17:33 Kejiriň kömür alşy / satiriki hekaýa | |
KEJIRIŇ KÖMÜR ALŞY
Satiriki hekaýalar
Duldegşir täze goňşymyz Ataly bir töwra, kejeňek, täsin adam. Oňa, eger-eger, ýaranjak, gep düşündirjek gümanyň ýok. Bir söz az, iki gep kän, jümle ýarym hem oňa ýananok. Iň bärkisi Atala «Salam» diýseň, onuň ýeňse damary gatap, wiolonçeliň kirşine dönüp, bolmajysy bolup, hakyt burnunyň üsti derläp, yrsarap başlaýar. Ol ýakaňdan ebşirläp tutup, şeýle diýýär: — Näme üçin «salam» diýýäň? — Bagyşlaň, Ataly aga. Ýogsam näme diýmeli? — Şonam bileňokmy, «Essalawmaleýkim» diýmeli. Umuman, bu adam seni gaçyp gitmäge mejbur edýär-dä. Oňa ýaranjak bolup, eger sen, edep bilen «Essalawmaleýkim» diý bakaly, gözüň näme görýär. — Oňarmadyň, munyň bolmady. Salam uludan bolmalydyr — diýip, ol özünden ýaşy kiçi goňşusyny müň-de bir puşmana getirýär. Jaýyňy çalşyp, göçüp gitmäge hyýallandyrýar. — Tüýs ak girse-de, aň girmedik diýip saňa aýdarlar. Meniň senden birki müçe kiçiligim bar ahyry. Men salam berýänçäm, ýüregiň ýarylyp, ölüp barýamydyň — diýip, özünden ýaşy ulynam gaýdyp salam bermez ýaly ýagdaýa salýar. Haýsy tarapyndan barsaň baraý, ýa deper, ýa dişlär, garaz, seni abat goýmaz. — Ataly, saglykmy? — diýen bolaýsa-ha çöregini huruşly iýene dönýär. — Saglyk bolmanynda sen näme doktormyň? Ýeri, men kesel ekenim-dä? Wraçlyk diplomyň barmy? Käte, Ataly, duldegşir goňşymyz bolansoň, öýümize, gümür-ýamyr etmäge geläýýär. Menem oňa hormat bilen: — Gel, Ataly aga, köwşüňi çykar-da töre geç — diýýän weli, başymy bela goýýar. — «Köwşüňi çykar» däl. Onyň logiki taýdan düýbünden ýalňyş. Eger dogry aýdasyň gelse, onda aýaklaryňy köwüşleriň içinden çykar diýmeli. Logiki pikir şonda dogry bolýar diýip, ol tutuş bir sagatlap, dik durup, takal okaýar. Bahar aýlary, ot örgün döwründe Ataly aý berşip oturan toýuň märekesini gepletmeýär. Agzy köpürjikläp başlansoň, garşysyna çykmaga milt ediji bolma, ýeňjek gümanyň ýokdur. Ony birwagtlar dälihana-da alyp gidipdiler. «Ataly dälihanada ýatjak bolsa, biz-ä bu ýerden gitjek. Boýumyza barabar gyzyl berseňizem durarlygymyz bolmaz» diýşip, wraçlar dat-bidat ediberipdirler. Doktorlara-da, näme, parahat, «akyllyja», «Aýjemala» hiňlenip, çemçesini dutar edinip oturan däliler gerek-dä. Ýa bolmasa hyşadan at edinip, «dur-r-r» diýip, howluda ikibaka waz ýasaýan syrkawlar wraçlaryň ýetip bilmeýän zady. Atalynyň ol wraçlary gününe goýjak gümany ýok. — E-eý, sen, ak ýektaýly, döşi gapak ýaly pyýada, bäri gel. Hany bize berilýän naharlar? Hökümet syrkawa diňe taňrynyň suwy bilen unaş berýänmidir? Sekiz ýabyň mugt suwuny sensizem içip bilýäris, han — diýip, Ataly baş wraçyň ýakasyndan ýapyşypdyr. Ýapyşylan ýakanyň eýesi ony kabinetine salyp, oňa etli naharlar berjek bolupdyr. Ataly goha başlapdyr, tutaşyp, güwläp göterilipdir. — Ä-hä, senjagaz, duruber bakaly. Men SSSR saglygy saklaýyş ministri akademik Petrowskä arz ederin — diýip, Ataly kagyzdyr galama ýapyşypdyr. Onuň ýanynda bolsa mydama galamdyr kagyz taýýar. Sebäbi Atalynyň boýnundan asylgy sumkasy bar. Beýle sumkany uruşdan öňki maliýe agentleri götererdiler. Sumka brezentden. — Be, bu Ataly diýilýän syrkaw bir sörseň-ä, sag ýaly, bir seretseňem, dälä çalym edýär. Agzynyň tagamyny bilşinden çen tutsaň-a munda sag adamyň paýhasy bar. Ýeke özüne oňatja naharlar berenimde, ony ret edişi bolsa, zyr dälä meňzeýär. Nepini bilmeýşi, öz peýdasynyň tersine gidişi, kemrysgallygy bolsa barypýatan tentegiň etjek işi. Ýa bolmasa, maslahat beriň, Atalyny zynjyrly dälileriň hatarynda gulplap saklaýsakmykak?! — diýip, ýakasy ýyrtylan baş wraç beýleki işgärlerine sala saldy. — Ony oňatja sanjaýanyňyzda nädýä? Goý, ýatsyn pappataçy degen ýaly bolup — diýip, keselhananyň baş wraçynyň hojalyk işleri boýunça müdiri öz teklibini orta atdy. Oňa oturanlar gülüşdiler. Gepiň gysgasy, Atalyny sag hataryna goşdular. Dälihananyň wraçlary, beýleki işgärleri ýeňillik bilen dem aldylar. Oňa derek biz ah çekmäge başladyk. Atalynyň dälihanadan çykarylmagyna başga-da bir subutly delil bolupdyr. Gürrüňi edilýän subýektiň özüni bejerdýän psihiki keselhanasy «Komsomol» miweçilik sowhozynyň territoriýasynda ýerleşýär. Sowhoz bilen keselhana ýakyn aragatnaşykda işleýär. Medisinada iň oňat derman zähmet terapiýasy hasap edilýär. Şol derman sowhozda näçe diýseň bar. Üzüm ýygmaly, suw tutmaly. Bir gezek sowhozyň direktory psihiki keselhananyň baş wraçyndan bäş sany adam haýyş etdi. — Halnepes Hekimowiç, bäş sany adam gerek. Gökdepe stansiýasyna Baýramalynyň ýag zawodyndan biziň üçin bir wagon şulha gelipdir. Şony düşürmäge adam beräýseň, gowy boljak. Maşynymyz bar. Ýöne adam gerek. — Bolar, Durdy Didarowiç, janyň sag bolsun. Geregiň adam bolsun. — Halnepes Hekimowiç, içinde biri paýhaslyrak bolawersin. Beýlekilere ýolbaşçylyk eder ýaly. — Geregiň paýhas bols, bizde şol köp-dä. Isgender Zülkarneýinem bar. Rüstemzal derkar dälmi?! Kerkli, bedewlidir. Ýöne kerki, bedewi hyşadandyr. Goýnuň aşaky äňinden nagan edinen bandit ibereýinmi?! — diýip, Halnepes Hekimowiç güldi. Direktor bilen baş wraçyň telefonda eden ýaňky gürrüňlerinden soň, biziň baş gahrymanymyz Ataly dört sany syrkawa ýolbaşçy bolup, Gökdepäniň demir ýol stansiýasyna tarap ýük maşynly ugrady. Iş başlandy. Wagondan şulha düşürmäge işe girişdiler. Ine, şu ýerde-de Atalyny aňk eden waka ýüze çykdy. Syrkawyň ikisi şulhany wagondan maşyna tarap eňterýärdi. Galan ikisi bolsa maşyndaky şulhany wagona tarap oklaýardy. Emma şonda-da maşyn dolýardy. Ataly bolsa jan ýandyryp: — E-eý, akmaklar, nädýäňiz?! Maşyndan wagona oklamaňyz näme?! — diýýärdi. Emma Atala gulak asýan ýokdy. Şofýoryň we üýşen märekäniň gülküsi göge galýardy. Köpsanly mähelläniň arasyndan bir ýaşuly adam Atala ýüzlenip: — Han ogul, goý, olara azar berme. Barybir maşyn dolýar-a — diýdi. — Ýaşuly, seniňem şolardan parhyň ýok öýdýän. Azap edip düşürilen ýüki ýene yzyna ýüklemek akylly adamyň etjek işimidir?! — diýip, Ataly ýaňky ýaşulunyň alkymyna dykylyp bardy. Arada men oňa köçede tötänden pete-pet gabat geläýdim. Uzagrakdan gelýänini görsem-ä: «It ne gara görsün, ne-de üýrsün» diýip, bir tarapa sowulýan-la. Birden gabat geläýdi-dä. Oňa, özüňize mälim, salam-a berip bolanok. Onsoň, näme diýjegimi bilmän: — Ýeri, goňşy — diýäýdim. Ol: — Ýeri, ýagny gumy, topragy sen iý, men çörek iýerin — diýip, tutdy dawany. — Ýeri iý diýdigiň, toprak iý, gum ýala diýdigiňdir. Oňa düşünýändirin — diýip, Ataly dym-gyzyl bolup, möwç urup barýar. Menem: — Goňşy, bagyşla, gümäni öt — diýdim. Şeýdip, zordan köşeşdirdim-ow. Soňra ol meni sypdyrmady. — Öýe soňra gideris-le. Dermanhana baraly-la — diýdi. Menem gorkunjyma tirkeşip ýörün. Diýenini etmeseň öýkeleýärem. Öýkeläp, salamlaşman ýüz ýyllap ýüz öwrüp gezýän adamlary dagy depäňe täç edäýmeli. Bu weli, başgaça öýkeleýär. — Arakydan bäri senden öýkeledim — diýip, kyrkaýak bolup gulagyňy gazap başlaýar. Hawa, men pälim azyp, Ataly bilen dermanhana sowuldym. Ilki bilen Atalynyň gözi dermanhananyň işigindäki ýazga düşdi. Işikde «Gapyny ýapyň!» diýen sözler ýazylgydy. Bu ýazga Atalynyň gözi düşüp, ol kejigip başlady. Dermanhana işgärleriniň biriniň alkymyna dykylyp bardy-da: — Näme üçin gapyny ýapmaly? Hany, siz egrije oturyp, maňa şonuň dogruja sebäbini takyk, ynandyryjy deliller bilen subut edip, düşündirip beriň — diýdi. Ýakasy gaýyşly goňşym Atalynyň ýagdaýyna näbelet aýal: — Graždanin, bu ýeri dermanhana. Ýuwaşja gepläň. Onsoňam size herki zady düşündirip durmaga wagtymyz ýok — diýdi-de, öz işi bilen boluberdi. — Ä-hä, tüýs bolaýdy. Maňa-da geregi şoldy-da. Bardyňyz agzy gara daňylgy itiň üstünden. Akylyňyz bolsa ýatan ýylanyň guýrugyny basyň — diýip, goňşym dermanhananyň törüne süsdürilip girdi. Sowet adamsyna şeýle jogap berýän bolsaňyz, işiňiz pyrryk — diýip, hüňürdedi. — Hany müdiriňiz? Dermanhanalar uprawleniýesine jaň ederinem, sizi beýdip goýman. Saglyk bolsa, saglygy saklaýyş ministrligem daşda däl — diýip, Ataly jenjele başlady. Maňa sebäbini düşündiriň — diýip dyzady. — Graždanin, gapyny ýapyň diýilmeginiň sebäbi içerik siňek girýär hemem kondisioner işledilýär — diýip, kassir aýal gürrüňe goşuldy. — Beýle bolsa, onda näme üçin şeýle diýip, doly, düşnükli edip ýazmadyňyz?! Hany, şikaýat depderçäňizi äberiň bäri — diýip, Ataly atylyp, kassanyň ýanyna bardy. — Graždanin, gohuňyzy bes ediň. Milisiýa jaň ederis — diýip, ak ýektaýly bir gelin içerki otagdan çykdy. Şondan soň men-ä içerde uzak durup bilmedim-de, daşaryk çykdym. Näme harasat gopanyndan habarym ýok. Köçede garaşdym. Ýöne weli, dermanhananyň üçegi kä ýokaryk göterilip, käte bolsa ýerine barýardy. Tüpgen mazalyja turan bolarly. Birhaýukdan soň Atalyny ak ýektaýlylar üýşüşip daşary çykardylar. — Goňşy, ýanyndakynyň başyna iş düşende ony, ýagny ýoldaşyny taşlap, aznawury ýaly ak ýektaýly belalaryň arasynda ýalňyz goýup gaçan adama türkmenler, umuman, dünýäniň päk ýürekli sada halky näme diýýändir?! — diýip, Ataly gaharyny menden çykarjak boldy. Menem, onuň tersine, zaňyna görä zaň kakmadym. — Söwer dostuny äpberip gaçýana tüýs namart, züwwetdin diýýändirler we ony it pislän ýaly pisleýändirler — diýdim. Şodur-şodur, aramyzda gep-gürrüň bolmady. Tirkeşip, öýe gaýtdyk. Pyýada ýöräberdik. Awtobusa münmedik. Ýogsam, awtobusa münse, ol ýerdenem bir zat tapaýýar. Onsoň SSSR Awtomobil transporty ministrliginiň işgärlerini biynjalyk etmekdenem gaýtmaýar. Öňräkki ýyllarda Ataly bilen baglanyşykly bir waka bolupdyr. Meniňki ýöne eşitmiş. Gowy edibem gürrüň berýäler. Atalynyň ýok märekesinde hezil edinişip, gyzyl-gyran bolşup gülüşýärler. Ýogsam Atalynyň ýok märekesini bu jelegaýda göz öňüne getirmek kyn. Ol «Nemä üçin meni çagyrmadyňyz» diýýär geläýýär. Hawa, bir gezek toýda bir sögegen adam kimdir başga birine «Haý, eşek ataly» diýäýipdir. Muny eşiden Ataly örboýuna galypdyr. — Eşek Ataly duýip, kime aýdýaň, hany, gaýtala. Hortap, agajet, uzyn boýly, başy jam börükli Ataly agzyny köpürjikledip, gözlerini petredip, titräp durmuş. Görseler, uruş boljak. Ýaňky sögegen adam, zaluwat, ýeser, düşbi ekeni, derrew plastinkany ýütgedipdir. — A-haw, gardaş, men Eşşe Ataliýew diýip, özümiň obadaky süýtdeş inimiň adyny tutup bilmenmi, seniň derdiňden — diýip sypjak bolupdyr. Emma bolmandyr. — Ýok, onuň ýaly pyrryldygyňa aldanýan men däldirin — diýip, Ataly büküdip, öňe dyzapdyr. — Ynanmasaň, Akgala oba Sowetinden sprawka getireýin — diýip, ýaňky sögegen adam çyny bilen aýdypdyr. Sebäbi onuň obada Eşşek Ataly diýen dogany ýaşaýan ekeni. Görgüli, gidip, sprawka getiripdir. Ataly plýus üç ýarymlyk äýnegini dakynyp, okuwçynyň matematika depderiniň bir tagta kagyzyna ýazylan sprawkany sesli okamaga başlapdyr. «Uşbu sprawka berildi Eşşek Ataly ogluna, ondan ötrüki bu ýoldaşyň Akgala oba Sowetiniň garamagynda ýaşaýanlygyna. Oba Sowetiniň başlygy Gara Kürre ogly». — Ý-ý-ýok, munyňyz hasap däl. Men bu sprawkany kabul etmeýän. Sebäbi oba Sowet başlygynyň adyna şübhäm bar. Onuň Gara Kürre bolmagy mümkin däl — diýip, Ataly gazaply görnüşe girýär. — A-haw, gola seret, sprawkanyň nomurlary bar. Berlen aýy, güni, ýyly belli, gerbli, gözüňe söweýin, peçat basylan. Ýa-da sen hökümetiň orak-çekiçli golasyny ykrar edeňokmy?! — diýip, ýaňky sögegen görgüli ýüz müň puşmana gelipdir. — Eger, Akgala oba Sowetiniň başlygynyň Gara Kürreligi çyn bolsa, raýispolkomdan şony tassyklaýan sprawka getir, onsoň ynanaýyn — diýip, Ataly kejeňekligine tutýar. Etjek alajyň ýok. Sprawka getiräýmeli. Ýöne, ýaňky sögegen adam raýispolkomdan sprawka getirip bilmändir. Sebäbi raýispolkomyň başlygy Torum Göläýewiç Gurdow ekeni. Onuň ady bilen sprawka getirip, Atalydan gönençlige garaşma. Hawa, biz iki goňşy bolup, Ataly ikimiz öýe ugradyk. Ýolda Atalynyň aýal doganynyň işiginden geçmelidik. Görsek, Sadap daýzanyň işigine bir maşyn ýüki kömür düşürilipdir. Ýangyç bazasynyň şofýory iki ýarym tonna kömrüň puluny alyp, nakladnoý goýup gidipdir. — Bi, gowy bolaýdy geleniňiz, Ataly, kömri saraýa kim daşaşarka diýip, alada galyp durdum — diýip, Sadap daýza bizi görüp begendi. — Ýok, ony entek saraýa daşamarys. Hakyt gyl-gypyryň agramyny aýyl-saýyl edip duran terezide çekip göreris — diýip, Ataly geýim-eşiklerini ýeňledip, ýeňini çyzgap başlady. — Ýangyç bazasynyň gapançysy, müdiri kezzadyr — diýdi. Men ýaýdanyp: — Goňşy, kömri terezide çekjegiň çynyňmy?! — diýdim. — Mende oýun bolmaz. Ataly aýaly çaga dogrulýan öýden bäbek getirerinde çekip görýändir — diýip, ol gülmän-yşman aýtdy. Ine, saňa gerek bolsa, hezillik şondan soň başlandy. Goňşym bir ýerden terezi tapyp getirip, kömri az-azdan çekmäge durdy. Aýal doganynyň ähli maşgala çlenleri bilen der döküp işlediler. Gara tomzada döndüler. — Kömür dogry çykmasa ýangyç bazasynyň müdiriniň dat gününe — diýip, men alada edip başladym. — Öwf! — diýip, Ataly çep eliniň ýeňi bilen maňlaýynyň gara derini çaldy. — Ahyry çekip gutardy-ow — diýip, netijäni çotlamaga oturdy. — Ýekeje gadak kem çykaýsa, gadagyň näme, birje mysgal ýetmese armanym ýok — diýip, Ataly hasap-hesip edýärdi. — Oh-oh-ho! Tüýs bolaýdy! Ýedi kilo kem! — diýip, Ataly sag tarapky gulagyna galam gysdyryp oturşyna gürledi. — Indi ýangyç bazasynyň ýakasydyr-da, meniň elimdir — diýip, Ataly sag eliniň süýem barmagyny çommaltdy. Şondan soň Ataly «Senden gaýdan enesinden dogmasyn» diýen aýdyma hiňlenip, eňdi telefon-awtomatyň budkasyna tarap. — Men gyssagly jaň etmeli, aýal doganymyň öýünde bir betbagtlyk boldy — diýip, Ataly budkadaky bir kempiri çep eli bilen pyzyp goýberdi. Maňa-da sag taýky gözüni gypdy. — Allo, alo! Ýangyç bazasymy? Men Ataly Durdyýew. Käl köçesiniň 13-nji jaýyna iberen kömrüňizden ýedi kilogram kem çykdy. Hä? Ibäris diýdiňizmi?! Ibermänem bir görüň. Garaşýan. Atalynyň aýal doganynyňka ýene bardyk. Elli kilogram kömür düşürilipdir. — Ä-hä, ine, indi ardurja ele düşäýen bolsaňyz gerek?! — diýip, Ataly arza ýazmaga oturdy. «Türkmentara» trestine garaşly odun bazasy öň-ä ýedi kolo kömri kem berdi. Soňam oňa derek elli kilogram kömür iberip, kyrk üç kilogram kömri artyk berdi» diýip, Ataly ilkinji sözlemine nokat goýdy. Gurbangylyç HYDYROW | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |