19:52 Aýgytly tutluşyk | |
AÝGYTLY TUTLUŞYK
Çagalar edebiýaty
• Iň ýalta jandar Günlerde bir gün, meni, eşider bolsaňyz, klasdaşym, garagol Mämi hakyt oňardy-da. Baý, erbet ýagdaýa düşdüm-ä. Asyl keýpime sogan dogrady oturyberdi. Dynç alyş güni süýji ukynyň keýpini görüp, oýanyp, meýmräp, gabaklarymy badam ýaly pökgerdip ýatyrdym. — Heý, Aga uzyn, seret, «Pioner» žurnalynda sen hakynda oňat bir makala bar. Okasaň, janyň gönenäýer. Me, ynha şu ýerini okap gör — diýip, mekdebimiziň boksda çempiony Mämi öýümize eli žurnally geläýdi. Ol žurnaly ýanymda goýdy-da uzak durmady. — Bagyşla, dost, howlugýan, ýaryşa taýýarlyk görmeli — diýdi-de boýnundaky bagy uzyn, ýüzi «Moskwa. Olimpiada — 80» diýlen ýazgyly torbasyny hallanladyp sumat boldy ötägitdi. Men bolsam «Pioner» žurnalynda özüm hakynda öwgüli makala okajak kişi, hondan bärsi boldum. Eselip, çişmek çişdim-ä. Wannaly otagda gara başyna gaý bolup kir ýuwup duran ejeme ýatan ýerimden ukydan turanyň gyryljyk sesi bilen gygyrdym. — Eje, aý, eje, gel bäri. Kiriňi goý-da tiz ýet. Men hakynda žurnalda makala barmyş, okap bereýin, eşit — diýip, köne traktoryň sesi ýaly war-war edip gygyrdym. Aram-aram, hil bir epeý adam ýaly, timarlap ýören gara saçyma elimi hem ýetirýän. Özümi Göroglydan pes saýamok. Bagyşlaň, on alty ýaşa ýetmänkäm peşmek ýaly saçly bolandygymy öň aýtmandyryn-ow. It oýnan ýorunja ýaly buýr-bulaşyk saç meni «gelşigime» getirýärdi. Hawa, men indi kiçi-kirim hem däl, on altym doldy, on ýediden ýedi aý aldym. Tüýs aňrujy öwüljek bolsam, magtalaýmaly ýaşa-ha ýetdim. — Balam, näme diýýäň? — diýip, ejem ýatan ýerime elewredi geläýdi. — Eje, men barada, ine, şu žurnalda oňat, öwgüli makala barmyş — diýip, çalaja garyma galyp, döşüme pat-pat kakdym. — Bolsun, oglum, bolsun, balam — diýip, ejem biçäre gapydan giren ýerinde çugutdyryp oturdy. Meniň gara gäz eden geýimlerimi ýuwmakdan ýaňa ýygyrt-ýygyrt bolup, garrap giden ellerini iki dulugyna diräp, ejem men baradaky öwgüli makalany diňlemäge taýýar bolup otyrdy. Menem žurnaly açyp, ýaňky ýeksurun Mämmediň görkezip giden ýerini sesli okamaga başladym. Gowy, labyzly edip okabam bilemok. Çünki ylymym, sowadym, sesim o diýen däl. — «Iň ýalta jandar» — diýip men makalanyň sözbaşyny okap, birneme sägindim. — Be, bu nähili bold-aýt — diýip, geňirgendim. Üns bilen diňläp oturan ejeme müýnli seretdim. — Okaber, guzym, okaber, nury didäm — diýip, hiç zatdan habarsyz ejem görgüli gobsundy. «Hany soňuny bir göreýin» diýip, pikir etdim-de ýene sesli okamaga oturdym: — Özüňize mälim bolşy ýaly, pyşbaga iň haýal hereket edýän jandarlaryň biri hasaplanýar. Oňa şeýle diýmäge bizde doly esas bar. Çünki pyşdyl janawar altmyş minutda bary-ýogy üç ýüz metr aralygy geçip bilýär. Diýmek, ol her minutda bäş mert ýol alýan eken. Men ýaňky özüm hakyndaky «öwginiň» şu ýerine ýetenimde, onuň düýp äheňini aňladym we garagol Mäminiň pikirini aç-açan duýdum. Ol meni sporta gatnaşdyrjak bolýardy. Özi bilen bile sport seksiýasyna meni alyp gitmäge ol indi ençeme ýyl bäri elinde baryny edip synanyşýardy. Onuň ýaňky žurnal getirip gitmesem, eger, ýalňyşmasam, megerem, agaty pirimleriniň biri bolmalydy. Men ýuwaşlyk bilen gaýnan leňňeç ýaly gyzaran ýüzümi galdyryp: — Eje, bar, sen işiň bilen boluber. Mämi ýalňyşyp, žurnalyň başga bir nomerini getiräýipdir öýdýän — diýdim. sesim sandyrap çykdy, ii egnimden dem alýardym. — Bor, balam, bor — diýip, ol-a turup, işine gitdi. Menem sesimi-üýnümi çykarman, ýaňky makalany öwran-öwran okap çykdym. Asyl ol makala žurnalyň «Dünýä giňdir, dünýä geňdir» diýen rubrikasynda bolsa nätjek. Makalanyň dowamy şeýledi, okap bereýin. Belki, size-de degişli ýeri bardyr. «Emma ýalta maýmyn diýilýän jandaryň bir sagatda tizligi ýetmiş metrden köp däldir. Ol şeýle bir ýalta, şeýle bir ýatla, hatda, bir şahadan beýleki bir şaha geçmekçi bolanynda, tamdan ýere oklanan possun ýaly gütläp, ýere-de gaçaýýar». Makalanyň şu ýerine ýetenimde pyňkyryp güldüm. Elbetde, men ilkinji nobatda öz-özüme gülüpdim. Sebäbi meniň ýaltalygym ýaňky maýmynyň dagyň çeni-çaky däldi. Žurnaly okamagymy dowam etdirdim. «Kelpese olardanam haýal deprenýän jandardyr. Ol bäş-alty santimetr aralygy geçdigi bes, uzyn günläp dynç alýar». Baý-ba, halal saňa, kelpese! Jandarlaryň arasynda-da meniň ýalylaram bar eken-ow. Mäminiň bu sütemi degnama degip, janyma batsa-da ýene žurnaly okap başladym. «Bulardan has haýal diýseň ýalta jandar hem barmyka?» Ine, şu ýerde žurnaldaky ýazylan täsin geň-taňlygyň beýany tamam bolýardy. Emma garagol Mämi onuň yzyna birki jümle goşupdyr. Özüçe, ýaňky makalany ruçka bilen ýazyp, dowam etdiripdir. Zaluwadyňky şowuna hem bolupdyr. Büçe bolanyna görä, onam okap beräýeýin. «Bulardan has haýal, diýseň ýalta jandar hem barmyka?» diýlen sözlemiň soňuna, Meni düşnükli poçerk bilen «Hawa, bar. Ol häzir şu setirleri okap, ýüpek ýorganda, ýelek ýassygy gabyrdadyp ýassanyp, poslap ýatyr. Oňa Aga uzyn diýýärler. Dogry dälmi, Aga uzyn?! Dünýä giňdir, dünýä geňdir! Özüňçe janly-janawar bardyr!» — diýip, aýyl-saýyl edip ýazypdyr. Ine, ar-namys edip bilýän bolsaň, et-dä göreýin. Aga han! Oňa-da hyjuw, gaýrat gerekdir. Özüňe özüň erk etmegi başarmaly. Bu sözleri okap birhili erbet boldum. Etmeýän işimi edip, tarsa ýerimden turaýypdyryn. Çep döşümde bir zat düňküldäp, agzymdan çykaýjak boldy. ol nämekä?! Ýürekmikä?! Mende ol zat bermyka beri?! Ýüregim jigläp, üstümden gyzgyn suw guýlana döndüm. Agzymy giň açyp, iki egninden demimi aldym. Howa ýetmeýän ýalydy. Hamana, men kislorodsyz bir planeta baran astronawta döndüm. Kenara oklanan balygyň ýagdaýyna düşdüm. Ýüregim jalbarymyň çepki gonjundan aşak gaçandyr öýdüp, ýere seredenimi duýman galdym. Ol ýere gaçybam, atanlykda jaýa girip, soňra ürküp, bat bilen özüni äpişgäniň aýnasyna patladyp urup, ýerde seňseläp, pasyrdap ýatan serçä meňzäp ýatandyr öýtdüm. Parasatly, dana, akylly-başly, paýhasly kişileriň aýtmaklaryna görä, adamzada häsiýet paýlananda deň berilmeýän ekeni. Birine mertlik, beýlekä, tersine, namartlyk ýetýämiş. Başga biriniň ýüki batyrlykdan mas ýetse, eýle ýanyndaky partadaşy gorkaklykdan, ýöwsellikden ýaňa ýegşerilip otyrmyş. Şu zatlara aklyň çatansoň, ýaltalygam geň-taň zat däl ýaly, tebigatyň kanunyna laýyk ýaly bolup görünýär. Ýöne weli, tebigat maňa has agyr sütem edýär oguşýa. Tebigat kime päk ýüreklilik berip, ony arşa çykarýar, käte ýaltalyk, özüne erksizlik bagyşlap, ony tükeniksiz azaba duçar edýär. Eýsem, gudratly tebigat maňa ýaltalykdan özüne erk edip bilmeýän häsiýetden başga nemeler berdikä?! Öwünýä diýmäň, maňa tebigat birneme üşük beripdir, muňa men müň-de bir kerem kaýyl, minnetdar. Emma weli, öz-özüne erk edip bilmezlik ýaly pis häsiýeti weli, maňa näçe diýseň köp içilipdir-dä. Muňa weli, men närza, kaýyl däl. Iru-giç öz-özüm bilen aýgytly tutluşyga çykaryn, ýeňiş baýdagyny depämde pasyrdadaryn diýen hoşniýetli umydym bar. Emma weli, bir göwnüm pyşdyl ýaly, ýalta-maýmyn kimin, kelpese şekilli bolup ýat diýýär, gozgansym gelenok. Şonuň üçinem men öz-özümde özgerişlik etmesem bolmaýar. Özüm bilen alta «meniň» arasynda aýgytly tutluşyk bolmasa, ýaşaýyş kynlaşýar. Buýra gara saçy gerşini ýapyp duran jahyl bolubam, toýda tans edip, ýaglyga towsup, derýa gark bolup barýany halas edip, ýangyn wagty gahrymançylyk görkezip, gyzlara özüňi güjeňlemejek bolsaň, ondanam bir ýaşaýyş bolarmy. Men şeýle pikirleriň girdabynda pyrlanýarkam gapy kakyldy. • Werdiş — Hawa, hawa, geliber, geliber, kimem bolsaň, gapy açykdyr, kiliklengi däldir — diýip, ýatan ýerimden gygyrdym: — Ýer-ow, Aga han, şindem poslap, göjek degen torgaý ýaly bolup ýatyrmyň?! — diýip, hälki garagol, myrryh boksçi Mämi geläýdi. — Ýatman, näme, bökübermelimi?! — diýip, öz bolşumdan utanjymy gizlejek bolup, nädeýin-dä, nadarlyk etdim. — Hawa, bökübermeli, ynha, ilki bilen şeýtmeli — diýip, ol meni dözer-dözmezräk ýumruklap başlady. Menem ýumruga çydaman, ýatan ýerimden garyma galyp ýapyşdym ýakasyndan. — Heý-waý, uruşmaň ahyry, aýyp bolar — diýip, ejem kuhnýadan geldi. Men gülüp: — Eje, oýun edýäs. Werdiş geçirýäs — diýdim. Meniň kakama Çynar pälwan diýýärler. Ol häzir obada ýaşaýar. Ol 1943-nji ýylyň güýzünde frontdan maýyp bolup geldi. Pulemýotçy bolupdyr. Stanokly agyr pulemýoty ol tümmekden beýleki bir depä, çaga oýunjaklaryny göteren ýaly, goltugyna alyp, ylgawyny ýazman elter ekeni. Özem pulemýoty iki bölege bölmän, tutuş göteripdir. Faşistler bolsa «Bularyň pulemýoty köp eken-ow» diýşip, elheder alyp, yza çekiler ekenler. Çaýyňyzy içiň, sowatmaň. Soň bir gün meniň kakam Çynar pälwan hakynda gyzykly wakalary gürrüň bererin. Belki, ýarasa, kakamyň özi gezmäge geler. Şu gün işim kän. Onsoňam biziň Aga janyň hem atasy, ýagny kakasynyň kakasy pälwan kişidi. Oňa Balkan pälwan diýerdiler. Çynar pälwan bilen Balkan pälwan dost ekenler. Bile Hywa ýurdundan Ahala, Mara, Şagadama, Buhara gidibem göreşipdirler. Alan baýraklarynam nirede bir garyp-gasar, ýetim-ýesir bolsa, paýlap beripdirler. Çaýyňyzy içiň, sowatmaň, balalarym — diýip, ejem öz işi bilen gümra bolmaga başlady. — Päwi pälwan, Maşa pälwan, Motduk pälwan, Öwezli pälwan dagy biziňkiler bilen gatnaşar ekenler — diýip, ejem aýtdy. Men, geň-taň görmeli zat, Mämi bilen ýaňkyja basalaşalym bäri, özüm birneme çuslanan ýaly duýýan. Ýagdaýym öňkülerimden has gowy bolýan ýaly-la. Bu nä gudrat! Elinden çekilen hassa ýaly bolýadym-la?! Öň edýän işim däldi, ýerimden syçrap turup, ýatan ýorgan-düşeklerimi ýygnaşdyraýdym-la?! O-ho-ho-how! Öňler el-ýüzüňi ýuw diýseler, ýaga depjek ýalydym. Häzir sowuk suwa ýüzümi mazaly ýuwdum. Boýnumyň ýüzlerine-de öllän ellerimi aýladym. Işdäm, şähdim diýseň açyk. Häzir bir ýerlere pyýada gidesim gelýär. Göwnüm ylga diýýär. • Ýelesini beriň Men Mäminiň igenjine çydaman, birki gün ukyny kör edip, ýaltalyk bilen ýekme-ýeke çykyp, aýgytly tutluşykda kä aşaga düşüp, käte onuň mekgesine münüp, öz-özüm bilen göreşdim. «Dinamo» sport jemgyýetiniň seksiýalaryna gatnaşdym. Ilki futbola ýazylyp, hondan bärsi, iki baka ylgadym. Emma görsem, aýagyma top degmezden, agzymy açyp, aňalyp gezip ýörün. Iliň çagasy bela ýaly, how. Edil çaýkeliň jüýje alşy ýaly, pökgini kakyndyraýýarlar. «Beýdip, pökgä ýüzüm düşmejek bolsa, ony arkan-ýüzün gaýşyp, bat alyp, büküdip depmejek bolsam, hol ippodromda, aýlawda atlaryň çapylmaýan güni ylgabersem bolmaýamy» diýip pikir etdim. Dogrudanam, menden Pele boljak däl. Bu oýny goýaýyn. Soňra meni, Ýaşin-de Ýaşin bolşup, derwezede hekgerdip dikdiler. — Topuň ir-u-giç gelmeli ýeri şu — diýdiler. Eýlesini-beýlesini ädimläp gördüm weli, eý, how, bu nebela, futbol derwezesi diýilýän zat uly bir zawodyň derwezesindenem-ä giň. Heý, munda-da bir kelle ýalyjak pökgini saklap bolarmy diýsene. Üç-dört sany maşyn ýanaşyk geçjek ahyr mundan. Şeýle diýip, pikir ýüwürdip durkam, bat bilen depilen pökgi gelip, kelte gapyrgamyň eteginden degdi. Çünki öňünden sowlup ýetişip bilmedim. Gelşi mortir diýen gysga nilli topuň oky ýaly bolansoň, ol meni özi bilen bile alyp gidip, eltip, ştanga, ýagny derwezäniň bir söýesine eltäge-de jaýdar ýelmedi. Agaja ilki kelläm degip, gözlerimden paýrap uçgun çykdy. Elektrik bilen kebşirleýjä döndüm. Pökginiň güýçli bady meni ol ýerde-de goýman, eltip, toruň içine süssürdi. Tas tor gyrylypdy. Ýat indi gözüňi garalt-da tora düşen lakga balygy ýaly bolup. Şondan soň nämäniň näme bolanyny bilemok. Bir haýukdan soň, çalaja huşuma geldim. — Ýelesini beriň! Ýelesini beriň! — diýen sözler eşitdim. Maňlaýym çişipdir. — Aýrylyň ýanyndan! Gabamaň! Ýelesini tutmaň! — Sowuk suw beriň! Nol üçe jaň ediň! «Tiz kömege» habar ediň! Geýimlerini ýeňlediň! Şeýle howsalaly sözler şyňlap duran gulagyma çalaja eşidilýärdi. Şunuň bilen meniň futbol ugrundan gazanmaly şöhratym puja çykdy. Braziliýada Pele oňat oýnap, utuk gazananda, futbolyň braziliýaly janköýerleri Peläniň maýkasyny oýnuň meýdançasynda sypyryp alyp, ýyrtyp, dyrnak ýalyjakdan paýlaşar ekenler. Bu sapar menem şeýle boldum. Meniňem maýkamy sypyrdylar. Ýöne weli, ýadygärlik üçin peýdalanmak niýeti bilen däl-de, maňa howa ýetmändigi üçin sypyrdylar. Braziliýaly janköýerler Peläniň daşyny alşyp, ony mäjum edäýmesinler diýip, onuň massažçy Marpo Peläni göterip, alyp gaçar ekeni. Şu sapar menem şeýtdiler. Sebäbi «Tiz kömegiň» maşyny aňyrrakda durupdyr. Hoş gal, futbol, hoş gal, pökgi! Belki, men sportuň başgarak bir görnüşinden abraý gazanaryn. Ulalyp oňalmadyk Okuwdan gelýärkäm, ýolda işe barýan ejem duşdy. Utandym. Köçede boş konserwa gutusyny depip, uly takyrdy turzup, köçä sygman gelýärdim. — Aga jan, oglum, beýtme. Elli manada alyp berlen täzeje köwşi görer ýaly etmänsiň. Bäş manat beribem nal kakdyrtdyň. Onsoňam, bu turuzýan takyrdyň kime ýarar öýdýäň, balam. Aýyp bolar, ata sakaly eňegiňe çykypdyr — diýip, ejem ilkinji sapar diýen ýaly maňa käýinmek käýindi. Şu güne çenli meniň edýän nädogry hereketlerim oňa çaga garagollygy bolup duýulýardy. Indikilerim bolsa sap huligançylykdan başga zat däldi. — Gapynyň açary öňküje ýerdedir. Saňa ýaglyja çekdirme bişirip goýandyryn. Naharyň taýynjakdyr. Gyzdyrjagam bolma, entek sowan hem däldir. Gaz plita golaý barmagyn. Özüňem hiç ýana gitme. Naharyňy iýdejik, akyllyja bolup, öýde okaber. Sapaklaryňa taýynlyk gör. Kitaplaryňy oka, balam — diýip ejem arkamy sypalady. Men onuň üçin entegem aňsyz, üm bilmez çagajyk ýalydym. — Jan oglum, hapa bulaşmagyn. Mekdebe geýýän eşikleriňi bardajyk çykar. Köýnegiňi, balagyňy ýuwup seripdim. Gurandyr, aldajyk geýäý — diýip, ejem işine gitdi. Az salymdan soň ejem birden sägindi-de: — Bi, huşum gursun — diýip hüňürdedi. Öwrülip, maňa şeýle diýdi: — Aýu, Aga jan, hany bärik gel — diýdi. Men eýýäm ejemiň ýanynda peýda boldum. — Nahar iýeňsoň, gap-gaçlaryňy oňatja edip ýuwup goý, şkafa sal-da agzyny ýap, pişik ýalaýmasyn. Wi, Aga jan, huşum bar bol-a, seniň doglan günüňde sowgat etmek üçin ýüwürden halymy şu gün dokap bolup kesdim. Krowatyň üstündedir, görersiň. Ýüzüne-de «Aga jan» diýen sözleri dürli ýüpler bilen çitip ýazdym — diýip, ejem ýakamy düzedip duran ýerinde aýtdy. — Wah, wagtym bolmady. Pensiýa çyksam, oglum, seniň hala suratyňy hem dokaryn — diýip, ejem gürrüňiň yzyny ýetirdi. Şondan soň, biziň herimiz öz ýolumyzy dowam etdirdik. Ejem gaty-gaty ýöräp, işine tarap ugrady. Men bolsam sykylyk çalyp, ýol ugrundaky ýatan oduk-buduk zatlary depişdirip, öýüme tarap gitdim. Dumly-duşy guşakly, goňur portfelimi daşarda goýup, gapymyzyň açaryny aldym. Howlukmaçlyk bilen işigi şakyrdadyp açdym. Köwşümi zadymy çykarman, içki otaga girdim. Çalt-çalt ýöräp baryp, krowatyň üstündäki halyny elläp gördüm. — Bä-hä-ä, ejem jana-a maňa tüýs oňat sowgat dokapdyr-ow ýa-ş-şa! — diýip, halyny krowatyň üstünden çekip aldym-da eýwana alyp ugradym. Ol ýerde keçe ýazylgydy. Halyny bolsa şonuň üstünden lowurdadyp düşedim. Eýwan görküne gelen ýaly bolaýdy, asyl görküne geldi. — Hany, üstünde oturyp bir göreýin-le! — diýip, köwşümi çykarmak üçin aýaklarymy ýeke-ýekeden batly-batly silkdim. Köwüşler honda atylyp gitdi. Köwşüň bir taýy yklap ýatan goçak gara pişigimiň gerşine degip, ony süýji ukudan oýardy. Beýlekisi bolsa zyňylyp gidip, başga ýere düşdi, tas aýnany döwüpdi. Gözüňe söweýin, täp-täzeje halynyň üsünde oturdym. Uzyn düşüp, ýatyp gördüm, eýläk-beýläk togalandym, menem çaga ýal-ow, üstünde aşyr atdym. Çitilen hatlary okadym. — Oh-oh-ho! Hala meniň adymy ýazaýypdyr-ow ejem! — diýip, begendim. Guş bolup uçaýjak boldum. «Aga jana» diýip, öz adymy höwes bilen okap, telim sapar gaýtaladym. Birsalymdan soň, men syrçaly uly jamdaky gyzgynjagy bilen basyrylgy duran ýagly çekdirmäni kuhnýadan alyp, emaý bilen göterip, eýwana getirdim. Ony getirdim-de täze halynyň üstünde goýdum. Jamyň aşagyna saçak, ýa kagyz ýazmagy hem ýadymdan çykarypdyryn. Okarany şol durşuna getirdim-de goýaýdym. Men gyzgynjak ýagly çekdirmäni iýmäge oturdym. Nahar başynda-da men dek oturmaýardym. Edähedim şeýle. Ejemiň her ýylda ýazyp alýan söýgüli žurnaly bolan «Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly äpişgäniň öňünde durdy. Men şol žurnaly çekip aldym-da ondaky üýtgeşik suratlara seretmäge başladym hem-de täze halynyň üstüne çorba damdyryp, göwünli-göwünsiz nahar iýmäge oturdym. Žurnaldan ünsümi sowup, men soňra haýsydyr bir suratly kitaby agtaryşdyrmaga başladym. Ol güýmenjeleriň hiçisem meniň bilesigeliji islegimi kanagatlandyryp bilmedi. Men daşaryk seretdim. Bahar paslynyň täsin görnüşi ünsüňi özüne çekýärdi, töwerek diýseň oňatdy. Baharyň pöwhe şemaly erikleriň gülüni gaýdyryp alyp gidýärdi. Ýörite sütüne gerilgi simde bolsa meniň köýnegim bilen jinsi balagym çekirtge ýaly gapjawaç bilen berkidilgidi. Köýnek bilen balak eýýäm guran bolarly, olar baharyň köwsarlap urýan mymyk ýeline galgap, ýüpde bir täsin hereket edýärdiler, hallan atýardylar. — Beh, beh, olary gör-le. Meniň köýnek-balagym sport maşklaryny özümden gowy oýnaýarlar-la — diýip, hüňürdedim. Dogrudanam, meniň serilgi eşiklerim sport «oýunlaryny» edýärdiler. Bir täsin maşklary ýerine ýetirýärdiler. — Beh, men özüm beýle werdiş edip bilemog-a — diýip oýlandym. Ylaýta-da meniň iki ýeňinden sime ildirilgi köýnegim geň-enaýy «oýun» edýärdi. Gerilgi sim köýnegim üçin özboluşly turnik bolup hyzmat edýärdi. — Wah, arman, köýnegiň içinde özüm ýok-da — diýip, men ahmyr etdim, hyrçymy dişledim. Hakykatdanam köýnek hakyky sportça meňzeýärdi. Ýel güýjäp, köwsarlap öwsende bolsa köýnek aşyr ataýjak-ataýjak bolýardy. Turnikde «gün» diýen maşky etmek bolsa meniň hut öz arzuwymdy. — Ana-ana, «gün» bolýa, «gün» bolýa — diýip, men ýaş çaga ýaly, nahardan elli bizar bolup, galgaýan köýnegime höwes bilen bakýardym. Emma balak gaty galyň bolansoň, kän bir «gün» ýasajak bolup duranokdy. Onuň deprenişi özüm ýaly haýaldy. — Beh-beh, gör, ony! — diýip, men ýene-de hüňürdedim. Sebäbi köýnek iki ýeňiniň üstünde esli salym dim-dik durdy. — Be, köýnegim dik duranynda men şeýdip bilmezmikäm — diýip, men çemçämi, çöregimi goýdum-da köýnegimiň «agzyna» öýkünip onuň hereketlerini gaýtalamaga synanyşdym. Meniň etjek bolýan bu maşkym hiç şowuna düşmedi. Aýaklar ýokaryk galmaýardy. Hernäçe synanyşsam-da ellerimiň üstünde dim-dik durmak maňa başartmaýardy. Göwnüm etmekçidi, emma göwre diýen edenokdy. Çünki bu işe irginsiz werdiş gerekdi. — Hany, şu gezegem bir synanyşaýyn, bolman bilşiňden bolma, senjagaz, «stoýka» — diýip, halynyň üstüne ellerimi diräp, aýaklarymy birden arkanlygyna atdym. Ine, şu saparam men azajyk salym ellerimiň üstünde dimme-dik durmagy başardym. Emma, netije öwerlik bolmady. Arkanlygyna güpläp gaýtdym, onda-da ýagly çekdirmeli jamyň üstüne düşdüm. Nahar döküldi. Täzeje haly wes-weýran boldy, ol indi görer ýaly däldi. Näçe ýyllap çekilen zähmet biderek boldy öýdýän. — Baý-ba-a, bu-ýa birhili bolaýdy-la. Ejem aglar-ow — diýip, men dymdym. Çary bilen ýekme-ýek Halyny zaýalanymdan soň ejem syrkawlady. Oňa men sebäp boldum. Gahary gelip keseli gozgady. Umuman, ol biçäre ýürek agyry keselinden ejir çekýärdy. — Balam, dermanhana ylga. Git-de ine şu dermandan getir — diýip, ejem, titräp, galpyldap oturan ýerinden zordan düşündirdi. — Gapjygymda birje bäşlik bardyr, bölegim-ä ýok, şony al-da gidiber. Tizräk, ylga — diýip ol tabşyrdy. Menem başardygymdan ädimimi çaltlandyrdym. Gidip barýan. Ine, birden Çary açyklykda motosikletli yzymdan ýetdi-de, öňümde ulagyny keserdip goýdy. — Heý, çekirtge, niräjik uçan bolupjyk barýaň?! — diýip, Çary berk düwülgi ýumrugy bilen meniň eňegimden galdyrdy. — Dermanhana barýan, how, näme?! — diýip, men aljyrap, ugrumy ýitirip başladym. Hernäçe aşak bakjak bolýan weli, Çary aşakky äňimden gora gömülen şalgam ýaly gara, tokga ýumrugyny aýranok. Meniň dodaklarym tirpildäp, aýklarym saňňyldaýardy. Geliň, ilki bilen men size Çary barada birneme düşünje bereýin. Onuň kimdigini size tanadaýyn. Şähermiziň Guryhowdan mikroraýony entek täze gurulýan ýer. Bu etrapda şindi adam adamyny kän bir tananok. Biz birek-birege gaty belet. Biziň göçüp gelen öýümize, özem ýanaşyk podýezdimize bir goňşy aýal hem göçüp geldi. Onuň adamsy ýok. Diňe dört ogly bar. Biri ýagny, iň ulujasy mamalaryndamyş. Ejesi gök önümleri arzan alyp, gymmat satýar. Ol-a ertirden agşama çenli şol ýerde irikgä bolup otyr. Ýaňky ogly Çary bolsa «Ýawa» kysymly motosikletiniň gluşitelini aýryp, ikibaka sürüp ýör. Sesinden dagy durar ýaly däl. Çary urşup, ýykylyp, gaçyp, kowup, endam-janynda, ýüz-gözünde bitin ýerini goýmandyr. Muny kinofilmler surata alnanda kaskadýor edip ulansaň şap bolaýjak-da. Özem entek on alty ýaşyna-da ýetmedik. Menden kiçi. Emma ýürekli. Durşuna dogum-da. Çary mekdepden elli bizar, mekdep mugallymlar bolsa, ondan ýüz esse bizar bolaýjak ýaly. Ýöne weli, mekdep ony dogry ýola salmak ugrunda kän işler edýär. Mugallymlaryň dat gününe! Meniňem-ä ondan gowulygym ýok weli, Çary çeni-çakyň däl. On bäş ýaşlaryndaky bu Çary edil geçigaplaň ýaly çalasyn bir zat. Emma billeşse meni ýykyp bilmez. Ýöne weli, ýüzünde-gözünde yşnak, mähir-muhabbet diýlen zatlar ýok. Aslynda ol zatlar, eger-eger, kölge salybam geçmändir. Beýle oglandan biz-ä rehim-şepagata-da garamazok. Oýnagy kart, çilim, aşyk. Her hili partlaýjy jisimler ýarybam, ýüzüniň galanja nurunam aýrypdyr. Indi ondan eşek ürkjek. Hawa, Çary meni derman üçin barýarkam tutdy. Öňki kadaly dem alşymdan nam-nyşan galmady. Maňa diňe bir çykalga bardy, olam gorkaýmakdy. Güýçlä etjek alajyň ýokdy. Şol wagt geçip barýan biri: — Heý, söwedeň han, gorkma, äňine elmeseň bolmaýarmy. Näme garşyňdakydan, ol motosikletliden boýuň gysgamy, ýa iýýän çöregiň ununyň sorty pesmi? — diýip, maňa käýindi. Men ony diýýäniň kimdigine seredip bilmedim. Ýöne weli, şol kimem bolsa, dogrusyny aýtdy. Maňa arka durmadygy üçinem men ondan gaty görjek däl, gaýtam, şol adam sag bolsun. Sebäbi ejem meni hülli-hülli edip, şu ýagdaýa getirdi. Adamyny suwa oklamasaň ol ýüzmäni öwrenip bilmez. — Hany, äber bäri puluňy — diýip, Çary çynyny edip başlady. — Näme, onsoň, ýaňky, pulu ýok, ejem syrkaw, derman... — diýip, men ýuwdundym. Sesim titräp çykýardy, aglamaga bolsa maý ýokdy. Utanýardym. — Äber diýdim, äber, ýogsam, paçagyňa berip, çigdiňi çaşyraryn — diýip, Çary ýakamdan ebşitläp, bela ýaly bolup tutdy. Edil onuň mende algysy bar ýalydy. Aňrujy gaýratyň bolsa gorkmaly ýeri geldi. — Me — diýip menem bäş manady saňňy-saňňyl edip çykaryp, oňa berdim. Çary puly aldy-da çalaryp giden, göwşüllän balagynyň jübüsine salaýdy. Içimden pikir etdim. «Haý, naýynsap, daş ýürek talaňçy diýsänim, alyp gidiberjeg-ow, bu zaluwat! Meniň bolsa mähriban ejem hal üstünde ýatyr. Hany, seniň ynsabyň». Görsem, warak «Ýawasynyň» böwrüne köwşi bilen depip, otlajak bolup dur, men enäniň halyna ýüregi awap, puly berer öýdüpdim. Ýok, eger-eger, ýüregi ersmeg-ä beýlede dursun, gylam gymyldanok. Haý, murtuň başyňy iýsin. Burnuň aşagyna kesewi bilen dürtülen ýaly murtuň bar bol-a. Bu ýagdaýy görüp, namys edip, çydap bilmän, menem baryp ölsem öleýine salyp, ýapyşdym «Ýawasynyň» şahyndan, aldajy ýaly bolup, asla sypdyrmadym. «Gorkagy kowalasaň, batyr bolar» diýlen söz dogry ekeni. Aýgytly ýekme-ýeke, garpyşmaga taýyndy, tä soňky deme çenli tutluşjakdym. — Dur, goýber, puly bereýin — diýip, Çary birden mugyra gelen ýaly gürledi. «Oh-ho, azajyk hereket etdim weli, Çary menden gorkaýdy» diýip, pikir etdim. «Dogry-da walla, özüňçe barly-ýoklyň gepini çekip» diýip, içimi gepletdim. Herekete bereket diýlen ýaly bolaýdy. Ine, birdenem Çary it ýylgyryşyny edip: — Heý, goňşy, Aga han, puluňy başyma ýapaýynmy, aljak däl-daraý — diýdi. Soňra: — Hany, agzyňy aç — diýibem ol aýtdy. — Ine, açdym! — diýdim. Men bäşligi oýun edip agzyma saljakdyr öýtdüm. — Hany, diliňi çykar — diýdi. — Ine, çykardym — diýdim. Häk, ýalňşan ekenim-ä. Indi giç. Çary aşaky äňime çep ýumrugynyň arkasy bilen bagly kakdy. Dilimi dişledim. Agzym gan ýalan güjügiň agzy ýaly boldy. Tüýs bolaýdy. Maňa geregi-de şu-da. Meniň ýaly ejizler horlansa gowy, eger syrkaw, maýyp-müjrüp, küýki, husurly, ysmaz, dogabitdi göçdük bolup, ejizläp duran bolsadym, onda maňa hiç kimiň nebsi agyranok diýip, närzaçylyk çeksem, meniňki mamla bolardy. Emma sagat jan, açyk işdä, derek ýaly boý bilen müzzerip durşuma, horlansam, hiç haýpyňyz gelmesin. Özümi görap bilmesem, kör bolaýyn. Käşgä saňa ýoldaşlaryň kömek bermeýän bolsady, nägile bolsaň aýyp däl. Umuman, dünýä göreş meýdany — diýip mugallymymyz, klas ýolbaşçymyz Ata Çopanowiç hemişe aýdardy. Şol dogry. Bu ýagty jahan ýatyp gidiberer ýaly myhmanhana hem däl, bu ýerde adamzat dünýäsiniň hakyky eýesi bolup, durmuşy özi düzetmeli diýip, mugallymymyz Ata aga nygtardy. Wah, nätjek-dä, hemme zada aklym ýetýär, ýöne weli, arman, özüme erkim ýetenok-da. Çagalykdan erki terbiýelemeli ekeni. Haý, indi giç bolaýmasa. Hawa, onsoň ýaňky wakany dowam etdireýin. Men gan görüp, tenim awansoň, birneme merdemsiredimem. Baryp, ýene ýapyşdym Çaryň göni öz ýakasyndan. Aýy ýaly aslyşyp, halys goýbermedim. «Topulanda doňuz kimin topulyp, Aýy kimin asylyşy gerekdir» — diýip, Magtymguly Pyragy aýdypdyr. «Ýamanyna tutanynda güýji zor gelip, meni galmaz ýaly urjagy, suwa salma ençjegi dälmi» diýip, pikir etdim. Ol meni çep aýagy bilen batly depdi. Men honda atylyp düşdüm. Üstümiň gumuny kakan kişi bolup, ýene garpyşyga taýynlyk görüp durdum. — Muňa, izzik han, karate diýilýär — diýip ikinji depgä taýýar bolup durka, öwünip aýtdy. Ýene golaýlap bardym. Ol ýene depdi. Emma emeline çolaşdy. Aýagyna elim iläýdi. Goýbermedim. Gözleri tegeleniberdi. Soň ýakasyndan ýapyşdym. Reňki üç ýuwlan esgä döndi, ýüregi ýaryldy. Ol maňa gysylyp, aglap başlady. — Waý eje — diýip, Çary uly ili bilen sesinde baryndan gygyrýardy. Içimden «Meniň ýaly gorkagam bar eken-ow dünýäde» diýip, özüme taý tapanyma begenip, monça boldum. — Aýyr eliňi, puluňy bereýin — diýip, ol möňňürýärdi. Men Çara rehimim indi. Dözmedim. Özi bilen deň bolmaýyn diýdim. Pulumy aldym. Çary bolsa motosikletini otlap, ugrajak bolup durka: — E-eý, gel, dost bolaly — diýdi. Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |