15:20 Taýaksyz çopan / hekaýanyñ dowamy | |
TAÝAKSYZ ÇOPAN
Satiriki hekaýalar
— Üçünji mikrofony işlediň — diýip, Merdan aga operatora ýüzlendi. — Meselem, siz, gojalan çopan, taýaga söýenmeli bolýansyňyz-a? — diýip, müsürli çopan Muhammet al Kaýsy sorady. Gojamyz säginmän ilki iňlisçe, soňra-da arap dilinde bada-bat jogap berdi. Zal gürrüldili el çarpyşmalardan ýaňa sarsyp gitdi. Gojanyň jogaby şeýledi. Ol: — Taýaga söýenip mal bakylmaly bolnan ýerde çopançylyk gutarýar — diýdi. «Berekella, goýnuň piri!», «Ýaşa, goýnuň şasy» diýen sözler soňa-baka: «Ta-ýak-syz ço-pan! Ta-ýak-syz ço-pan!» diýen sözlere öwrülip, şol gaýtalandy durdy. Zaly köşeşdirmek iş boldy. Soraglar bolsa zol ýagyp durdy «Taýagyň tüňňi tarapyny ýokaryk edip ýassanaýsaň, şol barmaşa-da ymyzganaýsaň egri taýak ýatgynyna gidip, seni ukudan oýarmaga gerek bolmazmy?» diýip, Nikaraguadan Samosa diýen bir çopan, şol simpoziumda sowal berdi. Emma Merdan aga olaryň hijisine-de ýan bermedi. Içinden: «Egri taýagy Ümür Esenow ýassansyn ýatsyn» diýdi. Subut etdi. «Çopan boljak bolsaňyz, ukyny haram etmeli bolarsyň. Ýigriminji we ýigrimi birinji asyrlaryň sepgidine laýyk çopan boluň, ýogsam jemgyýetçilik malynyň golaýyna barmaň. Şäheriň mikroraýonyna göçüp baragadan öýüňizde tarakan köpeldiň» diýip, Merdan aga olara pert jogap berdi. Zal gülküden ýaňa ýarylaýjaga döndi. Ispaniýaly Torrada Dortikos diýen bir çopan kongresde uklap oturan bolsa nätjek. Oýanyp arasynda öňki berlen sowallardan birini ýene orta atdy. Ol «näme üçin taýagy taşlamaly» diýen sowaly berdi. «Näme üçin men öz bakýan janawarlarym bilen taýaksyz düşünişmeli däl, parahatçylykda ýaýaşmaly däl?!» diýip, Merdan aga ýene öňki jogaby kesgitli gaýtalady. «Ýaşuly, çopana egri taýak hökman gerek. Sürä möjek çozanynda, gelegurtlar daranda näme ony seçmedan bilen gaýtarjakmy?!» diýip, şol ispaniýaly çopan ukudan açylyp ýeser sowal berdi. Ýöne biziň gojamyz asgynlar ýaly däldi. Bu soraglara onuň göhi gelýär. — Öňem aýtdym, ýene-de gaýtalaýan, möjegi atmak bolanok. Olary eldekileşdirmeli. — Nädip eldekileşdirmeli? — diýşip, zaldan sesler eşidildi. — Diňe turistlerden başga zady eldekileşdirmek mümkin. Hatda Pržewalskiniň ýabylaryny hem eldekileşdirip bolýar — diýip, Merdan aga ýylgyrdy. Gülküden ýaňa işjeň klubyň potology bir metr dagy ýokary galana döndi. Zal ýöne durşuna el bolup durdy. Sowallar, sowallar... goja öz ýasan suwlaryndan owurtlap sowallara taýyn durdy. Eýrandan iki sany ýaşuly çopan: biri Öre Göwere, beýlekisi Araz Bähelke, sowal berdiler: «Biz-ä taýaga söýenmän goýun bakyp bilemzok. Bilimiz döwülip gelýär. Sebäbi näme?» — diýdiler. Biziň ýaşuly olara ilki türkmen dilinde jogap berdi. Soňam iňlisçe. — Taýaga söýenip-söýenmezlik sosial-ykdysady derejä eýerýär, mady hal-ýagdaýa bagly, esasanam döwletiň jemgyýetçilik gurluşygyna aýagyny direýär — diýdi. Ýüzärligiň suwundan owurtlap goja sözüni dowam etdirdi. — Kim-de kim kipitalyň höküm sürýän ýerinde goýun baksa taýaga söýenmän oňup bilmez. Buržuaziýa garyp adamynyň elinden owkadyny, bilinden kuwwatyny alar. Meniň taýaksyzlyk teoriýam adam-adamy eksplotirleýän ýurtdaky çopanlara degişli däldir. Maýadarlaryňyzy ýykyň. Soň taýak geregem bolmaz. Goja ýüzärlik suwundan ýene içdi. — Adamlar, bu suw jadyly suw. Garagumda zemzen ýylan bilen söweş salanda ýüzärlige oýkanyp ýeňiş gazanýar. Ýüzärlik diýmek ýüz därilik diýmekdir. Zaldaky garyp çopanlarda rewolýusion duýgy oýandy. Olar ýumruklaryny düwşüp: «Ýok bolsun kapitalizm!» diýşip gygyrdylar. Indi maýadarlaryň dat gününe. Merdan aga Awstraliýadan bir jübüt kenguru getirdi. Olar häzir bir süri boldy. «Bä, ýalmanyňam beýle uly görnüşi bolýan eken-ow» diýşip, gumly çarwalar geň galýarlar. «Munuň etem iýilýärmikä» diýýärler. Merdan aga oglanka horluk baryny görüpdir. Ol Garaja diýen tüçjar baýyň goýnuny bakypdyr. Jüneýit hanyň hökmürowan döwri garyplar üçin gara gün, baýlar üçin röwşen «kommunizm» ekeni. Merdan aganyň ata-babasy hem ýer urup, ýerde galan ýoksul, lýumpen proletariat bolupdyr. Bir gün Garaja baý Merdan aganyň jemi hossarlaryny bir ýere ýygnapdyr. — Hany, ýaşy altmyşdan geçenleriňiz alty ädim öňe saýlanyň — diýipdir. Görgüsi ýaman goja Çilgez aga: «Garaja baý bize pensiýa bellejekdir» öýdüpdir. Emma ýaşajyk Merdan kiçem bolsa baýlarda berim ýokdugyny gowy bilýär ekeni. Marksyň taglymatlary oňa düýşünde aýan bolupdyr. Garaja baý: — Janyňyzy gabyz etjek — diýipdir. Merdanyň hossarlary: — Çagalarymyza aýtjak-diýjek sözümiz bar — diýipdirler. — Meniň heriňizi aýry-aýrylykda öldürmäge wagtym ýok. Bäş dakyka puryja berýän, kelemäňizi öwrüň — diýip, Garaja baý gazaba münüpdir. Merdanyň kakasy Çilgez aga: — Bizi näme üçin öldürjek bolýaňyz, baý aga? — diýip sorapdyr. — Işe ýaraňzok, çörek iýýäňiz. Hossarlaryndan jyda düşen Merdan aga ese-boýa galandan soň, Çohkülpet diýen obada ilkinji bolup meýletin gurlan «Ynkylap» atly kolhoza agza bolup giripdir. Beýleki agzalar kolhoza baryndan ýeke-iki mal goşupdyr. Emma Merdan agada hor, ýagyr eşeginden başga goşara zat ýok ekeni. Onuňam depesinde alahekgeler, gargalar uly dawamyş, oňa derek ol beýleki agzalar gije ýatanda işläberipdir. Birküç ýyl geçýärem weli, «Ynkylap» kolhozy gurplanýar. Merdan aga kollektiw hojalygyň goýnuny bakypdyr. Jüneýit hanyň nökerleri bir gezek ony urup, öldürdim edip taplap, kolhozyň sürüsini Damla diýen guýa alyp gidipdirler. Gyzyllar goşun çekip uruşjak bolanlarynda Merdan aga: — Duruň, uruşmaň, gan döküler — diýip, goşunyň öňüne geçipdir. «Baýlaryň ganyna nebsi agyrýar. Dönük bolaýmasyn bi» diýip, olar Merdan aga şübheli garapdyrlar. Tas Sibire ak aýylaryň ýanyna ugradylan ekeni. Merdan aga pikiriniň düýp özenini beýan edipdir. — Men parahatçylyk ýoly bilen mallary gaýtaryp alaryn. Arasynda syýasy ugram ulanyp görüň ahyry — diýipdir. Sebäbi Merdan aganyň şol ýyllaram syýasatda ýelegi ýeten ekeni. Merdan aganyň akyl paýhasyna, Garagumda goýun kowalap ýören çoça çopanyň ýarasyna çage sepip ýören gumlynyň pelsepesine otrýadyň komandiri Alekseý Terentewiç Sidorow (ol aslynda Wasiliý Mihaýlowiç Iwanow bolmaly. Daşary ýurt kapitaly onuň kellesine 100 müň dollar baýrak goýdy) gaty geň galypdyr. Ýöne, zol-zol «no, no, no!» diýiberipdir. — Men goýny getirin — diýip, Merdan aga ýaragsyz-zatsyz ilçi bolup gidipdir. Guma belet adam özüňe belli, gönüläp derrew Gyzyltakyra barypdyr. — Han aga, kolhoz maly üçin geldim — diýip, Merdan aga sarsman durupdyr. — Atyşjakmyň, ýa tutuşjakmyň — diýip, han «KAMAZ» maşyny ýaly hümläpdir. Emma Merdan gorkmandyr. — Atyşjak. Dik hyrlyňy — diýipdir. Soňra şeýle diýipdir: — «Päli azan tilki hinine bakyp uwlar» diýenleri dogry eken-ow. Heh-heh-heh! Diýmek, onsoň, gan çaýkamaga gelipsiň-ow?! Balçabek, ganyň kategoriýasy näçenji? — Meniň ganymyň kategoriýasy gyzyl, wessalam. Atyşjak, dik hyrlyňy diýdim-ä, başga «şaltaý-baltaý» gep gutardy. — Bä, orsuň dilinem öwrenipsiň-ow. — Iň ökde mergeniň bolsa saýla öňe çyksyn, nyşana atyşjak. Ýeňilsem goýun seňki. Özümem gul edip sat, ur, ýenç, kerçe, öldür ýa-da gyzyllaryň eline ber. Bolşewigiň okundan ölsem armanym ýok, behişte girdigim, Sibire iberseler-ä has bagtly bolýan. Ýeňsem jemgyýetçilik malyny gaýtaryp bergeýli bolsun. Namartlamaly däl. Ýetim-ýesirler agyzlaryny açyşyp garaşýarlar. Men köp sanly, ýaragly otrýad bilenem gelip külüňi çykaryp, onam nasa goşup, nasam özüňe atdyryp bilýädim. Uruş ite ýagşy — diýip, Merdan aga pert-pert gürläpdir. Han ýaryşa ijaza beripdir. Bir ýerde, 200 ädimlikde pyçagy daşa berkidip dikýärler. Tyg tarapy mergenlere tarap edilip dikilýär. Ilki hanyň mergeni Italmaz jöhüt nyşana ok atýar. Ol juda ökde mergen ekeni. Kyn hem bolsa duşmanyňam ökdeligini boýun alyp dogrusyny aýtmak gerek. Pyçak gülläni deň ikä bölýär. Hanyň paňkelle nökerleri heşelle kakyşyp, buýsanyşyp güllaniň böleklerini çägäniň içinden tapyp getirýärler. Indi gezek biziň gahryman çopanymyz Merdan aganyňky. Han tarapy muňa pitjik atyp başlaýar. — Italmazyň gözüni daňsaňam syrty ýamaly balçebekçe atar. — Pyçagyň ýüzüni gaýtaraýma. — Ak saplyny döwäýme. — Han gülüp şeýle diýýär. — Syrty ýamaly balçebek atjagam bolma, ýeňilersiň. Iň gowusy, abraýyň barka, özüň hyrlyň öňünde duraý. — Merdan aga-da atýar. Pyçak gurşuny deň ikä bölýär. Han tarapyň dili tutulyp, doňup galýar. — Deň boldy, ýamaşgandan atyşyň — diýip, han buýruk berýär. Hanlaryň häsiýeti pis bolýar-da. Olaryň mydama sözlegi karam-da, bijlik-dä. — Han aga, şol bölnen gülleleri mysgal terezide çekip görýäs. Gurşun ikä bölüneni bilenem iki tarapy ikimizde-de deň bolmaga haky ýok. Ol asla mümkin däl — diýip, Merdan aga aýak diräpdir. Gylyň agramyny aýyl-saýyl edýän terezi tapýarlar. Ýeňiş Merdan aganyň tarapynda bolýar. Pyçak gurşuny des-deň kesip ikä bölüpdir. Hanyň mergeniniň atan güllesiniň bir tarapy milligram ýeňil ekeni. Biweç han goýunlary bermejek bolup abaý-syýasat edýär. Düşünjesiz feodal han-da. Onuň ýaly hanlardan bäş wagt namazdan başga ähli zada garaşybermeli-dä. Ýöne Merdan aganyň mergenligine hanyň göwni ýetýär. «Meniň adýutantym bolup gal» diýýär. — Ýok, ikimiz synpy duşmandyrys — diýip, Mergen aga pert jogap berýär. — Gara keçe ak bolmaz, köne duşman dost bolmaz. — Merdan balçebek, men gaty göremok. Aýdyber. Men, görýän weli, senden köp zat öwrenip biljek. Syýasat göreşdir. Göreşde ataňam bolsa ýyk diýilýär. — Ýöne pensiýasyna degme-de diýilýär — diýip, Merdan aga suňşurdy. Han telpek goýdy. — Hany, galanyny banketde dowam ederis — diýip, han Merdan aga mürähet etdi. «Men synpy duşmanym bilen duz-emek bolsam kommunistik wyždanym özümi horlamazmy? Gel, han bilen birsellem oturaýyn. Onuň düşünjesini üýtgedeýin». Oljasyny elden giderenine hanyň gahary geldi. Gan basyşy iki ýüzden geçdi. Ýanyndaky ýalýagylary ýaraglaryny şakyrdadyp heşerlenişip başladylar, hana içlerinden sögmek sögýärdiler: «Han baýtallygyny etdi-ow». Şeýle-de bolsa han Merdan aganyň hormatyna banket gurady. Ikarada syýasy dialog boldy. Emma birek-biregiň bähbidi aralmady. — Merdan balçebek, sen aýt hany — diýip, han Merdan aga ýüzlendi. — Siziň şura hökümetiňiz halka näme wada berýär? — Azatlyk — diýip, Merdan aga buýsanmak bilen başyny belent tutup, jogap berdi. — Hä, azatlyk diýsene — diýip, han iňlis wiskasyndan owurtlady. — Halk agyldan çykan, ýüpden boşan mal ýaly dumly-duşa örüp gitse soň başyny birikdirip bolarmy, biragza bakarmy? — diýip, han londondan gelen içi toşaply kemputdan dişledi. — Baş-başa-da jan-hana diýlen ýagdaý emele gelmezmi? Anarhiýa bolar — diýip, han sözüne dyngy berdi. — Düşendirmeli, terbiýelemeli, han aga. Kommunistik ideýal örboýuna aýaga galmaly. — Düýp şygaryňyz näme? — diýip, han ABŞ-dan getirilen limonaddan owurtlady. — Bir adam hemmeler üçin, hemme adam bir adam üçin — diýip, Merdan aga terje çomuçdan gars etdirip bir dişledi. Onuň nebitiň ysy ýaly ysy onganat ak öýe ýaýrap gitdi. — Bir adam hemme adam üçin, hemme adam bir adam üçin işleýän bolsa allatagala üçin zat galanog-a, ol näme iş etmeli? — diýip, han ýeser sorag berdi. — Ol prinsip bizde ýok. Biz materialistik dünýägaraýşa bil baglaýarys. Şonuň bilenem Kommunizme halky alyp barýarys. — Ine, münüp oturan şahaňyzy çapýan ýeriňiz — diýip, han pert gürledi. — Ýokarkysyz halky yzyňyza düşürip bilmersiňiz. Kommunizme sizde diňe uly ýolbaşçylar baryp biler. Han sözüni dowam etdirdi: — Onsoňam, bir adam hemmeler üçin diýen prinsipiňize men pitiwa edemok. Bir adam hemmeler üçin diňe hökmürowan bolup biler. Emma hemme adam bir adam üçin diýen jümläňiz maňzyma oturýa, onuň jany bar — diýip, han barmagyny çommaldyp makullady. — Aýry-aýry ýolbaçylar, parahorlar, baýarlar, köpüň maňlaý deri, daban azaby bilen millioner bolar. Soň elinden alybam bolmaz. Elini jübüsine sokdugy senden gutuldygydyr. Tutuş halk gallaç galar. Çemçesi çala batman geçer, kendiregine giren syçanyň burny agarmaz. — Han, biz hemmäni doýurjak, bar adamyny geýindirjek. Ukybyňa laýyk iş, işiňe görä hak berjek. «Işlemedik dişlemez», «ýatan öküze iým ýok» diýen matlaba eýerjekdiris, wessalam. — It doýan güni ogurlyk eder. Adam doýsa dek gezmez. Bize bitin, bulamaga dok bolsa biri-birini görende bir-birinden öňürti salam berjek bolarlar. Her hojalykda bir öküz bolsun, ýerlerini arkalaşyp sürüp eksinler. Ine, agzybirlik şondadyr. Adam adama müşgüli düşmese dost bolmaz. «Ýör, seýil bagyna piwo içmäge gideli» diýip, adam adamyň işiginden gelmez. — Biz halka towukly palaw berjek — diýip, Merdan aga öz gezeginde aýtdy. Han möwç aldy. — Ertesi ol senden börek, manty, lagman, kotlet talap eder — diýip, han jan ýandyryp düşündirdi. — Atlaz geýdirjek — diýip, Merdan aga pert gürledi. — Ertesi ol senden ýapon panbarhatyny talap eder. Onam oňarmarsyň. Onsoň halk köçä çykar. Panbarhaty jygyldykdan alyp berjekmi? Halk iş taşlar. Millet millete ok atar. Milleti meniň saklaýşym bolýandyr, görseň — diýip, han ýalaňaç gylyjyny sypalady, ony maňlaýyna üç gezek togap edip, şonça sapar ogşady. — Han, siz, milleti gylyç bilen gorkuzyp saklaýaňyz. Ol etine-ganyna çykmaz-a. Men goýunlaram taýaksyz baklamgyň tarapdary. Han it ýylgyryşyny etdi. Kandagaryň bidäne sary kişmişinden agzyna bir däne oklap goýberdi. — Emma gylyjymy dalawladyp, başymdan aýlap salýan däldirin, görseň. Gamşy gowşak tutsaň eliňi gyýar. Ilki özüňkilerden başla. Gyzyňy urmasaň dyzyňy urarsyň diýlen söz bar. Men ýalaňaç gylyjymy halkyň depesinde saklaýan. Dört barmak ýokary ýanynda. Şondan aşak hem düşüremok, ýokary hem galdyramok. Eger halk mes bolup, göklän kürre ýaly tumşugyny ýokary tutup jyzzyllap böküberse depesini ýalaňaç gylyç çapýar. Özi günäkär. Bökmesin. Hudaý diýip gezibersin — diýip, han pepsi-kola owurtlady. — Garamaýak adamlar bilen işiň bolmasyn. Sen häkim boljak bolsaň bärkije ýolbaşçylary gorkuz. Sähel aýagyny gyşyk basdymy, söbüginden başşak asyp goý, ak bazaryň ortarasynda, dursun guraýança, ýelde hallan atyp — diýip, hanyň agzy gyzdy. Emma Merdan komsomol nerwisi zaýalanan han bilen agzyny deňäp durmady. Ýogsam ony bada ýeňýädi. Onsoňam, han kejikse goýunlary yzyna alaýmagam mümkin. — Han hezretleri, siz sosializmi, kommunizmi bileňzok-da. Olar barada sizde düşünje ýok-da — diýip, Merdan aga doňuzgataňňyryň kökünden taýýarlanan talhandan agzyna bir çümmügi atyp, yzyndan ewkaliti agajynyň ýapragyndan gaýnadylan suwdan owurtlady. Bu söze hanyň gahary geldi. Çeti gyzyp başlady. — Ol nähili mende düşünje ýokmuş? Indi meniň emrikadan, Ewropadan gelen instruktorlarym gel-gel Merdan balçebekçe-de bilenoklarmy? Marksy, Engelsi, Lenini bize-de öwredýärler. Marks diýen adamyň özem, çagalaram gyzyl aç bolup giçipdir. Onuň ýoluny tutup sizem aç galarsyňyz. — Ähli millet el-ele, egin-egne berip işleýäris, bile bir jaýda ýaşaýarys. Eger bolşewik, proletariat aç ölüpdir diýseler, han hezretleri, jynazamyza gelme-de. — Dogry aýdýaň, sizde jynaza näme işlesin. Etaž-etaž beton jaýlarda üsti-üstüne ýaşap, ähli millet bilen dogan, dost bolaýjaksyň, bolmaz. Diliň, diniň, däbiň, milletiň ýiter. Öz çagaň öz enesiniň diline düşünmez. Merdan balçebek, essiň barka etegiňi ýap diýýän men saňa. Beýleki milletler bilen duldegşir goňşy bolup gatnaşaryn, elek-soky alşaryn öýtme. Gatyşyp bilmersiň. Ibereniňe puşman edersiň. Okaraňy yzyna alyp bilmersiň. — Han hezretleri, bu tümüň içinde öňünden bir zat aýtmak çetin. — Merdan balçebek, men bu guma çeti ýygmaga gelemok. Jemgyýetiň kanunlaryny öwrenýän. Pikir etme, han gije projektor bilen keýikdir towşan awlaýandyr öýdüp. Ýok, men musulman halkymy, türkmenimi, özbegimi adam ýaly, millet ýaly ýaşatmagyň pikirini edýän. Merdan aga goýunlary sürüp «Ynkylap» kolhozyna sag-aman dolanyp geldi. Merdan aganyň aýdyp berýän gyzykly gürrüňlerini diňlän adam özüniň kommunistik ruhda terbiýelenini duýman galýar. Sebäbi ol wakalar gahrymançylyklardan dos-doly. Göreşleri aldym-berdimli. Pajygaly wakalaryny diňläniňde gözleriňi tegeläberýäň. Merdan aga şol sapar hana goýun sürdürip alyp gaýdybam bilýädi. «Göreşi günibirin gutaraýmaly däl. Soňam söweşesim gelýär» diýen matlaba uýdy. Biz her gün agşam diýen ýaly Merdan agany diňleýäs. Onuň gürrüň berýän elhenç hadysalary seni ýigriminji ýyllara alyp gidýär. Merdan aga bir wakany gürrüň berdi. Ol ýüzärligiň suwundan taýly gezek owurtlap uzaklara seredip söze başlady. — Öz meslekdeşleri bilen Gyzyltakyr diýen ýerde mesgen tutan Jüneýit hanyň ordasynyň daşyny gabadyk. «Isgender Zülkarneýin, Hezreti Aly, Çingiz han, Teýmirleň dagy kimmiş» diýip, han Gyzyltakyrda gyzyl jynly bolup atyş ugurdan werdiş geçýärdi. Ol meniň mergenligimi görenden soň harby tälime aýratyn üns berdi. Guşuň gözünden urmakçy bolýardy. Gana suwsan han täze durmuşyň garşysyna jeňe başlamak isläp, öz sülsady bilen maslahat edýärdi. Han tarapdaky ýezitler az sanly-da bolsa, ýaş türkmen respublikamyza uly howp döredýärdi. Duşmanyň güýjüne kembaha garamak bolmaýar. Ýöne wagtlaýynçady diýen sözi nygtamakçy bolýaryn — diýip, Merdan aga düýedabanyň ýapragyndan birini agzyna saldy. Merdan aganyň wegeteriandygyny ýene bir gezek ýadyňyza salýaryn. Ol söze başlady. — Han Gyzyltakyrda tutulan on ganat ak öýde bedenäniň perinden edilen ýelek ýassyga ýaplanyp, Çynmaçyn çaýyny süzýärdi. Ojakda ojar ody gümräp ýanyp durdy. Ol neşekeşdi. Ätişgiriň üstünde keýik etinden şapbat ýaly kakmaç jyzyrdap, özüniň hoş ysy bilen hanyň işdäsini oýarýardy. Görsene, hanyň erbetdigini. Garyp-gasar aç ölýär. Ol çörek bilen ganly pyçagyny süpürýär. Ýarysy içilen iňlis wiskisi guýlan bir çüýşe saçagyň bir çetinde durdy. Owadan çäýnek-käseler, bulgurlar, kolbasa, dişlenen şokolad, ine, içeriniň esasy peýzažy — diýip, Merdan aga itüzümli tarelka elini ýetirdi. — On dört ýaşlaryndanky zyba gözel, behiştiň hüýrüne gaýra dur diýip biljek ýaşajyk gyz. Öz işi bilen gümra. Ol Jüneýit hanyň aýagyny owkalap otyr. Gyzyň ady kimdir öýdýäňiz, Bahargül — diýip, Merdan aga aýaly Bahargül ejä seretdi. — Ol agyr günlerimizi ýadyma salmasana, Sähragülüň kakasy — diýip, Bahargül eje gözüne ýaş aýlady. — Hamsykma, söwet adamsy mert bolmaly. Ýaş çykandan gan çyksyn — diýip, goja söze başlady: — Han baharyň gülüni depeläp, guma garmak pygly bilen azgynçylyga ýüz urýardy. Han ýaňky gyzy özüniň on üçinji aýaly edip aljak bolýardy — diýip, Merdan aga uludan demini aldy. Bahargül eje aglady: — Ýagyrnymdan as, tarakan ýöreýän ýaly bolup endamym jümşülleýär, kakasy. Ýatlamasana, ol meýdi guramyş hany — diýdi. Goja sözüni dowam etdirdi. — Näme üçindir han ýaňky Bahargüli özüne aýal edinip alanok? Hanyň toýy yza çekdirilýärdi. Sebäbi gum içinde bulara nika gyýyp biläýjek, demi düşgür molla ýokdy. Şol döwürde biziň gyzyllaryň razwedkasy hana nika gyýjak mollany wagtlaýynça tussag edipdi. Han işan bolsa Zäkli diýen ýerde gabawda saklanýardy. Hana ýararlyk oňly molla şol etraplarda ýokdy diýsek boljak. Bar iki-ýeke gumly, çopan mollasumaklar. Olaryňam «Ak goýnuň kellesi, gara goýnuň kellesi, men hudaýyň bendesi» diýmekden başga bilýän dogasy ýok. Dogry, olar nämäni bilýärler, ýaňky «Ak-gök geýdirme, arpa çörek iýdirme, agyzla gapdyrma, toýnakla depdirme» diýen sanawaçlary. Ony hanyň halamazlygy mümkindi. Eger han güläýse nika gyýanyň bagtynyň çüwdügidi. Gahary gelse weli, dat gününe, «Arpa çörek iýdirme» diýseň, Jüneýit han seni iýýänje selmäňdenem binesip eder. Özüňize mälim bolşy ýaly, feodal hanlar iliň gözüne çöp atmak üçin ýalandan musulman dinine berk uýýan kişi bolýandyrlar. «Men nikasyz Bahargül bilen ýatjak däl. Sebäbi bizden önen zürýat wenezzina bolar» diýip, han çürt-kesik aýtdy. Şeýdip, Jüneýit han özüniň işanyna garaşdy — diýip, Merdan aga gandepe diýen otundan taýýarlan suwundan owurtlady. — Kakasy, şol günler her günüm ýyla dönüp saňa garaşýardym — diýip, Bahargül eje boýbodron diýen derman çöpden bir zatlar taýýarlap otyrka aýtdy. Merdan aga gürrüňini dowam etdirdi. — Hawa, otüki onuň işany han işan gyzyllaryň gabawundady. Haýwanat bagyndaky ak aýy ýaly bolup Zäkli diýen guýuda ikibaka gezim edýärdi. Gyzyllar ony didiwana mündürip gaty berk saklaýardy. Merdan aga sözüne dyngy berdi. Rasiýany eline alyp süriniň haýsy goldadygyny anyklady. Soňra möjekleri rasiýada tutdy. — Äh-hä, möjekler sürä golaýlaşýarlar. Men gidip geleýin — diýdi. Depä çykdy. Depäni torba bilen gum daşap özi ýasapdyr. Merdan aga şol depä çykyp deltoplan bilen howa göterildi. Gürrüňi Bahargül eje dowam etdirdi. — Her egninde bir adam oturybermelidi, ýaş komsomol çleni, özem diýseň mert ýigit, Merdan agaň öz söýgülisi bolan meni elinden aldyraly bäri iýmek-içmekden, ukudan kesilipdir. Merdan aga öz halypasy lýetçik Ostap Romanýugyň elinde aeroplan sürmegi öwrenýärdi. «Goşa ganat çekirtge bilen ýurt basyp alyp biläýseňiz-ä... heh-heh-heh!» diýşip, galyň ýüzi ýagjaryp duran mugthorlar Ostap aga bilen komsomol Merdana piçjiň atýardylar. Emma birinji jahan urşuna-da gatnaşan tejribeli Ostap aga basmaçylara eýgerder ýaly däldi. Ol Merdan ikisi aeroplanda uçup, Garagumuň takyrlaryna gonup, biziň gyzyl esgerlerimize gerekli zatlary bökdençsiz eltip berýärdiler. Käte basmaçylaryň ordasyna «al, sizem «hor» bolmaň» diýip bomba-da oklap geçerdiler. Ostap aga samolýota atylan okuň zaýalan ýerlerini howadaka bejermegi Merdana-da öwredipdi. Ikisem bedenini berkidýärdi. Ýadaw gülle tenlerine degip yzyna gaýdaýrdy. Olaryň endam-jany krokodiliň gerşi ýaly, buýnuza öwrülip şakyrdar durardy. Bahargül eje gürrüňiniň şu ýerine ýetende sözüne dyngy berdi. Ýokaryk seretdi. Bir kölege üstümizden geçen ýaly boldy. Toklutaýyň ganatynyň sesi ýaly şyg-şyg ses eşidildi. Merdan aga deltoplanly gelen ekeni. Ol söz gezegini Bahargül ejeden aldy. — Meniň söýgülime nika gyýjak işan gyzyllaryň eline elinje ýesir düşdi. Eger han Bahargüle öýlenenem bolsa barybir men muny soň alýadym. Geň görer ýaly zat ýok. Bu ýerde söýgi esasy zat. Eger şeýle bolan bolsa ýazyjylar men hakda eser ýazardylar. Ony Daşhowuzyň türmesinde saklaýardylar. Ol sellesini eşek arabasynyň tigri ýaly edip, asyl gonarlyjady. Döwlet syýasy uprawleniýesiniň işgärleri bilen nokgy-nokgy edip, deň sanaşýardy. Ahunyň gün-günden haly teňdi, ýagdaýy erbetdi. Sebäbi ol türmede berilýän naharlary iýenokdy. Açlyk yglan etdi: «Munda doňzuň eti bar» diýýärdi. Ol buhanka çöregem dadanokdy. «Muny bişirenem doňzuň etini elländir, iýendir. Bitäretdir, namaz okaýan däldir, agyz bekleýän däldir» diýýärdi. Ol şeýdip açlyk yglan edipdi. Ahun gün-günden gözden ýitip barýardy. Ahunyň mawy gözleri hiniň aňyrsyndan jyklap oturan syçan ýaly çala görünýärdi. Onuň gözüniň mawydygyny aýratyn nygtaýan — diýip Merdan aga kassawa diýen derman otuň suwundan owurtlady-da, pessaýlyk bilen sözledi. — Be, ahunyň ýagdaýy-ha erbet. Oňa tamdyr çöregini almaga rugsat beräýmesek boljak däl — diýip, ýuka ýürek bir çekist duýdansyz teklibi orta atdy. Şondan soň ahuna gum içindäki obadan biri tegelek tamdyr çöregini getirip berdi. Şol günüň ertesi daňdan çasawoýlar çalyşjak bolanlarynda ahunyň ýatan kamerasynyň haňlap boş ýatanyny gördüler. Trewoga! Haýry ýok. Sebäbi ahun öten agşam çöle tarap ökjäni göteren bolsa nätjek. Kameranyň bilek ýaly demirden ýasalan gözenegini ahun kesipdir-de ýeňsäni el ýaly edäýipdir. Nädip kesgikä?! Keramat bilen demiri suw-sil edip eredäýdimikä?! Güýçli-güýçli dogalary okadymyka?! Görüp otursak, netijede, bu syr keramatda däl-de, demir kesilýän byçgyda bolup çykdy. Ahun byçgyny nireden elledikä?! Ine gizlin syr. Döwlet syýasy uprawleniýesiniň işgärleri bir-birlerine müňkür boldular. Demir kesilýän byçgy nädip ahunyň eline düşdikä? Iňlis ýazyjysy Artur Konon Doýluň meşhur «Şerlok Holmsynyň» baş gahrymanynyň gerek ýeri geldi. Demir kesilýän byçgynyň esli bölegi tamdyr çöreginiň içinde bolsa nätjek. Bu syry men açdym. TPU-yň işgärleriniň säwligi çöregi döwüp görmändirler. Ine indi han hä diýmän Bahargüli nikaly aýaly edip öz gujagyna gysyp bilýär. Meniň işim kynlaşýar. Merdan aga şeýle diýende Bahargül eje titräp söze başlady. «Belli bir uçastokda Rewolýusion hüşgärlik gowşan ekeni. Jüneýit han öz ahuny Hanişanyň türmeden gaçyp geleniniň hormatyna asmana tüpeň atdyrdy. Begenip iki bolup bilenokdy. Ol indi maňa öýlenip, uly toý tutmakçy bolýardy. Gyzyltakyrda teke, ýomut, arap atlary uly baýraklara dalaş etmelidi. Baldyrynyň syh-syh bolup duran gylyna düwme dakyp, men-men diýen pälwanlar häzir çala çirkizip, ganly şara iýşip göreşe taýynlyk görýärdiler. Toý güni gelip ýetdi. Edil toý gyzyşyp, dep, surnaý, dutar, gyjak ýaňlanyp durka, han ordasynyň asmanynda aeroplan peýda boldy. «Han aga, toýuňyza balçebekler gökden pişme seçjek bolýarlar» diýip, biri gygyrdy. Han onuň maňlaýyndan otlap, ýeňsesine toşap dökülen ýaly etdi. Günäsizi atmak hanlara mahsus zat-da. Köpüň arasynda ýeke-iki ses çykdy. Hana ýigrenç, nägilelik artdy. Toýa gelenleriň arasynda rewolýusion meýiller döräp ugrady. Sebäbi men näçe hepde bäri gizlin nesihat ýöredýärdim. Agitasiýa uly zat. Hawa, gökde aeroplan peýda boldy. Zöwwe galdym. Han elindäki mauzeri bilen hoz döwüp otyrdy. Ony-ha bada kakyp aldym. Han aňk-taňk boldy. Üstümdäki agyr şaý-sepli zatlary aýlap-aýlap ýere çaldym. «Bu ýaş lýotçik, ýüregi hyjuwdan, duşmana bolan gahar-gazapdan doly komsomol çleni, meniň söýgülim Merdan Çilgez ogly bolmaly» diýip, Gyzyltakyry ýaňlandyryp gygyrdym. Han meni ýekeje güllä tabşyryp bilýärdi. Emma ýaragy mendedi. Ol: «Balçebigiň gyrnagy» diýip nagra tartdy. Şindi haýwanat bagyna baramda gaplaň arlasa şol göz öňüme gelýär. Menem şol wagt hany ýeke oka tabşyryp bilýädim. Etmedim. Sebäbi ol hakda ýazyjylar eser ýazmaly ahyry». Gürrüňi indi Merdan aga dowam etdirdi. — Men aeroplanyň şturwalyny berk tutup otyrdym. Toýhana ýerindäkilere galagopluk aralaşdy. Gyzyltakyryň mähellesi aljyraňňylyga düşdi. Turdy bir tüpgen, turdy bir dowul, şeýle bir gopgun aralaşdy, heý, diýip aýdar ýaly däldi. Ýerdäki nökerler meni atanokdylar. Bahargülüň agitasiýasy ýerine düşüpdir. Men kelläm gyzyp bomba oklamak isledim. Emma Bahargülümi ýadyma saldym-da, ryçagdan aýagymy çekdim. Jüneýit han köpi gören zaňňar-da, okdurylyp al sakar atynyň eýerine şap, galyp bolaýdy. Ýokardan görüp otyryn. Ol iňlis berdankasyny ýalaňaçlady. Şol wagt Bahargül hana: «me» diýip mauzer uzatdy. Jüneýit han ony garbap aldy. «Beh, bu niçik ahwalat? Meniň söýgülim meniň duşmanymyň eline ýarag berýär» diýip, tas ryçagy basypdym. Birdenem çekistleriň tabşyrygy boýunça Bahargülüň han huzuryna barandygy ýadyma düşdi-de bomba oklamakdan saklanaýdym. Bu syry heniz açmandym. — Wah, kakasy, sen şol gün barmadyk bolsaň söýgüliň nikasy gyýylýardy. Barybir şol gije hana demidrol içirip ukladyp gaçyp gaýdýadym. Näçe nökeri, aty, ýaragy bar bolsa ilik-düwme öwrenipdim. Azyk-owkadynam hasaba alypdym — diýip, Bahargül eje aýtdy. Merdan aga agzyna göýül atyp, söze başlady. — Han aeroplanyň petekesinden otlamakçy boldy. Ol çenedi. Mauzeriniň diduwanyndan aeroplany görüp, mäşäni gysdy. Bahargül pagtabent oklan bolsa nätjek. Başga bir näkes ok atdy. Aeroplanyň patyrdysy towy gutaran patefonyň sesi ýaly peselip başlaberdi. Uzaga gitmänem ojarly alaňa baryp süsdürildi. Mende paraşýutam ýokdy. Aeroplany Däli göjele diýen bir nöker atan ekeni. Meniň iki aýagym döwüldi. Basmaçylar aeroplany otlap, menem atjak boldular. Şol wagt Eşi peşäp: — Atmaň ony, men bu näkesiň damagyny çalyp, gamamyň ganyny ýalaýyn — diýip, öňe dyzady. — Ýok, damagyny çalmarsyň. Men ony ojardan başşak asyp, guraýança saklajak — diýip, Emir eýmenç gygyrdy. — Degmäň — diýip, han gamçysyny bulady. — Gerek boljak. Meni Garagumdaky iň ökde seýikçi tebibe tabşyrdylar. Olam meniň derdime derman etmejek boldy. Sebäbi tebibiň ýeke ogly ýalňyşlyk bilen duşmanyň tarapyna geçipdi. Söweşleriň birinde meniň güllämden hem ölüpdi. Ýöne hanyň hökümi bilen tebip meniň aýaklaryma sözen daňyp, dürli derman otlardan gaýnadyp, ýapgy ýapyp dertlä melhem etmäge mejbur bolupdy. Aeroplany elden gideren biziň gyzyllar Gyzyltakyra gaty golaý gelipdiler. Eger sähel maý berseň, han özüne nika gyýdyryp, Bahargüle öýlenjekdi. Şonuň üçinem toýa, nika, ýatmaga puryja bermeli däldi. Gülle sowrubermelidi. Netijede han we onuň ordasy gabawa düşdi. Otly halka boýnundan ildi. Duşman galagoplyga düşdi. — Getiriň bäri, ýaňky Merdan komsomol, balçebigi — diýip, han azmly buýruk berdi. — Häzir getireris. Han aga, şol uçar sürýän ala tana mündürip, aýaklarynam tananyň garnynyň aşagyndan çatyp, takyrda gaçyryp tüpeňläli — diýişip, hanyň ogullary bäşatarlaryny ellerine alşyp taýýar bolşup durdylar. — Bolmaz, balalarym, hile hem bir batyrlykdyr ýerinde — diýip, Jüneýit han ýeserlik bilen gürledi. Onýança meni idenekledip getirdiler. — Merdan, sen indi ölümden gutuldyň. Bizi öz uçaryň bilen daşarda ýurda aşyr — diýip, han pessaý sesi bilen, emma azmly äheňde aýatdy. — Han aga, samalýot zaýa. Ony düýpli remont etmeli, ýagny biziňçe aýtsak, «kapremont» diýilýär. Ganatlary Keminäniň içmegi ýaly bolupdyr. «Tekuşiý» remontyň bilen uçmaz. Benzin bakyndan dwigatele ýag barýan şlangasyna Däli göjeläň oky degipdir — diýip, men lapykeç halda uludan demimi alan kişi boldum. Han gazaba mündi. Gazaba münse hökman birini alaýmaly-da. Gaharyna Däli göjeläniň içini ajy tüsseden doldurdy. Tüsse sowuldam weli, böwri çörek batyraýmaly bolup hoňkaryp durdy. — Bir toklyny soýaga-da, şonuň etini göbekli işlekli edip iýeris. Içegesinden şlangalyk kesip alarys-da, alla ýol berse, uçarys — diýip, Hanişan asyl müşgil işi ap-aňsat edäýdi. — Onsoň, awiabenzini, ýagny ýangyç ýagyny nireden aljak?! — diýip, men ýeserlik bilen işana soragly nazar aýladym. — Päheý-de welinim, biziň goşumyzda ýagyň gürrüňi bolmaz. Künjiniň ýagy, ak ýag näçe diýseň bardyr — diýip, galtamanlaryň ýüzbaşysy ganojak Şaltaý batyr naganyň nili bilen pişgeläp duran pezzik murtyny çalaja gozgap goýberdi. — Ýanyma altmyş atly nöker beriň, han aga, men birki meşik nepýag getireýin — diýip, telpegini çümre geýen Şammy kel ýerinden birki ädim öňe süýşdi. Duşmanlar her edip, hesip edip awiobenzini bir ýerden ele saldylar. Kiçijik samolýotyň ýüki ýetdi. Jüneýit han, Bahargül, Hanişan dagy mündi. Sap gyzyl baýlykdan samolýot ýegşerip başlady. Onuň ganatyny sallap barşy yssylan towuga meňzeýärdi. Ganatyna ok degen guşy ýadyňa salýardy. Ala patyrdy, uly zenzele turzup, Galleýiň guýrukly ýyldyzy ýaly, yzynda uzyn tozan galdyryp howa göterildi. Gyzyl puldan, lagly jowahyrdan mas ýüklenen aeroplanyň ugry daşary ýurda tarapdy. Hoş gal, güneşli Garagum, mähriban ülke! Içimi gepledýärin. «Komsomol Merdanyň öz matlabyndan döndügimikä?! Ýok, beýle bolmaz». «Stažýor öwrenje lýotçik, komsomol çleni Merdan bizden bidin aeroplany münüp gidipdir, belki, sen ony gaçyransyň» diýip, GPU-yň işgärleri Ostap agany hem tussag edipdirler. Emma men samolýoty Ostap aga görmänka alyp gaýdypdym. Söýgi bilen rewolýusion hyjuw meni jenaýata mejbur etdi. Biz howada. Aşakda ummasyz Garagum guba düýäniň gerşi ýaly bolup görünýärdi. — Bu nä ahwalat, toba estagpyrylla. Han hezretleri, Hywanyň minaralary görünýä-le?! — diýip, Hanişan aeroplanyň kabinasyndan kellesini çykaryp oturan ýerinde uly howsala bilen Jüneýit hana habar berdi. — Hanha, kelte minara, o-da Yslam Hojanyň minarasy, ana-ana, Horjun medrese, Şirgazyhan, mese-mälim — diýip, işan jan ýandyryp aýtdy. — Dogrudanam, ahun işan, siz mamla. Pälwan aga, Içan gala, Nurulla baýyň howlusy... — diýip, han ýaraga ýapyşdy. Ol meni atmakçy boldy. «Howada lýotçigi atmak özüňi atmak» diýip Jüneýit han pikir etdi. Hanişan onuň pikirini ýüzünden, hereketinden aňdy. — Han hezretleri, patyladyp it atan ýaly atyň, aeroplany özüm sürüp bilýän, men Londonda... — diýip, ahun işan ýerinden gobsundy. Şol wagt men aeroplanyň fýuzelýažyny çalt herekete getirdim. Birden garsa tormoz berdim. Awiasiýanyň dili bilen aýtsak, güýçli çaýkadym. «Kaçka». Han, ahun işan, Bahargül üçüsi «ýa suw, ýa saman» diýşip kelemenleşip aşak gaýtdylar. Men çaltlyk bilen Bahargülüň saçyndan ýapyşyp sakladym — diýip, Merdan aga Bahargül ejä seretdi. Soňra domalandan bir dişläp, sözüni dowam etdi. — Bahargülüň gyzka örän uzyn dört örüm şamar-gara saçy bardy. — Merdan aga, soňky ykballar nähili boldy? — diýip men ýaşula howpurgap sowal berdim. — Ahunyň guba sellesiniň içinde çaklaňja, gaty nepis dokalan, ýüzükden geçip biljek iňlis paraşýuty bar eken. Ahun öz paraşýityny ýazyp, Jüneýit hanam alyp, sag-aman guma düşdüler. Asyl, ýaňky ahun diýlen näkes iňlis içalysy bolsa nätjek. Onuň Ser Offendrof Nýur Gallifeý Zingref Kezdýus ýaly aç eşege ýük ady bar oguşýa. Ol Abu Bükri Hemaýun diýen arap ady bilen gizlenip, Gyzyl Ymamda on bäş ýyl müjewür bolup oturypdyr. Kykr ýedi ýaşynda özüni sünnet etdirip, kelamyllany elli alty ýaşynda hatym eden ekeni. Hatda onuň gizlenip Sarygamyş kölüniň kenarynda jojuk atyp, etinden çişlik iýenligi soň mälim boldy. Saz çalnanda aýagyny mergi degen itiň injigi ýaly saňňyldadyp oturýandygyny aýtdylar. Bu gürrüňlerden soň men žurnalistiň endigine eýerip, Merdan aga birnäçe sowal berdim. Ökündim. Ol ör-gökden geldi: Dermanly çüýşä ýapyşmaly boldy. — Merdan aga, şol pille han Jüneýit dagy bilen daşary ýurda baran bolsaň, olam toý tutup seni Bahargül ejä öýeren bolsa handan minnetdar bolardyň? — diýdim. — Bu nähili gödek sowal. Heý men synpy duşmanymdan aman dilärinmi. Oňa boýun egerinmi. Tabyn bolarynmy. Watansyz Bahargüli men göz öňüne getirip bilmen-ä. Goja usurgap esli salym ýatdy. Birküç sagat oňa çolalyk berdik. Özüne geldi, özüni dürsedi. Ýene bir sowal berdim. — Merdan aga, eger şol gezek han nika gyýdyryp, Bahargül ejä öýlenen bolsa, soňam siziň ikiňize bile gaçmaga mümkinçilik dörese, oba gelip ýetseňiz. Şonda-da Bahargül ejä öýlenermidiň? — Päheý, oglum Bezirgen, sen-ä türkmen sowet edebiýatyndan gömük ekeniň-ow. Ýazyjylarymyzyň eserlerini okamansyň-ow. Gaýtam senem öň birine baryp aýrylan maşgala öýlen. Ýöne söýgi hökman bolsun — diýip, Merdan aga çakjagunduzyň maňzyny çeýnäp oturşyna aýtdy. Merdan aga maňa çopançylygyň inçe tärlerini, gizlin syrlaryny arman-irmän irginsiz öwretdi. Asyl men goýun bakmagy bilmeýän bolsam nätjek. Men olary otsuz ýerde bakýan ekenim. Goja maňa çopançylygyň gizlin syrlaryny ýuwaş-ýuwaşdan ele almagyma kömek etdi. Goýun bakmak barada Merdan aga telim kitap ýazan ekeni. Ol menden berk ekzamen aldy. Alty aýlap praktika geçdi. Çopançylygyň teoriýasyny öwretdi. Bir gün çopan goşumyza bir gyz geläýdi. Görk-görmegi enaýy çarwa gyzy. Sadaja, düşümli geýnen maşgala. Özem sygryny idip geldi. Geň galdyk. «Bu nä sygryny alyp geläýdikä, bizde öküzem-ä ýok» diýip içimizi gepletdik. Men-ä emeli usulda tohumlandyrmagy hiç kimden öwrenmeli däl. Bu iş Merdan aganyň çep elinden gelýär. Ýaňky gyz dillendi: — Agam, maňa sygyr sagmany öwret — diýip, Merdan aga ýüzlendi. — Daýza, men çarwa gyzy bolsam-da goýun, düýe, sygyr, geçi sagmagy bilemok — diýip, ýaňky gyz Bahargül ejä-de ýüzlendi. Gojanyň çişik gyzyndanam haýyş etdi. Ol-a: — Ýitir, ýok et porsy sygryňy — diýdi. Bir zada göz ýetirdik. Ýaňky gyz çarwa maşgalasyndan bolsa-da goýundyr sygyr, düýe sagyp bilmeýän ekeni. Ilki süýdi bedresiz ýere sagyp başlady. Goja diýdi: — Gyzym, sygyr sagaňda bedräni ulan. Sen ýöne ýere sagaýýaň-la. Onsoň ol gyz bedräni düňderip goýup, üstünde özi oturyp ýene süýdi çägäň üstüne sagmaga başlady. Goja oňa irginsiz düşündirdi. — Gyzym, süýdi bedrä sag — diýdi. Gyz ýene bedräni sygryň aşagynda düňderip goýup, süýdi bedräniň yz taýyna sagmaga oturdy. Goja ýene irginsiz düşündirýärdi. — Gyzym, bedräni beýlesine öwrüp süýdi bedräň içine sag — diýdi. Ol gyz süýdi bedrä sagmany öwrendi. Indi ol ýoz mallary sagjak boldy. Bahargül eje oňa düşündirdi. Bir gün daşarda otyrdyk. Mele gulpagy mekgejöweniň gulpagyny ýadyňa salýan, gözleri şampan çakyrynyň çüýşesi ýaly göm-gök, uzyn boýly, jinsili rus gyzy gökden düşäýdi. Beýle diýmegimiň sebäbi ol gyz motosikletiň dwigatelinden herekete gelýän bir orunlyk wertolýot ýasanypdyr. — Salawmaleýkim — diýip, ol gyz türkmençe gepledi. Ählimiz bilen iki elläp görüşdi. Men onuň eliniň aýasynda gara zähmetiň basan möhürini duýdum. Ony haladym. — Gurgunmyň, Nataşa gyzym — diýşip, Merdan aga bilen Bahargül eje ol gyzy gujaklap ogşady. Nataşa meniň bilen görşende onuň ellerini sypdyrasym gelmedi. Intensifikasiýa döwründe wagty tygşytlamak üçin bir bakyşda ony söýdüm. Internasional maşgala bolup ýaşasym geldi. Merdan aga-da internasional maşgala bolup bilmändigine ökünip aňyrsyna ýetip bilenok. Nataşa Merdan agany, tutuş ählimizi toýa çagyrmaga gelipdir. — Kakamyň togsan bäş ýaşynyň toýuny edýäs. Sözüm gury bolmazlygy üçin çagyryş biledinem getirdim. Bu gyz, eşidip otursam, Ostap Romanýugyň gyzy ekeni. Ostap aga ýigriminji ýyllarda lýotçik bolup Türkmenistana gelipdir. Şu ýerde-de galypdyr. Şasenem gala diýen ýerde meteoralogik stansiýada işleýän ekeni. Merdan aga bilen Bahargül eje ýelkenli çöl gaýygyna atlandy. Menem Nataşanyň wertolýotyna mündüm. Ol ýeke adamlyk ekeni. Men Nataşany dyzymyň üstüne mündüräýdim. Nataşa käri boýunça zootehnik ekeni. Moskwada instituty gutarypdyr. — Garagumy gowy görýän. «Ynkylap» kolhozynyň doňuzlaryny kärendesine aldym — diýip, Nataşa ýolda gürrüň berdi. — Durmuşa çykdyňmy? — Ýok. Internasional maşgala gur diýip, kakam ejem maslahat berýär. — Doňuzlary nirede bakýaň? — Sarygamyş kölüniň ortasyndaky adada bakýan. — Biziň «Ynkylap» kolhozymyzda doňuz ýokdy-la. — Dogry. Öň doňuz ýok ekeni. Başlygyňyz Meret aganyň ýanyna baramda, ol: «Gyzym, pul bereýin. Özüň doňuz satyn al-da, köpeldip bakyber» diýdi. Men güldüm. Meret aga pul bereniňde kim doňuz almaýa. «Rezerw gözlemeli» diýdim. — Ýeri, ol nähili rezerw? — diýip, Meret aga geň galdy. — Daşhowuz, Horezm, Çärjew, Mary, Tejen etraplarynyň zeý suwlary Garaguma akdyrylýar. Zeýiň gelen ýerleri sümmetokaý gamyşdyr ýylgyn. Tebigat janlanýar, gaý-da-gaýmalaşyk. Ýabany doňuzlar süri-süri. Ekiniňi gije gelip agzybirje iýip töwürini galdyryp gidýär. Ýeriňem ekäýmelije edip sürüp berip bilýär. Men wertolýotly sürüniň depesinde uçup ýörün. Ýörite saply torum bar. Jojuklary çekip alýan. Eltip ada düşürýän. Emzikli çüýşeden «pitaniýe» berýän, jojuklar birküç aýdan doňuz çykýarlar. Olaram köpelýär. Ine saňa rezerw, azyk programmasy. Men Nataşanyň rezerw tapyşyny, azyk programmasy üçin hereket edişini eşidip saklanyp bilmedim. Ony howada ogşadym. Wertolýota erk edip bilmedik. Tas ýylgyn ýüzümizi çyzypdy. Biz Sarygamyşa-da aýlanyp gaýtdyk. Soň Nataşalara baryp düşdük. Onýança Merdan aga dagy hem geldi. Ostap aga haýdap samogon apparatyna ot ýakyp oturan ekeni. — Bo-ho-ow. Bu gün samogon apparatynyň önüminden içýäs-ow! — Togsan bäşlikmi? — diýip, Merdan aga joşup gürledi. Ostap aga-da degişgen ekeni. — Ýok, togsan bäşlik däl, togsan altylyk — diýip, Ostap aga ählimiz bilen gujaklaşyp görüşdi. Görüp otursak, Ostap aga Sarygamşyň zeý suwuny samogon apparatynda gaýnadýan ekeni. Şeýdip arassa agyzsuwuny edinýän bolsa nätjek. — Ine rezerw — diýip, Ostap aga süýem barmagyny çommaltdy. — Men bu suwdan çopanlara-da paýlap berýän. Özem mugt. Ostap aganyň azyk programmasyna goşýan önjeýli goşandynyň bardygyny eşidip oňa bolan hormatym artdy. — Menem, oglum, wegaterian — diýip, Ostap aga meniň egnime elini goýdy. «Ine, tüýs meniň bilen pikirdeş adam» diýip pikir etdim. — Meniňem maşgalam internasional. Aýalym rus, özüm Ukrain. Bir gelnim ermeni. Bir giýewim çukça. Gyzym Nataşa-da internasional maşgala arzuw edýän — diýip, Ostap aga bizi toý saçagynyň başyna çagyrdy. Dürli otlardan iýdik, dürli suwlardan içdik. Soňra men Nataşa bilen wertolýota münüp doňuzlara serenjam bermäge gitdim. Bir gün Aşgabada gitdik. Dört bolup: men, goja, Bahargül eje hem çişik gyzlary Sähragül. Howa yssydy. Şäheriň bulançak howasynyň ysyny gumlular kyrk kilometrden duýdy. Bize şäher ýaramady, çaşyberdik. Hajathana girjegem bolsaň pul tölemeli ekeni. — Sag boluň, tas ölüpdim. Taňry ýalkasyn. Ýedi arkaňyz ýere degmesin. Dadyma ýetişdiňiz. Süýji keselim bar. Insult boldum. Ýanymda hat ýazybam goýdum. Birden biri ýüpek dermanyny ursa ölýän. — Garry ene, horlanypsyň-la?! — diýip, Bahargül eje oňa dermandyr suw uçirip oturyşyna sorady. — Bir zadyň pikirini etdim-dä, mähribanlarym. Şu ömrümde bir geçilmez günä etdimmikäm öýdýän. Şol pikir meni gynaýa. Hökman günä gazanandyryn diýen pikirim bar. Men ölümden gorkamok. Men günämi ýuwman gitmekden gorkýan. Bäbäkhanada enekedim. Ýer yrandy. Nomursyz iki bäbäjigi göterip daşaryk okduryldym. Ol döwürde ýaşrakdym. Biri ogul, bizi gyzdy ýaňky bäbejikleriň. Şolary çalşaýan ýaly bolup durun-da, mähribanlarym. Gyz tokgajady, bäş ýarym kilody. — Heý belligi-zady ýokmudy?! — diýip, Merdan aga howpugyp ýerinden turanyny duýman galdy. — Bäbejikleri göterip barýarkam betona büdräp ýykyldym. Oglanjygyň aýagynyň etini armatura kesipdi. Çapylan ýeri bolmalydy. Ýerimden tiz galdym-da, bäbejikleri garbap aldym. Daşaryk ylgadym. Oglanjygyň boýy uzyndy. Men oňa Petr Birinji diýerdim. — Howa, garry, gürrüň ber! — diýip, Bahargül eje öňe-öňe süýşdi. Onýança Bahargül eje: — Siz Polina Iwanownamy?! — diýip, onuň boýnundan gujaklap, ony taýly gezek ogşap aglady. Şol wagt Merdan aga dermanly çüýşäni eline aldy. Polina Iwanowna: — Hawa — diýip şumjardy. Bahargül ejä tarap ýaplandy. Merdan aga ikisine-de derman içirdi. Görüp otursak Bahargül eje, meniň ejem bilen bir palatada ýatypdyr. Polina daýza göbegenemiz bolsa nätjek. Edil şol ýere meniň ejemdir kakamy hem alyp geldiler. Goja çopanyň çişik gyzy Sähragül — ejem jan, kakam enem, kakamjan!» diýip meniň şäherdäki ejemiň, kakamyň boýnuna bökdi. Şapba-da-şupba başlandy, boýna böküşme bile öpüşme. «Çişigim, torsugym» diýip, ejesi aglady. Menem ýöne seredip durmadym. — Eje, kaka, men siziňki ekenim — diýip, Merdan aga bilen Bahargül ejäniň boýnuna bökdüm. — Toý tutalyň — diýşip ejem bilen kakam joşup gygyrdy. — Goşa toý bolar! — Nataşa biziň gelnimiz! Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |