10:22 Taýaksyz çopan / hekaýanyñ dowamy | |
TAÝAKSYZ ÇOPAN
Satiriki hekaýalar
— Şol walidolyňdan maňa-da bereweri, kakasy — diýip, reňki ak-tam bolan Bahargül eje çalaja pyşyrdady. Dermanly çüýşe bir salym elden-ele geçdi. Myhman bu zatlara düşünenokdy. Gaýtam ol bular aýnap, pason atýandyr öýdýärdi. — Aýt, otüki guda, çüýşäňdäki nas bolsa menem bir ataýynla? Mary nasymy ýa Ketdegorgan nasymy, dilçimi? — diýip, myhman pyşdylyň boýny ýaly gataňsy barmakly elini uzatdy. Öý eýelerine sowuk der indi. Myhman sözüni dowam etdirdi: — Sakaldaş, men ogluma gelinligi äden ýerimden tapýan. Arada iki adam gelip öz gyzlaryny hödürledi. Özem mugt. Bir-ä lal gyzyny berjek boldy. Durgunlyk döwründe enesi-atasy sesini çykarman dymyp gezipdir. Lallygam nesil yzarlaýan borly. Oglum halamady. Soň biri geldi. Gyzy köp ekeni. Oglumyz «on-a guýa iterin» diýdi. Guýymyz kyrk gulaç. Merdan aga bilen Bahargül ejäniň bir ýerde gahary bar bolsa eňip geldi. Emma myhmanyň öz maýdalyna şol gürläp oturuşydy. — Otüki, menem agtyk küýseýän, ýaşam birçene bardy. Ýüreklerem ýukalýa. Oglanlaň enesem gelne höwes edýän diýýä, agtyk söýsem diýýä. — Wah, hawa-la — diýip, ol daýza-da adamsynyň sözüni tassyklady. — Menem arada ysmaz urdy. Çep tarapym diýen etmejek bolýa. Gepleýşimem lagur-lugurrakdyr. Igde iýip barýakam şänigini külüň üstüne oklap goýberdim. Olam baryp jynyň çagasyna degipdir. Ýaňky çaga jynyň enesi gelip çekgäme bir şarpyk çalanyny bilýän, bar bolany. Munuň ýaly ertekilere Merdan aganyň pitiwa berjek gümany barmy. Geldi gahary abanyp. Birbada gepläp bilmedi. Bahargül eje söze başlady. — Myhman, ýitigiňi başga ýerden gözläweri — diýip, Bahargül eje myhmana pert jogap berdi. — Sakaldaş, satyn alar ýaly mende satlyk mal-a ýok — diýip, Merdan aga myhmanyň ýüzüne geldi. Soňam şeýle diýdi: — Indiki ýekşenbede bazara bar, mal saraýyna aýlan. — Myhman düşünmän: — Sakaldaş, maňa mal gerek däl. Malym özümden artýa. Bakjaga ýarpysyna berjek. Gyzyň üçin geldim — diýdi. — Şol tentegi gözli-başly etjek bolýan. Özem yşga düşüp ýör. Hiňlenýä: «Men-ä seni aljakdym, bir manadym ýetmedi» diýip aýdym aýdýa. Aşygaýdyň pire eltip ýyksam öýdýän. Bagşy bolaýmagam mümkin. Merdan aga şeýle diýdi: — Sakaldaş, çagyryň-da maşynda oturan ýigidi. Gelsin, tanşaly, öýden duz datsyn. — Ol utanýar — diýip, ýaşuly jogap berdi. — Öz-ä öýlenmäge gelýär, üstesine-de utanýar. Beýle feodal düşünjeli giýew maňa asyl-ha gerek däl. Her üh-ä diýende gyzyl gaçyrýanam bolsa meniň üçin bir aşyk. — Öýlenjek bolýanymyz ol däl. Öýerjek bolýanyma maşyn-a däl, eşegi-de ynanyp bolanok. Ol iliň öýüne baryp bilenok. Däli üme bolmaz, welsepit guma bolmaz diýip eşitmänmidiň, sakaldaş. Ony öýeräýenimde-de ses ýeter ýerinde özümiz bolmasak hatarly. Gelnini bogaýmagy ähtimal. Goňşulara tabşyrýan: elinde pyçakdyr palta görseňiz şokolad zat berip höre-köşe edip alyň diýýän. Mal soýulýan ýerden «böje» bar diýip kowuň diýip tabşyrýan. Şol wagt içiňi ýakaýyn diýen ýaly Merdan aganyň çişik gyzy daş işikde peýda boldy. Ol bu gürrüňleri gara öýüň daşyndan diňläp duran ekeni. Ümläp ejesini daşaryk çagyrdy. Ikisi hyşy-wüşi gürrüň etdiler. Bahargül eje süýem barmagyny dodagyna eltip gyzyny käte çümmükleýärdi. — Eje sawçylaryň sözüni alyň — diýip, gyz pyşyrdady. Soňabakan wap-wap edip sesi eşidilip başlady. Edil tüsse çykary aýrylan motosiklet ýalydy. — Eje, amatly awy sypdyrmaň, atyma geldi, sada çarwa. — Wi, gyzym söýgi?! — diýip Bahargül eje geňirgendi. — Soň aglap gelersiň, gyzym. — Kimiň aglap geljegini özüm gowy bilýän, eje. Ol samsygyň sesi çyryşly guýusyndan eşidilmese hasap däl. Sözüni al diýdim, al. Beýle baý mahluk, bagt guşy elden sypsa gider. «Lýuboý» gyz oňa barar. — Gyzym, söýgi — diýip, Bahargül eje sägindi. — Sen «Lýuboý» gyz diýip sowet gyzlaryna şyltak atman geple. Käbir gyz diý. Gynansak-da iki-ýeke gyz diýip gürle. — Söýginiň ady ýitsin. Galyň, mal, mata-marlak gerek maňa. Gurply ýaşasam söýgini äden ýerimden taparyn. Baý çarwanyň sözüni alyň. Açsana saçagyny, iýeli-le getiren zatlaryndan. Bol rysgalyň özi öz aýagy bilen üstümize gelipdir. Wah, siz propogandanyň pidalary, mankurtlar! Wah, şu gazet-žurnallary bir ýere üýşürip otlasadym. Kitaplary kap dagyndan aşyrsadym. Telewyşkany, radiomaçtany ýyksadym, lektory suwa salma ýençsedim. — Ogly samsykmyş, gyz bogýamyş — diýip, Bahargül eje pessaý gürledi. — Wah, maňa geregi şol-da. Kimiň kimi bogjagyny samsygyň gözüne görkezerin. Garamatymy göterse besdir. Dälä ýel ber, her eline bir pil ber. Men peýdakeşlik etjek. Gözüne çöp atyp, niredesiň Tokio, Ýaponiýa diýip, haryt gözlemäge giderin. Riga, Lwow, Deli, Kalkutta, Magadan gitjek. Ol ýurtlary ýyldyrym urana dönderjek. Harydymy pullap ýaňadan gitjek. Magadan gitjek, ýaňadan gitjek. — Tüweleme, gyzym sen-ä şahyram boljak. Sen geografiýanam bilip barýaň. Ýöne sap zähmet çekmeýşiň bizi gynandyrýa-da. — Peýdakeşligiň yşgyna düşseň bagşam bolarsyň, eje. Senem sap zähmet diýip ýürege-bagra düşdüň. Gaýtam maňa zat satyşmaga jygyllyga çyksana. Sen zähmet weterany bolansoň organlar saňa zat diýibem bilmez. Birki gezek günäňi geçer. Bahargül eje duran ýerinden kelemenläp ýere ýazyldy. Gelen sawçylar dowul tapyp howul-hara hoşlaşyp, gum depelerinden aşyp ýitirim boldular. Ýolda: «Guda boljak bolýan ýerimiziň enesi-atasy sag däl öýdýän. Bir töwra adamlar ekeni. Gyzlar-a eti bitin allanäme maşgala ýaly» diýdiler. — Tüweleme, et-ä ýygnabilipdir-ow — diýip, ýaşuly söze başlady. — Şony alyp beren bolsak oglumyz-a begenip guş bolup uçard-ow. Aýaly gürrüňe goşuldy. — «Ynha seniň gelniň» diýsek oglumyz heşelle kakardy. Tyrym-dykyz, tutuş bir zat. Men gojamyzyň çişik gyzynyň adyny edil ýaňy bildim. Sähragül ekeni. Ad-a oňa gelşenok. Hawa-da, sährada-da her hili gül bolup bilýär. Meselem düýedabanyň güli. Bu gyzyň kän ýyllap bagty açylmadyk. Hawa-da, söýgüsiz bagtyň açyljak gümany barmy diýsene. Özüniňem bolşy bir töwra. Edil it aýagyny iýen ýaly. Dyzyna iňňe sanjyp oturjak gyz-a däl. Goltugyna mata-marlyk gysdyryp niredesiň bazar diýip zut berýär. Ol bir gezek jygyldyk bazaryndan gelip: — Eje, kaka, gözüňiz aýdyň, men özüme taý tapyndym — diýdi. Şeýle bir oňat gazançly oglan, gyrp-çyrpa ökde. Hä diýmänem millioner bolýas. — Bähbitlisi bolsun! — diýip, goja gyzynyň gowni üçin gutlan bolaýdy. Ýogsam goja «gyrp-çyrp» sözi hyrlynyň okundan erbet degipdi. — Bagtyň açyk bolsun, gyzym! — diýip, Bahargül eje-de hymmy-symmy eden bolaýdy. Ol ýüzüni kese sowup: «Basymrak şu öýden garaňy saýlasaň razy» diýdi. — Eje, kaka, özem OBHSS-iň inspektory. Ol öz endigi boýunça meni täçe tutmajagam boldy weli, men oňa özümi bilgeşländen tutdurdym. Eline düşen boldum. Meni goýber. Näme diýseň bereýin. Ähli şertiňe kaýyl diýip, aglan boluberdim. Beýleki spekulýant aýallaram şeýdýä-dä. Öňler, gadym organ işgärleri zadyňy alman öňe düş diýýär ekenler. Indikiler medeniýetli, zadyňy özleri göterýärler. Yzyma düş diýýärler. Ýaňky inspektor ýigidiň maşyny bar. Organ işgärleriniň pyýasasy barmy diýsene. Men şonuň maşyny bilen geldim-dä öýe çenli — diýip, Sähragül haýwan kädiniň çigidini çigitläp durşuna buýsanç bilen gürrüň berdi. — Hany, gyzym, onuň özi gelmedimi? — diýip, goja sorady. — Kaka, ol utanýan diýdi. Daşarda, maşynda garaşyp otyr. Gaýyn atadan, gaýyn eneden birki ýyl gaçyp gezeýin. Soň çagyryp serpaý ederler diýdi. Gör onuň ýeserdigini. Sizdenem zat ýonjak bolup dur. — Wi, bagtym gara, ol-a köneçil eken-ow — diýip Bahargül eje geňirgendi. — Heý-de şu Sowet döwründe gaýyndan giýew utanarmy? Tersine, gaýyn utansyn. — Onuň ýaly giýew bize ýaramaz, gyzym, ýitewersin. Materialistik dünýägaraýşy kämil bolmadyk adamy işikden getirmäweri, gyzym. Ýer tükenýänçä gaçyber oň ýalydan — diýip, Merdan aga kesgitli aýtdy. — Gyzym, onuň ýaly feodal terbiýe alan tipler bilen biziň şa ýolumyz aýrydyr. Mäşimiz asla bişişmez. Jogabyny nagtja berip iber, gitsin — diýip Bahargül eje pert aýtdy. — Ejeň aýdyşy ýaly bize ideýadaş, marksist gerek — diýip, goja gazaply gürledi. Soňra: — Bize, göni gözümiziň içine seredip gürleşip bilýän giýew lazym — diýdi. Ahlak, wyždan, päklik, ynsap ugrundan ýüki ýeten goç ýigitler kändir. Ýaramazlar gynansak-da iki-ýekedir. Olaram hä diýmän terbiýeläp hatara goşarys. — Özi komsomol bolsun, enesi, atasy kommunist, şeýle hem urşuň we zähmetiň weteranlary bolsunlar — diýip, Bahargül eje gojanyň sözüniň üstüni ýetirdi. — Aňyrsy rewolýusioner bolsa oňa ýetesi zat ýok. Ata-babasy ýarlykly garyp bolsun — diýip goja aýtdy. — Öň ynkylap gurlan döwürde baýyň çopany bolanlaryň neslinden gerek. Ýekeje eşegini kolhoz gurluşygyna gatanç eden bolsun. — Eje, kaka, şertiňiz gaty kyn-la. Beýle ýigdi Aşgabadyň «Krasnyý metallist» zawodyna zakaz berip buýrup ýasadaýmasam bolmaz — diýip, gyz güldi. Wagt bagta garaşanokdy, geçip durdy. Bir gün gyzlary Sähragül bir ýigidi jygyllykdan tutdy geläýdi. Ol-a baryp ýatan «nahal» süwümsiz ekeni. Utanç-putanç onuň ýedi günlük ýele ýanyndanam geçmändir. Gele-gelmäne «mähriban enem» diýip, Bahargül ejäni garsa gujaklap esli salym ogşap keýpden çykdy. Merdan aga bilen elini çarpyldadyp görüşdi. — Ine meniň söýgülim — diýip, Sähragül buýsanmak bilen ol ýigidi görkezdi. — «Söýgülim» diýen diliňe döneýin, gyzym — diýip Bahargül eje guş bolup uçaýjak boldy. — Ahyry söýgi sözüni dilinden eşitdim. — Ahyry menem söýgi sözüni gyzymdan eşitdim. Indi ölsemem armanym ýok — diýip, goja begendi. Sähragüliň getiren ýigidi dillendi. Ol degişmä salyp: — Merdan aga, Bahargül eje, näçe galyň, näçe halat, aýdyp oturyň! — diýip ýylgyrdy. Bahargül eje degişmä bada düşündi: — Bizde onuň ýaly näleti salgytlar bolmaz, oglum — diýip, Bahagül eje buýsanç bilen aýtdy. Merdan aga bolsa ýigidiň zaňyna görä zaň kakdy: — Salgytmy? Mende teklip bar — diýip, Merdan aga garysyna tiz galdy. Sebäbi ýaňky «nahal» ony ýykypdy. — Kakam jan — diýip, Sähragül begenip uçaýjak boldy. Kakam birgiden salgyt salar öýdüp guwandy. — Kakasy — diýip, Bahargül eje howsala bilen ýaşulynyň ýüzüne seretdi. Ol ýaşuly pyglyny bozup, salgyt salar öýdüp gaýga batdy. — Meniň birnäçe şertim bar. Şolary bitirseň gyz mugtdur — diýip, Merdan aga barmaklaryny büküp sanamaga oturdy. Özem ýylgyrýardy. Hemmeler aňk-taňk bolşup, bir-ä gojaň ýüzüne, birem onuň barmaklaryna seredýärdi. Göreçler iki-baka gatnaýardy. — Marksistik pelsepäniň düýp teýkary diýlen ylymdan maňa ymtyhan berersiň. Bu-ýa birinji — diýip goja bir barmagyny bükdi. «Köpetdagyň» haçan ýokary liga çykjakdygyny kesgitlärsiň. Bu-ýam ikinji şert — diýip, ol ýene bir barmagyny bükdi. Ýapon dilinden ýigrimi söz terjime etmeli bolarsyň. Iň soňky şertim: meniň bilen erkin göreş tutarsyň. Ýykylsaň saňa gyz ýok — diýdi. — Bu entek birinji tapgyrdyr. Oňa tur hem diýilýär. Meniň gyzymyň galyňy üç tapgyrdan ybaratdyr — diýip, Merdan aga orta düşekçe atyp erkin göreşe taýýarlanyp başlady. Kostrýulyň gapagyny tärimden asdy. Ýanynda-da köne, gemrik susak goýdy. Toňk-toňk, kakdy. Ýigit hem göreş formasyna girip, werdiş etmäge başlady. Ikisi tutluşdy. Bahargül eje Merdan aganyň allaçysy boldy. Sähragül ol ýigidiň hereketine jan köýerlik etdi. Gara öýde dik oturan zat galmady. Öýüň daşyndan seretseň ol ýöne çaýkanyp durdy. Merdan aga çynyny edenokdy. Ýigidi ýadadyp ýykjak bolýanam bolmagy mümkindi. — Häýt, oglan, gojanyň sakgalyny goýber — diýip, Bahargül eje gygyrdy. — Kaka, ol ýerden tutma — diýip, gyz howsala düşdi. Bular bir salym içerini ala tozan etdiler. Öýde abat zat goýmadylar. Goja ýeňiji boldy. Ýigit syrtyna sapan degen ýaly bolup gitdi. — Kaka, eje, iller ýaly galyň alyň-da meni ugradyň-da tizräk — diýip, gyzlary Sähragül kän özelendi. Emma garrylar öz matlaplaryna wepaly boldular. Gyz oturyp galyberdi. Söýgüsiz bagt ýokdur. Durmuş bolsa öz akymyna gidip otyr. Wagt geçýär. Bagtyny tapýan adamlar näçe diýseň kän. Toýlar bolup dur. Bir gün gumly obada toý boldy. Ýaşuly, men, Bahargül eje üçümiz üç tekerli ýelkenli gum gaýygyna münüp toýa gitdik. Goja özüniň delto planyny hem gaýyga ýükledi. Sähragül goýunlara göz-gulak bolaýyn diýen bolup galdy. Oňa biri geçginli mata getireýin diýipdir. Ugurdaş ýel bolmady. Ýöne ýaşuly bilen aýaly ýel gaýygyny işletmäge gaty ezber ekeni. Horlanman bardyk. Ýaşuly toýa ýygnananlara sportuň gudratyny görkezdi. Tüpeň atmak boýunça ýaryş guralýardy. Birinji baýragy Merdan aganyň aljagy ikuçsuz-a. Ýaglyga towusmakda-ha onuň öňüne geçjek ýok. Elini uzadyp ýaglygy çözdi alaýdy. Märeke gülüp hezil edindi. Ýaglygy ýene daňdy. Märeke el çarpdy. Soňra ol toý märekesiniň öňüne geçip şeýle diýdi: — Adamlar, tüpüňe seçme salym meniň garnymdan atyň — diýdi. Bu söze hemmeler aňk bolşup doňup galdy. Soňra jarçy gygyrdy: — Gan basyşlyň, gaharjaňyň, göwreliň, däliň, ýarym däliň, depegiň, telbäň, beň çekeniň, garaguş agyrylyň, narkomanyň ýaryş meýdanyna gelmäň, how! Häzir Merdam aga, Merdan Çilgez ogly göz görkezjekdir-le, haw! Ýapynyň aňyrsyna ýygnanyň, haw! Baýragy bugurçydyr haw. Baryberiň, ha-ow! Ýene-de bir sapar duýgak edýändirin-le haw, alkaşlar, sähneler, ýüregi agyrylylar, agyr operasiýa bolanlar, görüpler, içigaralar, býurokratlar, parahorlar barmasynlar haw! — diýip jarçy soňuny degişmä sapdy. Jarçynyň sesi gumly obany söm-saýak aýaga galdyrdy. Gaýtam däli-depek, pyýan, saňsar, beňkeş hemmeden öň barşyp gözlerini çüýjerdişip durlar. Göwreli aýallar öň hatarda otyrlar. Çagalar Köwataň ýarganatlary ýaly gaýda-gaýmalaşyk. Märeke ýapyň aňyrsyna üýşdi. Ýere dary sepseň birem aşak gaçjak däl. Giden meýdan gyzyl-ala, durşuna adam bolup dursa nätjek. Gumda olimpiada, festiwal geçýän ýalydy. Şol ýerde biziň ýaşuly garnyny ýalaňaçlap, diňe plawkaly, etini gataldyp (öňem onuň eti gaty; çybyn, gögeýin çakyp bilmeýär) on iki nomurly nemes goşasynyň niliniň öňünde berk durdy. Aralyk ýigrimi ädim. Ine-de birden: gürp, ses eşidildi. Atylýan-a Merdan aga weli, wah diýýänem märeke. Tüsse sowuldy. Märeke gana bulaşyp içegesine çolaşyp ýatan ýaşulyny görjekdi. Ýok, tersine, Merdan aga ýylgyryp durdy. «Jadygöý biziň gözümizi baglady» diýip köpçülikden ses eşidildi. Şol wagt gumly ýaşululardan biri hamana bilýän kişi bolup: — Göz bagçynyň syryny açmak itiň aňsady. Eşek tezegini deşäge-de şonuň deşiginden seretseň bar zat aýan bolar durar — diýdi. Märeke goly ýaňlandyryp güldi. — Seçmäňi ýerden çöpläber — diýip, oýnuň eminine gojamyz ýylgyryp seretdi. — Jadygöýdir öýtseňiz, gözbagçydyr güman etseňiz ikilenç atyň, durýan. Okyňyza gysganmasaňyz meniň janyma haýpyňyz gelmesin. Şol taýda menem göreşdim. Balagymyň gonjuny dyzymdan geçirip orta çykdym. Baýragyma bir öweç berdiler. Bahargül eje-de bir maň goýun bilen sylaglandy. Ol gaçyp barýan sarç düýäniň guýrugyndan ýapyşyp, artky söbügine basaga-da düýäniň gerşine ýelmeşäýdi. Alahekge ýaly bolup örküjiň ýeňsesinde joňkaryp otyr. Düýe janawar ýöne bar-bar bagyryp dur. «Bu aýal jynmy, almy, arwahmy. Tobeý» diýşip, aýallar aňk boldular. Bahargül eje-de: «Getiriň ýene näçe sarç düýäňiz bolsa» diýdi. Aýallar ýöne içlerini çekäýdiler. Garaz, biz üç bolup şol toýda tomaşa baryny berdig-ow. Merdan aga deltoplanly uçup toý ýeriniň üstünden eýläk-beýläk geçip türkmeniň gadym okkesdirme däbini görkezdi. Bahargül eje bolsa üç tigirli çöl gaýygyny sürüp okkesdirme oýnuny görkezdi. Men syrygyň kömegi bilen dik duran düýäň üstünden bökdüm. Baýrakdan ýükümiz ýetdi, kiçeňräk bir süri emele geläýdi. Dürli oýunlar, tomaşalar görkezdik. Her kim çebişdir tokly tutýardy. Alan baýraklarymyzy Tejendäki çagalar öýüniň hasabyna geçirdik. Şol toýda biri bizi üç müň manada kesanasyna tutmak üçin gepleşjek boldy. Gojamyz etmedi. — Toýumy şunuň ýaly şagalaňly geçirip beriň — diýdi. — Ýok, biz pula kowalaşýan kooperatiwçi däl — diýip, Merdan aga kesgitli aýtdy. Biziň çykyşlarymyz mugtdur. Eger gynanman eçilseňiz haýyr-yhsana pul geçiriň — diýip, Bahargül eje bir teklibi orta atdy. Toý sowlup barýarka bir gumly ýaşuly gelip Merdan aga şeýle diýdi: — Hol gün daň ýaňy tilki guýruk bolanda täret gylmak üçin daşary çykdym. Bir äpet guş bir adamyny pejesine alyp uçup barýar görsem. Goşaň iki gözünem boşatdym. Guşuň aýagyndaky adam: «at, at, ýene-de at» diýip gygyryp barýar. Ýene-de birki sapar güwletdim. Ýok, eger-eger, guş öler ýaly däl. Öz-ä şol döwli ertekilerdäki ýaly Symrug diýen ýaly äpet guşlara meňzeýär. Merdan aga gülüberdi. — Sakaldaş, ol-a mendim. Deltoplanda werdiş edýädim. Seçmäň topuny bozman gelip maňa degip dur. Mergen ekeniň. — Beh, asyl ol sen ekeniň-ow. Tas hudaý saklapdyr, karteç salmandyryn. — Kartejiň maňa kär etmez, sakaldaş... Indi onuň başga bir has esasy ady hakynda söhbet açalyň. Ol at diňe gum içinde däl, eýsem onuň çäklerinden has uzaklarda-da taýaksyz çopan diýip aýdýarlar, hormat goýýarlar. Onuň sebäbini soň bilip galdym. Size-de gürrüň bereýin. Ýaşuly çopan dünýäde ilkinji bolup egri çopan taýagyny taşlady. Oňa gaýyşdan gyn ýasadyp öýde asyp goýdy. Goýun itlerini saklamaklygy ret etdi. «Näme üçin men öz mähriban mallarymy taýak bilen gorkuzyp bakmaly?!» diýip, öz-özüne sowal berdi. Hany erkeklik, demokratiýa? Olar meni ekleýär. Iýdirýär, geýdirýär. Önüm berýär. Zyýan berenok, maňa duşmançylyk edenok. Birnäçe betpygyl, bedasyl adam üçin ýowuz ukaz çykaryp, ony ulanyp bolar. Emma goýun üçin taýak nämä gerek? Şeýle pikirler, sowallar gojany öz gününe goýmady. Bir gezek Awstraliýada bütin dünýäniň çopanlarynyň kongresi geçirildi. Ol 1983-nji ýylda bolupdy. Biziň goja-da şoňa SSSR-den delegat hökmünde gatnaşypdyr. Merdan aga ol ýurt bilen ykjam tanyşdy. General gubernatory bilen kenguru gujaklap surata düşdi. Soňra kenguruwyň haltasyna Aşgabadyň «Udarnik» konditer kombinatynyň şokoladyndan gysym-penje oklady. Olam mäkäm ýelmeşipdir. Kenguru çyr-çyr gygyrýardy. Ýaşuly Awstraliýanyň, Sidneý, Melburn, Konbara şäherlerinde boldy. — Bizde 134 million goýun bar — diýip, general gubernator aýtdy. — Inçe ýüňli ak goýun, merinos tohumyndan. Ýylda 706 müň tonna ýüň öndürýäs. Ähli kapitalistik ýurtlar bu ugurda bize dalaş edip bilenok. — Sizem sosialistik ýurtlara agyz deňäp bilmersiňiz. Deňleşjek bolsaňyz aýagyňyz tipirdäbir — diýip, gojamyz general gubernatoryň ýagyrnysyny ýere çüýledi. Ýurduň paýtagty Konbaranyň işjeň klubynda biziň goja çopanymyz goýny taýaksyz bakmak hakyndaky öz jarnamasyny yglan etdi. Özem sap iňlis dilinde gürledi. Ol iňlis, nemes, fransuz dillerine suwara. Arap, pars diller-ä öz ene dili ýaly. Merdan aga: — Çopana taýak gerek däl — diýip, kongresde meseläni berk goýdy. Kongrese gatnaşýanlar geň-taň galdylar. Gyzyklanyp ýerli-ýerden sebäbini soradylar. Goja: — Sebäbi şol. Gerek däl diýdim, gerek däl, wessalam, gep tamam — diýip, oturanlary gyzyklandyrdy. Goja şoňa ökde-dä. — Näme üçin çopana taýak gerek däl? — diýip, amerikaly baýry çopan Klifford Saýmak ýerinden zöwwe galdy. Merdan aga jogap bermäge howlukmady. Sebäbi ol arkaýyn-da. Goja suw owurtlap Saýmaga seretdi. — Sakaldaş, jenap Saýmak, sen asyl iliňiziň belli fantastik ýazyjysy Kliffort Saýmak bilen atdaş ekeniň-ow — diýdi. Ýaňky Saýmak çopanyň gözleri tegeleniberdi. «Be, SSSR-de çopanam biziň ýazyjymyzyň kitabyny okapdyr-ow, men-ä onuň adynam birinji gezek eşidýän». Merdan aganyň jogaby nagt-da: — Hormatly jenap Klifford Saýmak, eger seni prezidentiňiz Jorj Buş eline taýak alyp gorkuzyp işletse, saňa ýararmydy? Etiňe çykarmyň? Goýun hem edil özüň ýaly azat bolmaly. Demokratiýa, düşünýäňmi, demokratiýa! Janawary gorkuzyp bakmak gadagan. Sen indi orta asyr çopany däl. Häzirki kibernetikaň, uçýan tarelkaň eýýamy. Şeýle diýende Konbaranyň işjeň kluby göçäýjek boldy. Gürrüldili awasiýa möwç urdy. — Gorkuzsaň iýeni janyna noş bolmaz. Beren otuň, iýmiň, suwuň biderek bolar. Asla etine çykmanjyk geçer. Bir-ä janyny alarsyň, soňam hamyny. Sen hakyky maldar boljak bolsaň, mal bilen taýaksyz, ýaragsyz düşüniş. Ol janawar üçin taýak elhenç ýaragdyr — diýip, Merdan aga Klifford Saýmagy gepletmedi. Saýmak biçäre torbadan iým iýýän ýaby ýaly ýöne başyny atyp oturmaly bolaýdy. Ara böwşeňlik düşdi. Goja öz ýasan suwundan ýene owurtlady. Zaldan biri elini galdyryp ýerinden turdy. Hemmäniň nazary günbatar Ýewropa biçüwinde geýnen, ýap-ýasy, kelte boýly pyýada gönükdi. Ol: — Jenap Murdal — diýip, söze başlamakçy boldy. Merdan aga onuň sözüni böldi. — Men Murdal däl, Merdan — diýdi. Zalda ýeňiljek gülki peýda boldy. — Merdan jenap, goýny taýaksyz baksaň möjege näme jogap berjek? Ýumrugyň bilen gaýtawul berjekmi? — diýip, fransiýaly çopan Juzeppo de Santis sowal berdi. — Gadyrdan msýe Juzeppo de Santis (Merdan aga oňa fransuzça jogap berdi. Sebäbi sowal fransuzça berlipdi) möjegi haram öleniň läşi bilen eklemek gerek. Hor düşüp, keselläp ölen goýunlary et kombinatyna tabşyrmaly däl — diýip, biziň goja düşündirdi. Soňra sowalyň bewedi ýazdy. Zaldaky mikrofonlaryň öňünde nobat emele geldi. Dowamy bar > > | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |