhoz başlygy ýolda başyny ýaýkady. Ýanyndakylaryň howsalasy hasam artyp başlady. Günuzyn ýöredik, gije ýöredik. Daň atdy. Gum gyzgyn saja, Gün bolsa ýumurtganyň sarysyna meňzeýärdi. Merdan aganyň sürüsine on-on iki kilometr ýetmän «Ynkylap» kolhozynyň ýene bir çopan goşunda düşdük. — Merdan aganyň goşunda keýp çekip bolanok — diýip, başlyk dagy şol ýerde ertire çenli ymykly goş basyp ornaşdylar. Toklyny soýduryp gobekli işlekli bilen içgä başladylar. Başlygyň keýpi kökeldi. Men ähli keýplerden mahrumdym. Tizräk azyk önümleriniň hakyky sehinde janaýaman zähmet çekesim gelýärdi. — Başlyk, men-ä Merdan aganyň ýanyna tizräk ýetip, öz işime basymrak başlanymy kem göremok. Meni häzir ugratsana — diýdim. — Görsene muny. Bar keýplerden binesip bende. Bu ýagty ýalança näme üçin geleni belli däl — diýip, başlyk Meret aga dykyz göwresini titredip güldi. Onuň titreýşine seredenimde hažžygyň ürgün çägä gömülişi göz öňüme geldi. — Seniň kakaň Ata pökgi-hä garnynda şänik çakybermeli bolýança iýýär. Ähli neşedenem gaýtmyşymy ýok. Mugt bolsa solýarka-da içýär — diýip, başlyk sözüni dowam etdirdi. — Bezirgen han, men garşy däl, ugratmak biziň bilen. Bu ýigidiň çoluk bolmagy bize kyn düşer. Bu-da içenok, Merdan aga-da içenok. Käte çopan goşuna gelip gähnäýmämiz bardy. Şol bähbidimizden-ä ymykly kesilýäs. Olam ýylyň dowamynda ikije gezek-le: güýzüne hem ýazyna — diýip, başlyk degişdi. — Tomus-a şunuň ýaly gaty mejbur bolaýmasak gelip duramzok. Kondisionerli jaýda zordan günümizi görýäs. Barybir sen bu keýplerden binesip — diýip, başlyk meni Merdan aganyň goşuna ugratdy. — Biz, saglyk bolsa, ertir oňat açylyp, atyr, dezodorant sepinip bararys — diýip başlyk ýylgyrdy. Meni şofýora tabşyrdy. — Çolugy Merdan aganyň düýp goşunyň üç kilometr bärräginde düşürip gaýdarsyň. Soň özi pyýadalap barar. «Maşyn tebigaty zaýalaýar» diýip, Merdan aga gaty käýýändir. Taýagyny aýlabermegem mümkin. Wiý, onuň taýagy ýokdur-ow — diýdi. Biz gum gerişlerinden aşyp, arkan-ýüzin gaýşyp ugradyk. Diýlişi ýaly sürä gara görnüm ýetmän maşyny gelen yzyna gaýtardym. Özüm pyýadalap ugradym. *** Merdan aganyň hyýal guşy uzaklarda pelpelläp, al howada ganat kakýardy. Garagumyň giň, ýaşyl ýaýlalary onuň ýiti nazarynda öz keşbini tapyp durdy. Merdan aganyň öri meýdany al-ýaşyl öwüsýärdi. Sebäbi ol yssa çydamly otlaryň köpüsini bu ýerlere ekipdi. Jemgyýetçilik mallary şol meýdanlarda sonarlap, agyp-dönüp ýördi. Baýry çopan indi iki hepde bäri sähranyň tygşytlanan otunyň hasabyna goýun bakýardy. Üns beriň, tygşytlanan otunyň hasabyna. Beýle çopana her golda gabat gelmeseň gerek. Asyl onuň tutuş agyr sürüsem öz-özüni dolandyrmak bilenem çäklenmän, sap peýda berýän goýunlardan bolsa nätjek. Beýle sürüni gündiz eliň çyraly gözleseňem başga ýerlerden tapmarsyň. Goja togsan iki ýaşapdyr. Ol asyr bilen gözlüje ýaşyt ekeni. Bir müň bir ýüz dört aý görüpdir. Pensiýa çykanok. Ol-a hasa söýenmek ekeni, hatda gojanyň elinde çopanyň egri taýagy-da ýokdy. Näçe geň görseňiz görüberiň. Ol öz işiňiz. Merdan aganyň ýagdaýy, bolşy şeýle. Goja hem meniň bilen boýdaş bolup çykdy. Bir metr togsan sekiz santimetr. Diýmek, Fidel Kastro boý ugrundan ýeke däl ekeni. Diňe Petr Birinji 2 metr 16 santimetr. Ýaşuly meň ýaly toýda ýaglyga towusmakdan mahrum edilýän bolsa nätjek. Ýaşuly çopan agajet, ak sakgaly döşüni ýapyp duran, diýseň daýaw, gaýratly, peşeneli adam. Edil kareteçiler ýaly öz süňňüne gurp edip bilýär. Brusliniňki ýaly myşsalary çygym-çygym. Bilekleri jojugy ýuwdan uly ýylana çalym edýärdi. Elini ýere diräp turanyny görmersiň. Sport, berhiz, çölüň derman otlary gojany kän üýtgetmän saklapdyr. Ýüzi nurana, nazarkerde gojanyň akylly sözleri diýseň maňzyňa batýar. «Ýaşasyň gelse ot iý, lagşasyň gelse et iý» diýen ýaly dana sözleri bar. Ertesi irden başlyk dagy geläýdi. Merdan aga olaryň şofýoryna käýindi. — Ýolsuz ýerdenem, han ogul, maşyny wazladyp sürüberýäň. Şeýdibem gyrtyjyň köküni zaýalaýaň. Men goýunlarymyňam toýnagynyň ujuny ýörite aýyrýan. Birdenem gaza basýaň, garsa-da tormoz berýäň. Tebigata kast etmejek bol ahyry — diýip, ýaşuly düşündirdi. — Janly tebigatyň ýylda birküç ýüz görnüşi düýbünden ýitip barýar — diýdi. — Beýleki şofýorlar benzinden bireýýäm arany açdy. Sen heniz gaza geçmänsiň. Başlyk goja çopana bir zat diýmekçi boldy. Emma ýaýdanyp saklandy. Ýoldaşlary bir-birine soragly nazar aýladylar, müýnli bakyşdylar. Eşidip otursam Kislowodskiniň «Türkmenistan» sanatorisine bir putýowka gelen ekeni. Şony ýalbaryp-ýakaryp ýaşula berjek bolýan bolsalar netjek. Başlyk dagy aýdyp bilmän ilki ondan-mundan gürrüň edip oturdylar. Uçýan tarelkadan başlap tä dinozawra çenli agzadylar. Aňyrsy almasa-da derman otlardan gaýnadylan suwlary içdiler. Merdan aganyň iýýän-içýän zatlarynda duzam ýok. Gürrüň köplenç sport barada boldy. «Köpetdagyň» gulagy şaňladyldy. Başlyk ýaýdana-ýaýdana ahyry esasy gürrüňe başlady. — Merdan aga, siz ýetmiş ýyllap «Ynkylap» kolhozynyň goýnuny biregne bakan ekeniňiz. Emma şu uzak ömrüňizde ýekeje saparam kurorta gitmänsiňiz — diýip, başlyk öňki endigi boýunça çilim otlanjak boldy. Emma saklandy. Hamana gije yşygy görüp duşman samolýoty üstünden bomba oklaýjaga döndi. — Näme, kurorta gitmek hökmanmy, parzmy, başlyk — diýip, Merdan aga nägileligini aňdyrdy. — Hökmanam däl, parzam däl. Ýöne weli, tebigatyň gözel ýerlerinde dynç almak özüňiz ýaly zähmet adamlaryna zerur — diýip, başlyk Meret aga aýtdy. Soňra ol partkomyň sekretaryna seretdi. Olam ýerli-ýerden täsir etmelidigini duýdy-da söze başlady. — Merdan aga, Kislowodsk gözel ýer — diýip, partkomyň sekretary Atajan yzyny ýetirdi. Gürrüňiň böwedi ýazdy. — Siz meniň göwnüme degjek bolýarsyňyz, gaharymy getirýärsiňiz. Ýürek dermanyny içmekligiň zyýanlydygyny men «Zdorowýe» žurnalyndan okadym — diýip Merdan aga dermanly çüýşesine ýapyşdy. Ýaýdanjaňlyk kiparlady — Merdan aga, Kislowodsk ajaýyp ýer. Edil jennetiň bar-da. Bilbilleriň sesi goja göwnüňe ganat berer — diýip, profsoýuzyň raýon komitetiniň başlygy Ýowbasar aga düşündirdi. — Öz mähriban Garagumyň jyzlanlarynyň sesini men Kawkaz bilbilleriniň owazyna çalyşmaryn. Sarygamyş tarapdan agşamlaryna iňläp gelýän aýakçydyr çybynlaryň jyňňyldysy meniň üçin Kislowodskidäki bilbilleriň, jokjokylaryň owazyça bardyr. Hywa ybadathanasyndaky samyry görenimden orta guýudaky alakalary görjek. Ol ýerde belka bolsa, Garagumda ýalman bar-a — diýip, Merdan aga joşgun bilen gürledi. Şol wagt ýaşulynyň çişik gyzy aňyrky otagdan geläýdi. Ol iki egni bilen des-deň boýnuny uzadyp: — Kaka, kaka jan, gidäýsene. Kislowodskä. Maňa panbarhat getirersiň — diýdi. Muňa-da Merdan aganyň gahary geldi. Ol «bir, iki, üç...» diýip, sanamaga başlady. On alta ýetibem bes etdi. Gahary ýatyşandyr-da hernä, rahatlanyp oturdy. Merdan aganyň gahary gelende ol bir emel edýär, günbatar ewropalylaryň usulyny ulanyp san sanaýar. Soňra ol ýerinden turup, ellerini hereketlendirip, uludan demini aldy. Beden maşklaryny edip ylgap başlady. Özem şeýle bir ýeňil, edil gamak ýaly. — Gyzym, seňki näme? — diýip Merdan aganyň aýaly Bahargül eje gürrüňe goşuldy. Ol ýuwaşlyk bilen: — Seniň telim köýnegiň bar-a, gyzym. Emma gyz ýene öňki heňine başlady. — Eje, men jygyllykda üç esse bahasyna satmak üçin zat getir diýýän-ä — diýip, içýäkyç gürrüň etdi. Merdan aga bu gezek çaşdy. Gahar dozasy agyrrak boldy öýdýän. Naw gaýdan ýaly magallaklap gaýtdy. Beden maşkyna ýaramady. — Adamlar, bagyşlarsyňyz. Däliden dogry habar diýlişi ýaly, meni diňläň. Men eziz, mähriban sürimi taşlap, Kislowodskide rahat dynç alyp bilmerin. Goýun-guzynyň ýürekden syzdyrýan owazyny eşidip durmasam men oňmaryn. Ol owaz meniň üçin bahasyna ýetip bolmajak mukam ahyry. Elbetde, men Şopeniň, Jüzeppe Werdiniň sazlarynam gowy görýän. Putýowka hödürläniňize, azyk-owkat bolçulygyny döredýän sähra merdanalarynyň saglygy hakdaky aladaňyza sag boluň. — Kaka, dynç al-da gitip — diýip gyzy özelendi. Owlak-guzynyň sesini magnitli lenta ýazyp alyp gidiber. Ýa-da guzulardan birini alyp git. Mäläp hezil bersin. Git-de dynç al. — Gyzym, hakyky adam diňe tabydyň içinde dynç alyp biler. Öňňe wagty ol jemgyýete, onda-da sosialistik jemgyýete peýdaly iş bilen gümra bolmalydyr — diýip, Merdan aga ýerinden turup buýsanç bilen aýtdy. — Eger-de dynç alaýaňda-da akademik, beýik fiziolog, meniň özüm ýaly çepbekeý Iwan Petrowiç Pawlowyň aýdyşy ýaly aktiw dynç almalydyr. — Kaka, şu haram gatan goýunlar gyrylmadam, senem dynmadyň, tüf! — Gyzym, meni ýenç, maňa sög, emma weli, jemgyýetçilik mallaryna dil ýetirme. Azyk programmasynyň gözbaşyna tüýkürme. Merdan aga ýene «bir, iki, üç» diýip, pyşyrdap sanamaga başlady. Otuz sekize ýetende rahatlandy. Bu ýanbermez çopany yryp bolmajakdygyny aňyp başlyk dagy hoşlaşyp çykyp, zut, ökjäni götermekçi boldular. — Aýtmadymmy! — diýip, başlyk daşarda ogrynça çilim otlandy. Goşawujynyň içinde gizläp çekdi. — Biderek ýol söküp heläk bolanymyz galdy. Ähli keýpimize sogan dograldy — diýip, Atajanam çilim otlandy. — Bu adama alaç boljak däl-ow! — diýip, profsoýuzyň başlygy Ýowbasar aga zeýrendi. Hawa-da, zeýrenerçe-de bar-da. Bu adamlar uzak örä keýpine, öz peýwagtyna gelmändiler ahyry. Olara Merdan aga hakynda alada edeňzok diýip ýokary guramalardan telim sapar käýinç berlipdi. Başlyk dagynyň lapy keç boldy, ýüzüne urlan ýaly bolşup daşarda ýaýdanyşyp uzak wagtlap durdular. Gaýtjak wagtlary Merdan aga ýene-de öz pikirini açyk aýtdy. — Putýowkany köýdüriň diýjek däl. Başga birine beriň. Goý, ýarawsyz biri peýdalansyn. Meniň janym sag, tut ýaly. Poliklinikada uçýot kartoçkam heniz-ä ýok. Bolaram öýdemok. Gan basyşym, umuman saglygym kosmonawtyň saglygyna gaýra dur diýýär. Sap zähmet, sport, berhiz, özüňi parahat saklamak maňa dert getirenok. Derman içmäm peýdaly. Dermany şu otlardan özüm ýasaýan. Çaşmagym bolsa gelen derdiň urgusyny yzyna gaýtarýar. Hawa, onsoň putýowkany silden, ýer yranmasyndan zyýan çeken adama beriň. Internasional esgeri kurorta ugradyň — diýip, Merdan aga kesgitli aýtdy. Başlyk ugrajak wagty: — Merdan aga, bu ýigit, Bezirgen size çoluk bolmaga gelipdi. Çopançylygyň inçe tärlerini öwredersiňiz-dä. Baý tejribäňiz bar — diýdi. Soňuny degişmä ýazdyrdy. — Boýuny gysgarak görseňiz-ä aýdyň, has uzynragyny ibereýin — diýdi. — Pökgi ugrundan öňüne adam-a geçirýän däldir öz-ä. Çempiondyr. Ýaglyga towusmakdan mahrumdyr. Çözüp alaýýar. — Bor, bizem-ä sport ugrunda kän çorba sowadandyrys — diýip, Merdan aga ýylgyrdy. Gelen myhmanlar birküç kilometr ýoly pyýada ýöremeli boldular. Sebäbi şofýor ýaşuludan çekinip maşynyny aňyrrakda saklap garaşyp duran ekeni. Men Merdan aganyň kyn synagyndan geçmek üçin çopan goşunda galdym. — Bu ýigdi synagdan mazaly geçirerin — diýip, ýaşuly ýylgyrdy. Ýaşuly çopan gün nurundan güýç alýan elektron sagadyna seredip, elindäki radiopriýomniginiň burmasyny towlap Aşgabady tutdy. Gün şöhlesinden kuwwat alýan radiopriýomniginiň sesi batly ýaňlandy. Diktor gyz ýürekden çykýan ýakymly owazy bilen joşgunly gürledi. Oba hojalyk işgärleri üçin gepleşik berildi. Ylaýta-da «Buglanan samanyň ýokumlylygy» diýen gepleşik Merdan aga ýarady. — Berekella! Ýazanam, okanam sag bolsun! — diýdi. «Doňuzdarçylygy ösdürmekde kompleksleýin mehanizasiýanyň roly» diýen gepleşigi hem Merdan aga ýürekden makulady. — Şu süri bir müň goýundan ybarat. Özem kolhozyň maňa baýrak beren toklularyndan ybarat — diýdi. Toklulary ulaltdym. Syrtlaşyp münübermeli goýun bolaýandyr görseň. — Onda süri özüňiziňki bolýa-da? — «Süri özümiňki» diýen sözi, han ogul, meniň dilimden eşitmersiň, «Jogapkärçilik, kynçylyk, zähmet özümiňki» diýip arkaýyn, buýtar-suýtarsyz aýdyp bilerin. Başga ähli zadymy ile bagş etdim — diýip goja çopan barmaklary bilen ak sakgalyny daraklady. Soňra ol meni düýp goşa aýlap görkezdi: — Elektrik toguny Günüň, ýeliň kömegi bilen öndürýän. Günüň kömegi bilen suw gyzdyrýan. Kolhoza zyýan beremok. Meniň sürim diňe düşewüntli pudaga saýylýar. Ýaşuly beýik buraw wyşkalarynyň birini nebitdir gaz gözleýän burawlaýjylardan öz puluna satyn alypdyr. — Ýaşuly, dileseňiz mugtam alyp bilerdiňiz-ä — diýdim. — Bezirgen han, häzir döwletimiziň ykdysady ýagdaýy o diýen öwerlikli däl. Onuň üçin bir manat bir manatdyr. Onsoňam mugt diýlen zat nirede bolýar diýsene, syçan tutulýan gapanyň çirtmegine gysdyrylan peýnir syçan janawar üçin mugt bolup biler. Wyşkanyň çür başynda aýlanýan per oturdylypdyr. Oňa generator berkidilipdir. Çölde ýeliň bolmajak gümany ýok. Biminnet elektrik energiýasy taýyn. Hatda goýun gyrkmak hem şonuň hasabyna ekeni. — Ferma müdirine un getirme diýýän. Çörek dadamok, etden, ýagdan agzymy birçak ýygdym. Wegetarian Garagumdaky otlaryň hasabyndan iýmitlenýän. Men itlerem otlardan edilen ýala öwredýän. Çörekdir et beremok. Aýalymam wegeterian. Diňe ýaňky gyzym çörek iýýär. Oňa öwredip bilmedik. Şonuň üçin etem agyrdyr görseň. Çişik boldy. Ol biziň tohumymyzdan däl ýaly. Gören diýýär: öweými bu gyz? Çaga dogrulýan öýde çalşyrylan bolmagy mümkin, kim bilýär. — Ýaşuly, maňa-da ejem, kakam şeý diýýär. Goja çaýam içmeýän ekeni. Gaýnag suw içýär. Çaý atanok. Çaýam keýp berýär, bu-da neşe diýýär. Süýtdür gatyga doly geçipdir. Her dürli derman otlaryndan gaýnadylan suwlar onuň teşneligini gandyrýan bolsa nätjek. Zorly naharlar iýmänsoň suw içenogam diýen ýaly. Tomsuna agzy kepäberse suw owurtlap agzyny çaýkap oňaýýar. — Un almasaňyzam gyşyna ýyly geýim-gejim alýansyňyz-da?! — diýip, ýaşuludan soradym. Goja geň galdy. Meniň aýagymdan depäme çenli ser saldy. — Heý, meniň şu ýaşymdaky çopana-da bir içmekdir oýluk gerek bolarmy diýsene. Garagum garadan gaýtmaz adamlaryň mekanydyr. Men bedenimi sport bilen birsyhly berkidip durýan. Şoňa ýaltanamok. Gyşyn-ýazyn ýalaňaç ylgaýan. Sowuk suwa ýuwýan. Gara agynaýan. Özümem gysga balakly gezýän — diýip, goja şorty balagyna ýelmeşen çöp-çalamy aýyrdy. — Ýaşuly, oraza tutup, namaz okaýaňyzmy? — diýip, bilgeşlän sowal berdim. Ol ör-gökden geldi. Gözlerini çal-çul edip maňa ýiti seretdi. Meni sag däldir öýden bolmagam mümkin. — Oraza tutup, namaz okamakdan tebigatyň özi saklasyn. Dialektiki materializm bizi o zatdan daş edewersin — diýip, ýaşuly gürrüňini dowam etdirdi. — Kürsüde oturyp owkatlanýan, nahar edinýän. Ýorgan düşekden peýdalanamok — diýdi. — Gyşyn-ýazyn daşarda ýalaňaç ýatýan. Hindistanyň ýoga düzgünini tutuşym barada entek iş ýüzünde görkezerin. Goja meni teplisasyna, parnigine, limonariýasyna eltdi, aýlady, görkezdi. Ýekän-ýekän durup düşündirdi. Eden işlerine akyllar haýran. Botaniki bagynda-da men-ä munuň ýaly täsinlikleri görmändim. — Iýjek gögüm, bakjam, ir-iýmişim, miwäm özümden önýär. Artýar. Goňşy sürüleriň çopanlarynam şeflige alaýdym. Ýöne olar gök zatlary kän bilenoklar. Olaryňky gowurma bilen gaňyrma-da — diýip ýaşuly ýylgyrdy. — Ulag, maşyn ýagdaýyňyz nähili? — Maşyny düýbünden ret etdim. Ýangyjy, zapas şaýy kolhoza gymmat düşýär. Tüssesi atmosferany zaýalaýar. Maňa ýylda «Wolga» ýa «Niwa» berjek bolýarlar. Alamok. Ýaňky çişik gyzym «Kaka, al «Wolgany» kyrk müňe sataly» diýýär. Men puly nädeýin, maşyny başyma ýapaýynmy. Ulagymyz üç tigirli, özem ýeliň kömegi bilen ýöreýän ýelkenli çöl gaýygy. Şol bizde bar. Nirä gitsek taýyn dur. Oňa çalaja şemalam bolsa ýeterlik. Alyp uçurybermeli. Togsan ýaşym mynasybetli sowgat berlipdi. «Wokrug sweta» žurnalynyň işgärleri meniň ýegre dostlarym. Olar ýelkenli çöl gaýygyny maňa sowgat berdiler. Zähmet rugsadynda olaryň käbirleri meniň ýanymda dynç alyp gidýärler. Meniň iş tejribämi öwrenýärler. Men olara çölde hüjüm etmeli däl-de, oňa kömek etmeli diýýän. Men olara türkmençe öwredýän. Olar meni rus dilinden has-da kämilleşdirýärler. Ýuriý Senkeýewiç, Wasiliý Peskow, Nikolaý Drozdow dagy häli-şindi ýanyma gelýärler. Şol wagt uzakda ýeňiljek bir tozan peýda boldy. Hä diýmänem gözýetimdäki takyrda ýelkenli çöl gaýygy göründi. Söze salym ýok «gaýyk» ýanymyza gelip durdy. Gaýygyň dessesinde agajet bir garry aýal ykjam ýapyşyp durdy. Başga hiç kim ýokdy. — Bu Bahargül ýeňňedir. Ýigrimi bäş kilometr golaýymyzdaky Kirpili obasyna hamyrmaýa soramaga gidipdi. Gyzymyz çörek iýýä — diýip ýaşuly sözüne dyngy berdi-de, şeýle diýdi. — Hamyrmaýa-da bahanadyr. Bahargül ýeňňe sporty gowy görýär. — Aýu, Merdan, bu ýelkenli belaň-a ahmal bolsaň alyp gaçjak. Gözüňi-başyňy aýlaýa — diýip, Bahargül eje üstüniň çaňyny kakdy. — Tas hamyrmaýam gaçyp galypdy. Ol bisyratymyz «eje çörek» diýip halys gulak etimi guratdy. Olam ota geçäýmel-ä. — Şlýem geýäýmeseň gyňajyň haýsy çöpüň başynda galjagy belli däl. Güýçli ýel ugruna alyp gaçyp barýar-la, gyz — diýip Bahargül ýeňňe gaýykdan düşdi. — Seni, keýwany, şeýle ýowuz Jüneýit han dagy alyp gaçyp bilmediler. Bujagaz ýel-pel, gaýyk-saýyk eýgermez — diýip, ýaşuly buýsanç bilen güldi. Aňlaýşyma görä, bular Jüneýit handan ezýet, ejir baryny gören bolarly. Hanam-a bulardan dat edendir. Ýaşulynyň öýünde dürli derman otlar bardy. Olardan gaýnadylan suwlary içmek ýakymlydy. Hersiniň öz melhem bolýan derdiniň ady çüýşäniň daşynda ýazylgydy. Gök önümlerden taýýarlanylan duzsuz tagamlary iýdik. Organizmdäki agyrylar aýrylyp, özüňi ýeňil duýýarsyň. Gepden gep çykanda ýaşuly: — Nähili hünäriň bar? — diýip, meniň haýsy ugurdan spesiolistdigimi sorady. — Men maldarçylyk ugrundan ýokary bilimli spesialist. Şol ugurdan diplomym bar — diýdim. — Mal doktory, weterinar wraç. Kakam Aşgabatda it doktory bolaý diýdi. Itden holodilnige girjek zat ýok diýdim. Kärimi söýýän. Kakam öň meni mejbur edip söwda ugrundan okuwa saljak bolupdy. Giriş ekzamenlerinde özümi ýykdyrtjak bolup soraglara bilgeşländen jogabam bermedim. Käsine ters jogap berdim. Olar herre diýseler, men teşne diýdim. Kakam arada gezýän bir kezzaba pulam beripdir. Pul berlensoň jogap bermesem-de meni söwda-kooperatiw instituty kabul etdi. Men baryp okamadym. Pul dereksiz gitdi. Men oba hojalyk institutyna girdim. Kakam meni uniwersitetiň hukuk bölümine salyp ýuridik ugrundanam giderjek boldy. Bolmady. Men garşy boldum. Men kakama gaty gymmat düşdüm. Kakam, ejem gurpludy, tirýek agdarýardylar. Göknar satýardylar. Olaryň öler jany puldy. Menem şol röwüşde terbiýelejek boldular. Men şol terbiýäni almadym. Olaryň aýdýan sözleri meniň maňzyma batmady, şifere ýagyş ýagan ýaly boldy. Eşegiň gulagyna ýasyn okan ýalydy. — Diýmek, çopançylygy söýýäň-dä? — diýip, Merdan aga sorady. — Elbetde, çopançylygy söýýän — diýip ýaşula ýüregimi açdym. — Wah, hanym, garry agaň ýürejigi bolduň-ow — diýip, Bahargül eje söze goşuldy. — Biziň öýdäki dogman geçen gyzymyz seniň ýeriňe seniň ejeň, kakaň çagasy ekeni — diýip, Bahargül eje jibrindi. — Asyl bize çeken ýeri ýok, ol haram tulanyň. Ili çürkemek bar bileni-biteni. — Bize ýarajak perzent sen ekeniň. Haw, arman, sen biziň perzendimiz däl-dä — diýip, Merdan aga bilen Bahargül eje deň seslendi. Onýança-da gyzlary aňyrky otagdan çykdy-da biziň oturan gapymyzy açdy. Goltugynda ep-esli düwünçek bardy. Özem geýnebilenini geýnipdir, dakynabilenini dakynypdyr. Bir elinde-de çigit. — Eje, kaka, men-ä jygyldyga gidip şujagaz harytlarymy pullap geljek — diýdi. — Gyzym, bu gün sişenbe ahyry — diýip, Bahargül eje aýtdy. — Ertir çarşenbe gysga bazar-da, eje. Goja çopan dermanyna ýapyşdy. Ýaňky gyzyň parhyna-da däldi. Haýwankädiniň çigidini çigitlän bolup gabygyny pytradyp durdy. — Men geologlaryň ýa gazçylaryň wagta maşyny bilen giderin. Belki, Aşgabat — Daşoguz ýoluna çykaryn. Ertirem gelmen. Uly bazary bazarlap duşenbede öýe dolanaryn. Magazin müdirleri bilen gepleşip geçginli harytlary aljak, üç bahasyna satar ýaly. Döwür şeýle, döwür! — diýip, ýaňky gyz ata atlandy-da gamça basdy. Ýaşulynyň çopan goşunda bir ýaby bardy. — Maşyn tapan ýerimden aty yzyna kowup goýbärin. Jüre degmişiň özi goşa geler. Hellow, gudbaý! Çaw! — diýip, çişik gyz gara ýola tarap ýelk ýasady. Ýaşuly birhaýukdan soň özüne geldi. — Egnine geýen zatlarynam satyberýär ol. Bahasy ýetse dakynan şaýlarynam üç esse bahasyna bir aňkawa ýelmeýär. Garaz, gelin edinjekleri çürkemäge ökde — diýip, ýaşuly zeýrendi. — Howul bela, howul bela, üstümizden sowul bela! Şol haram tulany görmese garry agaňa hiç zat bolanok — diýip, Bahargül eje gyzyndan nalady. — At janawar hem şu tula münjek bolanda ýaýdanyberýär. Agramyny, berekella, ýer göterýär. At otuz kilo horlanypdyr. — Öz bagryňdan önen çaga-da. Geçip bolanok. Moskwa gidip uly okuwlary gutar diýdim. Etmedi. Peýdakeşligi gowy görýär. Ili näçe çürkäbilse şonça-da şat, ýaňky betbagt. Biziň tohumymyzda beýle betlagam bolmal-a däldir. Bir ýerde säwlik giden ýaly bolup dur — diýip, goja sakgalyny dişläp, başyny ýaýkap uzak oturdy. Soňra: — Säwlik bolmasa beýle zat bolmajak ýaly — diýdi. — Kakasy, betgümanlyk gowy däl — diýip, Bahargül eje gepi özüne çekjek boldy. — Meniň seni söýşüm ýürekden. Men hiç haçan biwepalyk eden däldirin — diýip, Bahargül eje aglady. — Kempir, saňa zat diýemok. Genetikanyň kanuny boýunça müň ýyl mundan öňem aňyrda bir ýamanyň, bedasylyň bolan bolsa zyýany degýändir. Gaýtalanýamyş — diýip goja Bahargül ejäni köşeşdirmek üçin çykalga gözledi. Ol Uly sowet ensiklopediýasyny açyp ylmy ýol bilen düşündirdi. — Belki, bäbekhanada bir säwlik bolandyr — diýdi. Menem gürrüňe goşuldym. — Bahargül eje, Merdan aga, biziňem öýümizde şu gürrüňler edilýär. Ejem, kakam «Sen bize asla meňzäňok, birjigem bize çekmänsiň, ýat bolaýma» diýýär. Bir ýalňyşlyk, säwlik bolandyr öýdýärler. Olar ömür betgüman. — Biziň dogman geçen dünýä inende onuň bilen bir hatarda iliň üstüne bela indi. Ýer yrandy — diýip, Bahargül eje uludan demini aldy. — Gulpy döwlen hum ýaly bisyratyň bize keşim edýän ýeri ýok. — Wah, meniň ejemem şeýle diýýär. Men doglamda tas ahyrzaman bolan ekeni. Ýer yranypdyr — diýdim. Soň men ýaşuly bilen uzak wagtlap gürrüň edip oturdym. Goýunlaryň özleri otlaşyp ýördüler. Olar bir sonary iýip gutarman beýlekä geçenokdylar. Ýaşuly goýunlary şol kada öwredipdir. Edil sirkdäki öwredilen haýwanlar ýaly hereket edýärdiler. Ýaşuly süriniň nirededigini rasiýanyň üsti bilen gaty basym bilýärdi. Biziň goja çopan rasiýany milisiýadan has öň ulanyp başlan bolsa nätjek. Süriniň öňüni başlaýan azmanyň, erkejiň boýnunda günden we hereketden energiýa alýan rasiýa apparaty bar ekeni. Ony görüp geň galdym. — Ýaşuly, rasiýany erkejiň şahyna berkitseňizem bolardy — diýdim. Merdan aga ýüzärlikden taýýarlanan suwdan owurtlap oturşyna: — Şahyna berkidip gördüm. Süsüşip döwäýýär ol janawar. Ýöne şahyna antenna berkitdim — diýdi. Maýyşgak antennany döwüp bilenoklar. — Ýaşuly, goýna gurt daranokmy? — diýip sowal berdim. Ýaşuly ýylgyryp: — Şu sowaly men başga-da köp adamlardan eşidýän. Möjegiň çagasyny heniz çagajykka boýnuna rasiýa oturdýan. Soň onuň haýsy goldadygyny ap-aňsat bilip otyryn. Onsoňam möjegiň sürenine et, garyn-gajak eltip oklap durun. Owlak-guzy kampaniýasy döwründe jyrryk berýän. Et kombinaty bilen şertnama baglaşdym. Aj-a goýamok olary. Şonuň bilen birlikde itlere-de ýal berýän. — Keselläp ölýän goýun bardyr-la sizde? Hor düşüp ölýänem gyt däldir-ä. Ýylan çakýandyr. Guzlap bilmän öler. Garda gaýlap, ýa gyşda buýýany bardyr — diýdim. Goja aňk-taňk boldy. Gözleri ulaldy. Dermanly çüýşä elini ýetirdi. — Ýok, han ogul meniň bakýan sürimde, ol säwliklere ýol berýän däldirin — diýip, goja gaty gördi. — Jemgyýetçilik maly öz şirin janyňdan ileri bolmalydyr — diýdi. — Ýaşuly, möjekleri etden beýleki iýmitlere öwrenişdirmek başartmazmy?! Meselem ot otlar ýaly edip bolmazmy? — diýip, gojanyň pikirine ugurdaş sowal berdim. — Kyndyr öz-ä — diýip, ýaşuly oýa batdy. Gapdeper we boýbodron diýen otlardan bişirilen kotletden bir dişledi. — Alymlar kelle döwmeli-dä. Goýnuň içegesiniň uzynlygy, meselem, öz boýuna ýigrimi dört esse. Möjegiňki bolsa dokuz esse, adamyň içegesi bilen des-deň. Men-ä alymlara aýtdymam. Goýnuň içegesinden alyp möjege ýene on bäş metr içege sepläň diýip. Onsoň möjek arkaýyn gyrtyç otlap biljek diýdim. Ýognas garynlaryny, sallanyp duran alkymlaryny titredip güldüler. — Oňlamadylarmy? — Oňlaýarlar, möjege goýnuň içegesini iýdiräý diýýärler. Häzirki medisina ylmy ol zatlary edip biljek. Ýöne alymlar kyn görýärler, emgenjek däl. Alymlaryň käsi, näme, ondan-mundan, rusça ylmy kitaplardan göçürip ömründe bir gezek dissertasiýa goraýar. Wessalam. Onsoň dissertasiýa şol alymy ömürboýy goraýar, bar bolany şol. Soňra olar nätsin kelle agyrdyp. Döwletiň ep-esli puluny jübä urup gezip ýörler — diýip, goja zeýrendi. — Bir alymdan sorapdyrlar: «Sen henizem şol ylymlar akademiýasyndamyň ýa-da özüň iş tapdyňmy?» diýip. Ylymlara kandidatlary indi maşyn sürüjiniň «awtosöýüjiprawasyna» döndi-le halys. Alymlygam alternatiwli etmeli öýdýän. Goý, özüne-de halk köpçüligi gizlin ses bersin. Belli bir temany bäş-on alym işlesin. Millet haýsynyňky peýda berjek bolsa şoňa öz sesini bersin. Soňra ýaşuly menden habar sorady. Ol meniň çoluk bolmaga gelenime kän ynanmandyr öýdýän. Belki, meni synap görjek bolýandyr. — Bezirgen han, näme etsem-petsemiň bar? Çöl gazaplydyr öz-ä. Gözel Aşgabad-a däldir bu ýeri? Restoran, bar, warýette, sowuk piwo, gitgir «Žiguli» düýşüňe-de birmez. — Merdan aga, size çoluk bolmaga geldim. Men çölüň ähli jebri-jepasyny çekmäge taýyn. Maňa ol romantikalar, ekzotikalar gerek däl. Ähli keýpi haram edýän. Ýaşuly begendi. Ilkinji soragy şu boldy: — Çilim çekýäňmi? — Ýedi günlük ýele ýanyndanam geçýän däldirin. Ýaşuly, siziň ähli keýplerden, neşelerden, galplyklardan saplylygyňyzy men raýon ýolbaşçylaryndan birsyhly eşidýärdim. Şonuň üçin şu ýere geldim. Ýogsam çoluk boljak bolsam bu tümlükde çopandan kän zat ýok. Maňa agzy, eli arassa, kalby päk çopan gerek. Şolam siz bolmaly. Ýüregim bilen size uýmaga geldim. Keýp berýä diýip hatda çaýam içemok. Ýylyň on iki aýy men berhizli. Hatda uruş döwri Leningrad gabawunda galanam bolsam berhiz tutardym. Ýaşuly monça boldy. Oňa ýaraýjak äheňde gürrüň etdim: — Çopanlaň bir näçesi arakdan, tirýekden gaýdýan däl ekeni. Käsi dördemi üçeme öwürmäge ökde diýdiler. Üçemi ekize, ekizi ýalka, ýalkany gysyra, gysyry öldä öwürýä diýdiler. Sizden gowusy bolmady, ýaşuly — diýdim. Gojanyň ýüzi ýagtyldy. — Ýaşuly, men raýon gazetiniň oba hojalyk bölüminde müdir bolup işleýärdim. Aýlyk-günlügim gowudy, hak-heşdegi oňuşmazça däldi. Äpberip gaýtdym. Enem, atam nägile. Kakam maňa söwda bazasyndaky sklad müdiriniň wezipesini alyp bermek üçin birine 150 müň manat pulam beripdi. Ýüz elli müň! Agyzda aňsat. «Uly okladdan kiçijik sklad» diýip, kakam aýtdy. Gaýtdym, olar keselhana düşendirler. 150 müňüň awusy ýamandyr. Meni gözleýändirler. Diňe redaksiýany, milisiýany habarly edip, bärik siziň goşuňyza gaýtdym. Indi kowsaňyzam şu ýerden diri gitmen. Öldüriň-de meni şu mähriban çägä süsdüräýiň — diýdim. Ýene-de aýtjak sözlerim bardy. Ýöne damagym doldy duruberdi. Ýaşuly hem hamsykdy. Soňra özüni dürsäp: — «Dogry gelen keýigiň iki gözünden başga aýby ýok» diýipdirler. Gelen döwlet. Ýaşuly atalar sözüni, nakyly köp ulanýar ekeni. — Sowet çopany aglamaly däl weli, rewolýusiýadan öňki gören horluklarym, soňky býurokratlardan çekýän ejirlerim meni ejizledýär-dä — diýip, Merdan aga çöp bilen çägäni çyzyp, garynja uruşdyrýan ýaly bolup ep-esli salym dymdy. Men ýaşuly çopan bilen el-ele, egin-egne berip jemgyýetçilik mallaryny orta semizlikde ýyly we dok gyşladyp geziberdim. Öwrenişdim. Küýüne-köçesine, häsiýetine belet boldum. Sporty iki bolup dowam etdirdik. Ýok üç bolup, ýanymyzda Bahargül eje-de bar. Emma gyz weli, kes-kelläm edenok. Sporty halanok. Beden maşklarynam edenok. «OBHSS-den gaçmagam sport diýýär». Ýaşuly ýogaçylyk bilenem meşgullanýan ekeni. Hindi ýogalarynyň kitaplaryny köp okaýa. Ol hakda ýörite gürrüň bererin. Maňa wegetarianlygy öwretdi. Etden, ýagdan, çörekden kesdi. Otuz kilogram ýeňledim. Ilki-ilkiler-ä gözüm garaňkyrady durdy. Ýerimden turjak bolamda ilki ýapyşar ýaly zat gözlärdim. — Oglum men-ä öz aşgazanymy, içegämi aýyrdyp ýerine goýnuň garny bilen içegesini oturtdyrypdym. Şeýdip tutuş ota geçdim. Senem şeýdäýseň?! — diýip, bir gün Merdan aga maňa maslahat saldy. — Onsoň ýöne gyrtyş otlap ýörmeli bolýar, hezillik. Gyşyna-da ýandak, kirt-kirt edip iýibermeli. Men oýlanyşdym. Ara düşen ümsümligi gojanyň özi bozdy. — Şeýdäý, oglum, onsoň goýnuň oňan ýerinde senem günüňi görýäň. Ferma müdirine el garma bolaňok. Ýandakda otuza golaý dermandyr witamin bar. Men-ä düýe bolup dogulmanyma ökünýän. Uzak ýaşarsyň. Ýurdumyzyň azyk programmasyna önjeýli goşant goşarsyň. — Bor, ýaşuly, onyňyz dürs gep, haýyr — diýdim. Indi ölýänem bolsam pyçagyň öňünde narkozsyz gözlerimi açyp ýataryn. Menem goýnuň, düýäniň giň Garagumda agyp-dönüp sonarlap ýörşüne hyrydar göz bilen seredýän. Özümi şolaryň ýerinde goýup görýän, gör nähili hezil. Operasiýa ýatmaly bolsam men taýyn. Soňra men goja birnäçe dikdüşdi äheňdäki sowallary berdim: — Ýaşuly, goýun otdan çör emele getirýär, düýe bolsa gumalak ýasaýar. Sizem-ä ot iýýäňiz, goýnuň iç goşy sizde oturdylan bolsa...?! — diýenimden ýaşuly düşündi-de, jogabyny nagt etdi. — Aýanlyk döwründe syr saklap, zady gizlemäýin. Edil goýundaky hadysa mende-de bolýar. Çör işläp çykarýan. Ys-kok mende ýok — diýdi. — Şonuň üçinem maňa çörli çopanam diýýärler. Anygyna ýetmän Çörli aga-da diýýärler. Bir gezek Çörli Çilgezow diýip hormat hatam geldi. — Bahargül eje-de...?! — diýip sägindi. Ýaşuly düşbi-dä, derrewem gürrüňi çöp döwlen ýaly etdi. — Oňa-da goýnuň iç goşuny oturtdyk. Olam çör işläp çykarýar. Bize hajathana geregem bolanok. Gezip ýören ýeriňde goýun ýaly çör gaçyryp sähra meýdanlaryny organiki dökün bilen dersläp gezibermeli — diýip, ýaşuly gyrtyçdan ýolup iýdi-de, soňra Sowet ylymynyň ýeten derejesi hakda buýsanmak bilen gürrüň berdi. — Biz bu çylşyrymly operasiýamyz üçin dünýä belli sowet hirurgy Nikolaý Mihaýlowiçe ömür minnetdardyrys. — Kim ol? — diýip gojanyň sözüni böldüm. — Sosialistik Zähmetiň Gahrymany, Lenin baýragynyň laureaty Amosow-da. Ony senem tanamaly bolarsyň — diýip, goja sözüni dowan etdirdi. — Rewolýusiýadan öňki açlyklar, pajygaly ýyllaryň iýmiti, Jüneýthanyň derdeseri bizde idili iç goş goýdumy, balam — diýip, Bahargül ene uludan demini aldy-da: — Menem goýnuň iç-goşuny özüme oturtdyryp, ota geçip heziller edinäýdim. Nikolaý Mihaýlowiçiň eline güller bitsin. Men-ä köplenç ýandagy üwäp şondan kotlet, şnisel, bifşteks edip iýýän — diýdi. — Gökden kotlet bişirinýän. Merdan aganyň çolugy bolup işe başlan günümden bäri goja bilen garry ikisi meniň bilen gyzyklanyp başladylar. Bularyň çişik gyzlary hem maňa perwaýsyz garamady. Ýöne men entek onuň adynam bilemok. Oýun edip «Zybagözel» diýen bolaýýan. Şeýle diýsem ol ýyrş-ýyrş edip begenýär. Ol bir gün menden: — Aý oglan, ejeň, kakaň gurplumy, baýmy? — diýip sorady. Onuň gözüni gapýan zat pul, baýlyk. — Gurpsuzam däl. Öz günleri özünden geçýär — diýdim. — Aýt-da onda şolara: seniň üçin maňa sawçy ibersinler. Wagt geçip barýar. Özbaşymyza bizem bir künjek bolaly-la. — Sen meni söýýäňmi, men-ä entek saňa belet däl, adyňam bilemok — diýdim. — Hany iki taraply söýgi? — Aý, oglan, söýgi hökman däl-ä ýaşamak üçin. Diý, kakaňa, ejeňe, ikimize jygyllyga golaý ýerden öý satyn alyp bersin. Men seni han ýaly ýaşadaýyn. Çölde agzyňa gum syradyp ýöreniňden şäherde beg ýaly bolda. Dul heleýiň pişigi ýaly ülpüldäp gez. Gum diýlen zat öleňsoňam tapylýar. Bäş gary biz bilen süsdirler, eý mahluk. — Ýok, onuň ýaly gürrüňler bilen meniň kellämi agyrtma — diýip, men çişik gyzyň jogabyny berdim. — Meni mähriban çölümden azaşdyrjak bolma, başarmarsyň — diýdim. Onuň parhyna-dä däl, göwni bir ýaly, haýwankädiň çigidini çigitläp dur. Ýöne ol söwda-satygyň ebeteýini tapýar. Aldanjak gümany ýok. — A-heý, günüňe ýanaýyn. Siziň ýaly akmaklar durmuşda ýok. Siz diňe hol radioda, telewizorda, gazet-žurnallarda,ýazyjylaryň eserlerinde ýaşaýarsyňyz. Köksüz peşmekler — diýip, gyz menden ymykly ýüz öwürdi. Ýüz öwreni kemem bolmady. Maňa söýgüsiz durmuş gerek däl. Azyk programmasyny durmuşa geçirmek ugrunda jan aýaman zähmet çekýän ýaran taparyn. Merdan aga meniň bilen has içgin gyzyklandy. Hatda ol baldyrymdaky armaturanyň basan tagmasyny oturyp synlady. — Oglum, Bezirgen, baldyryňdaky tyg kesen ýeriniň taryhyny gür bersene — diýip, bir gün maňa sowal berdi. Meniň jogabyma garaşman: — Göreşe çykaňda gözüm düşäýdi — diýdi. Öň aň salmandyryn. Ýogsam Adamata Howenäniň «geýminde» üçümiz aladaňdan ylgaşybam ýörüs-le. — Ejemiň aýtmagy boýunça bäbekhanadakam ýer yranyp, ahyrzaman gopupdyr. Çaga dogulýan öýüň enekesi rus aýaly meniň bilen ýene bir gyzjagazy krowatdan garbap alypdyr-da, daşaryk okdurylypdyr. Ol pökgüje gyz doglanda bäş ýarym kilogram ekeni. Eneke biçäre betona büdräp tüwdürilip gidipdir. Herimiz bir ýere zyňylypdyrys. Şonda meniň aýagymy armatura simi kesipdir. Armaturanyň kerten ýeri bar. Ýaňyja dünýä inen wagtymyz ekeni. Entek bize nomuram dakylmandyr. Daşymyz guramandyr-da, garasaý. Enelerimize görkezibem ýetişmänkäler ýer yranypdyr. Dünýä elenmäge başlapdyr. Atanlykda çalşylsak çalşaýmaly ekenik. Belki, çalşylan bolmagymyz hem mümkin. Kim nirä düşende-de barybir agzybir sowet maşgalasyna düşýäs weli, şonda-da çalyşylmasa gowy-da — diýip, gürrüň berdim. Merdan aga bilen Bahargül eje bir-birlerine howsala bilen seretdiler. Soňra ikisem maňa hyrydar göz bilen ýiti nazar aýladylar. Men aşak bakdym. Ýaşuly ýuwaşja gürledi. Onuň kalbynda bir harasadyň barlygy bildirýärdi. Gyzynyň häsiýeti oňa ýaramaýan bolarly. — Oglum, sen öýlendiňmi? — diýip, ýaşuly maňa sowal berdi. — Ýok. Öýlenemok. Söýşüp aljak bolýan. Onsuz durmuşyň höziri bolmaz — diýip aşak bakdym. — Berekella, göwnüm bolduň! Meniň neberämiň diýäýjek sözi. Bu söz üçin aşak bakma, başyňy duýsanç bilen belent tut — diýip, goja çopan galkyndy. — Wah, biziň bisyrat tultugymyz hem söýşüp durmuşa çykjak diýäýsedi käşgä, depämiz gök dirärdi. Gögüň şol ýeri tümmererdi. Şol tultuga näletsiňen galyňy ýigrendirip bilmän geçdik. Näçe kitaplary sesli okap berdik. Agitasiýa, propoganda onuň üçin eşegiň gulagyna ýasyn okan ýaly — diýip Bahargül eje uludan demini aldy-da, ajy göýül çeýnedi. Şondan soň-a göz ýaşy paýrap döküldi. Merdan aga şeýle diýdi. — Enesi, ýaňy ýasyn diýen bir sözi ulandyň. Ikimiz ateist bolmaly. Onuň ýaly sözi dagy-duwara agzyňa alyjy bolma. Soňra Bahargül eje gyzynyň söýgi babatdaky pelsepesini gahar-gazap bilen gaýtalap, şeýle diýdi. — Söýgi diýlen zat biderekdir. Nämäň alnyndan ol, bir-biriňi ýigrenmeseň besdir-dä, söýgiň aňrybaşy bolar şol. «Ol gapydan girende sen äpişgeden çykyp gaçmasaň, oňa ýetesi söýgi barmy» diýýär ol-a. Meniň-ä aklym çatanok bu zatlara. Biz goja ikimiz hemme zada hötde gelip bilýäs. Emma şu gyz propoganda eýgerenok. Uçýan tarelka-da muny alyp gidäýenok. — Ol dogman geçen-ä ýöne galyň-galyň, esgi-esgi, pul-pul diýip köne heňňama tutup käkeläp oturandyr. Ýaşam-a birçene bardy onuň. Ikiňiz asyl bir gün dünýä inipsiňiz. Erkek kişi hemişe-de öýlenip bilýär. Kyrkda-da, ellide-de. Emma gyz maşgalanyň bahary sowlansoň ol kime gerek. Maňa söýgi gerek däl, pul, gyraw, panbarhat, plotensa köýnek gerek diýýär — diýip, goja walidolly derman çüýşesini oýnap oturşyna zeýrendi. Söz gezegini men aldym. — Maňa kakam söwda ugrundaky uly wezipeli bir işgäriň gyzyny alyp berjegem boldy. Men garşy boldum. Toýuň sähedinem belläpdirler. Toýuň aýdymçysam bellenipdi. Oňa-da üç müň manat öňünden berip goýupdy. Toýa bir hepde galanda gelejekki gaýyn atamy wezipeden pyzyp, itiň art aýagyndan suw içmeli etdiler. Syrtyna çöwüp depdiler, bir taý köwüş içinde galdy. Üýtgedip gurmak kakam bilen gaýyn atama düşmedi. Kakam onuň bilen gudaçylygy goýbolsun edäýdi. Men «prostoý» garamaýak adam bilen guda boljak däl diýdi. Barybir men onuň gyzyna öýlenjek däldim. Harsydünýälere baş goşjak bolsam Merdan aganyň çişik gyzy maňa gujagyny açjag-a. Men Merdan aganyň gyzyny-da kemsidemok. Belki, oňa-da gözi gara tapylar. Günlerde bir gün öýde özara gürleşip, göýüliň miwesini iýip otyrdyk, şol wagt daşarda maşyn sesi eşidildi, soňam hümürdi peýda boldy. Bizem haýdan-haý ylgaşyp daş işige çykdyk. Görsek, çal sakgally ýaşuly bilen ak gyňaçly aýal maşyndan düşüp duran ekeni. «Niwanyň» rulunyň ýeňsesinde bir jahyl oglan otyrdy. Myhmanlara işigi, töri görkezip, geliň, geçiň, hoş geldiňiz diýdik. Olar üst-başynyň çaňyny kakman gürleňňeç ýaly bolşup düwünçeklerini alyp itden gorkýan ýaly bolşup içerik kürsäp girdiler. «Niwany» sürüp gelen oglan maşyndan düşmedi. «Ýatjak, çomujyň ysyna çakyzam gozgady» diýdi. Rula maňlaýyny berip ýatdy. Ýaňky aýalyň elinde düýe ýüňünden dokalan saçagy hem bardy. Soň eşidip otursak, bular gojamyzyň «meşik» gyzyna gudaçylyga gelen ekenler. Oňa çişigem, meşigem, gulpy döwlen humam diýýäs. — Men saňa Merdan sakaldaş diýäýjek. Hol gün bir sadakada seniň gulagyňy şaňlatdyk. Saňa Çörlem diýýän ekenler. Düzde ýelkenli gaýyk sürýänem diýip aýtdylar. Uçýan çopanam diýdiler. Özem öte partynnydyr diýdiler. Marksa sežde edýämiş diýenlerem boldy. Bir zada uýsaň gowy-da. Menem mala-dünýä gyzygýan, şoňa uýýan. Onuň ýanyna barma, habaryňy almaz diýip samahyllanam gyt bolmady. «Berim gökden ýol ýasar» diýdim. Pul düşäp alaryn diýdim. Düýeden uly pil bar, pilden uly pul baram diýdim. Niçik görýäň sakaldaş? Emma Merdan aga dil ýarman oturdy. — Merdan, sakaldaş — diýip, ýaňky gelen çal sakally ýaşulynyň özi ýene söze başlady. — Garyndaşlyk açaýsak diýip geldik — diýip, ol sözüni dowam etdirdi. Adamata Howeneden gelýän dessury saklap, bäri gaýtdyk, sakaldaş. Ol şeýle diýip öz aýalyna ýüzlendi. — Oglanlaryň enesi, saçagyňy süýşür olara tarap. Duz datsynlar. Emma Bahargül eje olaň saçagyny açmady. Merdan aga ol ýaşula ýüzlendi. — Aýdyber, sakaldaş, gulagym sizde. — Aýtsam, sizde bir ýetişip oturan gyrnak barmyş diýip eşitdik. Bizde-de bir tentek bardy. Ikisini tapyşdyraýsak neneň görýäň, sogap iş etdigimiz-ä bolardy. Äşe-Patmalar, Bibi-Merýemler, Hatyjalar haky üçin bulary bir-birine goşaýsak, önseler-össeler, ýaýrawumyz giňese, niçik görýäň. Iki dünýäde-de: «hem o dünýäde hem bu dünýäde ýalkanardyk» diýip, gumly ýaşuly getiren saçagyndaky sargandan agzyna bir tokgasyny atyp, gäwşemäge oturdy. Bu gürrüňe biziň gojamyzyň geldi gahary, atlandy myrryhy. Ýeňse damary tartylan kirşe döndi. «Köne güzeri» çalybermeli boldy-da, garasaý. — Ol nähili gyrnak? Bu neneňsi gep? Bu sözüň-ä keýik aňňyran ýaly boldy — diýip, Merdan aga ör-gökden geldi. — Deň hukukly Sowet graždany nädip gyrnak bolýamyş? SSSR Konstitusiýasynyň haýsy maddasy esasynda ogluňyz tentek bolýamyş? Ol nähili kemsidiji sözler? Gumly bolaňda-da kanun hemmeler üçin deňdir. Adamyny kemsitmäge kim saňa rugsat berdi. Öz ogluňam bolanda kemsitmäge hakyň ýokdur. Ýaşlar Watanyň perzentleridirler. Hukuk döwletinde ýaşaýanyňy bir bil ahyry — diýip, goja gyzdy. Seniň bilen ideologiýa ugurdan gowşak işläpdirler. Ýüp inçelen ýerinden üzüler diýlişi ýaly, häzirki nogsanlyklar pes düşünjeden emele gelýär. Tapyşdyrmak agyzda aňsat. Söýgüsiz ol nähili tapyşyk?! — diýip, Merdan aga söz gezegini aýalyna berdi. — Toba-toba! — diýip, Bahargül eje ýakasyna üç gezek tüýkürdi-de: — Adam ölmese her zady görjek eken-ow! — diýdi. — Aý, otüki, biz bir gumly, haw, düýä salam berip ýören çoça çarwa türkmenden geň görmäň — diýdi. — Gul-gyrnak diýip, gepiň gerdişine görä aýdýan. Indi ol zatlar ýat boldy. Ýaňky söýgi diýen zadyňyz ol bir mesiň işi. Söýlüp näme, ýaşlar Şasenem ýa Garyb-a däl. Ýedi aşyk geçenmiş diýip eşiderdik. Aşyk-magşuk diýen zatlar dessanlarda bolmaly. Ýaşaberseler uzagyndan ysnyşar giderler. Önüp-öserler. Bir-birlerini görenlerinde ýigrenmeseler bolýa-da. Ol biri gapydan girende beýlekisi äpişgeden çykyp ökjäni göterip zut bermese şol söýgi bolar, sakaldaş. Tüweleme, mal-halymyz bar. Girdejiler, hudaýa şükür, ýagşy. Bolsadyny eken ýaly, elimiz kirlijekä oglumyzy öýersek gowy-da. Özem ildäki aňrybaş nyrhy tölejek. Bagşysyny, arak-şerabyny kem etjek däl. Göreş, at çapyşyk gurajak. Galyňdan gorkmam bolmaz asla. Pul düşäp aljak diýdim-ä ýaňy. Düýäm, goýnum gola syganok. Berjek millete-de, iýdirjek. Dograma, palaw berjek. Et iýdirjek. Goja bilen Bahargül eje titreşip keçe-keçe oýnaýan ýaly galpyldaşyp otyrdylar. Myhman oňa intipis edenokdy. Şol eňterip otyrdy. — Sakaldaş diýýän-ä, toý tutmaga howlukmagymyň ýene bir sebäbi bar. Men şu güne çenli iliň toýuna atgulak eltme kemini goýmadym. Ölmänkäm şolary ösdürip aljakdyryn nesip etse. Milletiň pygly azýa. Soň aýran-jaýran boluberse beren amanadyňy yzyna alyp bolmaz. Goja bilen Bahargül eje derman içdiler. Beýle mojuk gürrüňler olaryň kommunistik ahlak yktykadyny kemsidýärdi. — Sakaldaş, toýa howlugýanymyň ýene bir sebäbini aýdaýynmy, ýaňy-ýakynda ökde bir tebibe ýüz tutduk. Öýerseň ogluň kellesi düzeler, ýerine siýmesem galar diýdi. Men-ä şoňa ynanýan. Belki-de hudaý oňarsyn — diýip, gumly ýaşuly sözüni dowam etdirdi. Ýöne aýtmady diýmäň, oglumyz birneme saňsarrakdyr. Okuwam oňa hudaý ýokdurmady. Mugallymasyna uçgurymy çözüp ber diýipdir. Ona çenli sanaýa-da, aňyryk geçip bilenok, çarkandaga urýa ötägidýä. Çagaka düýeden ýykylypdy. Gepleýşem antak-mantagrak. Diline enesem düşünenok-da garaz. Oglan öz deň-duşlarynyň ýanynda kemsinmesin diýip attestat alyp beräýdim. Bir düýäm hamana kanala batga batanmyşda. Attestatyň bolsa diplom almak itiň aňsady ekeni. Gaýybana okady diýip diplomam alyp berdim. Otuz goýun bilen bir köşekli düýä düzeldi. Emma mal tanamaga ökde. Hudaýa şükür, goýna goýun diýýär, düýä düýe diýýär. Goşun gullugyna-da almadylar. Ýarag ynanyp boljak däl. «Stroýbada-da» ýaramady. Depäňden kerpiç inderip, özem yz ýanyndan «Ura!» diýip gaýtjaklardan. Merdan aga dermanly çüýşäniň ikinjisine ýapyşdy. Bahargül eje bolsa ikinji çüýşänem taňkyratdy. Dowamy bar >> Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |