23:39 Jejislik / satiriki hekaýa | |
JEJISLIK
Satiriki hekaýalar
Gülşirin daýzanyň ogly Şöhrat alty ýaşyndady. Ýyl çalyşsa ol ýedä gadam basmalydy. Ol heniz geplänokdy. Hossarlary armanlydy. Hesret çekýärdiler. — Wah, balam täze ýyl sen mekdebe okuwa barmaly. Arman, diliň ýok-da. Çärjewde geplemeýän çagalaryň okuwy barmyş diýip eşidýän. Oňa-da seni iberip bilemok-da, ýüregim üzülip barýar. Men hökman dälirärin — diýip, Gülşirin daýza göz monjugy ýaly oglunyň gara galpagyny sypalap oturyşyna ah çekdi. Şöhrat köp doktorlaryň huzuryna eltildi. Gulak, bokurdak, burun birkemsiz, sagat diýdiler. Psiholog, logoped, hatda gipnoz hem neresse çagany barlady. Olaryň ählisi hem hamana dildüwşen ýaly, bir perdeden gopdular. — Daýza, ogluňyzyň geplemezligine hiç hili sebäp ýok. Biz, elbetde medisinanyň nukdaý nazaryndan aýdýarys. Ynam etseňiz, anatomiýa, biologiýa, psihologiýa jähtden tut ýaly sagdyn diýip, sprawka-da bereli — diýdiler. — Gülşirin daýza, heý, ogluňyz Şöhrat janyň gije düýs görüp, samraýan wagtyna gabat gelipmidiňiz?! Gara basýan halatlary bolupmydy?! — diýip, akustika ugrundan professor sorady. — Ýok, eger-eger, gabat gelemok. Ýogsam mydama ýanymda, bile ýatýan — diýip, Gülşirin daýza gözüniň ýaşyny süpürip oturyşyna aýtdy. — Reaksiýasy otliçno. Üşügi birinji klasly. Şeýle ýagdaýda-da geplemeýşine men-ä haýran — diýip, neýrohirurgiýa ugrundan işleýän alym ynamly aýtdy. — Bolýa-da, nätjek-dä, kysmatymyzdakyny göreris-dä. Men-ä doktorlardan müňde bir razy — diýip, Gülşirin daýza gyňajynyň çowuny gözüne eltdi. Dil ugrundaky hereket birbada köşeşdi. Täze ýylyň öň ýanydy. Bir müň dokuz ýüz segsen dokuza birküç gün galypdy. Gülşirin daýza şenbe güni Aşgabadyň Howdan mikroraýonynyň ilersindäki ýarmarka gitdi. Awtolawkalaryň birinde uzyn nobat bardy. Galleý kometasyny, ýagny guýrukly ýyldyzy ýadyňa salýan uzyndan inli nobat howuňy basýardy. Emma kilosy dört manat elli köpükden hoz satylyp durka nobatdan gorkarmyň diýsene. Ip-iri hoz. Elden aljak bolsaň ot bilen ýalyn. Ýedi manada çenli ahyry. Bu ýerde bolsa dört elli. Söwda edaralarynyň ýolbaşçylary uzak ýaşasyn! Täze ýyla sowgat kemi ýok. — Maňa bäş kilogram beriň! — diýip, Gülşirin daýza ak ýektaýly satyja ýüzlendi. Alybam, aýagy ýeňläp öýüne gaýtdy. «Bäş kilo ep-esli düşäýdi-le?! Satyjy terezide ýalňyşdymyka?!». On çaga, bäş agtyk ýerli-ýerden heşelle kakýardy. — Balalam, täze ýylda iýersiňiz. Howlukmaň! — diýip, Gülşirin daýza hozy ýygnady goýaýdy. Garaşylan pursat gelip ýetdi. Hantagtanyň üstüne hozy dökdüler. Kimde daş, kimde çekiç, kimde atagyzy. Ýaraglar-a gurat, hoz hem bar, işdäň bolsa başga näme gerek?! Bagt üçin uly zat gerek däl-ä. Diňe defisit päklik talap edilýär. Çagalar düňk-de-düňk, hoz döwmäge başladylar. Ah, güýçli zehiniň bolup, olaryň şol pursatdaky şatlygyny, guwanyny beýan edip bolsady! Emma şatlyk uzaga çekmedi. Hozuň köpüsi pak bolsa nätjek. Galanlarynyňam içinden ep-esli gurçuklar müňňüldeşip çykyp, jaýyň içine örüp başladylar. Hemmeler aňk bolşup doňuşyp galdylar. Ine-de birden Şöhrat gurçuklara barmajygyny çommaldyp: — Jejisler! — diýdi. Ilkibada bu sözüň kimiň agzyndan çykandygyny birhowa aňşyrmadylar. Äm-säm galdylar. Ýogsam Gülşirin daýzanyň ýüregi hökman ýarylmalydy. — Bu jejislik! — diýip, Şöhrat ýerinden turdy. — Waý-waý! Balam gepledi: Şöhratym-şanym dil açdy! — diýip, Gülşirin daýza ogluny garsa gujaklady. — Hany, guzym, agzyňy aç, saýran dilleriňden ogşaýyn! — Jejisleri oda atyň! — Jejis diýen diliňe döneýin! — diýip, Gülşirin daýza begenjinden ýaňa ýarym-ýaş bolup aglady. — Gyzlar, oturmaň. Hamyr ýugruň. Pişme ediň. Oglanlar, magazine ylgaň. Paýlar ýaly süýji getiriň. Şokolad bolsun. Merdan jan, oglum, oba telefon et, mamaňa aýt, gelsinler. Şöhrat jan gepledi diý. Toýa gelsinler! Soňra Gülşirin daýza ogluny gujagyna alyp: — Balam, eziz körpäm. Şöhrat jan, näme üçin şu güne çenli geplemän ejeňi horladyň?! Barmadyk doktorym, ýykylmadyk öwlüýäm galmady. Tebip, palçy, gözbagçy... Gazagystandaky suwdan içirjek bolup, gidip ikimiziň gören görgimizi it görde gözi agardy. Isgenderdäki Nurmämmet gumalakça pal atdyrtdym. Kurganda Ilizarowy biynjalyk etdik. Olam döwük-ýenjik ugrundan ekeni. Waý-eý, meňki mäne gyz, zeýrenip otyryn. Alla jan seni maňa täzeden gaýdyp berdi! Şeýle diýip, Gülşirin daýza gyňajynyň çowuna elini ýetirdi. Göz ýaşyny süpürdi. — Aýdaý balam, näme üçin geplemediň?! — Eje düşün. Şu güne çenli adamlaryň bir-birlerine beýle jejislik edenini men alty ýaşap görmändim. Şonuň üçinem gepläp nädeýin diýip gezdim-dä. Hemme zat ýerbe-ýer bolsa ýaňrap ýörmek nämä derkar?! Şöhrat akylly, şeýle hem sypaýyçylykly oglan ekeni. Onuň ýerine biz bolan bolsak uly iliň baýramçylyk keýpine sogan dogran söwda işgärleriniň bu biweçligine jejislik diýmezdik-de, baryp ýatan nejislik diýerdik. Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |