12:48 Geljekki «garakçylar» | |
GELJEKKI «GARAKÇYLAR»
Satiriki hekaýalar
Gije sagat ikiden işläninde men paýtagtymyzyň Ýomakçylar köşgünden çykyp ugradym. Keýpim diýseň kökdi. Sepeläp duran akja gar elektrik çyralarynyň daşynda perwana ýaly pyrlanýardy. Bu gar köpsanly şäherlileriň hatlary esasynda zakaz bilen ýörite ýagdyrylýardy. Çünki Täze ýyl gijesini garsyz geçirmek birhili gelşiksiz ýaly duýulýardy. ― Öz buýran garyňyzy ýagdyrmaga başladyk. Köçä çykyň, şatlanyň, gar zyňyşyp oýnaň. Gar ýagdyrmak üçin çekilen harç biderek gitmesin ― diýip, direktorlar radioda, telewizorda öwran-öwran aýtdylar. Howa şeýle bir mylaýymdy. Bu-da zakaz esasyndady. Ähli çaň-tozany, gerdi, tüssäni güýçli generatorly tozan sorujylar sokga sorupdyrlar. Bu ajaýyp görnüşe bolan guwanjymy içime sygdyryp bilmän joşmaga baladym. «Bitumdan garadyr gözleriň seniň» diýen romansa hiňlendim. «Kapron kirpikleriň bagrym paralar» diýen setirlere ýetenimde bolsa üç sany nätanyş pyýada ýerli-ýerden daşymy gabady alaýdy. Bular üç, men bolsa ýeke. Iki adam bir adamyň taňrysy diýlendäkidenem meniň ýagdaýym erbetdi. Ynanaýyň, gaty gorkdum. Aňrujy gaýratyň bolsa gorkmaly pursat, haw. Ýöne men çaşyp ýykylmadym. Men olary tanamaga çalyşdym. Emma olar meniň bu pikirimi derrew aňdylar. Ýüzlerine nykap çekdiler. Olardan biri: ― Eliňizi galdyryň! ― diýip, ýuwaşlyk bilen, emma azmly aýtdy. Men: ― Pulum ýok, ynanaýyň, ýekeje köpügem ýok. Isleseňiz, geýimlerimi alaýyň ― diýip, ýüzümi kese sowdum. ― Bize-de geregi şo-da, geýimleriňi sypyryp bilsek, armanymyz ýok. Pulsuz jemgyýetde seň puluň kime gerek diýsene, biz numizmatikler däl ― diýip, beýleki biri uludan demini aldy. Umuman, bu üç pyýada meni sogan soýan ýaly sypyrdy. Gorkymdan özümi ýitirip, nämäň nämedigini bilmändirin. Aýaklarymyň ysgyny gaçyp, köçe bagynyň oturgyjynda oturypdyryn. Esli salymdan özüme geldim. Görsem, ýagdaý düýbünden başgaça. Elimdäki sagadymam, egnimdäki geýimlerimem ýerli-ýerinde ýaly. Dogrudanam şeýle. Öňki sagadym işläp hezil bermezdi. Möjek bilen çeýneşen garry köpek ýaly hasylap durardy. Emma ýaňky «garakçylaryň» meniň goşaryma dykyp giden sagady «jyk-jyk» edip, tüýs hakyky sagat ýaly işleýärdi. Be, be, bu plaşy! Tüweleme gutly bolsun! Öňki plaşymyň tikilişi näteňetdi. Bo-o-how, bu penjegi! Haý, halal saňa, ussa! Elleriňe güller bitsin! Özem maňa şap-da! Öňki penjegimi şunça wagtlap geýenime indi özüm utanýan. Hany, köwşüm nähilikä?! Weý, weý, muny-ha çalyşmandyrlar-ow! Menden gorkdularmyka. Harsal işleýän biçimçiler, tikinçi ussalar, sagat ussasy tanalaryn öýdüp, gorksalar-da, ölsem öleýine salyp, bu zatlary çalyşmaga ýetişipdirler. Haý, züwwetdin, köwüşçi! Ýeri, men janyňy alýanmy diýsene! Senem tiken bedroý, çaýşyk-çuýşuk köwşüňi almaly ekeniň-dä! Men begenjimden ýaňa hiňlenip barşyma, öz köçämize ýetenimi duýman galypdyryn. Işigimize golaý baranymda, biri maňa gygyrdy: «Hormatly müşderi, duraweri!» diýip, epeý bir pyýada maňa tarap eňip gelýärdi. Ýigriminji asyryň adamlarynyň endigine görä, men tas ökjäni göteripdim. Zordan saklanaýdym. Özümiň ýigrimi birinji asyrdadygymy ýatladym. Ýaňky tip maňa golaýlaşjak boldy. Menem urdum abaý-syýasaty. Men: ― Ilki bilen-ä, Täze ýyl baýramy bilen sizi gutlaýaryn, soňam golaýyma gelme. Näme aýtjak bolsaň, duran ýeriňden aýt ― diýip, azmly gepledim. Ol tip: ― Birinjiden-ä, siziňem baýramyňyz mübärek bolsun, ikinji mesele, men arada bir säwlik bilen köwşi harsal tiken ekenim. Ol size düşüpdir. Sorap-idäp, ahyry bildim. Jan dogan, şony çalşaly. Meni wyždan azabyndan bir dyndar. Täze ýylyň toýy meniň üçin hakyky baýrama öwrülsin. Mümkin bolsa şony täze köwüş bilen çalşalyň ― diýdi. Ol maňa lowurdap duran köwüş uzatdy. Men: ― Ýüzüňden nikabyňy aýyr ― diýdim. ― Ýok, men perdämi aýryp bilmen, tiken harsal köwşüm üçin sizden utanýan ― diýdi. ― Hiç kimiň ýanynda gürrüň etme ― diýip, özelenip ýalbardy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |