20:22 Atabal porhan / satiriki hekaýa | |
ATABAL PORHAN
Satiriki hekaýalar
Günleriň birinde Weeňňam diýen obadan bir çakylykçy geldi. «Başlygymyzyň ogly bir ýyl bäri ýelirgäp ýör. Raýon, oba doktorlarymyz-a «biz oňaramzok» diýip boýun aldylar. Musulmançylyk ýolundanam bagtyňyzy synap görüň diýip aýtdylar. Porhana okatdyraýyň diýdiler. «Sizi demi düşgür porhanmyş diýip eşidip geldik. Başlygymyz aklygyňyzy ýagşyja ýetirmekçi. Häzir münüň maşyna, haýyş edýäs» diýip, çakylykçylaryň biri çep elini döşüne eltip, başyny çalaja egdi. Mesele kyn. Ýaýdandyrýa. Däli däli bolýa-da. Ol bir hepdelik dümew däl, burçly unaş bilen aýrylyp gidiberer ýaly. Bäş günlük diş agyry däl. Ýöne pul diýseň, Atabal aganyň durary ýok. Eýýäm juwazyň sokusy ýaly bolup, maşynda güberilip otyr. Elinde-de tesbisi. Maşyn ugrajak bolanda goja porhan: «Ýekiduni keýda, elbetde, gazanybilseň peýda!» diýip «doga» okady. On dokuz-ýigrimi ýaşlaryndaky oglan däliräpdir. Saç, sakgal, murt biri-biri bilen ýaryş gurap ösüpdir. Çolaşyp-çyrmaşyp, tutuş bir zat emele getiripdir. Geýim-eşiginiň abat ýeri ýok, aşyklyň eti ýaly, sallan-sajak, daraw-daraw. Elinde-de düwün-düwün ujy tommaýly, egri taýak. E-eý, how, daş edewersin! Taýagam dutar edinip: «Gören aşyk ýalap-ýalap doýmaly, Görmedikler görsem diýip köýmeli. Alkymynyň astyna käse goýmaly, Damar dodagyndan baly Bibiniň» - diýen aýdyma zowladyp ýör. Moroženoýe iýeniňki ýaly sesem gyrylyp gidipdir. «Nurberdi Gul bol-a!» — Wah-waheý, bu neressäniň başga derdi ýok, bu yşka düşüpdir — diýip, Atabal aga şol aýdymdan çen tutup, çaklap urdy-da, çen bilen diagnoz goýdy. Emma däliniň diline enesi düşer diýlişi ýaly, hossarlary onuň nämäniň yşkyna düşendigini gowy bilýärdiler. Şonda-da olar «Rastdyr, dürsdürden» başga kelam agyz zat diýenokdylar. — Hany, oglum, bärik gel — diýip, porhan mylaýymlyk bilen ol oglany ýanyna çagyrdy. Emma oglan göterdi ökjäni. Tutup getirdiler. Olam çekine-çekine, porhanyň ýanyna geldi. «Kolhoz başlygyndan aklygy köpräk alar ýaly, bu dälini birki hepde iş edineýin. Patyşalykdan gelip duran nahar, tirýek, göknar, içiňe depýämi?!» diýip goja pikir etdi. — Başlyk, bu oglany men porhan bolup oýnamaly — diýdi. — Nädeniňizde nepiňiz degse, şony ediň, porhan aga — diýip, başlyk hoşallyk bildirdi. Porhan giň otagyň ortasynda oglany oturtdy. Edil küştdepdi oýnalyşy ýaly, adamlary oglanyň daşyndan aýlaberdi. Özi eline dep alyp, taňk-taňk kakdy. Depiň sesine goşup, arap sözlerini, pygamberleriň atlaryny sanady. Adamlaram şol sözleri gaýtaladylar. Soňabaka porhan gyzyp, zikr çekip başlady. Töwerekdäkiler «ähhesini» ýetirdiler. Porhan eline käte gamçy alyp, howada şarpyldadanda, gaplaň oýnadýan sirk artisti ýadyňa düşýärdi. Bir çebşi getirtdi. Taňňyryň içinde lägirdip onuň damagyny çaldy. Bu ýagdaý elhençdi. Damak ganyndan alyp, däliräniň ýüzüne çaldy. Oglan üýtgäp aglap başlady. «Üýtgese haýyr etjegi» diýdiler. — Kepgiri gyzdyryp, gyzyl ot edip getiriň! — diýip, porhan buýduk berdi. Porhan beýleki boş otaga geçip diline, agzyna şem çalyp geldi. Ony hiç kim bilenokdy. Soňra porhan gyzgyn kepgiri taýly gezek şatyrdadyp ýalady. Märeke aňk boldy. Aksowult tüsse çykdy. Birsalymdan gyzgyn piliň üstünden porhan aýakýalaňaç basyp eýläk-beýläk geçdi. Adamlar içini çekdi. Olar şem we parafin hakda pikirem edenokdylar. Ertesi porhan ýaňky oglanyň sakgal-murtyny gyrkdy. Ýene-de bir günden syrdy. Ýuwundyrdy. Täze geýimler geýdirip, allanäme ýigide meňzedip oturyberdi. Okan boldy, çüfledi, elbetde, tirýegiň tüssesi bilen dem saldy. Bir hepdeläp porhan başlygyň tirýegini çekip, göknaryny içip, zerrin bolup, şol däli bilen gümra boldy oturdy. Onuň hossarlary hoş bolup, porhana alkyş okap başladylar. Onuň üstüni puldan, sowgatdan gömdüler. Göz aýdyňa gelenler bu ahwalaty görüp gutladylar. Birgün agşam uly toý boldy. Başlygyň toýy özüňe belli, aýdym-saz, gülki oba ýaň saldy. Darbazlar howada uzyn syrykly ýüp üstünde aşyr atdylar. Goçlar süsüşende şahyndan çykýan uçgundan sigaret otlabermeli boldy. Horazlar ýolmalaşyp, ütmän tüwä atybermeli boldular. Bedeneleriň urşy bilen toý sowulmalydy. Emma dälilikden aýylan oglanyň kellesine bir hyýal geldi-de, porhanyň sakgalyndan bela ýaly bolup ýapyşdy. Ýa elini kesmeli, ýa sakgaly gyrkmaly boldy. «Porhan aga, sakgalyňyz ýene öser-le!» diýdiler. Oglanyň ýene däliremeginiň sebäbini bir adamdan gördüler. Şol toýa raýonyň harby komissary bardy. Porhan syrkawy ýene-de bir hepde iş edindi. Soň porhany aklykdan mas ýüklenen maşyna mündürip, taňryýalkasyny bilen öýüne getirip gitdiler. Maşynyň bagažniginde aýagy güýlüngi bir öweç gözlerini mölerdip ýatyrdy. Ine, şeýlelik bilen, Atabal aganyň dabarasy dag aşdy. «Atabal aga dälini açypdyr!». «Gudrat», «Allatagala oňa iki elläp eçilipdir!» diýen gürrüňler radiodan hem çalt ýaýrady. Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |