19:35 Meñ ýerimde bolup görüň / satiriki hekaýa | |
MEÑ ÝERIMDE BOLUP GÖRÜŇ
Satiriki hekaýalar
Uprawlýaýuşimiziň iş bitiresi gelmedik wagty mydama bir aýdýan sözi bar: «Meň ýerimde bolup görüň! Päheý-de welinim, heý, ondanam bir gep boldumy diýsene. Sprawka almaga bararsyňam weli, «men ýeke, siz köp» diýip, başyndan gum sowrup oturandyr. «Ertir geliň». Ine, bu-da onuň agzynyň endik eden, diliniň ram eden sözüdir. «Limiti iýip gutardyk», «Smetada göz öňünde tutmandyrys» diýen ýaly dürli bahanalar gözleýär. Onyňdan-a «iş oňaramok» diýeniň müň paý gowy bolardy. «Glawka bilen ylalaşmaly». Bu-ýa sözüniň «bissimillasydyr». «Hany, başymy garjaşdyrmaň. Häzir men ýygnaga gitjek. Çykyň şu ýerden. Çarşenbede ýeke-ýekeden geliň». Bu-da onuň býurokratik töwüridir. Şeýder-de ýeňsesine sapan degen ýaly zut gider. Işigindäki gyza: «Ýokardan sorasalar, men obýekte gidendirin» diýer. Arada bir möhüm iş bilen baýaryň işiginde kirpigimi gaýşardyp garaşa-garaşa ahyrsoňunda onuň merhemetli huzuryna bardym. Ýene-de şol köne güzerine tutdy. «Meň ýerimde bolup görüň» diýen meşhur sözüni gaýtalady. Maňa-da geregi şoldy. Çetim gyz-y-y-yp durdy. Pursaty elden bermedim. Sen-men ýok, aýaga galdym-da: — Turaý kürsüden, seň ýeriňde bolup görmeli bolsa, ony nagt edäýeris —diýdim. Salymyny bermän geçdim ýerine. Görsem, gözüňe söweýin ýup-ýumşak kürsi, çümüp gitdim, hep-hezillik. Oturan ýeriňden turman üç ýüz altmyş gradus töweregiňi görüp bolýan bolsa nädersiň. «Baýguş bol-a!» diýip, öz-özüme ýüzlendim. Nirede gören zadym. Kürsi gudrat ekeni. Ol şarikopodşipnikleriň kömegi bilen aýlanýan barypýatan tilsimat görsem. Smetada şony ýaglamak üçinem ýörite ştatyň bolmagy meni geň galdyrdy. Hawa-da ony ýaglap durmasaň, ol jygyldar-a. Oňa ýag çalýany üçin ýokary bilimli bir inženeriň hakyt aýlyk alýandygyny başbuhdan bildim. Inženeri ýanyma çagyryp, üstüne çöwjäp gygyrdym. Abaý-syýasatam gerek how. «Eşitmedim diýme, han ogul, eger kürsi wagtyndan öň jygyllaýsa, özüňi gaty uwladaryn. Ýagy diliň bilen çalmasaň rysgyňy keserin!» diýdim. Inžener «merhemet!» diýip gelşi ýaly, «lepbeý» diýibem emedekläp çykyp gitdi. Diwanda gözlerini mölerdip oturan öňki uprawlýaýuşä seretdim. «Meň ýerimde bolup görüň!». Ýagşam bir söz tapdyň! Bolup görüp otyrys-a. Öläýemzog-a?! Erbet zadyny biz-ä göremzok. Ýekeje agyz şemalyňa iş bitip dur. Öňki uprawlýäýuşiý bu hereketleri içi garalmak bilen synlaýardy. Kassiri ýerime çagyryp, üstüne gygyrdym: «Näme üçin urşuň hem zähmetiň weterany Aşyr aganyň ýüz manat kömek puluny bermediň?». «Kassada togsan manat bar. Şoňa razy bolsa bereýin». «On manat janyňy alsyn! Özüňem doňuzdan dok. Çagalaryň şokolad bilen it kesekleýär. Hozy ýaýa salyp atýalar. Aşyr aga ýaly uruşda Leningradyň etegindäki Sinýawin batgalygynda bagryň bilen süýşüp öýkenden aýrylan bolsaň bilerdiň nämäň nämedigini!». Stoldaky knopkany basyp, sekretar-maşinistka gyzy ýanyma çagyrdym. — Jennet jan, kofe, şokolad! — diýip, iýer-içer ýaly ýeňiljek zatlar zakaz berdim. Soňra Jennetiň elinden tutup: — Keýgim, ol zeýilli ýylgyryşyň bolanok. Ýasama zat bize gerek däl. Ýasama-köseme bolýar. Oňatja ýylgyr hany! — diýdim. Hojaýyn bolsaň tüf diýen tüýküligiňi ýolda kakyp alýarlar ahyry. Jennetiň altyn gatyşykly sadap dişleri lowurdap kabinete ýalkym saldy. Gyz ýylgyrdy. Kabinet gelşigine geldi. Men öňki uprawlýaýuşä göz gypdym. Şokolad bilen kofe içip otyrkam, rasiýa seslendi. Biri howa telefonymyzda jaň etdi. Görsem özümiň birinji orunbasarym. Ol meni telim sapar kabinetinden kowupdy. Gorksa üzeňiňden üç geçýär. — Ýer-ow, pekge nomur odin! — diýip, men birbada onuň howuny basdym. — Bu zamanlarda sen nirelerde otlap-suwlap ýörsüň?! Işi, näme, Puşkin etmelimi?! — diýip teýeneli gürledim. Trubkadan banka giren siňegiň wyzzyldysy ýaly ses zordan eşidilýär. Kabinetiň işiginde näçe adam irikgä. — Ýoldaş uprawlýaýuşiý, men Injirli jülgeden gepleýän. Çişlik, lüle üçin et taýyn etdik. Keýik bilen käkilikdir. Şoňa uksus sepeýinmi ýa-da ýok?! Şony soraýyn diýdimdä. Siziň ünsüňizi möhüm döwlet işinden sowanymy bagyşlaweriň, täze uprawlýaýuşiý bolaňyzsoň, rasionyňyzy bilmän kösenýäris. Näme iýip-içýäniňizem bilemok. Ýaňy poliklinikä-de jaň etdim. Näme keseli bar diýip, «Gastrit», berhizli bolaýmasyn diýip baş wraçdan sorajakdym. Olam ýerinde däl ekeni — diýip, birinji orunbasarym trubka giräýjek boldy. Oňa jogaby nagt etdim. — Ilki bilen-ä ukussyz ýöne şeýle iýeris. Doýamyzsoň işdä açmak üçin uksuslysyndan sygnarys. Garaşyber. Ýatymlyk barýandyryn. Şäher gaty petiş, üstesine-de yssy. Daçada-da bu günler adam köpdür. Injirlide ýer taýyn ediber — diýdim. Sekretar-maşinistkam Jennet ýanyma näz-kereşme bilen geldi. Ýuwaşlyk bilen maňa ýüzlendi: — Ýoldaş uprawlýaýuşiý, Injirli jülgesine meni alyp gidýäňizmi ýa-da aýalyňyz bilen gidýäňizmi?! Men öňki uprawlýaýuşä gözümiň gytagyny aýladym. «Meň ýerimde bolup görüň!» diýip, onuň mäne üçin aýdýanlygyny bilmek kyn däldi. Ol uludan demini alyp, ah çekýärdi. Ol gyz jogabyna garaşyp maňa delmuryp seretdi. Men oňa: — Jennet jan, düşün, aýalym on çagany terbiýelejek bolup, şu güne çenli hiç eşretli gün görmedi. Indem agtyk-çowluga üstümizi basdyrdyk. Soňam ýuwluk, gowluk, kowluk, jüwlük, örňär. Men Injirli jülgä aýalymy alyp gitjek. Goý, ol bir sellem dynç alsyn. Sebäbi öýümiz mydama demir ýol wokzaly ýaly. Çagalar üç smenada hereket edýärler. Kofeden boşan çaşkajyklar şakyrdap başlady. Meniň teklibim Jennet jana ýaramady. Gumrynyň çüňki ýaly çemçejikleriň biri pola gaçyp şaňňyrdap ses etdi. Gyzyň ýüzi üýtgedi. Gapyny batly ýapyp çykyp gitdi. Ýüregim gyýylýardy. Öňki uprawlýaýuşiý ony ýaman öwredipdir. Birsalymdan knopkany basdym. Öýkesini ýazaýjakdym. Emma gyz gelmedi. Öýkeletdim öýdýän. «Aýnadyr gyz ýüregi» diýlen aýdym durmuşdan alnypdyr. Şol wagt aýalym jaň edäýdi: — Kakasy, buşluk! Öýümizde telefon gurdular — diýdi. — Men uprawlýaýuşiý, how. «Meň ýerimde bolup görüň!» — diýip, öňki uprawlýaýuşä seretdim, ol dodagyny dişläp, başyny ýaýkady, aşak bakdy. Aýalym telefonda sözüni dowam etdi: — Kakasy, kimdir biri öýe et, mesge, tüwi, peýnir, kofe, konýak getirdi, nädeýin? — Zaýalanjagyny bas holodilnige. Isleseň gowur. Indi biziňki, näme gowurma bilen sowurmadyr-da! Bize morozilka-da gerek bolar-ow indi?! Sekretar-maşinistkamyň oturýan otagyna bardym. Aglapdyr biçäre. Owadan ahu gözler pomidor ýaly gyzarypdyr. — Jennet jan aglamagyn. Gözleň sürmesi döküler — diýdim. Meniň ýanyma girmäge garaşýan adam köp ekeni. Aýak üstünden ählisiniň möhürini bitirdim. Eglemän hoşal edip goýberdim. Gitdiler. «Ýaşyň uzak bolsun!» diýşip, hiçisinem mähetdel etmedim. Dilgir goýmadym. Olar, elbetde, asmandaky Aýy alyp ber diýenokdylar. — Mommy aga, şifer almak üçin saňa hat bererler. Aýdaryn. Maşynam alarsyň. Ýöne maşyn üçin kassa 20 manat tölemelidir. Onam profsoýuzdan alyp bereris. — Täjigözel daýza, jaý nobatyň bireýýäm ýetdi. Bar-da ordeniňi al. Näme kömek gerek bolsa göni geläýginiň. — Han ogul, maşyn sürjekmiň ýa traktor? Haýsysyny isleseň, garaža baraý. Baş inženere aýdaryn. Onýança aýalym ýene öýden jaň etdi. Sekretar-maşinistkam gabanýar: «Ol häzir işli» diýip, onuň ýüzini aldy. Emma öýi telefonly, holodilnigi etli, ýagly, golland peýnirli aýalyň gözi köpe düşüp gylaw alypdyr öýdýän, demi daş ýarýar. Biziň köçämizde-de toý boljak. — Aýu, kakasy, häzir «indpoşiwden» inimi-boýumy ölçemäge biçimçi geldi — diýip aýalym begendi. — Gelse gowy-da. Iniňi-boýuňy men näbileýin. Öz ýanyňda şo zatlar. Biziň gujaklaşmaga wagtymyz boldumy şu güne çenli. — Aýu, kakasy, ýapon panbarhatynyň gögünden buýraýynmy ýa-da gyzylyndan? — Ikisindenem buýraý, gulaç ýarym diliňe bitýä. Gowja geýinmelisiň indi. Ýogsam uprawlýaýuşiniň aýalydygyň maňlaýyňa ýazylgy däldir. Indi bizi çagyryp başlasalar gerek. Trestimiziň kömekçi hojalygynda işleýän ýaşuly geläýdi. Ýaýdanjyrap söze başlady: — Otüki, han ogul, näçellikler üçin birneme ekin ekipdim. Hasyly ýetişdi. Öýüňe düşürdeýinmi ýa-da satyp puluny getireýinmi? — Ýaşuly, gyş iýer ýalysyny öýe daşaň. Azotsyzdyr-da hernä?! — Ýelesinden azotly teležka-da geçenok, ogul. — Örän oňat, ýaşuly. Galanlaryny Magadana alyp gitsinler. Puluny getirerler — diýip, ýaşuly bilen hoşlaşdym. Aýalym ýene jaň etdi: — Aýu, kakasy, zenanlaryň ýüz-gözlerine perdoz berilýän kosmetiki salonyndan bir aýal geldi. «Saçyňy gara boýajak» diýýär. Elli ýaşap barýan. «Duroçka» diýmezlermi?! — Şunça ýaşabam özüňi oňarman ýörseň hakyky «duroçka» şonda bolýaň, samsyk. Saç garasyndan maňa-da bir týubigini alyp galaweri — diýip, menem saçyma el ýetirdim. — Meň o zatlardan başym çykýan däldir, gyýuw, kakasy. — Ýazyp al, aýdaýyn. Aldyňmy kagyz-galam? Saça çalynýan «Koleston—2000» diýilýär. Reňki garadyr. Moskwanyň «Swoboda» fabrigi bilen GFR-iň «Wellan AG» firmasy bilelikde taýýarlaýandyr. — Ýazyp aldym. Bu aýal «Landikolol» hem goýaryn diýýär. Gyýuw, kakasy, ogullaryňa jaý alaweri. Öýümiz daryşganlyk — diýip, aýalymyň talaby artyp başlady. — A how, keýwany, uprawlýaýuşiň kürsüsine geçemine entek bir sagadam bolanok ahyry. Men nädip ýetişeýin, «Meň ýerimde bolup görüň!» — diýip, ýalandan zeýrenen boldum. Men şeýle diýip, öňki uprawlýaýuşä nazar aýladym. Olam ýerimi berer diýen tama bilen ýerinden gobsundy. «Otur» diýen yşarat bilen elimi galdyryp, soň aşak ýatyrdym. Ölsem bererinmi diýsene ýumşak kreslony. Telefon çabalanyp, böküp-böküp jyňňyrdady. Ony äwmezlik bilen diňledim. — Allo, uprawlýaýuşiý diňleýär — diýip, bolmajysy bolan boldum. — Ýoldaş, uprawlýaýuşiý. Siz jenaýat edýäňiz! — diýen hökümli aýal sesi eşidildi. Öz aýalymyň sesi-hä däl. Gaty aşgarly. — Alo, uprawlýaýuşiý bolanyma bir sagadam bolanok, eýýäm jenaýat etmäge ýetişäýdimmi?! — diýip, men sowuk ganlylyk bilen jogap berdim. — Onda-da ýeňil-ýelpaý däl, agyr jenaýat etdiňiz — diýip, ol aýal çyny bilen janykdy. — Jeza haýsy meýdançada boljak?! Jezadan soň konsert beriljekmi?! Asyljak ýüpüme wazelin çalyp alyp baraýynmy? — diýip, men degişdim. Uprawlýaýuşiý bolsaň, degişmäňi götermejek adam bolmaz. — Saglyk bilen oýun etmäň. Men siziň poliklinikaňyzyň baş wraçy. Kurorta gitmeli wagtyňyz geldi. Sizde ýadawlygyň simptomlary, alamatlary bar diýdiler. Häzir özüm ýanyňa barýan. Elektrokardiogrammaňyzy aljak. Gan basyşyňyzy ölçärin. Hut, özüm dermanhana pamygy ýaly mylaýym ellem bilen sizi elin massažam etjekdirin. Bogun-bogun söküp, owkalap, on iki süňňüňizi ýene ýerbe-ýer goýaryn. Kabinetiňizde diwan bardyr-da hernä?! — diýip, ýaňky aýal maňa ýüzlendi. Men oňa: — Bar-bar, häzir ol diwanda öňki uprawlýaýuşiý otyr — diýdim. — Kow, ony gitsin. Işikdäki gyza-da irräk gaýdyber diý. Ikiçäk galsak massaž peýdaly bor — diýip, ol güldi. — Tizräk geliň-dä. Men Injirli jülgesine ýatymlyk gitjekdim-dä. O ýerde tagamy endiredip goýmaýyn-da — diýip sagadyma seretdim. — Menem alyp gitseňizläň, ýoldaş uprawlýaýuşiý. Siz mensiz spirtli içgileri içersiňiz. Men seni goramaly. Seň içjegiňi özüm içerin. — Aýalymy alyp gitjekdim-dä. Ol gabanjaňdyr. — Arkaýyn bolaý. Ol meni tanasy ýok-la, men jinsi geýip, erkek kişiň sypatynda bolaryn. Telefon jyňňyrdady: — Allo, ýoldaş uprawlýaýuşiý, ýanyňyza barmak mümkinmi? Men kadrlar bölüminiň inspektory Jemile. Möhüm iş bar! — Döwlet işimi ýa şahsy iş? — Döwlet ähmiýetli iş. — Geläýiň. Zülpi perişan, gözi girýan, mürçemiýan Jemile geldi. — Ýoldaş uprawlýaýuşiý, şu gün siziň doglan günüňiz. Gutlaýan! Şujagaz sowgady menden kabul ediň! Ol şeýle diýip, Polşada öndürilen odekolona meňzeş «Konsul» diýen bir zady stoluň üstünde goýdy. Soň sowgatlaryň yzy üzülmedi. Kän garaşdyrman wraç gelin geldi. Daşary çykdygam weli, şofýor ýigit: — Ýaşuly, maşyna münüň — diýdi. — Men pyýada ýörejek — diýdim. Emma şofýorym: — Ýaşuly, münüň. Haýyş edýän. Şäheriň howasy agyr. Dem alar ýaly däl. Meniň maşynymda ýörite arassa howaly ballon bar — diýdi. Eňişip barýan garamaýak halk bilen bile dem almaga-da goýmadylar. Öňki uprawlýaýuşiý indi: «Meň ýerimde bolup görüň» diýen sözi agzyna almasa gerek. Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |